09:00 Tapawut | |
TAPAWUT
Öziň aýralyga ymtylyp barýaň, Bagtly günleň bardygyna ynanman Deňje tutsak umyt bilen söýgini, Ýupiterde ýaşajagma ynam bar Gülýärsiň "Dünýäni gezeris diýsem" Hem diýýärsiň: "Oňarmarsyň bir işem" (Wah, ezizim, düşünsene, sen maňa söýgüňi, ynamy kemeltmän dursaň, Gujak açar bize, gözel Parižem) Bile bolsak her aýazly gyşda-da, Gülälekler güllär, çykar - ýaz düze Bolmaz söýgümiziň hetdi-hasaby, San-sajaksyz ýyldyzlaram az bize Bir goşmak biriň üýtgedip hasylyn, Nesip etse, goşarys iki, üç, täk Her bir işe göreşeris çynlakaý, Kynçylyklaň depesinden çekiçläp Ýöne birden aýralyga el bersek, Bil şuny! Mydama gorkýaryn şundan Bile umman bolarys, emma ýeke Tapawudymyz ýok - akwariumdan... Ylham GURBANALYÝEW | |
|
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |