15:38

Salama geldim

SALAMA GELDIM

Günde şol bir zaman, daňdan pillesi,
Oýardy atamyň azannyň sesi.
Käbäm bilen kyblam guran külbesi,
Saňa bu gün ýene salama geldim.

Ejem bilen kakam werzişdi işe,
Dek öten agşamam girensoň düýşe,
Onsoň diňe seni edinip pişe,
Saňa bu gün ýene salama geldim.

Agam, iki inim, birem gyz uýam,
Size-de bu sözlem aýandyr-aýan.
Eý, durmuş mekdebim, edebim-haýam,
Saňa bu gün ýene salama geldim.

Ejem janyň suwa basan çöregin,
Ýatlap ýene şol arzyly höregim,
Özi bilen alyp galan ýüregim,
Saňa bu gün ýene salama geldim.
Категория: Goşgular | Просмотров: 352 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Annageldi Källiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Garaýolly  
27
Шахыр хак айдяр. Oyli-ishikli bolan ogullar nirede gonsalarda ata-enañ guran ojagyny kuyseyar.

0
2 Мylayym  
83
"werziş" sözi nämekä?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]