16:58

Şahyr Begmyrat Ussaýewe

ŞAHYR BEGMYRAT USSAÝEWE

Iller köşk salynyp, haýdaşyp ýörkä,
Sen hütdük jaýlarda edýärdiň mydar.
Jäjekler alanda kitabyň ornun,
Sen kitabyň gamyn etdiň byradar.

Maşyn gatnadýarka çalasowady,
Ruhuň belent barýardyň sen pyýada.
Senem iller ýaly baýap bilýärkäň,
Setirleriň görünipdi zyýada.

Şagal mesligine aklyn aldyryp,
Al asmanda gaýyp ýörkä goňşulaň,
Başyňdady seniň dünýäniň gamy,
Ýadyňdamy, öz-özüňi ýonuşlaň.

Ýyllar geçip gitdi tagmasyn goýup,
Erkiň weli üýtgemedi görsene.
Çemeçiller ikiýana urunýar,
Seňki bolsa olaňkylaň tersine.

Döwür üýtgäp, ýene döwran dolanmyş,
Ýene şo-ol hütdükden tapyndyň myrat.
Rehimdarlyk hem adyllyk berlipdir,
Belki, şudur seniň bagtyň, Begmyrat!

31.01.1996.

Allaýar ÇÜRIÝEW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 442 | Добавил: Нawеran | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gije-gündiz Hakyň yşkyny gözläp... / Goşgular - 06.01.2023
К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
«Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023
Gyş / Goşgular - 01.01.2023
Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik / Goşgular - 22.01.2023
«Когда вы стоите на моём пути…» / Goşgular - 06.02.2023
Günäsizlerim / Goşgular - 15.01.2023
Eje jan! / Goşgular - 06.01.2023
«Как соломинкой, пьёшь мою душу…» / Goşgular - 10.02.2023
Saňa duşup... / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 tankytçy  
Tapylgysyz zehin. Yatan yeri yagty bolsun.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]