09:20 007 Missis Bond | |
007 MISSIS BOND
Publisistika
"Buker" ýaly edebi baýraklara hödürlenen eserler bu obrazyñ öñkülerden gödekleşendigini görkezýär Indi nobatda näme bar? Häzir Britaniýa döwletine ýa-da Birleşen Korollyga garşy dildüwşük guraýan içalylary awlaýan we "Jeýms Bond" ady bilen at gazanan "Jansyz 007"-niñ aýal wersiýasy bar. Dünýä inenine ýetmiş ýyl geçenden soñ Mister Bond, başgaça ady bilen Jeýms Bond aýal-erkek deñligi döwründe-de bolmalydyr. Missis Bondyñ obrazyny janlandyrmak otuz üç ýaşly Irene Şerwuda ynanyldy. Olam Rojer Muryñ, Şon Konneriniñ we supergahryman Bondуñ roluny janlandyrýan we erbetlere garşy garpyşyklaryñ köpüsinde üstün çykýan beýleki aktýorlaryñ gelşikliligi ýaly çakdanaşa görmegeýlige eýe. Erkek bolsun, aýal bolsun, tapawudy ýok, baş gahryman hemişe britaniýaly bolmaly, hususanam iñlis bolmaly. Şotlandiýaly Şon Konneriniñ bu däbi nädip bozandygy barada aýdylanda bolsa, her talabyñ bir kadadan çykmasy bolýar. Ýene bir kadadan çykma-da irlandiýaly Pirs Brosnan boldy. Şumada çenli bu roly alty erkek aktýor janlandyrdy, indi gezek aýal aktrisada. Dartgynly sýužetdäki proza eserlerini (we kinofilmleri) ýazmakd iñlis ýazyjylaryndan, prodýuserlerinden we aktýorlaryndan öñe geçjek ýok. Alfred Hiçkok Golliwudyñ iñ meşhur kinorežissýorydy. Belgiýaly wäşi detektiw gahrymany Puarosy bilen Agata Kristi jenaýatçy dünýäniñ iñ meşhur zenan ýazyjysydy. Emma bu uguryñ kerwenbaşysynyñ XIX asyrda Şerlok Holmsyñ obrazyny döreden ser Artur Konan Doýldygyna şek-şübhe bolup bilmez. Doýl näsaglary bejermekde işine onçakly ökde lukman bolmansoñ, wagt geçirmek üçin hyýaly romanlary ýazmaga başlady we bulary 1882-nji ýylda "Cornhill" žurnalynda tapgyrlaýyn çap etdirdi. Kolin Wilsonyñ aýtmagyna görä (Dar el-Meda), bu romanlar arkaly ol lukmançylyk kärini ýatdan çykaryp, uly gazanç çeşmesini edindi. Doýl soñabaka romanlaryny amerikan žurnallaryna-da berdi we onuñ meşhurlygy ýer ýüzüne ýaýrady. Adamlar erbetlige garşy söweşip üstün çykýan Şerlok Holmsy haladylar. Başga ýazyjylar hamana real keşbe eýe obraz ýaly Holmsyñ "ömrüne" bagyşlanan kitaplary ýazmaga başlady we onuñ ady Londonda diñe adynyñ bolan ofisine goýuldy. Londonda barýan biziñ ýalylar jenap mister Holmsyñ ofisini görüp gaýdan ýaly öz-özlerini aldap şat bolýardylar. Belli bir wagtdan soñ dartgynly sýužetde ýazylan kitaplara bolan ähli gyzyklanmamy ýitirdim, emma britaniýalylar arany üzüp bilmediler. Detektiw eserler Londonyñ kitap dükanlarynda şindizem iñ köp satylýan kitaplaryñ sanawyny düzýär. Köp kişi Doýlyñ täsiriniñ detektiw žanryndanam öñe geçip, roman edebiýatyna, ýagny, Onore de Balzagyñ edişi ýaly iñ ownuk detallaryñ ugruna çykylan žanryna aralaşandygyny pikir edýär. Kemala gelişi-de giç bolan arap romanyna giç girenem bolsa, bu žanr gysga wagtyñ içinde bütün dünýä ýaýrady. Emma "Buker" ýaly edebi baýraklara hödürlenen eserler, bu obrazyñ öñkülerden gödekleşendigini görkezýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 11.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||