17:26 Durmuş | |
DURMUŞ
Söýenimmi, näme meniň ýazygym, Ýa etmişim ölçererden agyrmy? Günäm bilen garalapsyň ýazgydym, Ýene bir çak etjek oýunlaryňa Dözip ýörmiň meniň ejiz ýüregmi. Perwanadeý bu gün yşkdan heserli, Gam hasratdan dolup ýatyr göwnimem. Bolup ýörin tamakin däl, keselli, Aňlap bilmän bu gün seniň öwrimiň. Ertelerme şugla saçýan günüm ýok, Arzuwym ýok wysalyny küýseýän. Gurap galdy, meň açylan gülüm ýok, Ahmyr edip bir mähire suwsaýan. Günäkär kim?! Serhedi bolmadyk duýgularymmy?! Ýada öňden tarypyny ýetirip, Şol gözele ýazýan goşgylarymmy?! Perman HALGYLYJOW. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||