06:03 Ýaşap ýörenliginde Magtymgulynyň bize berjek öwütleri | |
ÝAŞAP ÝÖRENLIGINDE MAGTYMGULYNYŇ BIZE BERJEK ÖWÜTLERI
Jahany alypdyr oýunbazylar, Hany hak sözüni aýdan kazylar? “Molla men” diýenler hatyn azdyrar, Ölüp gitmesi ýok namys-aryndan. Akyl satar küren obaň dälisi, Emeldar, kethuda, belki, kölesi. Aňk edipdir “ öz obamyň läläsi”, Asandyr aýyrmak ýary-ýaryndan. “Tutarygy” Pyragydyr hebesiň, Dem tutular, doňup galar nepesiň. Dag halyňa oň ýanynda depesiň, Döşe kakar haram puluň zorundan. Jahyllary ne betnyşan, ne zalym, Ne zergär, ne daýhan, ne şahyr, alym, Eý, Hudaý, kimlerden alypdyr tälim, Şonda-da ýer almyş öýüň töründen. Harama dönmesin Taňrynyň öýi, Nä hyýalda girip-çykanyň küýi. Asypdyr eňekden bir gysym tüýi, Niçeler ýanandyr onuň torundan. Rul başyna geçen serden göçendir, Bu nä boluş, haýa-şerden geçendir. Niçe janlar gara ýeri guçandyr, Ahy-nala, nalyş gelýär göründen. Eý, Allaýar, käsäň dolmuş sabyrdan, Diýmen: “Ömrüm doly jepa-jebirden”, Ataň kibi mert bol, kysmat—döwürden! Daş durawer adamlaryň haryndan. 08.12.2023. | |
|
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |