18:48

Mynajat

Категория: Goşgular | Просмотров: 394 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 mango  
651
Baýram däde.
şeýle goşgulary seresap ýazmaly, has dogrusy ýazýan temaňdan sowatly bolmaly. diýjek bolýanym, harby düzgünleri doly bilmän harbylar barada kino alsaň içinde nähili ýalňyşlyklar gitjegini göz öňüne getirip gör.
bolmanda dini konsultantdan maslahat almaly ekeni.
Allasyna mynajat bilen ýüzlenýän birinden aşakdaky sözler geň eşdilýär:
1) "Eý, Allam... bir pursat zemine düşäý,
2) Ýa jogap ber ýa paýhasyň al menden.
3) Bilýän... Sende adamlardan başga-da iş kän.
4) aşaky kupletä dolulygyna mysal getiribermeli

Aldanmak islämok seniň dünýäňe,
Ýok, bar bolsaň özüň aýan eýle sen.
Öz bendäňi aldap bähbidiň näme,
Öňem köpler razy däl-ä dünýeden.

5) Özüň kämil, ýöne guran dünýäniň, ...ugry ýok.
6) Ýöne sen şonda-da, ýöne sen şonda-da bir görnüp gidäý,
Sygynaýyn, däli köňlüm ynjalsyn.

---
ruhy gözlegler dileýän.
gözlän tapar.
ýazyşyňy däl-de diýişiňi halamadym.
soňunda öte geçeniňi boýun alýaň, hemem has beter öte geçýäň: "bir görnüp gidäý" diýip.
(köňlüme tozan çöken ýaly boldy.)

0
2 myhman  
732
mynajatmy şü? bula bir närzaçylygyňy bildirmekmi, yrsaramamy ýaly bir zat.

şolam dini gowy bilendir öýdemok welin A. Atabaýewiň mynajady gowy bolupdyr.

0
3 Azat_Nurgeldi  
283
Hawa, menem ýokardaky teswirler bilen ylalaşýan. Dogrusy meniñ teswir ýazmak niýetimem ýokdy, ýöne häzirki döwüriň hakykaty böwrümi byjyklap goýmady. Goşgyda Biribary Zeminde ýaşap ýören patyşalaryň derejesine çenli peseldipdirler. Patyşalaryň seýil etjek, aýlanyp görjek etaplaryny öňünden arassalap, serenjam berip, gül gülzarlyga öwürýändikleri (wagtlaýynça bolsada )ýalan zat däl. Hökümdaryň gözüne çöp atmak üçinmi, halky azda kände köşeşdirmek üçinmi, ýada özlerine şöhrat üçinmi, garaz adalat üçinä däl, şu goşgydada şol wagtlaýynça eşret üçin Allany ýere bir aýlanyp gitmegi üçin ýalbaryp çagyrýan ýaly duýdum. Bu elbetde meniň şahsy pikirim. Men ýalňyşyp bilerin, şahyryň başga zatlary göz öňünde tutan bolmagy mümkin.

0
4 Hаwеrаn  
245
"Yrsaramaly mynajat" diyip, Cary Yegenmyradowyñ "Mynajatyna" diyäyseñ...
http://kitapcy.com/news/2018-06-16-434

0
5 mango  
651
Mynajat isleseňiz Weýsel Karanä ýüzlenip bolar.
Başyny Onuň ady bilen başlap dowam edýär:
Sen Rabb-eýäm, men abd-guluň,
Sen Halyk-ýaradan, men mahluk-ýaradylan,
Sen Rezzak-ryzk beren, men merzuk-ryzka mätäç,
Sen Mälik-ähli zadyň eýesi, men memluk-ýesir, bende, gul,
Sen Aziz, men zelil,
Sen Ganiý, men fakir,
Sen Haýýu-diri, men meýýit, öli,
Sen Baky, men pany,
Sen Kerim, men pes,
Sen Muhsin, men musiý,
Sen Gafur, men muznib-günäkär,
Sen Azym, men hakir,
Sen Kawiý, men zaýif,
Sen Mu’tiý-beren, men sa’ýl-dilegçi, alan,
Sen Emin, men haif,
Sen Jewad-jomart, men miskin-pahyr,
Sen Mujib-doga edenleriň islegini beren, men doga eden,
Magfyret et günälerimizi, bagyşla bizi,
Rahmetiň bilen ýa Rahman we Rahym.
——-
Terjime diýip, terjimede däl.... ýalňyşlary bolsa bilmezlikdendir. Düzedip, ötüň.
Edebiýatçylaryň myajatyndan nähili tapawutlanýar, şeýle dälmi?

0
6 Bagabat  
43
Beýik!
"Edil göweçde zeriň ereýşi deýin, Haka bolan yşkyň içinde eremek" diýip ine şuňa aýdýarlar. Ol soň-soňlar munuň ýaly setirleri: "köre-kör ynanç (fanatizm)" derejesine düşüen "pylanşynaslar" şeýle "eremegi" başyndan geçirenleriň basyp giden yzyça-da ýok. Ylym hiç haçanam "durmuşy manysy näme?" diýen sowala ynandyryjylykly jogap berip bilmeýär. Big Bang teoriýasy bolsun, Eýnşteýniň "Älemiň modeli" bolsun...diňe aňy paýhasyň aňyrsyna urup-urup dykmagyň hötdesinden gelýär. Elbetde, ylym gerek. Elbetde, onda islendik açyş müňkürlikden we ret etmekden başlanýar. Ýöne, dinsiz Ylahy yşksyz dünýede, durmuşam edil adamyň organizminde pylança nanosekuntlyk ömür sürmäge ýetişýän mikroblaryň ýaşaýyşy pisint bir zat bolýar.
Doguldy.
Ýaşady.
Dogurdy.
Öldi.
Emma, günä-sogaby, haýyr-şeri Ýaradanyň we olaryň serpaýyny berjek Keramatyň bardygy ýaşaýyşa ylmyň berip bilmeýän we hemme zada müňkür aňyň berip bilmeýän manysyny berýär.

0
7 myhman  
732
dilim tutuldy. näme diýjegimi bilemok. Oň mynajatyny öňem bilýän welin, gönimden geleýin, bulaňkyny okamda ýadyma düşmedi. men ýöne öz töwereklerindäkiler bilen deňeşdireýin diýip a.a-ňkyny ýatladym.
ýogsa O nire bular nire.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]