22:51 Sen hakdaky oýlarym | |
SEN HAKDAKY OÝLARYM
Gijeleň ümmülmez gujagyna dolup, Ýene bagt hakda hyýal ýüwürdýän, Bagt diýlen zady bir saňa baglap, Meni bagtly etjek bir sensiň öýdýän. Tekepbirlik bilen başym dik tutup, Heniz söýgi bilen söweşjekdim kän, Emma saňa duşup, mährinden dadyp, Elim ak baýdakly söýgä baş egýän Eýsem bu na boluş, neneňsi ahwal, Don ýüregiň çözülmegine sebäpkär, Ýogsa erk açarmy, elde berk gysyp, Men diýen köplerem edipdim inkär. Ýogsa-da, şolardan näme parhyň bar, Şeýle görseň köpüň biri hamala, Uzaltmaýyn! Bilmäge sen hakyň bar, Takatsyz ýüregňi edäýme ahmal. Sen! Garagöz ýigit Syrdam boýlaryň, Ýigitlik edebin özünde jemlän, Sylagyň, hormatyň, ýakymly mähriň, Duýguçyl kalp bilen kalba güýç berýäň. Bir sen diýmegime esasy sebäp, Düşünjäň giňligini juda haladym, Anyk sebäbinä bilemok welin, Şol tarapyň bilen kalbym awladyň. • Watan Watan! Nireden başlanýar aslyň, Heňňamlaň sözleýän şo-ol döwründenmi Ýa-da balajygny ak bagta gurşan, Enäň mähri siňen hüwdisindenmi?! Watan! Nä sebäpden beýle gözel sen, Gyzlaryň näzimi, ýigdiň dogmumy, Ýa-da, gözelligi hemra edinen Kalby päk, nurana ynsan göwnümi Watan! Sen nämeden beýle mukaddes, Ene süýdi ýaly halal duzdanmy, Ilki ýöjren bolup, soňky deme çen, Aýak tozu bolan topragyňdanmy Watan! Sen elmydam jan deýin eziz, Ynsan barlygynyň özeni hergiz, Aslyň, nesliň, bagtyň baky eýesi, Ol mukaddes barlyk Watandyr hergiz. • Ynan ýürekden Men başarman diýme, başararsyň sen. Kim bilipdur öz täleýin öňünden. Hany dostum hyjuw bilen gal ýerden. Arzuwlaryňa ynan sen çyn ýürekden. Başlamak hemişe tesmäge sebäp, Gorkumy ýaltlyk, görensiň deňäp, Arzuwlaň öňünde durma ejizläp, Şol arzyly güne, ynan ýürekden! Halal baýap, hem ak bagta ýetmegi, Ynansaň, ähli zat durmuş mekdebi, Ýollaň asgançagy, namart gepleri, Ýoluňa böwet däl, ynan ýürekden! Gatnaşsaň hemişe ýagşy dost bilen, Duşmanyň saýgarsaň akyl huş bilen, Taňryň özem ýagşylyga baş egen, Netiň, päliň päk tut, ynan ýürekden! Isleseň eger sen bagtly durmuşy, Bagt üçin ýaz güni, boýun al gyşy. Irginsiz hereket, sabyr çür başy. Bular şol bagt üçin, ynan ýürekden. Bilýän, hemme isleg baranok başa, Ýöne ynam sözün, ýazyp goý daşa, Sen mydam şoň bilen arzuwda ýaşa, Geler bagtyň özei, ynan ýürekden! Altynaý HALMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |