22:11

Ýetginjek / hekaýa

ÝETGINJEK

Düşnüksiz dünýäniň başagaýlygy bilen pikirlerini dyrmalap gelýän ýetginjek çatryga ýeteninem duýmady. Asyl ol «Eneli köçäniň» şagalaňyndan gijä galanyny häzir bilip galdy. Ýetginjek yzyna garady. Çisňäp başlan bahar ýagşyna salym geçmän asfalt ýoluň ýüzi petir bezelen deý bolupdyr. «Eneli köçe», onuň jaýlary rahat dem alyp otyrlar. Bäh, şu köçe bilen gatnaýan okuwçylar jigileri bilen, jigiler birmahalky okuwçy agalarynyň okuwçy çagalary bilen ýerlerini çalyşsalar, mekdep goňşulary ― agtyklardyr eneler näçe gezek şu kysmy çalşyk edendirler.
Bagtly obanyň ähli köçesiniň, şol köçeleriň ýaşaýjylarynyň dabarasy özüne ýetikdir welin, bu köçäniňki has aňyrdan. Onuň täsin ýaşaýjylary ýaly adynyň gelip çykyşy hem gyzykly.

* * *
Ahyrky jaňyň kakylaryna mähetdel «Eneli köçede» şagalaň başlanar. Bu köçäniň birmahalky «Mekdepli köçe» adyny indi bilýänem ýok. Iki adyň dakylmagyna hem obanyň orruk-ortasynda ýerleşýän şu köçäniň aýagujynda ― gaýrada gurlan ýekegat mekdep sebäp bolupdyr. Mekdepden çykyp, darajyk köçe bilen iki hatar alty-ýedi howludan geçersiň welin çatryk çykar. Şol çatrygyň ýokardan aşaklygyna geçýän köçesine ýaşaýjylar «Merkez köçe» diýýärler. Ol köçe obanyň ähli köçelerini biri-birine sepleýär. Dünýä kartasynyň öňünde durup, hyýalyňda asmana galsaň, «Merkez köçe» Amazonkany ýada salýar, «Eneli köçe-de» derýanyň uly bir şahasyny.
Şeýle amatly gatnaw şertlerini göz öňünde tutan okuwçylar mekdebe başga köçelerden gelseler-de, gidenlerinde hökman şowhunly köçeden giderler. Şonda ýaş agtykly eneler günortan ýatmadyk hem ýatyrmadyk agtyjaklaryny goltuklap köçä ýelk ýasarlar. Howlularyň öňündäki kiçijik salmajykdan geçiler. Ýolgyrada dyzboýy beýiklikdäki iki aýak dikilip, üstüne garyş inlilikdäki, metr uzynlykdaky tagta kakylan oturgyçlara ornaşarlar.
Mekdepden çykanlar paýawlaýança agtyklardyr eneler olary gözleri bilen ugradarlar. Edil hasabat berjek harbylar kibi doňup galarlar. Ne ses-seda, ne-de gymyldy-hereket çykar, ne-de oýunjaklar şyňňyrdar. Käte bir dünýäň gyzgalaňyny bozan siňegiň wyzzyldysy golaýa gelse, heýkel däldiklerini bildirjek bolýan ýaly agtyklardyr eneler des-deňje gözlerini ýumup-açarlar.
Dagy näme, arkadan asylýan boýdaş sumkalarynydyr «bäşlijeklerini» ýa bolmasa «dörtlüjeklerinidir» «üçlüjeklerini» goltuklaryna gysdyryp, biri-birinden öňe saýlanjak bolşup, ala-wagyrdy bolup gelýän körpe okuwçylar. Mugtjak mekdep hem oba täzelikleri.
Käbir ýatkeşräk enelerdir agtyklar olaryň täzelikçiljelerini, dilewarjalaryny öz ýanlaryndan bellärdilerem, geçerine garaşardylaram. Bellige düşýänleriň arasynda uly synplaryňam okuwçylary bardy. Bular hakynda aýratyn ýat ýöredilerdi. Dommarylyp, gözlerini bir nokada dikip, yşka çümüp barýan ýetginjekleriň käbiri topar gyzlara deňleşer. Özi bilmezden, tekiz ýolda bir büdrär gider. Ana, şol pursat agtyklardyr eneleriň dodaklary giňden ýazlyp, ýüzleri has-da ýagtylyp gider. Sebäbi olar şeýle bolmalydygyna ynanýarlar. Emma bellenenler äwüp-säwüp geçmese ýa-da başga köçeden aýlansa, enelerdir agtyklaryň mazasy bolmaz. Olaryň arasyndaky gyk-baklyk ýene-de başlanar.
Şagalaňy, gyzgalaňy üçinem «Mekdepli köçe», «Eneli köçe» bolupdy.
Enelerdir agtyklar bu köçede ýaşaýanlary üçin özlerini bagtly saýýarlar, ykbalyň peşgeşinden müňde bir razy.

* * *
Ýetginjek bu obada dünýä inenine, önüp-ösenine buýsanýardy. Ömrüniň onunjy baharynda ony täsin duýgy gurşap alypdy. Oba durmuşy, ajaýyp adamlar, goňşy synpda okaýan gyzlaryň biri ony heýjana salypdy. Ol gyzda özüne dostluk, ýakynlyk duýdy. Jaňda bileje oýnaýardylar. Gyz gaçanda yzyndan ýetäýjek-ýetäýjek bolardy. Oýny hiç gutarasy gelmezdi. Badyny haýalladardy.
Onunjy baharda şol duýgular kagyza geçmekçi boldy. Ýöriteläp ho-ol ilerde gumuň garnyny böwsüp, toraňňydyr tallygy bilen at alan ene ýaba tutuş hepdeläp gatnapdy. Raýşyň belent ýerinde suwa kesek oklap, kän pikir edipdi. Mele suwuň hanany püre-pürläp howlukman akyşyndan many okajak bolupdy. Bolmajak bolsa bolmaz eken.
Ýetginjegiň on bäşinji bahary hem şeýle geldi. Öňünden çykan obadaşlaryna günde iki gezek salam berýär. Deň-duş gyzlary gözüne has yssy görünýär. Dünýä gözelleşýän, edil şonuň ýalam nämälimleşýän ýaly. Indi, näçe gündür, nämeler ýatlanmady, pikir edilmedi. Üýtgeşik duýgy, nähilidir bir gudratly pursatlara garaşmak ýetginjegi otdan alyp, suwa atýar. Huşy düýşüne aýlanýan ýaly, düýşi huşuna.

* * *
Ýagyş gijesi bilen diňmedi. Kä batlanyp, käte jybarlady durdy. Ýarymaçyk aýna. Daş işikdäki oýtaklara ýygnanan ýagyş suwlarynyň üstüne damýan damjalaryň jülpüldisi. Ýoldan käte bir geçýän maşynyň tekerleriniň astynda mynjyraýan ýagyş suwlarynyň sesi. Ýassyga bagryny beren ýetginjek dessana güýmenip otyr. Dessan söýgüsi gaty ulaldylan, ynandyryjy däl, hyýaly zatlar. Öz-özünden içi gysyp, howul tapyp, kitabyny ýapdy. Birsalym ýukajyk tutynyň aýnadan gelýän sadaja şemala edýän tansyny synlady. Birdenem öňünde pytrap ýatan galam-kagyza ýapyşdy.
Galam-kagyz… Oňa näme üçin ýapyşyldy? Ol seniň howalaňy basýan zatmy nä eýse? Aslyna howul alara näme bar? Hiç zada düşünenok. Ýöne bir zada düşünýär. Şu ýagdaý ençe gün bäri gaýtalanýar. Baý, bu dünýäň düşnüksizdigini…
«Tyrk-tyrk». Işik ýuwaşjadan açylýar:
― Daň atyp barýar, oglum. Näme ýataňok?
― Ertire çenli wagt uzag-a, eje.
― Okuwa gitmel-ä sen irden.
― Häzir ýatýan, eje… Ertire wagt köp-ä entek.
Soňky sözler pyşyrda öwrüldi. Enä eşidilmedi. Işik emaý bilen ýapyldy…
…Işik açyldy:
― Oglan, näme ýataňok?
― Hä, Aýjan, senmi?
― Hawa, men. Nämä geň galýaň?
― Aý, ýok-laý. Sen nireden çykdyň?
― Berýän soragyň nähili?
― Bagyşla! Şu wagtjyk ejemem: «Ýataňok» diýdi.
― Dogry aýdypdyr. Gije bir çen.
― A sen näme?
― Menmi?.. Men seniň ynamyňy göreýin diýip geläýdim.
― Nä-ämä? Onsoňam ol görünýän zatmy?
― Görmäni başarmak gerek. Dessan okaňda pikir etdiň-ä?
― Ony nireden bilýäň? Hiç kim ýokdu-la.
― O nä aldaýaň? Özüň bardyň-a.
― Aýjan, saňa näme bolýar-aý. Häli mekdepde şunça seretdirjek boldum. Gapdalymdakylar bilen gaty-gaty gürleşip gördüm, joralaň bilen durkaň ýanyňyzdan geçip gördüm. Eger-eger seretmediň.
― Seretdirjek bolsaň, ynamyňy görkez-dä. Sowaldan gaçma-da, jogap ber. Kalbyňa ynanýaňmy?
― Hawa, ynanýan.
― Ha-ha-ha. Ynanaňok. Ynansaň, daşyňdakylara-da ynanardyň?
― Ynanýan-a.
― Ýok. Ynansaň, galam-kagyzyň işlärdi.
― …
― Dymdyň-la.
― Özüme näme bolýanyny bilmesem näme?
― Özüňi bilmek üçin kalbyň ynamy gerek-dä.
― …
― Ynansaň, hemme zat bolar. Kalbyň ynamy aldamaz. Şoňa geňeş. Kalbyň ynamyny görüp bilseň, dünýädäki ähli ynamlaram görüp bilersiň. Arzuwyňa-da, maksadyňa-da ýetersiň. Ähli zada-da düşünersiň. Hoş!
― Aýjan, nirä barýaň? Dur-da, Aýjan! Dur, dur, du-ur…
Gyz otagdan çykyp barşyna ýukajyk elýaglygyny galgadyp, ýetginjege tarap uçuryp goýberdi. Işigi daşyndan itekledi. Elýaglyga eli ýetäýjek bolanda batly gaýdan işik ony serpmeden gaýdan ýaly etdi…
…Togarlanyp işigiň agzynda ýatan ýetginjegi ejesi turuzdy:
― Gyýw, tur-da. Wagtynda ýat diýip dilim syryldy. Etjek gümanyň ýok. Maňlaýyňam-a gyzarypdyr. Basyrgandyňmy?..

* * *
Süýdreňk säher süýji arzuwlar ýaly tämiz, ter. Emma öýlänler, agşamlar düşnüksiz. Okuwyň başlaryna iki sagat töweregi bar. Wagt togtan deýin ýetginjek alňasady, mekdebe howlukdy…
…Ol «Eneli köçä» sowulýan çatryga golaýlady. Alasarmyk düýn hakydasyna geldi. Sowuk der basdy…
…Huşunda gezip ýörmi, düýşünde? Hemme bilýär, bir ýetginjek bilenok. Aslynda ol şu çatrykda nämäniň pikirini etdi? Göwnüne jansyz zatlar janlanýan ýaly, janly zatlar tersine. Aslynda kagyz-depdere näme üçin ýapyşdy? Aýjanam pikirine çenli okap otyr. Ýöne ol birden nireden çykdy? Gapdalynda ýören ýaly: «Hemme zada ynam gerek. Kalbyňa ynan. Ähli zada-da düşünersiň» diýdi. Näme boldugy?..
― Gyýw!
Tisginip giden ýetginjek gözi bilen sesi yzarlady. Haýata elini diräp, özüne bakyp duran garra seretdi:
― How, ene?
― Balam, meni köçäň o tarapyna geçirsene. Bibinäzigiň howlusyna eltseň bor.
Goltugyndan tutaklanan dolmuş hem sagdyn garry zeýrendi:
― Daň bilen bary gidýär işe diýip. Öýde-de ýeke özüm. Takatym ýok. Goňşyň ýanyna gaýdyberýän onsoň gümür-ýamyr edeýin diýip. Adamdan göz gitmesin. Şondan ýaman zat ýok eken. «Aparassa etdir, gutular» diýdiler. Ynanmadym, gorkdum. Ynha, indem. Bolýa-da, şuňa-da şükür. Hemme zada-da ynam gerek eken. Ýetäýdik öýdýän, bala. Senem ýoluňdan aldym. Aýyplaşmaweri. Bir haýata elimi ýetir. Taňryýalkasyn! Ömrüň uzak bolsun! Ak gyz ýoldaşyň bolsun!
Ýetginjek ýylgyrdy.

* * *
Ol bu gün mekdepden şagalaňa goşulyp çykdy. Oglanlaryň gürrüňlerini diňläp barýar. Enelerdir agtyklar hem heňňam aşan endiklerine eýeripdirler. Gözüni Aýjan dagydan aýyrmaýan ýetginjek aranyň barha ýygjamlaýanyny duýýar. Ýetmäge howlukýar. Birnäçe sekuntlar galdy…
…Ýetginjek ynandy.
Arzuwlaryna ynandy.
Kalbyna ynandy.
Dünýä ynandy…
…Ýetginjek büdräp gitdi. Hem aljyrap, hem utanyp gyzlara bakdy. Aýjan oňa gözleriniň gytagyny aýlap adaja ýylgyrdy…
…Şol pursat bu köçäniň bütin agtyklarydyr eneleriniň dodaklary täsin ýazlyp, ýüzleri has-da ýagtylyp gitdi. Diýmek, enelerdir agtyklar hem şeýle bolmalydygyna ynanypdyrlar…
Dünýäde hemme zat gaýtalanýar. Adam gaýtalanmaýar diýýärler. Belki, dogrudyr. Ýöne, bir zat hak. Adam ykballary, pursatlar, arzuwlar, maksatlar gaýtalanýar.
Ýetginjek bar zada düşündi.
Düşünmek üçin kän zadam gerek däl eken.
Hiç nämälimlik galmady. Ol şu pursat galam-kagyzyň özüne howa, suw ýaly zerurdygyna düşündi. Ýöne, galam-kagyz üçin öýüne ýetmäge howlukmady. Diňe bir zada ― birmahalky, şu günki, geljekki öz-özüne ýetmäge howlukdy.

 Kakajan ÇARYÝAROW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 475 | Добавил: Нawеran | Теги: Kakajan Çaryýarow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]