00:45 Taryhyma buýsanç | |
TARYHYMA BUÝSANÇ
Gyzyklanyp taryhymyz barada, Açdym gatlaryny kitap barynyň. Ýazmak hyýalyna düşdüm arada, Ajap sözde waspyn isläp barynyň. Buýsançlydyr şöhratlanan taryhym, Bu toprakda gurduk Seljuk döwletin. Guwanç bilen edýärin men tarypyn, Yrylmasyn binýady berk döwletim. Watansöýüjilik damarda, ganda, Gaýnap dursa döwlet döreýär şeýle. Beýik Seljuk döwletiniň şöhratyn, Biljek bolsaň taryha bir göz aýla. Göwni ýaly giňäp giden milletim Mekan tutmuş giň dünýäniň göwsünde. Meger, Biribaryň gudraty inmiş, Ak daňdanlar säher ýeli öwsende. Merdi, merdanasy bolan türkmene, Arkadag Oguly berdi Ýaradan. Ýurt guran ärleriň kesbin ýöredip, Watanymda jennet gurýar ýaňadan. Ýolbars AKMYRADOW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |