17:52 Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» | |
6. «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr»
Powestler
«Huýrlukga-Hemra» dessanynyň has doly, çeper we ideýa taýdan sagdyn, ylmy jemgyýetçilik taýdan ykrar edilen nusgasy Nazar bagadan ýazylyp alnan golýazmadyr...» Amangül Durdyýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. * * * Halypa sähetli günleriň birinde ilerki illere gidýän bir argyşçy kerwene daklyşyp, Şajan gyjakçyny, Nazary, ýene öz ýakynlaryndan ýolda-yzda hyzmat edäýjek ýeňil aýak oglanlaryň ikisini ýanyna alyp ýola düşdi. Halypa ýola düşende birhilije tolgunýardy. Ol köplenç ýolda öz ýabysyna Nazary mündürip, özi jylawy eline alyp, şol gürrüň berip gidip otyrdy. Olar Akja galanyň deňine baransoňlar, Halypa bir belent ýere baryp oturdy. Soň Nazara : – Günleriň birinde halypam bizi öýüne çagyrdi. Ol indi ýalňyz galypdy. Maşgalasy, ýekeje ogly ýurduny täzeläpdi. Il-gün ony hor-zar edenokdy. Onda-da halypanyň ýüregi bir tebil tapypdy. – Men, balalar indi garrydym. Göwün garry watany küýseýe. Indi pylanynjy gün men göçermen boldum. Agyran, ynjan ýeriňiz bolsa, öýke-kine etmäň, men garypdan razy boluň... Halypanyň bu sözüne depämizden gaýnag suw guýlan ýaly bolduk. «Eýle» diýip bir gördük, «beýle» diýip bir gördük. Ýaşulylarymyz töwela-tagsyr etdiler. Emma «Gökleň» halypa göçmegi niýetine berk düwen eken. Bir sähetli gün halypany bir ata mündürip, eýerine-de üsti goş-golamly ineriň bagyny dakyp, tutuş Hywa ili bolup ugratdyk. Men, ýene birki sany şägirt oglanlar ony «teke ýoly» bilen, tä Orta guýa çenli ugratdyk. Halypa ine, şu ýere gelende, ulagyndan düşüp, yzyna garady-da, gojalan, gubarly gözlerinden boýur-boýur ýaş akdyryp, tamdyrasyny sorady. Ine, birdenem henize-bu güne çenli eşidilmedik heňleri çalyberdi, çalyberdi. Ol- halypanyň «Ýandym» diýen sazy eken. Halypa ony öz göwün sandygynda şunça timarlan bolmaly. Ol saz dörän güni Hywa iline ýaýrap, ýaňlanyp gitdi. Şondan bärem ol sazyň ýekeje nagmasy-da yrylan däldir. Ol sazy diňläp, halypanyň ähli duýgusy bize geçen ýaly boldy. Bizem depämizden aýrylygyň ahyrzamany inen ýaly bolup, eňreşdik. Gözümiziň ýaşy soň-soňlar hem kepemedi. Ah, halypam Gara däli diýseň Gara dälidi-dä. Indi türkmende onuň ýaly beýik keramat dörär öýdemok. Ol haýsy aýdymyň, haýsy sazyň , haýsy ýoluň golaýyna barsa, şol aýdymdan, sazdan hiç haçan yranmajak beýik köşk ýasardy... Indi, ýola ugrasak, ölmänkäm bir halypam janyň gaýdan ýollarynyň tozuny gözlerime sürtsem, a-ah, bala! – halypa silkinip-silkinip eňredi...Soň uzak wagtlap oturyp doga-töbir etdi. Kerwen ýola düşdi. On dört gün diýende, kerwen Paraw obasynyň gädiginden indi. Halypa kerweniň adamlary bilen razylaşyp, Janahyr obasyndaky hojalardan tanşynyň öýüne sowuldy. Onuň gelmegine tutuş oba buşlygy çykan ýaly bolup begendi. – Mazaly, Sapar jan, toýuň üstüne geldiňiz. – diýip, öý eýesi Amanmämmet hoja begenip aýtdy. Ýöne halypa halys ýorulypdy. Ol: – Ýa, nesipdir, aşnam–diýip, baş atdy. – Biz Hywadan gelşimize gum illerinde-de, telim toýy sowa-sowa şu ýere ýaňy ýetdik, hojam. Sen gele-gelmäne meni gyssama – diýdi... Sapar halypa toý sowmagy boýun alan bolsa-da, toýy Nazar sowmaly boldy. Asylam, Nazaryň içindäki, indi telim wagtlap, rahat ýatan bela-beter birden burulyp, urunyp, ýolboýy Nazara azar berme kemini goýmandy. Nazar indi dört-bäş gün bäri daljygyp, toýa öldüm-öldümde ýetipdi. Ol oglan höwesi bilen begendi. Janahyrly Esen baý kiçi toýuny uludan tutan eken. Onuň toýuna Hywa ilinden, Ahaldan bagşy bary gelen eken. Olar göýä bir geň zada garan ýaly bolup, bu ýumruk ýaly bagşyny synlaýardylar. – Gyzzyňy alaýyn, Hywanyňam bagşysy ýaman ownagaýypmy?! – Öz-ä, ýerbiti ýaljak welin, onuň üstesine, içinden ömür ýyly suw geçmedik çaga-deýt ojagaş. Olaň munusyndan aýdym-saz çykar diýseler biz-ä ynanjak dä...– diýip, Etrekden gelen küle diýen bagşy töweregine üýşen ýerli adamlar bilen eşitdirip, eşitdirmän bälçirän bolýardy. Onuň bu sözüni halypa-da, Nazaryň özem eşitdi. Halypa Nazara ilkagşamdan: – Oglym, synçyň-a yetik, hany bir abraý et – diýdi Gün batan badyna Nazar orta geçdi. Ol tä daňdana çenli hiç kime gezek bermän, hut däl-porhan boluplar, aýdym aýtdy. Bu ýaş oglanyň «Düýşümde bir bilbil gördümden» tä «Meşrebe», «Ýandyma» ýetýänçä altmyş-ýetmiş aýdymy bir oturşyna aýdyp, soňam aýdym diňläp oturan agyr märekä ýüzlenip: – Halaýyk, indi aýdyň, siz Ýusup-Züleýha» dessanyny diňlejekmisiňiz, ýa «Şasenem-Garyby» diňlärmisiňiz, ýa «Göroglydan» aýdaýynmy diýmesi, hälki bu bagşa müňkürlik eden bagşylaryň-a däl, öz ilinde ganat-per çykaryp, halypalyga ýeten bagşylaryň hem haýýatyny uçurdy. Sapar halypa märekäniň matlabyna düşündi. Bu ýere ýygnananlar şöwür çekilip diňlenilýän dessan aýdylyşyna taýýar däldi Şonuň üçin halypa: – Nazar jan, oglum, dessany gündize goýaly, ýerli bagşylaram bir diňläli–diýip, sypaýçylyk etdi. Emma Nazardan soň orta geçen bolmady. Ertesi «Hywa tarapdan bir bela bagşy aýdym aýtdy. Öz-ä ýumruk ýaly oglan bagşy, onuň sesi, jukguldysy, hüý-hüýi, taraşy, yňranmasy, saz çalyşy görlüp-eşidilen zat däl-how. Ol tutuş gije bir özi aýdyp-aýdyp, daňdan «Aý, bul-a läh bolup ýykylsa gerek» diýilip çaklanylanda «Märeke haýsy dessany diňleseňiz diýýäňiz» diýip ýüzüňe bakyp, oýkanjyrap otyr-aýt» diýen gürrüň tutuş ile ýyldyrym çaltlygynda ýaýrap gitdi. Şondan soň olar ýene iki toýy sowup, Gazanjyga, ondanam Käriz diýen oba baryp, her obada ikiden üçden toý sowdular. Ondana, Jebelde bir baý oglunyň öýünde üç gün bolup, şolaryň obasyndaky iki toýy sowup, Şagadama gadam goýdular. Ol ýerde Nazar görmedigini gördi. Ol daga çykyp gördi. deňizde suwa düşündi, gämi bilen, gaýyk bilen deň-duş oglanlar bolup dynç aldy. Olaryň oturuşmasynda türkmen, özbek, gazak, garagalpak aýdymlaryny aýdyp, olara hezil berdi. Şagadamly ýigitler Nazar gaty gowy görüp, onuň bilen öwrenişip: – Nazar jan, ýene bäş-on gün galasan-a- diýip özelenip ýalbardylar. Emma eşretli, süýji günlerden doýma barmy. «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýenleri ýaly, Nazar halypasy, Şajan gyjakçy dagy bilen Niredesiň Sary bagşynyň ili diýip, ýola düşdüler. Nazar bu ile gelip bir zada gaty haýran galdy. Ol aýdymlarda, dessanlarda, «Görogly» eposynda «daglar» diýen düşünjäni kän eşidipdi. Emma Hywa ili nämä garyp, daga garyp eken. «Oglan bagşy» bu ile gelip dag diýen zady gördi. – Dag-a bir keramat zat ekeni – diýip, ýaş ýigit gapdalda başyny asmana ýetirip oturan gudrata haýran galyp seretdi. Ondan tä gözi, göwni ganýança gözlerini aýyrman seretdi oturdy. Ol adamlaryň daglaryň sowuk suwly, ir-iýmişe, dürli awlaga, eşret-hözire baý jülgeleri baradaky gürrüňlerine agzyny açyp galdy. Nazar dagy halypanyň yzyna düşüp, bärden baranda, mazaly, Sary bagşam Bamyda eken. Tutuş Ahaly beýik mertebesi, Alladan berlen beýik zehini, bagşyçylyk şan-şöhraty bilen baglan halypa Sapar süýrentgini gujaklap garşy aldy. Agşam ilini-gününi ýygnap, Nazary orta geçirdiler. Nazar beýik halypanyň alynda az-kem çekinjeňlik etse-de, soň-soňlar açylyp gitdi. Sary bagşy Sapar halypany bu tapylgysyz şägirdi bilen mübärekläp, soň «oglan bagşa»: – Köşek, sen heniz ýaşsyň, nesip bolsa, senem biziň ýaşymyza ýetersiň. Allaň beren nygmatyny aýagyn. Aýdym-sazy diňe haýyr işiň hormaty üçin aýtgyn. Bagşy bolduňmy, sen il adamsy bolansyň. Oturyp-turuşyňdan başlap, gepiň, sözüň, aýdym-sazyň bilen ile-güne salykatlylygyň nusgasy bolup gez. Aýdym aýdanyňda-da, iýip-içeniňde-de, edebiňi berk saklagyn. Hak dawasy bolmaly däldir. Il-gün toýuny toýlaşan adamy hor edýän däldir. Bagşyçylygyň barada heniz bir zat aýtmak kyn. Ýöne, açan ugruňy tä ýol bolýança bişir, kämilleşdir. Tä «Ine, şu Nazaryň ýoly» diýdirýänçäň taraşlaber. Onsoňam, bagşyçylykda mensiräp, hondan bäri bolma. Bokurdagyňy, eliňi, sesiňi aýa. Muňa durmuş diýerler, pelegiň oýnuna düşünip bolmaz. Magtymguly şahyr «Bu gün şa sen, erte geda bolar sen...» diýmänmi, näme. Halypaňy diňläber. Utulmarsyň... Ýöne ol Sapar halypa bilen ikiçäk galanda Nazary biçak öwdi. – Sapar jan, şeniň bu şägirdinden Garadäli gökleňiň ysy gelýär. Munuň ýaly gudrat türkmende henize-bu güne görlüp, eşidilen däldir. Sen bu taýçanagyň jylawyny gaty berk sakla – diýdi. Ol ikiçäk galyp, ýaş bagşyny ýanynda oturdyp, Nazaryň heniz çaga ellerinden tutdy. – Köşegim, saňa berjek üç maslahatym bar. Olary maňa halypam Kel bagşy beripdi. Hergiz, ýadyňdan çykarma, birinji bilen, sen şirwana galyp, «Saryýa», «Teşnide, «Ýandyma» göterleniňde iň ýokary galyp, birdenem nagyş-nagyş edip, hüý-hüýe, jukgulda girmän pese düşüp, soň öwrüm-öwrüm edip ýene şol çykan derejäňe ýetmegi, ondanam ýokary çykmany öwren. Ikinji bilen, seniň bokurdagyň galyň, ýumşat, gidip-gidip, edil läle aýdan ýaly derejä getirjek bol. Iň soňundanam, seniň aýdymlaryň birhili sallam-sajak, eýýäm, toýa çakylyk gelenden, öz böwrüňe bir doňuz diňini sal-da, haýsy aýdymdan başlap, haýsy aýdymda gutarjagyň tertibini düzle. Hiç haçan, şondan çykma. Ine, saňa berjek meslatym. Galanynam, näme, Alla oňarsyn, gaýrat ediber. Ol birden başyny galdyrdy-da: – Näçe aýdym bilýäň? – diýdi. Nazar has bärden tutdy. – Iki ýüz, üç ýüz dagy bardyr. Sary bagşy başyny atdy. – Seniň ýaşyňda az däl. Näçe dessan öwrendiň? – Häzir-ä «Huýlukga-Hemra», Şasenem-Garyp!» «Göroglydan» üç şaha... Sary bagşy razy bolup başyny atdy. – Berekella, kemi ýok. Her ýagdaýyňda-da öz ýoluňy bek saklagyn!. . – Bolar, halypa. Myhmanlar ertesi ýola düşdüler. Halypa Gökdepäniň Ýaňgala obasynda Täçmämmet halypanyň gapysynda atyny saklady. Täçmämmet halypa myhmanlary bilen Yzganda, bir toýa ugrajak bolup duran eken. Onuň myhmanlarynyň biri Çowdur kör bolup çykdy. Ol Etrekden düýn gelen eken. Täçmämmet halypa uzak ýerden del myhmanyň gelenine begenip, Yzganda: «Uzakdan del myhman geldi. Men toýa baryp bilemok» diýip adamam bir iberjek boldy. Emma Sapar halypanyň özi «Aý, ýok, halypa, biziň üçin sen il-günüň guwanyp oturan toýundan galma. Biz bir geçegçi myhman. Bir käse çaýyňy içip, ýola düşýek» diýdi durdy. Oňa çenli Çowdur körem: – Aý, nätdiň-eýt, doşşan, heý toýa bagşy köplük edermi? Bir adama ýeten el ýaly ýere iki adam hem sygar. Bagşyny toýa alyp gideýli – diýdi. Şeýdip, hywaly bagşylar hem Täçmämmet halypa bilen toýa ugrady. Olaryň ýoly Gökdepe galasynyň üstünden düşdi. Türkmeniň bagtyna boran ýagdyran ýowuz ýagynyň yzy henizem bildirip duran galanyň duşunda olar uly watançylyk urşunda wepat bolanlara oturyp, aýat-doga edip geçdiler. Yzgant Guma ýakyn eken. Wagt agşamara bolansoň, adamlar toý edýän Pälwan aganyň toý jaýynyň gapdalynda bagşylaryň ýoluna seredip, üýşüp duran ekenler. Olar Täçmämmet aga bilen del adamlaryň gelýändigini görüp üýşerişselerem, gelip-gelip görüşdiler. Soň bagşylary töre geçirip, özlerem aýmança gurap oturdylar. Toýda başga-da ýokardan, aşakdan gelen bagşylar kändi. Olaryň ählisi «Pälwan baýyň toýunda bir aýdym aýdaýsadyk» diýen matlap bilen tamdyralaryny, gyjaklaryny gujaklaşyp, nobatlaryna garaşyp otyrdyar. – Hany, Han, urşa duruş ýok diýipdirler. Başlasaňyz rugsgatdyr, Hany, özüň serenjam beriber. – diýip, toý eýesi Pälwan baý salykatlylyk bilen rugsat berdi. Soň eşidilip oturylsa, bu illerde Täçmämmet aganyň adyny «Han aga» diýip tutýan ekenler. Han aga märekä ýüzlenip:» Hywa gapdalyndan gelen çüpejik oglany öňünden goýberip dynaly» diýen matlap bilen, – Onda näme, kiçini sowalyň, halypalar alar gidibererler-dä! – diýip, ilkinji ýolagy «Oglan bagşa» – Nazara berdi. Indi geleli bäri, bu illerde Nazara «Oglan bagşy» diýýärdiler. Nazar ortada ýakylan ojar odunyň gapdalragyna geçdi. Oňa Şajan gyjakçy boly. Nazar ilki bir muhannese girip, ýeňiljek aýdymlaryň bäşisini aýtdy. Şol wagt gapdaldan biri: – Hayt, oglanjyk, ýa-ha tur-da beýlekilere ýol ber, bolmasa-da düzügli aýt – diýip, äsgermezçilik bilen, morta gygyrdy. – Haýt, Aky däli! Gapyl! – diýip toýa serenjam berip ýören ýaşyly zarply aýtdy. –Bagşa azar berseň, toýdan kowaryn. – Näme, ýalanmy, ýumruk ýaly bolup, orta geçip tiňňir-tiňňir eden bolup otur. Men heleý heňinden doýgun. Ýerli-ýerden ol adama herrelişip, onuň badyny aldylar. Nazar aýdylan gepi myzaga etmedi-de, aýdymy bilen boldy. Ol tamdyrasynyň kirişini birneme çekdi. Soň tä ýarygijä çenli däli porhan bolup aýdym aýtdy. Märeke ortada ýumruk ýaly bolup, aýdym diýen mukaddesligiň gülüni, güldanyny, maýsasyny syryp, bagyryp, esräp, edil ner esrän ýaly jukguldylar edip, bokurdak, burun gyrmalary bilen aýdymdan aýdyma edil janyňy alyp gelýän «oglan bagşa» haýranlar galyp, ýöne gözleriniň ýaşyna gark bolup otyrdylar. Wagt ýarygijeden geçensoň Nazar halypasynyň «bes edäý» diýýän yşaratyny aňyp, tamdyrasyny düşegiň üstünde goýdy. Märeke tolgundy. Ýerli ýerden: – Oglan bagşy, sesiňe gurban bolaly. Entejik goýmaweri – diýip gygyryşdylar. Nazar başyny galdyrdy. – Adamlar indi dessana geçsek nädýee! Täçmämmet aga bagşylara serenjam bermeden geçen, ýöne aňk bolup otyrdy. Ol Nazaryň «dessa geçeliň» diýmesini eşidib-ä dyzyna ýetip duran mäşbürünç sakalyny sypalap, «Eý, Allam, gudratyňa döneýin. Beýle-beýle gudratlaram, görkezeniňe şükir» diýip pyşyrdady. Oňa çenli Sapar halypa: – Nazar jan, Çowdur halypa-da ýol bereliň – diýip, öz gezegini, myhman ýolagçyny hasaba-da alman, ýumşaklyk bilen sypaýçylyk etdi. Orta Çowdur halypany geçirdiler. Iki gözi batyl bagşyny jaýlaşykly oturtdylar. Onuň garşysyna halypany tutaklap alyp gelen gyrçuw sakally ýigit geçdi. Çowdur halypa turuwbaşdan märekäniň sussuny basjak bolupmy, ýa-da hywaly, bu aldajy ýaş bagşydan soň märekä aýdym diňletmegiň aňsat düşmejegini duýany üçinmi, iň ýokary aýdymlara tutdurdy. Onuň «Mundan gitseň Hywa ýoly daş bolýa-ja Bibijan», «Jereni kuwlam», «Saparmämet» diýip şirwana çykdy-da, soň kem-kemden aşak düşüp başlady. Märeke bolsa şol «Oglan bagşy aýtsyn, Nazar jan aýtsyn» diýip bagyryp durdy. Bagşy kändi. Indi daň saz berip başlapdy. Adamlar ertir namazyny okamaga turdylar. Şol arada Çowdur halypa Nazary ýanyna çagyrdy. Onuň ýany bilen Sapar halypa-da bardy. – Nazar jan, men ýene bir aýdan öýlenýän. Toýuma Sary bagşyny, Täçmämmet halypany Änewde Durdy bagşyny elinje çagyrmaga özüm gaýtdym. Men senem çagyrýan, gelmeseň, gaty öýkelärin, Nazar jan, eger ýagdaýyň bolmasa, sargyt et, «pylan wagt barýan « diýip, toýy sen gelýänçäň yza çekeýin... Nazar ne bor diýdi, ne «ýok» diýdi. Ol Ýuwaşlyk bilen: – Ony halypam biler – diýdi. – Halypaň kim? – diýip, Çowdur kör başyny silkeledi. – Meniň halypam, Sapar halypadyr. Çowdur halypa näbelli ýere garap, – Sapar, Sapar! Ol kim Sapar! – Oňa Sapar süýrentgem diýýändirler. Çowdur halypa bir silkindi. – B-o-ow. o-oho-ow, ol Gara däli gökleňiň şägirdi Sapar dälmi?! Şolmy seniň halypaň, boldy, boldy. – Ol töweregine garanjaklady. – Hany onuň özi şu töwereklerde barmy?! Oňa çenli Sapar halypa Çowdur bagşynyň golundan ýumşajyk tutdy. – Men bärde. Çowdur halypa Nazara aýdan hälki sözlerini Sapar halypa-da aýtdy. Ony bu keramatly sesli şägirdi bilen gutlady. – Nesip bolsa, türkmeniň beýik bagşysy bolup ýetişer. Toý dowam edýärdi. Emma myhmanlar turarman boldular. – Eziz mymanlar toýa galyň- diýip, öý eýesi mürehet etdi. Nazar halypa Täçmämmet halypanyň ýüzüne garap: – Halypa, türkmende «gel» bar-da «git ýokdur. Biz ýolagçy, rugsat beriň, biz gideli. – «Dostuňy saklama, ýoldan galmasyn» diýendirler... Hywaly myhmanlary ertesi Änewe, Durdy bagşynyňka alyp bardylar. Bagşy az-kem nähoşlan eken. – Halys ebgarladym. Şoň üçrip Yzganda, Pälwan baýyň çakylygyna-da baryp bilmedim – diýip, Durdy bagşy ak ýüzli, owadan geline sakal-murt dakylan ýaly, ýylgyryp duran ýüzüni gül-gül açdy. Sapar halypa Durdy bagşynyň göwnünden turaýjak ugurdan gopdy. – Durtçan, tap, şul Hywa ýalak ýerden seniň ulugyzlaň lälesi ýaly owazyňa teşne bolaý-bolaý zordan ýetip galdym. Indi men ne alaç edeýin. Sen beýtme, gardaş jan, hany ölem bolsaň tirsegiňe gal-da, bäş-üç aýdym aýdyp ber maňa. Durdy bagşy üýtgeşik, bir mähriban adam eken, ol Sapar halypanyň bu sözüne bir dikelip oturdy-da, oglanlardan birini çagyryp: – Oraz jan, Hywadan gül ýalçak aşnalarym gelipdir. Hany, işikdäki toklularyň ganymadyny soýuň. – Ol aýalyna: – Aýjemal, hany eziz gardaşlarynyň bokuragyny ýaglaly. Sen bir gyzlaň, gelinleň bilen hezzet-hormatyň ugruna çyk. Ol işleri ýola salansoň, Sapar halypa degişip: – Sapar aşna, nätdim, ýa häzir bir gaçar soýduraýynmy? – diýip güldi. Sapar halypa: – E-e-eý, aş-na, biziň üçin beýle azara galma, . Ýöne abraý seniň bilen – diýdi. Agşam Durdy bagşynyň özi ilki bilen aýdym aýtdy. Nazar bu bagşynyň damana ýoluna çekip, edil, ýürek- bagryňy eredip barýan aýdymlaryny diňläp, bir ýaşan ýaly boldy. Bagşy «Aýjemala» çekende bagşy gözünden ýaşyň paýrap gidenini duýman galdy. Soň gezegi Nazaryň özüne berdiler. Sapar halypa Nazary oturanlara tanatdy. – Bu oglan meniň şägirdim. Ýaşam bolsa umydym ýog-a däl, hany sizem bir diňläp görüň-äli! Durdy bagşy ýylgyrdy. – Eý, doşjan, heniz bu ýerlere aýak basmankaňyz, çawuňyz, dabaraňyz birwagt gelip ýetdi. Sen, doşjan tanyşdyrybam oturma. «Hemedan daş bolsa-da, kädi ýakyn» diýipdirler. Indi tä ganýançak bizden sypma ýokdur, size – diýdi. Nazar özüne aňk bolup oturanlara birlaý seretdi-de, soň, Sary bagşynyň sargyt edişi ýaly, saldarlap goýan aýdymlarynyň bir ujundan girip başlady. Durdy bagşy balkyldap duran käse ýaly gözlerini ýaşa dolduryp, başyny manyly-manysyz silkeläp goýberýärdi. Nazar gijäniň bir wagtyna ýetende «Saryýa» tutdurdy. Durdy bagşy «Saryýany» gaty köp bagşynyň aýtmagynda diňläpdi. Emma bu edil ýumruk ýaljak, gözleri edil adamçy öküzüňki ýaly, çeküwli aýdymlara ýapyşanda dagy ediljek bir däli öküziň edil özi bolup duran hywaly oglanjygyň gaty güýçli ses bilen ner ýaly kükräp, yňranyp, heniz görülmedik jukkguldylar edip, bokurdagynyň hyňranmasyny, burnunyň hiňlenmesini edil Arabreýhanyň atynyň demi ýaly haýkyryp aýdyşyna haýranlar galdy. «Eý, Allam, bu çaga şu ýaşda şeýle, bu men diýen ýaşa ýetse dagy näderkä?!» diýip oýlandy. Nazaryň aýdymynyň sesine tutuş oba ördi. Adamlar, goňşy-golamlar «Durdy bagşynyň işiginde bir bela-ha gopandyr» diýip, duran-duran ýerlerinden elem-tas bolup ylgaşyp geldiler. Şondan soň Nazar aýdymyň oduny täzeden ýakmaly boldy. Ol tä daň atýança aýtdy. Durdy bagşynyň damanasynyň hesel garylan gaýmagyny ýalap ýören adamlar Nazaryň az-kem goýazyrak, ilki başda gulagyňy kesýän, gitdigiçe gyzylja bugdaýyň nany ýaly, heseli süýgip, janyň eşret berip, ýeňil-ýelpaý hüsüriň, ýarawsyzlygyň bar bolsa-da, ýüzüniň ugruna emläp goýberişi ýaly, juda keremli aýdymlaryndan tebsiräp giden köňüllerini gandyrdylar. Bagşy aýdym aýtmasyny bes edenden soň, Durdy bagşy gözleriniň ýaşyny süpürip, diňe: – Wah, janyňa döneýin, bala. Sesiňden bereket tap – diýdi-de, ýüzüni kesä sowdy. – Tutuş aýdym-sazymy ýekeje jukguldyňa bererdim. Beýlekisiniň bahasyn-a aýtmaýyn! – diýdi. Durdy bagşy hywaly bagşylara täzeden bir hyzmat edendir. Obadaşlary agyzlaryny açyp galandyr, Ol ýylanyň damagyndan çykan ýaly buldurap, galkyjaklap duran bir ahal atyny getirip, jylawyny Nazaryň eline tutdurdy. – Ine, Oglan bagşy, az görme, häzir şeýle atdan bir süri malym bolan bolsa, baryny bererdim. Men muny saňa däl-de, seni getirip öz öýümde maňa buşlan Allatagala müňde bir razylygym üçin berýän, az görme. Myhmanlar Gün öýlä agansoň niredesiň Şükür bagşynyň obasy diýip ýola düşdüler. Şükür halypanyň öýi Duşak obasyna girilýän ýerde eken. Garrylygyň halys depesine münen beýik bagşy, hernäçe garranam bolsa gözi gidip, gulagy agralanam bilsa hywaly bagşylaryň şunça ýoldan salama gelenine gaty begendi. Ol Gün guşluga galyp, aýdym-saz tamamlanyp, märeke dargaşansoň, myhmanlaryna saz çalyp berdi. Nazar Şükür halypanyň görlüp-eşidilmedik nagma öwrümlerine, üýtgeşik-üýtgeşik sazlaryna haýranlar galdy. Olar indi çen bolandyr diýip, ýola düşjek bolup otyrkalar Şükür bagşynyň öýüne Çary çepbe diýen adam geldi. Bularyň saz-söhbetine Çary aga-da goşuldy. Soň görülip oturylsa, Çary jüpbe diýilýän adam şu etraplarda ýüňi ýeten halypa eken. Ol ençeme şägirtleri ýetişdiren eken. Çary aga Gökdepede, Änewde bir hywaly bagşynyň gelip, üýtgeşik aýdymlary bilen tutuş Ahalyň aňkasyny aşyryp, indem Şükür bagşynyňka salama geçip gidenlerini eşidip, «beýle bolsa birje görüp bolmazmyka» diýip gaýdan eken. Ol myhmanlary öýüne çagyrdy. Olar Şükür halypanam alyp Kaka gaýtdylar. Çary çepbe döwletli adam eken, ol toýy uludan tutdy. Oňa çenli Gowşutly hojalar olary toýa çagyrdylar. Onda-da Çary aga myhmanlara hezzet-hormat etme kemini goýmady. Gowşutly Nury hojanyň toýy eýýäm başlan eken. Ýerli bagşylaryň biri aýdym aýdyp otyrdy. Onuň töweregi märekeden hyň berýärdi. Myhmanlar bagşy diňlediler. Ýöne Çary aga çydamady: – Sapa hojam, gadaý, biziň ile hywaly myhmanlar gelipdir. Olar ýolagçy. Şolaryň bir oglan bagşysy bar, şoňa birkije aýdym aýtdyryp, bir elini göräýsek, gaty görmersiň-le. – Aý, ýok, gadaý, gaýta hoş bolaryn. «Myhman ataňdan uly» diýmänmidirler - diýip. göwüli-göwünsizrägem bolda oduň başyndan ýer berdi. Sapar halypa Nazara ümledi. – Hany, köşegim, bir gaýrat et! Nazar aýdyma başlady. Nämüçindir gowşutly märeke bu möle gözli oglanjygy äsgerenokdy. Goh-galmagal galgyn görünýärdi. Şajan gyjakçy ýumşajyk heňleri çalyp, bagşyny «Düýşümde bir bilbil gördüme» çagyrdy. Emma Nazar «Daglaranyň» labzyna eňip başlady. Gyjak ýoluny düzledi. Aýdym yzyna adym geçdi. Nazar öz «dagyna» çykdy. Indi töwerekde ses-selemiň bir çyksyn-la. Nazar tä daňdana çenli aýdym aýtdy. Onuň bu illerde hiç haçan eşidilmedik beýik owazyna, belentden çeküwli, aýdymlaryna, gaty güýçli sesine, edil ineriňki ýaly dogumly yňranmalaryna, goç mälän ýaly jukguldysyna diňe bir Gowşutlylar däl, tutuş kakalylar haýranlar galdylar. Aýdym tamam bolandan soňam, «Oglan bagşy» aýtsyn-da, «Oglan bagşy» aýtsyn bolşup, lerzan urdular. Ýöne Çary halypa öz iliniň adamlaryny bilýän eken. Ol: – Eý, gadaýlar, ynsap ediň-ä, bu çaga Hywa ýaly ýerden ýaňy gelip, bir käse çaýam içenog-a. Nesip bolsa, hojam agalaryň ýene toýy bar, şonda diňlejegiňiz aýdym bolsun! – diýdi welin, märeke köşeşdi. Soň olar Nazar bilen bir elleşip görüşmek üçin onuň daşyny galladylar. Myhmanlar şondan soň Sapar halypanyň Tejeniň aýagynda ýaşaýan aşnasynyňkyda birki gün bolup, ol ýerde-de birki toýy sowup. ýene Paraw obasyna baryp, gadym «teke ýoly» bilen niredesiň Hywa ili diýip, ýola düşdüler. | |
|
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |