00:32

"Mähir" gymmaty: Galyñ

"MÄHIR" GYMMATY

Galyñ barada il arasynda bulaşyklyga salnan dürli pikirler, dürli garaýyşlar bar. Okyjylar köpçüligine aýdyñ bolar ýaly www.kitapcy.ga saýty keramatly "Gurhany" arap dilinden ilkinji bolup türkmen diline terjime eden türkmen ulamasy Hoja Ahmet ahunyñ galyñy dini, türkmeniñ dessury, musulmançylyk tarapdan düşündirişini dykgatyñyza ýetirýäris.

* * *

Galyñ asly Allatagala tarapyndan buýrulan hökümleriñ biridir. Allatagala öz aýdan hökminde aýal maşgala bilen ony aljak adamyñ arasynda geljekki durmuşlary barasynda öýde oturan ýerinde gürrüñleşmeli. Gyz maşgalanyñ hossarynyñ razylygynda "Mähir" (süýt) hakynyñ gymmatlygy sözleşilýär.
Muña mysal edip, Hezreti Omar Hezreti Alynyñ gyzyny almakçy bolanda ilki bilen Hezreti Ala bu mesele barasynda duýdurýar. Şonda Hezreti Aly: "Ýa musulmanlaryñ emiri, men çagamy sen ýaly arassa adama berip bilsem armanym ýok. Eýsem-de bolsa, maşgalamyzyñ razylygy gerek. Sen bjziñ maşgalamyz bilen geñeş. Razy bolsa, gepimiz ýok" diýipdir. Hezreti Omar özüniñ aljak gyzyny köşge çagyrypdyr we oña hyrydardygyny duýdurypdyr. Şonda Hezreti Alynyñ gyzy: "Bolýar, men razy siziñ hyzmatyñyzda durmaga we özümiñ bagtly maşgalalardandygymy şu ýerde añladym" diýipdir. Gyz ýene-de: "Ýa Hezreti Omar, men seniñ köşk eýesi bolmagyña we ähli dünýä musulmanlara emirligiñw (halyflygyña) aşyk däldirin. Men seniñ pygamberiñ yzyny ýöredip, şerigata laýyk adyllyk bilen höküm edýänligiñe we şonuñ bilen Allatagala ýakyn bolýanlygyñc aşykdyryn" diýipdir.
Şunlukda razylaşyp, Hezreti Aly gyzynyñ razylygy bilen Hezreti Omara nikalap berýär. Şol zamanlarda "Mähir" haky ata-ene we hossarlary tarapyndan kesgitlenip, öz durmuşa çykarjak maşgalalaryna geñeşer ekenler. Eger durmuşa çykýan maşgala ulugyz ýa dul aýal bolsun, parhy ýok, men şu bellenen "Mähir" haka närazydyryn" diýse, onda şol maşgalanyñ öz kesgitlän "Mähir" gymmatyny kabul edipdirler.
Meselem, Muhammet pygamber Hatyjany almakçy bolanda "Mähir" gymmaty on sekiz düýe diýip kesgitläpdirler. Muhammet pygamberiñ agasy Ebu Talyp çöldäki düýesinden on sekizini Hatyjanyñ hossarlarynyñ saraýyna sürüp getiripdir. Jaýyñ penjiresinden garap oturan Hatyja düýeleri görüp "Bu meniñ "Mährim" üçin getirilen malmy?" diýip sorapdyr. "Hawa, seniñ "Mähriñ" diýip, aýdanlarynda, öz hyzmatkärlerine "Şo on sekiz düýäniñ birini alyp galyñ, galanyny Ebu Talyba beriñ. Goý, ol şol düýeleri garyplara sadaka etsin. Ýa özi alsyn" diýipdir. Şunlukda Hatyjanyñ "Mähri" bir düýe bolupdyr.
Emma şerigat kitaplarynda, halk arasynda gyz maşgalalaryñ "Mähir" gymmaty näme bolsa, siz hem şoña görä boluñ diýlipdir. Şu sözlerden peýdalanan ynsapsyz adamlat maşgalalarynyñ "Mähir" gymmatyny ýokary derejä çykarypdyrlar.
1910-njy ýyllaryñ töwereklerinde gyzlaryñ "Mähir" gymmaty elli-elliden hasap edilip başlanypdyr. Ýagny, elli goýun, elli halat, elli put bugdaý, elli put künji we şuña meñzeş bolupdyr. Şerigatda beýle zatlara ýol berilmeýär. Şerigatyñ hiç ýerinde ýokardaky aýdylan sanlar ýok. Gaýtalap aýtsak, "Mähir" gymmaty durmuşa çykjak maşgalanyñ kesgitlemegi bilen alynýandyr.
Indi esasy zat, "Şu gyzlaryñ "Mähir" gymmaty näme üçin alynýar?" diýen soraga jogap: Durmuşa çykyp, baran ýerinde bir maşgalanyñ baran gününden başlap, täki ölýänçä etjek hyzmatynyñ gymmatynyñ ujundan alynýan sowgat şekilli zatdyr. Meselem, durmuşa çykyp baran maşgala ärine hyzmat etmeli, öýüni dikeldişmeli. Dikeldilen öýi abat saklamaly. Öý eýesi bir ýana giden wagty, onuñ çagalaryny, mal emlägini, iñ esasy zat hem özüni kesekilerden gorap saklamaly. Şu aýdylan habarlar Kuranyñ birnäçe sürelerinde getirilendir.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 460 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hoja Ahmet ahun | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 201 2 »
0
1 Adalat19  
3
Eger gyz normalny bolsa, ýagny "gyz" bolsa galyňy tutuşlygyna töle. Eger gyz "gezegen" gyz bolsa onda galyňyň ýaryny töle diýip okap görüpdük...

0
2 Adalat19  
3
Onsoňam gyzyň özi bermese tölän galyňyňy iýmek bolanok diýýär. Meň pikirimçe galyň depozit ýaly bir zat bolaýmasa? Birden sen ölseň seň aýallaryň täze är tapynça açlygyndan ölmez ýaly? Köne döwürler erkege ölmek üçin bela beter kändä...

0
3 tankytçy  
Gezegen gyza tölemeseñ bolýalay. Goy gaytam eye çykylany üçin özi tölesin baryan oglanyna biggrin

0
4 Gumlygelin  
8
Ata-babalañ"Gyzyl kürtäñ içinde ýagšy-ýaman bildirmez"-diýen sözleri bar.Ýene-de "Gyzlañ hemmesi gowy welin erbet aýallar nireden döreýärkä"-diýip ah çekip ýörenem bar."Owadanlygñy göreýin bir çagañ bolansoñ-işeññirdigñi göreýin gaýyn eneñ ölensoñ"-diýişleri ýaly köp gyzlary mähir haky tölenenden has soñ tanap bolýar.Şoñ üçinem öýlenenleñ,öýlenjekleñ bagtyny Alla oñarsyn.Zülpüniñ her taryna ýüz müñ tümeni alyñ,duluñyza geçiriñ,mynasypmy onsoñ sanañ biggrin
Ýöne,gynansagam duluñda oturanyñ bahasy ýok öýdýän.Tümen sanamaga beýlede dursun welin şahyrlar şanyna iki setir waspnama ýazmagam kän bir rowa görüp duranoklar dry

0
5 Gumlygelin  
8
Dözmän ser-sepillere,
Kysmatymyñ baglany.
Kalbymdaky bossanyñ,
Sen ýeke-täk bagbany.

Kalp içinde gögeren,
Güllerim yşkyñ bilen,
Suwar,meger şeýdadyr,
Dillerim yşkyñ bilen.

Gursakdaky göwnümiñ,
Açyk gapysyn itme.
Gurar,solar güllerim,
Özge baglara gitme.

Soñra bulary hyzmatlarynda gaýym durup,ugrunda hozanak bolup,şeý diýip zordanjyk saklamaly happy

0
6 Gumlygelin  
8
Gyzlar!!! Şoñ üçinem özüñize göwnüñiz ýetýän bolsa "Mähir"hakyñyzy ilki alanyñyz alanyñyzdyr.Soñra mähriñiz dolup-daşyp dursa-da ullakan paý ýokdur bulardan biggrin

1
7 Gumlygelin  
8
Wah...men gürlejek dälle welin peltäme ot berip ahyry gürletýäñizdä cry

Dulundakyñ gadryny bilmän eýle-beýleleñ ugrunda selpäp,yzyndanam ähli gyzlary biraýakdan sürüp gürrüñ etýänleri sesiñi çykarman bombalamaly.Şolary ýoklañsoñ goý üstüñden näme gaçsa şo gaçsyn. biggrin

1
8 Gumlygelin  
8
"Gyzlar eýle,gelinler beýle"-diýen gürrüñlerden ýadandyryn.Şolary şo ýola iterýänleri ýoklasam bolany.Bolmasa ölmek ýok.Seresap boluñ biggrin

0
9 Bagabat  
43
Şü Esenpolada täzeden 21-nji asyryň öwüşginleri bilen jan berip oňardyň. Onuň ýaly halkyň göwnüni galkdyryp, durmuşa kinaýaly ýylgyryş bilen garamaga mejbur edýän halky gahrymanlar her döwrüň özüne görä ýaşamalymyka diýýärin. Ýogsa, soňky döwürler gabat gelýärin, ýaşlara Ependiniň, Myralynyň, Aldarkösäniň, Keminäniň şorta sözlerini ilkibaşky görnüşinde aýdyp berýärsiň welin, gülmekden-ä geçen, gaýta ýüzüňe sowally-sowally iňkis bilen seredýärler. Misli: "Agam, eliň boşrak bolup görnerin diýseň, gowy psihiatr tanşym-a bardy welin..." diýip köpmanyly süýkdürýän ýaly.

0
10 Bagabat  
43
Süýthaky meselesinde bolsa, ýaşrak wagtlarymyz öýlenjek bolýan deň-duşlarymyzyň biri ýanymyzda oturyp, geljekki gaýynlary bilen gaýybana sene-mene edýäni ýadyma düşdi. Şonda ol köp gepiniň arasynda: "Munçalap süýthaky soraryň ýaly, gyzyňa süýdüňi sisternalap emdiren dälsiň-le" diýipdi, neresse... biggrin

0
11 Мylayym  
83
Gumlygelin, ilki "Gülüm" soňam"Gulum" bolunjagy öňünden bilinýän bolsa, söýjek däl-de, "mähir haky" diýen bolup, soýjaklar köp bolardy. smile

0
12 Мylayym  
83
"Süýt haky" diýip, eşidipdik. Olam, seni ekläp-saklan ata-enä baglylykda bir zatmyka öýdýädim. "Mähir haky" dp, birinji gezek eşidýän.

0
13 Gumlygelin  
8
Süýt haky meñ pikirimçe erkek kişileñ durmuş ýolunyñ başlangyjyndaky synagy bolardy.Ýagny oglanlar kakasynyñ däl-de öz gazanjy bilen süýt haky tölemegi başarsalar.Ýaşlykda eklenç etmegi başaran hiç wagt maşgalasyny zada zar etmez.Emma,süýt haky emeldar,ketde kakalañ hasabyna gün-günden galyp gidip otyr.

2
14 lunemia  
216
Şu wara, gaýyn ene hakda anekdot aýdyp erkekler gülüşseler, kelläme ilki gelýän zat "olara aýaly öýlendimikä" diýýändä. Sebäbi aslynda toýdan soň bizde gyz oglanyň öýüne barýar-da, gelim gaýyn enäni çekip çydap gezýän bolmaly. Oglanlar o gaýyn diýleni ýylda bir gezek görmeýänlerem bar, onda-da orsuň düzen anekdotlaryny aýdyp, üýtgeden bolup, gaýynenä gülen bolup ýörler. Orsuňka düşnükli, toýdan soň aýalynyň öýünde ýaşaýar. Biziňkilerem ýa şeýdip indi gelniniň öýüne göçüp baraýýalarmyka. Gelinlermiz mert ýöne, asyrlarboýy "gaýyn belasyny" çekip ýörenem bolsalar, heniz gaýyn görmedik türkmen "erkekleri" ýalak samsyk anekdotlry aýdyşyp gülşenoklar

0
15 Gumlygelin  
8
Güýçmi???Güýç diýeniñiz erk dälmidir!?Erkek kişiler özüne erk etmegi başarsa bolany.Şony başarsalar köçedäki gürrüñlileñ öz-özi ýygnanar.

1-15 16-20
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]