22:18 1917-nji ýylda Gazada türklere garşy guryýer operasiýasy başlanda näme boldy? | |
1917-nji ÝYLDA GAZADA TÜRKLERE GARŞY GURYÝER OPERASIYASY BAŞLANDA NÄME BOLDY?
Taryhy makalalar
1917-nji ýylda Gazada, belki-de, gazalylaryñkydan has ýaramaz şertlerde dünýäniñ iñ döwrebap we güýçli goşunynyñ başlan iki guryýer hereketinde türk esgeri duşmany iki gezek doly ýok edipdi Tohumlary Patyşa Russiýasynda atylan "Howeweý Sion" ("Chibbath Zion") hereketi Palestinada döwlet gurmagy maksat edinen jöhit göçleriniñ düýbüni tutdy. Baron Edmond de Rotşildiñ maddy we ruhy goldawlary bu göçhä-göçlügiñ legal we legal däl ýollar bilen goldanmagyny gazandy. 1909-njy ýylda Soltan Abdylhamydyñ tagtdan inderilmegi bilen proses çaltlananam bolsa, ilkibaşda jöhitleriñ ýaran hasaplaýan "Ittihat we Terakki" jemgyýeti (ittihatçylar, "ýaş ofiserler" hereketi) sionistlere garşy Soltan Abdylhamydyñkydan has beter söweşe girişipdi. Jemal, Talat, Enwer paşa dagynyñ dürli syýasy kararlarda birnäçe ýalñyşlygy baram bolsa, bu boýunça netijeli işleri alyp barandygyny aýtmak gerek. Jemal Paşa Şuny-da belläp geçmek gerek, Soltan Abdylhamydyñ tagtda oturan döwründe jemi göçüp gelen jöhidiñ sany 40 müñi töwereklän bolsa, soltanyñ tagtdan inderilmeginden soñky birküç ýylyñ içinde 80 müñden geçipdi. Ittihatçylar gijem bolsa, abanyp gelýän howpy duýdular we gerekli öñüni alyş işlerini geçirdiler. Şeýle-de bolsa, geçirilen işler Gazanyñ her garyş ýeriniñ türk esgeriniñ gany bilen suwlanmagynyñ öñüni alyp bilmändi. Ahyrynda Birinji jahan urşy başlanda, sionist jöhitler oýlanyşykly hereket etmegi bes edip, ähli güýçleri bilen iñlisleriñ tarapyna geçdi. Olat iñlislere çak edilişiniñ tersine, diñe maddy güýç berip oñmadylar, hut iñlis goşunlarynyñ hatarynda sion birliklerini gurdular we razwedka maglumatlaryny toplap, sanardan kän türk esgeriniñ şehit bolmagyna sebäp boldular. Taryhyñ oýnuna seretseñizläñ, türkler üçin bu dartgynlylykdaky iñ uly döwülme nokady Gaza bolupdy. Sion birligi • Sion (Gatyr) birlikleri Sion birligi iñlisler bilen bir hatarda beýleki Günbatar döwletleriniñem goldawyny gazanmak üçin gurlupdy. Wladimr Žabotinskiý atly jöhit ofiseriniñ ýolbaşçylyk edýän birliginde 600-den gowrak meýletinçi bolupdyr. Bu birlik 1915-nji ýylda Gelibola gelip, iñ soñky ok atylýança türklere garşy söweşipdi. Çanakkalede türk ganyny akdyran bu birkikdäki esgerler häzirem Ysraýylda milli gahryman hasaplanýar. Binyamin Netenýahu 2014-njj ýylda bu birligiñ serkerdeleriniñ guburlaryna zyýarat edip, gaýtadan dile düşüpdi. Netenýahunyñ "Sion birligine" eden zyýaraty Bu zyýarat tötänden bolanok, çünki Netenýahunyñ kakasy birligi gurmaga gönüden-göni gatnaşan adamlaryñ biri. Sion birliklerini esaslandyryjy Wladimr Žabotinskiý bu birlikleriñ peýdasyny şeýle düşündirýärdi: "Men Gelibola gitmedim. Şol sebäpli size meýletin birligiñ kyssasyny aýdyp bilmerin. Emma şuny aýdyp biljek: Şol wagt Trumpeldoryñ orta atan pikirleri dogrudy... Uruşmak üçin Gelibola gitmek sionizme täze-täze gözýetimler gazandyrdy. Eger biz 1917-nji ýylyñ 2-nji noýabrynda "Balfur deklarasiýasy" bilen Palestinada ýurt edinmek babatda söz sözlemäge hukuk gazanan bolsak, muña barýan ýol Geliboludan geçendir". Türk esgeri Gelibolu frontunda Talat paşa jöhitleriñ girişen şuña meñzeş synanyşyklaryna garamazdan ittihatçylaryñ hiç kimsä aýratyn ýeñillik berilmejekdigini, jöhitleriñem beýleki jemagatlar ýaly osmanly raýaty boluo galjakdygyny aýdýardy: "Onda ýene iñ başyndan bäri aýdanlarymy gaýtalap aýtmaga mejbur bolýaryn. Jöhitlere haýsydyr bir aýratyn ýeñillik bermegimiz mümkin däl. Olar hem beýleki raýatlarymyza berilen hak-hukuklardan deñ derejede peýdalanyp bilerler. Emma häzirki kanunlarymyz şonsuzam jemagatlara öz-özlerini dolandyrmak babatda örän giñ hak-hukuklary berýär we mejlisiñ gün tertibine täze hödürlenýän kanunlar arkaly bu hak-hukukkaryñ hasam giñeldilmegini göz öñüne tutýarys". Çanakkale fronty Talat paşanyñ bu aýdýanlarynyñ jany ýok däldi, çünki sionistleriñ tersine, hususanam iudeý şerigatyna tüýs ýüregi bilen wepaly jöhitler aýratyn döwlet gurmak pikiriniñ, özem muny türk jenaýaty arkaly gazanylmagyny haram yglan edipdiler. "Alliance İsraelite" ady berilen hereket sionistleriñ pyrryldaklarynyñ öñüni alyp, türkler bilen agzybir ýaşaşmagy esas edinipdi. Haýim Nahumyñ başyny çeken bu hereket Polşadyr Ukrainadan gelen sionistleriñ garşysynda ullakan bir edip bilen zady bolmady. Muña garamazdan "Alliance İsraelite" hereketi ýüzlerçe jöhidiñ osmanly goşunynyñ hatartna ýazylmagyny we maddy kömek berilmegini gazandy. Bu boýunça ädim ädenleriñ köpüsi osmanly raýaty bolan jöhitlerdi, emma migrant bolup gelenler türklere garşy çäksiz uly duşmançylyk besläp hereket edýärdiler. "Jemal paşa heniz 1914-nji ýylda sebitde sionist pyrryldaklar bilen hereket edýän ähki migrant gelmişekleriñ deportasiýa edilmegi üçin hökümete şu maddalary öz içine alýan kanun girizmegi teklip etdi: "- Kese ýurtlardan gelýän jöhit muhajirler osmanly raýatlygyna kabul ediläýende-de, Palestina alynjak däldir. - Jöhitleriñ Palestinada koloniýa gurmaklaryna ýol berikmez, "koloniýa" ady berilen jöhit posýoloklary hökümetiñ kesgitlän atlaryna degişli edilip, böleklere bölüner. - Başga döwletleriñ raýatlary we olaryñ wekilleri bu bölekleriñ işine we daýhanlaryñ şahsy işlerine goşulyp bilmezler. - Jöhitleriñ Palestina göçüp gelmegine we mülk satyn almaklaryna guramaçylyk edýän syýasy, sosial, ykdysady jemgyýetler aradan aýrylmaly. - Bularyñ agzalary we gizlinlikde jemgyýet gurmaga synanyşan kese ýerliler osmanly ýurdundan deport edilmeli. - Osmanly ýurdunda jöhit muhajirleri getirmek üçin gurlan jemgyýetler ha osmanly raýaty bolsun, ha başga ýerli, Palestinada şahamça ýa hususy işgär saklap bilmezler. - Palestinadan başga osmanly ýurdunyñ islendik ýerine göçüp gitmek isleýän jöhitlere ýeñillikler dörediler". Bu maddalar osmanly raýaty bolan jöhitlere degişli dälem bolsa, musawy (iudeý) jemagatyna ýokuş deger diýip, hökümet kabul etmedi. Jemal paşa munuñ söbügini sypdyrman, bu gezek üç maddalyk başga bir kanuny teklip etdi: "- Osmanly döwleti sionizmi Döwleti-Aliýäniñ bähbitlerine ters hususy we pitneçi gurama hasaplaýar. - Osmanly raýatydygyna garamazdan gizlin guramalara agza bolanlar hakda kanun güýje giriziler. - Kese ýurduñ raýatlary bolan sionistleriñ osmanly topraklaryna girmäge haky ýokdur we olaryñ osmanly ýurtlarynda barlary-da deport edilmäge degişlidir". Şuny-da aýratyn nygtap geçmek gerek, türk jöhitleriniñ arasynda göze görnüp duran hyýanat bolmaýşy ýaly, olaram azyndan musulman türkler ýaly Osmanlyny öz watanlary hasaplaýardylar. A soñ göçüp gelen jöhitler bolsa harby taýdan düýpli zeperleri ýetiripdiler. Aaron Aaronson atly sionistiñ guran "NIL" jansyzlyk guramasy Palestinada gönüden-göni iñlisler üçin türklere garşy kontrrazwedka işlerini alyp bardy. Soñra "NIL"-e ýolbaşçylyk eden Sara Aronson gurama üçin düýpli işleri etdi. Türkler Saranyñ kimdigini 1917-nji ýylda anykladylar. Sara türkleriñ eline düşmejek bolup we "NIL"-i äşgär etmejek bolup öz janyna kast etdi. Jemal paşa 1917-nji ýylda jansyz Sarany we "NIL" guramasyny aýan edenden soñ gabatlaşan zatlaryna añk bolup galypdy. Paşa alkymlap gelen iñlis goşunynyñ garşysyndaky iñ kritiki nokat bolan Gazanyñ ykbalyny üýtgetjek karar kabul etdi. Ol Gazada näçe jöhit bar bolsa, barsyny göçürip şäherden çykardy. Jemal paşa Gazanyñ goralmagy hemme zady etmäge taýýardy. Ol nemesleriñ öz salgysyna ýollan razwedka maglumatlarynda "NIL" guramasynyñ ähli strategiki maglumatlary iñlislere ýetirýändigini, şonuñ üçinem harby taýdan goranjak bolmagyñ manysyz boljakdygy hakdaky duýduryşlaryna şeýle jogap berdi: "Şular ýaly ýagdaýlarda umytsyzlyga düşmezlik üçin adamda ýaş türk batyrgaýlygy bolmaly. Bu adamlaryñ geýim-gejimi, aýakgaby, goş-golamy ýok, ýöne polat ýaly sagdyn ýürekleri bar. Biz türkler hemme zada garamazdan soñuna çenli göreşmegi niýetimize düwdük. Ýitirjek zadymyz gakmady. Bize diñe bir peýda bar". Iñlisler ellerindäki maglumatlara esaslanyp, bar güýji bilen hamana Gazany eliniñ aýasyndaky ýer hasaplap, hüjüme geçdi. Birinji Gaza urşunda Gaza jülgesini geçip, her garyş ýerini bilýän türk goşun bölümlerini üznüksiz top atyşlary bilen zarba urdular. 1917-nji ýylyñ Gaza urşy Top atyşlary togtap, gabaw öz ýerini hüjüme berende, hemmeleriñ garaşmadyk zady bolup geçdi. Iñlis goşuny Gazada aýagy duşaklanan ýaly bolup galdy. Türk esgeri şonça bökdençligiñ içinden sogrulyp çykyp, iñlisleriñ gözünde ot ýakdy. Jemal paşa iñlisleri gorkunç ýeñlişe sezewar etdi. Iñlisler gelişleri ýaly Gazadan, yzynda ýüzlerçe maslyk we ýesir goýup yza çekilipdi. Jemal paşa Gaza gabawyndan soñ şuña meñzeş strategiýany Ierusalimde-de amala aşyrmak üçin herekete geçdi. Ol Ierusalinde ýaşaýan ähli jöhitleri Şam, Müsür, Anadoly taraplara göçürjek boldy, emma Gaza göçürişligi dünýä jemgyýetçiliginde gorkunç kabul etmeleri (восприятие) döredipdi. Osmanlynyñ uruşdaky soýuzdaşy Germaniýa çenli, bütin dünýä bu syýasatdan dessine el çekilmegi üçin Stambul hökümetine uly basyş etdi. Iñlisler bolsa Gazadan entegem el çekmändiler. Bu gezek deñiz tarapdanam Gaza gabalyp, birinjisinden has beter top atyşy bilen şäher birnäçe günläp topa tutuldy. Iñlisler täzeden guryýer hereketine başlanda mundan öñ hiç bir uruş meýdanynda ulanylmadyk ýaraglary Gazada türk esgerine garşy ulandylar. Çöl uruşlaryna laýyk getirilen tanklar we zäherli gazlar bularyñ käbirleridir. Şeýle-de bolsa, iñlisleriñ elindäki ähli artykmaçlyklary bilen Gazada amala aşyran ikinji guryýer operasiýasy-da şowsuz tamamlandy. Ahmet Jelal paşanyñ serkerdeligindäki türk goşuny ömründr birinji gezek gabatlaşan ýedi tankyñ dördüsini paýhynlap bildi. Iñlis goşuny Müsüre çenli yza çekildi. Iñlisler üçünji gezek gelenlerinde Gazany hökman alaýmalydy. Her gezeginde täzelenip gelýän iñlis goşunynyñ şäheri alyp bilmän yzyna gaýtmasy fiziki kada-kanuna ters boljakdy. Iki uly guryýer operasiýasynda duşmany doly diýen ýaly ýok eden türk goşunynyñ ýagdaýyny öz habarnamalaryndan öwrenip bolýar: "Her günde duşmanyñ topçy-artilleriýasynyñ zarbasyndan 3-5 adamymyz wepat bolýar. Söweşjeñ güýjümiziñ ondan dokuzy paýhynlandy, rota serkerdeleri ýaş, tejribesiz we entek türgenleşdirmäge degişli ofiserleriñ elinde galdy. Häzire çenli ýitgileri soñlandyrmak üçin ýollanan yzyny toplaýjylaryñ az sanlysyndan başgasy entek tälim berilmedik, hatda egin-eşiksiz, egni köýneksiz gelýär, hiç birinde esgerlik ruhy ýok. Bu batalýondaky alty hepdelik hyzmat eden döwrümde gören zatlarymy aç-açan we hakykata doly laýyk ýagdaýda aýtmagy watançylyk borjum hasaplaýaryn..." 1917-nji ýylda Gazada, belki-de, gazalylaryñkydan has ýaramaz şertlerde dünýäniñ iñ döwrebap we güýçli goşunynyñ başlan iki guryýer operasiýasynda türk esgeri duşmany iki gezek doly ýok edipdi. Ahyrsoñunda üçünji gezeginde özara agzalalyklary sebäpli şäherden kynlyk bilen çykmaly bolupdy. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Ýekşenbe, 22.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |