11:33 Howpsuzlyk gowşaklygy | |
HOWSPUZLYK GOWŞAKLYGY
Publisistika
Soltan Abdylhamyt II ýörite perman çykaryp gara bürenjek (çarşaf) we nikap (peçe) geýilmegini gadagan etdi. Munuñ sebäplerinden birem howpsuzlyk gaýgysydy: "Haýsydyr bir maksat niýet bilen eýdip-beýdip oña-muña girmek üçin käbir bimynasyp erkekler tarapyndanam ýerlerde pitne-pesat we melanet üçin ulanylýar. Hatda ýakynda bir erkek gara bürenjekde aýal eşigini geýip, eli ýaragly biriniñ öýüne giripdir we öý eýesiniñ aýalyna topulypdyr, ogurlan zatlaryny penjireden daşaryk oklabam gaçypdyr. Dini we döwlet düzgün-tertibi taýdan görnetin ýetirýän zyýanlary sebäpli şu boýunça gerekli kişilere mynasyp görnüşde duýduryş-düşündiriş işlerini geçirmek bilen aýal-gyzlaryñ bürenjek geýmeginiñ gadagan edilýändigi patyşanyñ buýrugydyr." Gürrüñsiz... Munuñ sebäbi diñe ýañky ýaly ownuk-uşak wakalar däldi. Ermeni bandalary 1890-njy ýyldan başlap, ýaragly-bombaly terrorçylykly aktlaryna başlady. Trabzon, Samsun, Ordu, Diýarbekır, Adana, Erzinjan, Urfa, Gümüşhana, Wan ýaly ýerlerde çaknyşyklar ýüze çykdy. Meselem: Stambulda ýaragly ermeni topary "Osmanly" bankynyñ üstüni basdy. Hadysalar bankyñ daşyna syçrady: 1246 ermeni, 26 musulman öldürildi… Şeýle-de, bomba ýükli awtoulag bilen "Ýyldyz" köşgünde Abdylhamyt II-niñ janyna kast etmäge synanyşdylar. Patyşa aman sypdy, dördüsi žurnalist bolan 26 adam wepat boldy. Şol döwür terrorçylykly aktlary amala aşyrýan Ermeni Rewolýusion Federasiýasynyñ ("Taşnak") ýerine häzir PKK bar! (Osmanlydan ýer parçasyny goparyp alyp bilmänsoñ, Ermenistana gaçan "Taşnagyñ" bu ýurtda 1919-njy ýyldaky sesi 89% bolan bolsa, 2018-nji ýyldaky saýlawlarda sesi 3,9%-a çenli pese düşdi. Häzir PKK-ä ýeñ astyndan goldaw berýänleriñem öñümizdäki günlerçe uçrajak ýagdaýlary şeýle boljagy gümansyz. Ýeri bolýa, häzirlikçe gürrüñimiz bu hakda däl...) Gürrümimiz Stambul-Beýoglunda partlan bomba hakda... Gürrüñimiz Stambulyñ orrra-ortasyndaky howpsuzlyk gowşaklygy hakda... Aşakda ýazjak zatlarym babatda hiç kim başgaça düşündirişleri berjek bolup azara galmasyn. Biz bärde yslamofobiýa döretjek bolamzok-da, howpsuzlyk meselesi barada gürrüñ gozgajak bolýas: Terrorçy aýalyñ amala aşyrjak bolýan aktyndan öñ bürenjek geýmegi onuñ ele düşmän sypmagynda näderejede rol oýnady? Muny şunuñ üçin soraýaryn: Gürrüñçiliklerde eşidip başladym: aýal sürüjiler şeýle diýýär: "Gije awtoulag sürenimde bürenjek geýýän welin, polisiýanyñ gözegçilik nokatlarynda saklaman geçirip goýberýärler!" Polisiýanyñ jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ işgärlerine bürenjeklileri saklamaly däl diýen düzgün barmy? Häzir terrorçylykly guramalar polisiýa işgärleriniñ şular ýaly göz ýummalaryny bilýändigi üçin bürenjekli aýal bombaçylaryny ulanýarmyka? Başymyzdan geçirensoñ bilýäs: Stambul-Soltanahmetdäki 2015-nji ýylyñ teraktynda bombaçy aýal terrorçy bürenjeklidi! Şeýle-de Stambul-Weznejilerde polisiýanyñ gulluk awtobusyna garşy bolan bäşi ýönelkeý raýat 11 adamyñ ölen bombaly akty amala aşyran aýal terrorçy-da bürenjeklidi. Stambul-Beşiktaşda 36-sy polisiýa işgäri bolan 44 adamyñ ganyna galan iki adamyñ biri aýal terrorçy-da bürenjeklidi! Uzatmaýyn... Ele salynan aýal terrorçy Serpil A. beren görkezmesinde ele düşmezlik üçin bürenjek geýendigini aýtdy. Geçen ýyl Diýarbekir-Lijede terrorçy Kemal B.-nyñ gara bürenjek geýip, AKP-nyñ ýolbaşçy işgäri Orhan Merjany öldürendigini ýatdan çykardykmy? Bu bolýan zatlar täzelik däl, 1908-nji ýylda Manastyrda Şemsi paşany goragçylarynyñ öñünde öldüren ittihatçy Atyf hem gara bürenjek geýipdi. Düýnden şu güne… aktlarda başýapynjadyr gara bürenjegiñ bukulmak üçin ýörite ulanylýandygy aýdyñ hakykat. Abdylhamyt II-niñ howpsuzlyk boýunça eden aladasyny ýatlatmagyñ şonuñ üçin. Ýazman geçsem bolmaz: Terrorizmiñ maksady jemgyýetçilik we psihologik ýykgynçylygy döretmek, adamlary lapykeçlige, aljyraññylyga itermek, giñ gerimli gorky atmosferasyny bermekdir. Şeýle bolýan bolsa: "İstiklal" prospektiniñ ugrundaky agaçlary goparmak, küýze şekilli ýörite gaplarda oturdylan gülleri aýyrmak - terrora ýeñildigiñ bolmaýarmy? Uzyn gepiñ gysgasy: Polisiýanyñ jemgyýetçilik howpsuzlygy gullugynyñ işgärlerine gulluk borjuny ýerine ýetirmek bilen baglanyşyklylykda psihologik söweş boýunça bilim bermek zerurdyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 18.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |