10:28 Şemala | |
ŞEMALA
Öwsen – «gyjak syhap» şemal, Ýara salam ýetirdiňmi? Gara gözli, sahypjemal- Jandan jogabyn getirdiňmi? Çykan ýaly bolup ýaýdan, Ýarymyň ýanyndan gaýdan, Bolup mukam, bolup aýdym, Onuň aýdan, meniň aýdan Ýumşumyzy bitirdiňmi? Kalbymyzda yşgy bekän, Ýaryň bizden öýkesi kän, Öýkeleri ýekän, ýekän – Sesiňdäki «şatyrdyňmy?» Ösýän bolduň welin, pessaý, Diýdimi: «Özüňi pes saý?!», Dişi – dürden, lebi – pissä Haýran bakyp oturdyňmy? Ýaryň demi otmy, ýalyn? Şemal, – ýar ýanyndan gelen, Barmagyna, bolup elim, Tylla ýüzük ötürdiňmi? Bagrym oda bişirdi ýar, Pynhan-pynhan pyşyrdaýaň, Pyşyrdyňy düşündiräý, Nokatdanmy, oturdanmy? Sen dünýäme däli düşdüň, Ne sebäpden mežnunlaşdyň? Men – «Ýar!» diýip ýola düşdüm, Sen – ýoluňy ýitirdiňmi?! Güýçmyrat DURDYMYRADOW. | |
|
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |