11:45 Dünýä neneñ gözel | |
DÜNÝÄ NENEÑ GÖZEL
Goşgular
"Dünýä neneň kirli, niçiksi hapa..." Has TÜRKMEN. Dünýä neneň gözel, niçiksi tämiz, Hatda toprak göwünlerden arassa. Ýöne dünýä demimizden bogulýar, Adamlar däl, aslynda ol neresse. Arassa suw ýa-da bolsun bulançak, Ýalan däldir, ol şeýlebir görmegeý. Baky alaw ykballary ýakmasyn, Goý, ýylatsyn, Allahym köp görmegeý! Barlyk şeýle ümsüm hem-de asuda, Tykyrdy ýok, herekediň keşbi bar. Dünýä şeýle gohly, şeýle şadyýan, Heýjan edýän Biribaryň yşgy bar. Dünýä örän giňiş köňül deý ylla, Ýöne welin, adam bilen daraldy. Barlyk juda päkizedi... ýönesi! Ah, el degdi, ana soňra garaldy. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||