05:43

Meniñ Watanymda bahar / goşgular

Meniň Watanymda bahar / goşgular toplumy

I

Ýaz gelse ýüregi joşup älemiň,
Gök bulutlaň göbejigi çözüler.
Hem enaýy owaz bilen mäleýär,
Ýaza alkyş aýdýan ýaly guzular.

II

Ýazyň ezber ellerine gül bitip,
Balarylar bag daşynda heň edýär.
Çeşmelere bolsa şirin dil bitip,
Saz çalyp ýer ýüzün reňbe-reň edýär.

III

Göwnüme bolmasa «gollaryn çyzgap»
Agaçlarda deprek kakýan daşdeşen.
Elwan baharlaryň köňlüni gozgap,
Asmandaky bulut bilen bäsleşer.

■ Ýazyň gülleri

Baharyň gelenin äleme buşlar,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.
Sizde dirilik bar, ylham bar, joş bar,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.

Äleme ýaýylyp baharyň demi,
Ak garlar erände sorup öl-nemi
Gögerip çykarlar, ýokdur hiç kemi,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.

Sährama söýgüden wysal dälmidir,
Näzik duýgulara mysal dälmidir,
Baky ýaşaýyşa nyşan dälmidir,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.

Göwünleri ymsyndyran yhlasdyr,
Ýürekleri tolgundyran telwasdyr,
Hikmetden çitilen haly-palasdyr,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.

Tomsuň epgeginde gurap gitmezler,
Aýdym bolar,dillermizden ýitmezler,
Dünýäň başga hiç ýerinde bitmezler,
Ýaýlama ýaraşyk ýazyň gülleri.

***

Ýaýlama ýaz gelip ýaşyl maýsalar,
Deňiz deýin tolkun atýar şemala.
Edil ak çarlak deý ganat ýaýsaňam,
Ýetip bolmaz şundan ajap mekana.

Maýsaly meýdanda söýgi, mähir kän,
Şoň üçin ak arzuwlara ynanyp,
Nazarymy gözýetime ýetirýän,
Ýaşyl maýsalar hem otyr yranyp.

Bu maýsalar berekediň bulagy,
Guýulyp dur her dem juwan kalbyma.
Men muňa düşündim sereden çagym,
Şemallardan dörän ýaşyl tolkuna.

Bu meýdanda gara gözüm eglenjek,
Alkyş aýdyp ýüzüm sypan ýellere,
Oýnap gelýän ak köýnekli oglanjyk,
Maýsalykda meňzeýär ak ýelkene.

■ Bahar aýdymy

Bulutlar düzülip başlady gökde,
Daň çygna ezilip, gök otlar parça.
Gözler galam bolup,
ýürekler depder,
Diller aýdym aýdýar:
-Bahary garşy al!

Ýaňy doglan guzujyk deý bugaryp,
Baharyň deminden daljykdy sähra.
Ýaýlalarda ýaşyl otlar gögerip,
Baýyrlara gyzyl gül çykdy ynha.

Ýap boýunda çaýyr-çemen seçegi,
Tut teýiniň atgulagy-peçegi,
Ýagty saçýar bu zeminiň üçegi,
Gün nurlary bilen älemi öpýär.

Gelýän ýaly gara dagy süýşürip,
Gök gübürdäp dökdi ähli joşuny,
Älemgoşar bahar-ýazyň işigi,
Ýagyşlar diňensoň açyldy derhal.

Bulutlar düzülip başlady gökde,
Şol öňküsi ýaly öz aýdymyna.
Durnalar hiňlendi: «Gyýw, aýaz ýok bol!»
Gazlar hem başlady ýaz aýdymyna.

Daýhan söýgüsi

Onki süňňüm bekän,
Bu dogduk depäm,
Ýene egne zähmet donun geýipdir.
Daýhanlaň daň bilen,
Şirin heň bilen,
Mährem menzillere gadam goýupdyr.

Müň dürli alada,
Meňzäp polada,
Ýer tapypdyr mele reňkli ýüzlerde.
Geljegine ynam,
Umyt bar ýenem,
Gül ösdürmek üçin altyn düzlerde.

Men olara bakyp,
Kalba nur tapyp,
Ýüregimde ýer goýmaýan gam-gussa.
Düşünýän bir zada,
Sadadan-sada,
Topragyň gadryna ýetme ýok asla.

Daň şapagna garap,
Ak düze ugran,
Zandy halal, ýüzi nurana daýhan.
Söýgüsi köpüräk,
Biziňkä görä,
Bu topragyň gadryn bilýändir ahmal.

■ Bugdaýly meýdanlar

Birenaýy berekete beslenen,
Bugdaýly meýdanlar ýaýylyp ýatyr,
Daň sazyndan başga ýokdy ses-selem,
Bu düzlere baranymda ir-ertir.

Daň şemaly geçeninde galtaşyp,
Geň enaýy başyn yrap otyrlar,
Şu düzlerde myradyna sataşyp,
Ümmülmez asmana garap ýatyrlar.

Şu ýaýlanyň soltan ogly ak bugdaý,
Maňlaýa togap sen, gözlerme sürme.
Tamdyrdan yssy nan çykanda gün deý,
Şu ýaýlanyň ysy bark urar burna.

Soňra hem hasyldan boşan meýdanlaň,
Içinden geçende uzyn ädimläp,
Diňe gowulukdan nyşan meýdanlar,
Bu ezizlik oň hiç gören zadym däl.

Bu duýgyny düşündirmek bir sözde,
Mümkin däldir ýa bir zada çalyşmak,
Bygdaýy orulan meýdanlar, düzler,
Meniň üçin desterhana çalymdaş.

■ Baldan süýji, gülden ysly

Altyn Aýdan aýdym alan, nur alan,
Ady arşa galan, türkmen gawuny.
Hindistanda, Çyn-Maçynda soralan,
Şeýle meşhur bolan türkmen gawuny.

Garrygyz, gülaby, bal deý waharman,
Iýenlere, iýmedige çoh arman,
Sende ýagşylyk bar, şypa hem derman,
Köp bereket bilen, türkmen gawuny.

Huşum uçdy bark uranda müşkünden,
Yşky Leýli gyzyň otly yşgyndan,
Hindistanda- Baýram hanyň köşgünde,
Dilimlenip goýlan türkmen gawuny.

Beslenip buýsanja, şöhrada-ada,
Baryp ýetdiň Şam-şerife, Bagdada,
Gyzan bazarlarda, uly söwdada,
Juda gymmat goýlan, türkmen gawuny.

Daşyna dogaýy nagyş çyzylan,
Içine güneşiň nury syzylan,
Agzyma saldygym gant deý ezilen,
Şirinligi bilen türkmen gawuny.

Aşyklar ýörände ýoluň pesinden,
Messana basylýan aýak sesinden,
Ýa-da gyz ýüregniň gürsüldisinden,
Wah, darka ýarylan, türkmen gawuny.

Mynasyp görülip baýram-toýa sen,
Mertebe hem belent ada eýe sen,
Ýaşaly ýöreli salamat-esen,
Sen bilen birlikde türkmen gawuny.

■ Ýaşaýşyň gözbaşy

Lummur-lummur akyp,
Akyp aýlanýan,
Altyn suwyň altyn baýramy bu gün.
Bereket-bagt,
Diriligiň gözbaşy,
Tylla suwyň tylla baýramy bu gün.

Ýaňagna nur çaýyp gülgün baharyň,
Tämizligne meňzäp saba-säheriň,
Päk buýsanja besläp oba-şäherim,
Tämiz suwyň tämiz baýramy bu gün.

«Arşdan açylmasa rehnet işigmiz»,
Asyl-asyl ýylgyrmazdy dişimiz,
Indi Jeýhun bolup köňül joşumyz,
Daşgyn derýaň joşgun baýramy bu gün.

Bulut gürläp asman kaksa depregi,
Gujak gerer aşyk derýaň kükregi,
Diňle soňra jana gelen topragy,
Melhem suwyň ylham baýramy bu gün.

Alyp çyksyn tukatlykdan, suslukdan,
Suwa kast eýlemek juda peslikdir,
Suw biziň illerde mukaddeslikdir,
Tereň suwuň kerem baýramy bu gün.

Jeýhun akar kenaryny jadylap,
Toraňňydyr çynaryny hüwdüläp,
Toprak garaşyp dur,
Sorap, suw diläp,
Tolkun suwuň altyn baýramy bu gün.

Gadym Wasyň,
Maru- şahu jahanyň,
Ýaýlasynda Balkan, Lebap Ahalyň,
Boý alsyn, baýnasyn eken nahalyň,
Zerden suwuň merjen baýramy bu gün.

Menzillerim keşde-keşde ýolum bar,
Päkligimden tereň çeşme pälim bar,
Meniň müň ýyl suwa teşne ilim bar,
Teşnä eşret suwuň baýramy bu gün.

Pyragynyň dyza çöküp diläni,
Diriligiň demi,
Hakyň salamy.
Suwuň sesi perişdeleň kelamy,
Altyn suwuň altyn baýramy bu gün.

■ Gyş hem bahar

Gyş garly daglarda çadyryn gurup,
Ýaýlamy gabanyp goraýan däli
Bahar oň ýanynda bir gysym bolup
Gelmek üçin rugsat soraýan ýaly.

Gyşyňam özüni alyp baryşy,
Bahary özüçe görmeýän ýaly,
Heniz-heniz öz ornuny bahara,
Bermejek ýaly,
Bermeýän ýaly.

Gyş gaşyny çytyp, gözün alardyp,
Bahary bilniksiz dalaýan ýaly,
Belki gider,
Öz ornundan döner diýp,
Gyş gedem göwnüni çaglaýan ýaly.

Duýdansyz dulugyna çekildi şarpyk,
Gözünden ot çykyp, dişi çat açdy,
Tisgindi,
Düýrükdi misli bir kirpi,
Ýumarlandy aýaz, kirpi gatançly.

Bulap urdy gyşyň sowuk çadyryn,
Ýagyş-ýeliň piri Burkut babasy,
Sanajyny kakyp çaldy sazlaryn,
Gök asmanda ýazyň Gümmür mamasy.

Hemmeler garaşýar ýazyň gelerne,
Hemmeler bahara howlukýar häli,
Göwnüme bolmasa baharyň özem,
Şu ýaýla gelmäge howlugýan ýaly.

■ Asman-zemin aýdymy

Heserden heýjana gelen gök asman,
Ap-ak bulutlaryn ýüzüne çekdi,
Eli ýyldyrymly yzyny kesmän,
Ýere ot syçradyp nagrasyn dökdi.

Mawy gözden aýşy-eşret çogdurup,
Zemin üste ýyldyrymyn sanjyplar,
Çagbalar ýagdyryp, ýagmyr ýagdyryp,
Asman ýeri suwasalma ýenjipdir.

Zemin ýazy serpaý edip geýýändir,
Asman aşyk bolup heserlenende,
Ýeriň gül ýüzüne ýaşyl öýýändir,
Elwan ýaz dolanyp bahar gelende.

■ Sähra

Asman görüplikden ýaryldy birden,
Görüp bilmän sähralaryň alawyn,
Hem ýagmyr ýagdyrdy gübürdäp her dem,
Ýatyrmakçy bolup oduň gylawyn.

Öçürmekçi bolup ýalyn alawy,
Çogdy bulutlaryň çeşme-bulagy.

Gaýrat ýok ekeni gelen çagbada,
Öçürip bilmedi sähraň oduny.
Ýyldyrymlap güwläp-güwläp ýagsada,
Alyp başarmady oduň badyny,

Ýagyş ýagypdyr-da birden diňipdir,
Ýanýan sähra gaýta beter ýanypdyr.

Suw öçürüp bilmez lowlan sährany,
Suw öçürüp bilmez gyzyl ýalyny,
Ýaz ýagyş-ýagmyrlar suwlan sähramyň,
Göz öňüne getirip gyzyl gülüni.

Bahar ýagyşy hem söýgi düýşi

Ýaz ýagyşy ýagyp, diňdi mylaýym,
Güneş tylla nurun saçdy bu bahar.
Öl otlary torç edipler ylgaýyn,
Gyzyl güller gunça açdy bu bahar.

Men aşyk, bu bagda, ham-hyýal serde,
Oýlandym ýar bilen gezim etmegi,
Bir bägül saýlanyp ähli güllerden,
Owal-ahyr göz öňümden gitmedi.

Takadym tükedip, sabrym sabadyp,
Garaşyp intizar ýaryň ýoluna,
Bägül tikenine golum awadyp,
Utanjymdan bakýan sagy-soluma.

Dessine tisginip aýňaldym düýşden,
Barmagma batanda gülün tikeni,
Tekepbir bägül diýip gözümi açsam,
Huşumda duşmadyk ýarym ekeni.


■ Ýagşylykdan ýadygär galar

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar.
Gara Seýitliýew.

Äleme görk berip Gün dogsa säher,
Jahana bark urup gelende bahar,
Ýaşaýyş mysaly, ýaşlyga meňzeş,
Boz topraga ekiň iki düýp nahal.

Ap-ak bulutlary mawy asmanyň,
Begres baýyrlara ýapanda mahmal,
Diňläp arşyň şol ylahy dessanyn,
Dürtüň boz topraga iki düýp nahal.

Läle bolup Lebap boýy lummurdap,
Was oýanyp, gülläp başlady Ahal,
Balkandan bal akar, joşanda Murgap,
Boz topraga ekiň iki düýp nahal.

Ýaşaýyş-bakylyk, ýok soňy-çägi,
Ol bir çözülmedik, çözülen matal,
Durmuş kitabynyň täze bir baby,
Boz topraga ekiň iki düýp nahal.

Jüp bolanda gowy bolýar her bir zat,
Goý süýji sözlerden sözlesin dahan.
Allam bersin size jüp-jüpden zürýat,
Boz toporaga ekiň iki düýp nahal.

Bu dünýäniň bar pulundan gymmatdyr,
Baýlyga-beglige berimsiz baha,
Iki eliň berekedi hyzmatdyr,
Boz topraga ekiň iki düýp nahal.

Ýazyň hoş demine ýarylyp pyntyk,
Ýaşyl ýapraklara bürener şaha,
Bu pasyl bolsada alada artyk,
Ekiň boz topraga iki düýp nahal.

Bal-şeker miweleň şirin mazasy,
Arzuwlarňa myrat berip bir mahal,
Ahyrynda ýerne düşer azabyň,
Ekiň boz topraga iki düýp nahal.

Saýasyn gynanmaz üstüňden garap,
Sowulmaz döwranyň jan etseň sähel,
Iki dünýäň abatlygna hak güwä,
Bu toraga ekiň iki düýp nahal.

Ýaşlyk deý ýaz gelip, janlanyp jahan,
Direlip ene ýer, galkyp bu Diýar,
Nesillere nusga iki düýp nahal,
Ýagşylykda sizden galsyn ýadygär.

■ Buýsanyp ýaşa

Galkynyşly gül Watanyň örküne,
Bag ekip bagtyňa guwanyp ýaşa.
Görk goşmaga öňden gözel görküne,
Bag ekip bakjaňa buýsanyp ýaşa.

Bu topragy söýen munda gül eker,
Derýadan bereket, bagdan bal akar,
Gaýzygan ýüzlerden salkyn ýel öper,
Saýaly bagyňa söýünip ýaşa.

Baky galmasaň-da bag-bakja döret,
Ertir çagalarňa ýagşylyk öwret,
Ýel döwen şahany ele al, seret,
Ondan hasa ýasap söýenip ýaşa.

Ýitirme ýagşylyk ýolun-ýodasyn,
Märekede sözle sözüň sadasyn,
Iliň-halkyň hyzmatyna idesin,
Hemişe küýselip-küýselip ýaşa.

Baglar bakylyga barýan ýoda deý,
Ýaşyl ümsümlige teşne dideler,
Guş goraga mätäç, agaç idege,
Baglaryň goragna daýanyp ýaşa.

Bilbil bolup şahalara heň gonýar,
Bu enaýy keşbe älem geň galýar,
Galkynyşly-gül açyşly heňňamlar,
Bag ekip bagtyna buýsanyp ýaşa.

Ýürekleri ýaza-bahara meňzeş,
Bu çagalar misli nahala meňzeş,
Olaryň gül ýüzi nur saçýan güneş,
Şol tämiz güneşe çoýunyp ýaşa.

***

Çasly akan çeşme-çaýym,
Sen dirilik, aby-köwser!
Ýaşaýyş sen daşy oýup,
Takat tapman dagy böwsen.

Ýogsa beýik dag üstünde,
Beýle bir bigadyr däl sen,
Güneş nury, çog üstüňde,
Günden nur alan ykbal sen.

Eräp-eräp,
Hem buldurap,
Daşlara siňmän syrygyp,
Şadyýan şaglap, şildiräp,
Boz bulaklara birigip.

Çasly çeşmäm dönüp derýa,
Akyp barýaň bir janserek.
Her damjasy altyn-düre,
Deň görülýän ile tarap

Tolkunýarsyň, tolgunýarsyň,
Sygman hanaňa-ýoluňa.
Gelýäň her damjaň zere deň,
Gadymy türkmen iline.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 539 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]