20:08 Söýjek | |
SÖÝJEK
Goşgular
Söýmek üçin bolmasa-da bahana, Söýjek, söýmek üçin indim jahana, Adyñ alyp ýörsem mydam dahana, Aýyp görme, näme söýmek telekmi? Meñ üçinä sen hemmeden beýiksiñ, Göwnüm synsa yşkyñ bilen seýiksiñ, Görkümi däl, sen göwnümi söýüpsiñ, Men göwnüñe asmandaky melekmi? Şygyr ýazýan käte diñe señ üçin, Ylham gelýär owazyña heñ üçin, Senem edil meniñki deý, meñ üçin, Kalbyñ gozgalañda, bagryñ elekmi? Yşkymyzdan ýanyp durka bu ojak, Güneş ýaly ýylatýarka şol gujak, Sorag berip bir manysyz goşgujyk, Aslynda-ha, maña ýazmak gerekmi!? Gyzylgül Annagylyjowa. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||