17:10 Sensizlik | |
SENSIZLIK
Bu dertlerim düwün boldy damakda, Senli pikir, hyýal bilen badaşyp. Waspyň üçin söz galmady ýürekde, Eý biwepa, menä halys ýadadym. Kinelem kän yzasyny duýaňok, Ne hä gam bar sende, ne-de bir gussa. Seniň üçin erbet zadam diýemok, "Men seni söýýärin"-diýmekden başga. Ýeketut hem gurap galdy garalyp, Duralga hem gelýär senden başgasy. Nämüçinkä duýgularmyz badalyp, Kynçylykda aýralyga gaçmasy?! Aý ýok senä ýatlaýansyň öýdemok, Degýänin bilýärin kalbyňa urgy. Gyýa bakýaň, diliň bilen aýdaňok, Duýýaryn, üýtgese gözleriň ugry. Bolýar, razy men, söýmäňde näme, Diňe geçen güne agyrýar nebsim. Razy, söýýärin diýmäňde näme, Ol sözi goý, maňa özge gyz diýsin. Şuny bilgin duýgylarmy harlan gyz, Şol meniň bagtymdyr, sen bagtly bolsaň! Perman HALGYLYJOW. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |