06:21 Yşgyñ pasly | |
YŞGYÑ PASLY
Gülälek köýnegin geýinen ülkäm, Dakynypdyr jümjümeden ysyrga. Bu bagtyñ hakyky keşbidir belkäm Pähim deý yşk baky,hebesler yrga. Zemin ýene ýaşlygyna dolandy, Giñ ýaýlanyñ gyzarypdyr ýañagy. Joşgun-hujuw büräp pesi-belendi, Gussalañ aýasy galdy ýalazy. At çapýar duýgular juwanlyk bilen, Mähir duýan baglar ýarýar pyntygyn. Ýeñmesi kyn keçirlik kimin garlar Dag başynda gomparyp dur entegem. Çeşme-çaýlar dolup,hetdinden aşar, Aşyk bolup reýhan ýazyñ keşbine. Göýä,älemgoşar zemine düşer, Gül-gülälek biter sährä-deşdiñe. Şeýle bir owadan daglar-depeler, Duýarsyñ goluñ guş,aýaklaryñ at. Guş-gumrulañ jürküldisi köpeler, Bahar bize gaýyplardan yşarat. Jümjüme | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |