07:42 Şahyrlaryñ söweş edýän günleri... | |
* * *
Geçdi gitdi darkaş edilýän günler, ~ Şahyrlaryñ söweş edýän günleri. Köp şahyrlañ mazaryny bezäp dur, Ýaşyl baharlaryñ elwan gülleri. Dünýä kadalaşdy, kitüw azaldy, Ýüreklerde kinaýa ýok, kine ýok. Ýöne geñ zat, bu parahat günlerde Ajaýyp goşgular dünýä inenok. Belki, ideýalañ çaknyşmasyndan Ylhamlar ot kimin alawlaýandyr. Törpi deý igeleñ çatlyşmasyndan, Belki, zehinimiz ýalawlaýandyr. Söweş küýseýän ýok, ýöne jedelsiz Nämüçindir bir zadymyz kem ýaly. Şygryýetiñ ysgynsyzlyk derdine Edebi jañlarmyz çyn melhem ýaly. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |