09:16 Ýol | |
ÝOL
Şeyle kert Şeýle bir beýik Şol ýol Özüne çekip dur meni. Basgançak-basgançak, Erk bilen Çydam bilen, Birkemsiz Ynam bilen Çykmaly oña. Şol ýol şeýle bir Özüne çekýär. Ol ýoluñ Reñme-reñ Güllerden halysy bar Şaha-şaha bolan ýodasy bar Täk şol ýoluñ özi Özüne çekýär. Ol ýoldaky Ynsanlar şeýle bir gözel Gözlerinde mähir bar Akyp ýatan mähir. Büdreseñ, Kalpdan gyýylýar olar Yardam etmezlige uýalýar olar. Men bärden ol ýola Seredip durun. Ýeke gitmeli däl Düşünýän. Günlerde bir güni Señ bilen bile Şol ýola düşmegi Arzuwlaýan men. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |