15:47 Rubaga meñzedilen bentler | |
RUBAGA MEÑZEDILEN BENTLER
Milliligiň genji, türkmen dutary, Aýdymly dolandy, ýene il sary. Ýitmek hesretiniň öňüni alyp, Arkadag boldy oň çyn howandary. *** Kanun bozulmalar- durmuşyň ýowy, Ýüp üzülgeç bolar ýetmese towy. Asuda ýurdyňy bir kel kelleli, Pöwhe şa “üýtgedip gurmasa” gowy. *** Gadryn bilip, bilimiň siz, diliň siz, Ýene-de bir zady belläň, biliň, siz. Okap-ýazýan elipbiýiň çalşylsa, Ne-hä bilimlisiň, ne-de bilimsiz. *** Çadyr gurup iliň ýolun bekletdi, Köçede toý tutdy, şowhun döretdi. Ýüzläp myhmanynyň göwnüni gözläp, Müňläp ýolagçyny ýoldan güm etdi. *** Belli däl, prozamy ýa poeziýa, Kä ýerinde bar diýmeseň kapiýa. Ak goşgy diýleni- gizlin, kadasyz, Alameýdandaky göreşmikä, ýa?! 2021 ý. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |