09:51 Men sensiz ýaşap bilmerin! | |
MEN SENSİZ ÝAŞAP BILMERIN
Men sensiz ýaşap bilmerin, Hem gülüp bilmerin sensiz. Dolan maňa, gel dilberim, Bilbil ýaşap bilermi gülsiz?! Arzuwymda, ertelemde, Diňe sen bar, diňe sen bar. Meniň ejiz gursagymda, Sen bilen alýan demim bar. Dolanmasaň eger maňa, Senden özge meň kimim bar?! Seň adyňa uýdum her gün, (Bilýän günä iş edenim) Geçmişim damakda düwün, Geç günämi gülbedenim. Salgym umyt bolmasyn hiç, Göwin diýlen galamyzda. Özge biri bolmasyn hiç, Gel dolanaý, aramyzda!!! Perman HANGYLYJOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||