16:47 Medine | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ MEDINE Diwar aňyrsynda Pygamber ýatyr, Biz goňşy otagda dymyp otyrys. Ne ses bar, ne seda. Diňe dem alyp, Süýji arzuwlara çümüp otyrys. Dem alýanyň duýulmaýar bu ýerde, Eşdilenok sagatlaryň jyk-jyky. Allanyň adyny diňe agzaňok, Eýsem ýürek bilen duýýarsyň Haky. Täsin-täsin duýgularyň içinde Onuň bilen gep-söz alyşýarsyň sen. Bägül dek açylan Taňryň öňünde Özüňi bilmäge çalşarsyň sen. Dem aldygyň saýy duýýaň oraşan: Bu ýerde ruhuň arassalanýar. Bu ýerde hiç kişi gedemlenenok, Bu ýerde adamlar neresselenýär. Ine indi ahyr düşünip galýaň Gudratyň içinde oturanyňa. Hem hoşal bolýarsyň Haka sygynyp Eliňi eňege ýetireniňe. Diwar aňrysynda ýatyr Pygamber. Meger duýup seniň päliň-netiňi. Bu ýere geleniň kalbyna girip Päklige çagyrýar öz ymmatyny. 1992. Medine | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |