13:02

Salyma sygýan sowallar / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 261 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Möjekler / hekaýa - 26.04.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
«Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Gyzlaň fantaziýasam-a kemje-kerdem däl welin, ýigitleň hyýalbentligem gyzlaňkydan kemlär ýaly däl-le.

Bu barada bir anekdot bar.

Bir ýigdekçe, ejesi, uýalary, jigileri toýa gidip, öýünde ýeke özi galypdyr ekeni. Günortana golaý ajygyp, özüne heýgenek edinmek islese, öýlerinde saç tapmandyr. Onsoň ol sajy goňşularyndan alyp gelmegi ýüregine düwüpdir. Öýden çykyp ugrapdyr. Ähli geçmeli ýolam bary-ýogy 20-30 metrmiş welin, barýança kellesinde öz-özünden gümürtik çaklamalar emele gelmäge başlapmyş:
"Ine men-ä saç dilemek üçin bärden bararyn-da, gapyny kakaryn.
Işigi maňa goňşumyzyň özüm bilen ýaşytdaş gyzy açar.
Onsoň men oňa nämüçin gelenimi aýdaryn.
Ol maňa sajy çykaryp berer. Men sajy elinden aljak bolamda-da barmaklarymyz galtaşar. Onsoň ikimiziňem endamymyzy tok uran ýaly bolar.
Onsoň ol maňa ýylgyryp bakar, menem oňa.
Onsoň biz oň bilen halaşyp başlarys. Myžžygymyz çykýança men-ä mežžunyňam "Tahyr" diýilýän sorty bolup, olam "leýliňem" "Zöhre" diýilýän sorty bolup söýşeris.
Onsoň birek-birege göwün berenimizden soňam biziň ikimiz üçin gadagan zat galmaz...
Onsoň, şuň ýaly bolanda hemişe bolşy ýaly, Hudaýyň beren nesibeli bir günem, oň ejesi bilen kakasy dergazaba münüp, gapymyzy kakarlar.
Hamana, olaň gyzy durmuşa çykmazdan göwreli bolanmyş.
Özem, geň ýeri mendenmiş...
Özem, eger-de men şo gyza şakyr-şukur öýlenmesem, olar meni birjik-de gaşlaryny çytmanjyk, elinjek basdyrjakmyşlar...
Onsoň men pahyr mönçaga-da ine şeýdip, haýsydyr bir binika göwreli bolup ýören utançsyz-a öýlenmäge mejbur bolaryn...
Heýhat meniň gara bagtyma!"...
Şu pikirleri içinden aýlap, öz-özünden beleň alyp barýan jahyl, nädip goňşularynyň bosagasyna ýetip, olaryň gapysynyň öňünde söm-saýak bolup duranynam duýman galypdyr.
Onýança-da ol işigi kakmanka-da, onuň geçip gidenini penjireden gören goňşy gyz gapyny açypdyr. Ýylgyryp deňdeşiniň ýüzüne seredipdir-de, sorapdyr:
-Salam! Näme bir zat gerekdimi?
Ýigdekçe bolsa ýüzüni awyň sapy ýaly edip durşuna, gyza mölterilip dikanlapdyr-da:
-Sajyňam äkit-de, gabryňa dik! Bolýamy?! Bu taýda seň çoçgaryňa çolaşyp, entäp ýören wejera öýlenjek sammyk ýokdur. Bilip goý, şunam!-diýip jabjynaga-da, hyrra yzyna aýlanyp gaýdyberipdir.

0
2 gomulgen11  
1366
Ýumurtgany jamda gaýnadyp iýäýmeli bolupdyr

0
3 Edebiyatcy  
15
Hekaýany hezil edip okadym, häzirki döwrüň ýaşlarynyň kellesinde köwsarlaýan kelköwser, ýuwnuksyz soraglar, göwünýüwürtmeler açyk-aýdyň suratlandyrylypdyr. Şular ýaly eserler döwrüň ruhuny, aňyny açyp görkezýär.
Berekella awtora! Beýleki hekaýalaryny hem okamaga höwes döretdi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]