19:01 Bakylyk | |
BAKYLYK
Goşgular
Meniñ hiç uzak ýaşasym gelenok, Men başarsam baky bolasym gelýär. Bakykygyñ syry näme? Bilemok. Şony welin halys bilesim gelyär. Meniñ dädem halal ýaşap geçipdi, Hak buýrugna görä, Öz isleýşi dek. Bu gün oñ agtygña adyn dakdylar, Mazarnyñ topragy solmanka entek. Birmahal Durunda, Mehinde goýlan, Ýedi arka aylanan atamyñ ady, Bu gün şol at gelip meniñ ogluma, Ýedi arkasyndan ýadygär galdy. Ýedi ogluñ bolsa, Alla jan berip, Ýedi arkañ adyn goýsañ otursañ. Pygamber ýaşyña ýetibereñde Olara Käbeden sowgat getirseñ. Hemmesinden razy, Şuña şükür diýp, Ömrüñ güýz günleri gözlerñi ýumsam. Dädeñ ady goýlan ogluñ mährinden Ýene Sylapberdi bolup dogulsañ. Sylapberdi MUHAMOW. 2006. | |
|
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Barsam / Goşgular - 01.06.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Kinaýa / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||