22:23 Ýöreýän, bökýän we uçýan robot | |
ÝÖREÝÄN, BÖKÝÄN we UÇÝAN ROBOT
ABŞ-nyň Illinoýs ştatyndaky Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň hünärmenleri Lenordo atly roboty işläp düzdüler. Adatça, robotlar ýöremek, haýsydyr bir zady götermek, basgançakdan çykmak ýaly hereketleri edip bilýär. Leonardo atly boýy 80 sm bolan bu robot ýeňil materialdan ýasalypdyr. Iki aýakly robotyň agramy bary-ýogy 2,7 kg. Robotyň esasy aýratynlygy ýeňil bolmagy ýa-da ýöräp bilmegi däl-de, onuň iki gapdalyndaky hereketlendirijiler arkaly uçup bilmegi görenleri haýran galdyrýar. Aslynda, enjam uçmak üçin niýetlenmändir. Ol diňe öňünden çykan päsgelçilikden geçmek üçin az wagtlyk uçýar. Muňa bökmek diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Sebäbi, ol howada o diýen çylşyrymly hereket edip bilmeýär, emma, ýere gonanda deňagramlylygyny saklap bilýär. Ylmy toparyň ýolbaşçysy Alireza Ramezani onuň bökmek ukybyny has hem kämilleşdirmek isleýändiklerini aýdýar. Häzirlikçe Leonardo üçin käbir hereketleri ýerine ýetirmek kyn hem bolsa, hünärmenler geljekde onuň kosmos barlaglarynda, beýleki planetalary öwrenmekde peýdalanyp bilinjekdigini belleýärler. Ramezani nätekiz ýerde ýöräp bilýän we ýykylmaýan robot ýasamagy maksat edinýändiklerini aýdýar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |