12:14

TÄSIRLENME

TÄSIRLENME

Şol döwürden şu günlere,
Azap bilen ýetendirin.
K. Gurbanmyradow.

Pel-pelläp uçup Asmanda,
Bir gün ýere düşendirin,
Ýamanda yza tesmän-de,
Il içinde bişendirin.

Duýgularym duýgur indi,
Nakyl-akyl aňa siňdi,
Pälim hellewleýän diň-di,
Hol topukda üýşendirin.

Alaň-açyk içim-daşym,
Halal diýip iýen aşym,
Aýlarynda altmyş ýaşyň,
Şänik bolup çişendirin.

Pyntyklasam bir salymdan,
Yzgarym ýetip alymdan,
Ýene ýoluň gyrasyndan,
Beýige çyrmaşandyryn.

Päki nazar galmaz çaňda
Ham-hyýaly goýar çuňda,
Bolsam diýip indi çynda,
Ýalandan üýşenendirin.

Akyl satman satyn alýan,
Aldykça gymmatyn bilýän,
Neneňsi haýrana galýan,
Ornuny çalşyrandyryn.

Suw içinde balyk ýaly,
Keýpim ýelde ýalyk ýaly,
Dünýäm giden şalyk ýaly,
Bolsa-da ýygşyrandyryn...

Категория: Goşgular | Просмотров: 425 | Добавил: Raýdaş | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023
Ода LVI / Goşgular - 06.01.2023
Старые часы / Goşgular - 24.01.2023
Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
«Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023
«Годы твои – гора…» / Goşgular - 24.01.2023
Бювар / Goşgular - 05.02.2023
Истина / Goşgular - 02.01.2023
Gelnalyjy / Goşgular - 15.01.2023
«Мой милый, будь смелым…» / Goşgular - 07.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Ajayyp goshgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]