22:06 Synpdaş | |
SYNPDAŞ
Goý, durmuş ýolumyz bölünibersin, Bölünmesin, bagtyň ýoly, synpdaş. Allam arzuwmyzyñ wysalyn bersin, Bagt bolsun göwünleñ ýary, synpdaş. Günler geçýär,meñzäp misli ýyldyrym, Duýmandyrys geçenini ýyllaryñ. Gaýgysyny ýykyp ýyllañ ýylgyryň, Ýylgyrşyňyz dünýäñ ýazy, synpdaş. Käte öýkeledik, ýaraşdyk ýene, Hoş bolup gülüşdik, degişdik bile, Ýatlap, ol günleri getirsem dile, Akar gözden bagtyň ýaşy, synpdaş. Sizden, ak mekdepden aýry bolsak-da, Ýatlamalar baky galar gursakda, Ýatlasak olary her bir pursatda, Günler güllär ýazlar ýaly, synpdaş. Uçsak ganatlanyp, asmana sary, Boý göklerde bolsun, göwün ýer ýaly. Ykballar düşürse, üstüňden ýoly, Bolsun ýürek sylag doly, synpdaş. ...Ikilik, bäşligmiz, gamsyz ýaşlygmyz, Bildirmäliň hijem ara daşlygmyz. Süýji günde, toý-baýramda duşdugmyz, Köp bolsun, bolmasyn azy, synpdaş! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |