11:51 Eýran ýolaýyrtdamy? | |
EÝRAN ÝOLAÝYRTDAMY?
Publisistika
Kyn saýlawlar bilen ýüzbe-ýüz bolan Reisi çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Ol ahyrynda ýa günäkäri, ýa ahlak polisiýasyny, ýa-da gurban bolanlary ýazgarmaly bolar. Bularyñ haýsy bolanda-da, düýpli täsirleriniñ boljagy görnüp dur. Hökümet ünsi iki hepdeden bir kiparlaşyp, bir möwjeýän protestlerden sowmak maksady bilen daşaryk ýöneltmäge we komplimasiýaçy roluny ulaltmaga niýetlenip, oppozisiýadaky Eýran-Kürdüstan Demokratik partiýasyna (EKDP) awusyny pürkdi. Partiýanyñ Demirgazyk Yrakdaky merkezlerini 73 ballistik raketa bilen bombalady. Bombalaryñ biriniñ Erbil şäheriniñ golaýyndaky mekdebiñ ýanyna düşendigi üçin tas ullakan bir heläkçiligiñ bolmagyna sebäp bolýardy. Eden bu hemlesi bilen Rewolýusion gwardiýa (RG) özüni Eýranyñ duşmanlary bilen baglanşykly içerki durnuklylygy bozmaga synanyşýan ýaragly topara garşy daşarky söweş alyp barýan ýaly görkezjek boldy. Protestler üçünji hepdesine girdi, hernä eýran režiminiñ gurnan emelleri maksadyna ýetip bilmedi. Ol demonstratlaryñ arasynda agzalalyk döretmek üçin milletçilikli we mezhepçilikli oñşuksyzlara meçew berjek boldy, bolsa-da bu oýny başa barmady. Protestler döwlet we sebitara çygyrdan aşyp, Eýranyñ dürli künjeklerine ýaýyldy. Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan onlarça adam öldürildi. Protestçilere garşy amala aşyrýan ýowuz ýanamalara garamazdan howpsuzlyk güýçleri demonstrasiýalary kiparlatmakdan ejiz gelýär. Häzirki wagta çenli uçran basyşlaryna we ýanamalaryna garamazdan protest hereketleri dowam edýär. Emma hereketler ortagürp synpyñ wekilleri we ýokary okuw jaýlarynyñ talyplary bilen çäklenýär. Demonstratlar tussag edilmelerden we basyşlardan gaçmakda, ýygnanyşmakda yza çekilmede has çakgan hereket etmäge amatly bolandygy üçin ownuk ýygnanşyklary geçirenleri gowy görýär. Munuñ özi çykyşlaryñ birnäçe hepdeläp şeýle çaltlykda dowam etmegini üpjün edip biler. Emma bularyñ halk gozgalañy derejesine çykmagy ähli synplary we etniki derejeleri bilen eýran halkynyñ düzüminde çalt amala aşmajaga menzeýän üýtgeşmelere baglydyr. Şonuñ üçinem eýran režiminiñ gurluşuna edýän täsiri taýdan iñ howply hasaplanyp bilinjek häzirki protestler soñky on ýylda ýüze çykan öñki protest hereketleriniñ ykbalyna duçar bolmazlyk üçin eýran jemgyýetiniñ her gezekki üýtgeşme hereketine aslyşýan tradision päsgelçilikleri aşmaly we soñky pellesini kesgitläp biljek güýje eýe bolmaly. Eýrandaky üýtgeşme hereketiniñ iki jübüt gatlagynyñ arasynda kesişime (пересечение множеств) zerurlyk bar. Birinjisi, iñ uly iki ýurtdugy we döwlet edaralarynyñ möhüm orunlaryny eýeleýändikleri üçin azeriler we persler tarapyndan öñe sürülýän nasionalizm. Bularyñ uly goşulşyklary haýsydyr bir protest hereketi üçin populýar gurşap alma ugruny üpjün eder. Ikinjisi bolsa iki gatlakly: ortagürp synpyñ pes düşewüntli synp bilen bileleşigi. Birinji tarap ikinji tarapyñ döreden çaltlygy bolmazdan öñe gidip bilmez. Şol bir wagtyñ özünde olaryñ özara ylalaşygy režimiñ we onuñ güýçleriniñ garyplary öz tarapyna çekme we olary her dürli wadalary berip köşeşdirme mümkinçiligini püçege çykarar. Aýratynam, ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar bilen ortagürp synpyñ adamlarynyñ izolýasiýa edilmeginiñem öñüni alar. Beýleki bir ýandan Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ Mahsa Amininiñ şübheli ölümi boýunça derñew işine Eýranyñ derñew edaralaryny çekendigi görülýär. Amini wakasyny "ösüşini togtatmak üçin Eýrana garşy gurlan oýun" hasaplaýan Reisi derñew işinden gutarnykly netijäniñ çykmagyna garaşýar. Munuñ özi gönüden-göni dini lidere garaşly ulgamy düýpli kynçylyga uçradýar. Derñew işini alyp barýan sülçüler ýa-ha polisiýanyñ ýalñyşlygyny boýun alyp, günäkärleriñ jezalandyrylmagyny talap etmeli bolar - munuñ özi döwlet edaralarynyñ arasyndaky gelejekki gatnaşyklara täsirleri bolar we mundan beýläk haýsydyr bir jezadan gaça durmak üçin döwlet işgärlerini ünsli bolmaga hem-de raýatlar bilen işleşende diýdimzorlyk etmezlige getirer, ýa-da günäkärleri jezalandyryp, Amininiñ ölüminiñ oña edilen sütem bilen baglanyşykly däldigini yglan etmeli bolar. Bu bolsa eýran köçelerinde gyzgyn seslenmeleri döredip biler. Kyn saýlawlar bilen ýüzbe-ýüz bolan Reisi çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Ol ahyrynda ýa günäkäri, ýa ahlak polisiýasyny, ýa-da gurban bolanlary ýazgarmaly bolar. Bularyñ haýsy bolanda-da, düýpli täsirleriniñ boljagy görnüp dur. Şol sebäpli öñümizdäki günler sýurpizlere baý boljaga meñzeýär. Ýöne bir zat belli: Eýranyñ ýoly birinji we ikinji derejeli şikes almazdan geçip bilmejek çarkandakly ýolaýyrda iterýän öwrülişiklerden geçýär. Mustafa FAHS. 01.10.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |