14:30 Göwündäki gündelik -5/ dowamy | |
* * *
Ýatlamalar
Älhepus, beýle ýüregedüşgünçdigini! Ýene-de şu ýazgylar düýbi görünmeýän, jinnek ýaljagam peýdasy ýok, diňe wagtyňy hem beýniňi iýýän ýygnakda döreýär. Ýylyň geçen ýarymynyň jemleri boýunça toplum boýunça geçirilmeli edilen ‘‘boş söhbet‘‘ Syýatçylyk komitetiniň mejlisler zalynda geçip dur. Şol bir käkelenýän zatlar, şol gaýtalanýan maglumatlar, aýdylyp-aýdylyp lenji çykan gürrüňler, of-fof-ow! Şu gün daňdan 5-lerde Kazan şäherinden geldik. Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasyna bir günlik iş sapary boldy. Öňňün Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 2-lerde uçup, 3 sagat çemesi wagtdan soň Kazana bardyk. Gysga wagtlyk, ýöne diýseň netijeli, her minudy hasaply sapar boldy. Kazan Kremline baryp görmek, dünýäniň iň uly derýalarynyň bir bolan Wolganyň, owadan Kazanka derýalarynyň kenarlaryny ýassanyp ýatan, müňýyllyk taryhly Kazan şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etmek, görmek dogrusy, bagtdan ýeten paý. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimyhamedow, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, öňki Prezidenti, häzir Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet geňeşçisi, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Mintemir Şaýmyýew bilen duldegşir stoluň başynda Hökümet rezidensiýasyndaky kabul edişlikde günortanlyk naharynda oturmak, ady Äleme dolan ildeşimiz, meşhur futbol tälimçisi, Kazanyň "Рубин“ futbol toparyny Ýewropanyň ligalarynda öňe çykaran Gurban Berdiýew bilen elleşip salamlaşmak, gürrüňdeş bolmak, bile surata düşmek eýsem Allanyň ýalkawy, ykbalyň eçilen peşgeşi dälmidir?! Iň ýatda galan waka bolsa agşamara Russiýa Federasiýasynda geçýän futbol boýunça 2018 dünýä çempionatynyň çäginde "Kazan arena“ stadionynda, 45 müňe golaý tomaşaçylaryň, onda-da Ýer ýäzüniň hemme ýerinden gelen janköýerleriň gatnaşmagynda "8-den 1“ saýlama oýunlarynda Blegiýa bilen Braziliýanyň oýnuna tomaşa etdik. Dogrusyny dogry aýtmaly! Telewizoryň öňünde ýassyk ýaplanyp ýa-da kreslo gaýşarylyp futbol görmegiň lezzetem kemje-kerdem däl. Al ýöne, stadiona girip, onuňam iň amatly, anyk aýdanda, "WIP“ böleginde oturyp görmegiň lezzetini, üýgeşikligini aýdyp-diýer ýaly däl. Gapdalyň dürli dilde gepleýän, del-düregeý geýnen, dürli ýaşdaky, akýagyz, saryýagyz, melemtil, hüýt gara... erkekmi, aýalmy, gyzmy, ýaşajyk çagamy, şolar bilen oturyp, futbola tomaşa etmek, walla, ömyrylla ýatdan çykmajak täsir goýýar. Aşgabadyň 45 graduslyk yssysyndan çykyp, 26 graduslyk, onda-da iki derýanyň salkynjak howasyndan dem almak hem hezil. Ine, göwrä argynlyk berýän, haçan gutarjagy näbelli ýygnakda ýokardaky ýagşy, ömre ýoldaş boljak wakalary ýatlamak, ýazga geçirmek garaz, göwne giňlik berýär. Hawa, gitmezden bir gün öň söwer bala, öýmüziň altyn aşygy, agtyjagymyz Mälik jan doglanda (ekizjesi, Merdem jan behişdiň ak guşy bolup ak süýtden ganmanka, ýagty janahy iki-üç günjük görüp, gözden uçup gitdi. Ylahym behiştde gezsin, şojagazdan kesilen ömri, yrsgy ekiztaýy Mälik jana Alla berdigi bolsun!) aýdylan sadakany berdik. Il-gün sag bolsun, çagyrlylanlaryň hemmesi geldiler. Şol gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 6 aýyň jemine bagyşlanan giňişleýin mejlisine gatnaşyp, azajyk gijräk-sagat 1-lerde bardyk beýleki kärdeşler-redaktorlar bilen. Alla ömrüni uzak etsin, Eziz ogullyk borjuny aňryýany bilen berjaý edip, sadakany abraý bilen sowdy. “Aşgabadyň ýalkymy“ toý mekanynyň „Altyn“ restoranynyň uly zalynda hemme zady ýerbe-ýer edip. Ýene bir begendiren ýeri, Eziz agalyk edip, Öwlüýägula diplom alany hemem toý etmeziniň öň ýany ýeňil maşyn sowgat etdi. Ylahym, ak kejebe mümüp, ak kejebe düşsün, 2013-iň akja maşyny, hekgeripjik dur, uzak münmek, abadan münmek nesip etsin! Dili-agzy ýok, iki mömün Gök bilen Sapargüli mündürip, toýa-tomaşa, bazara-okaja äkidip-getireniniň, begendireniniň özi nämä degenok! Şeýle bagt her kese nesip etsin, ylahym, ogul-gyz ýagşy işi bilen ata-enäni begendirip dursun! Ýygnak bir tizräk gitarsady, sagadyň dili 13-i görkezip barýar, öýne gury sakyrdylaryň soňy görnenok. Eý, Allam, bizi Kakajan Aşyryň aýdyşy ýaly: „Çekiş öltürmez, çykyş öltürer, boý!“ 7.07.2018. * * * Ýylyň ýarym ýylyna bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soň ýolbaşçylara iýul aýynyň 11-23-i aralygynda dynç almaga rugsat berildi. Hemmämiz Awaza gitdik. Ilki “Şowhun” kottejler toplumynda ýerleşdik. Akmyrat Hudaýberdiýew, Annamyrat Mämmedow hemem men bir kottej aldyk. Deňziň suwy ilki gowuragam bolsa soň şemallyrak bolup, sowady, şonda-da girdik. Esasy waka “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisi bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyýanly şäheriniň deňesinden Awaza çenli aralykda täze sport ulagyny sürmegi boldy. Şonda badalgadan ozal hut maňa hormatly Prezidentimizden interwýu almak tabşyryldy. Bu iş doly ýerine ýetdilmikä diýip pikir edýärin. Sebäbi soň Ýirtbaşy öz Metbugat sekretary Kakageldi Çaryýardurdyýewden maňa “sagbolsun” iberipdir. Açyk sowal-jogap boldy. Göni ýaýlymda telewideniýede görkezdiler. 18 kilometri 14,5 minutda geçip, pellehana barandan soňam ýene-de Prezidentden bu ýoly geçmekden galan täsirler hakda söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Görenler, eşidenler “sen bagtly adam-ow” diýip gutladylar, jaň etdiler, ýöriteläp gelip-gitdiler. Bu-da bagtdan nyşan. Dynç alşy bölüp, Annamyrat Mämmet bilen Daşogaza gidip, Türkmen oba hojalyk institutynda “Žurnalistika we döwür” atly gepleşigi ýazdyk. Umuman erbet bolmadymyka diýýän, diňe bir kemçiligi, men şondan 4-5 gün öň öte sowuk düýe çaly içip, sesim ilki-hä tapbat kesilip, soňam jüýje horazyň sesi ýaly gyýkyldap çykdy, şol gepleşikde-de gyryljykdy öz-ä, Akmyrat Hudaýberdiň sesi ýaly. Hem-ä iş bitirdik, hemem garry-göbek ganymyz daman öýi, dogan-garyndaşlary gördük, Yslamayt ata zyýarata baryp, öten-geçenlere aýat-töwür etdirdik, Garaporsaň obasyna gidip, naçar doganlaryň öýlerinden duz-tagam datdyk, obada ýurduny täzelän bendeleriň öýlerine girip-çykdyk. Daşoguza düşseň hakyt “bular-a iýdirip öldürjekler’’ diýleni. Her gün çakylyk, saçak başyna geçip-geçmänkäňem öňüňe çebşiň ýa-da gyzyl guzynyň kellebaşaýagy gelýär, soňam keminden 5-6 dürli tagamy çekýärler, onsoň Atamyrat Atabaýyň aýdyşy ýaly, “zapas garnyň bolaýsa” diýdirýär. Ylahym, hezzet edenleriňki “Myhnan geler işikden, rysky girer deşikden” diýleni bolawersin! Soň ýene-de Türkmenbaşa uçup, “Daşoguz” myhmanhanasynda ýerleşdik. Deňiz suwy sowugrak bolansoň, başga güýmenje-de bolmansoň, sogaply iş bolar diýip, Gözli ata zyýarata gitdik, yzýanam Garaçagyl çeşmesine gidip, 47 gradus gyzgynlyk derejesindäki mineral suwa düşündik. Ynha, indem berlen zähmet rugsadyndan gelip, ýene-de işde otyrys. Ýadymdan çykmanka aýdaýyn, dynç alyşda wagtymyz “Türkmenistan” gazetinde “Hazar tolkunlarynyň owazy” atly publisistik oçerkim iki sanynda, “Mugallymlar gazetinde” hem Juma Kirman pahyr hakda “Göwünlere akan aryk” atly oçerkim çykdy. Garaz, garynja gymyldysyny etseňem, iş önüberýär how! Galamasynam Alla oňarsyn! 24. 07. 2018. Düýn-öňňün “Nesil” gazetinde “Watan ähli söýgüň jemi bolmaly” atly makala çap edildi. Ol dünýeden ir giden şahyr Italmaz Akmyradow hakda eken. Ony geň galmaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Maksat Hudaýberdiýew ýazypdyr. 1938-nji ýylda Ýolöten etrabynda dünýä inen, ömri gysga bu şahyryň käbir goşgularyny öň hem okap, beýle duýguçyldygyna haýran galypdym. Gazetde çykan soňky goşgylarynyň içinde iki sanysyny okap, “ine, hakyky şahyr nähili bolmaly eken” diýenimi duýman galdym. Gör-ä, sözde keşde çekäýşini: NÄZIK HESRETLER Jemalyňa meňzäp geldi bir heser, Şanyňa şygyrlar düzülmedimi?! Bu gylça janyma munça derdeser, Näzik hesretiňe dözülmedimi?! Köçäni owadan gördüm çykaňda, Keçäni owadan gördüm kakaňda, Nije minnet bilen näzli bakaňda, Görkana gözleriň süzülmedimi?! Ýüzüň ýaza meňzeş, saçyň dumana, Ýalkajagyň, gargajagyň gümana, Eý, ýalňyz halasgär, gitdim ummana, Janymda baryndan ýüzülmedimi?! Kä ýaňagyň gyzgyn gördüm gor ýaly, Kä ýaňagyň sowuk gördüm gar ýaly, Saç daraňda gurban bolan tar ýaly, Her näziňden janym üzülmedimi?! Söýen iki bolsa dünýe barynda, Birini bilemok, birisi munda, Aşyk ýüregimden çykan şygrymda, Eý, läläm, yhlasym syzylmadymy?! * * * Aýralykda çekdim nala baryny, Paş edip biljek däl ile baryny. Gaýta-gaýta synlap lälezaryny, Gün yzyna garap-garap ýaşanda, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Güýz gelende otly tomsy boýun edip, Miwelerden bal akdyrar gaýnadyp. Hoşwagt şemal bildiginden oýun edip, Bulutlary saçyň ýaly gatlanda, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Durna geçse, buz gamçyly gyş geler, «Bagtym bilen doňsam» diýer çeşmeler, Ýalaňaç baglara ýalňyz guş geler, Gülden aýry garyp bilbil üşände, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Gara ýere siňen wagty gar aglap, Gezdim seni sähralardan soraglap, «Ýumşak bolsun» diýip, seni sylaglap, Meýdanlar ýoluňa güller düşände, Gara gözlim, meni ýatlagyn şonda. Ýüzüň ýaza meňzeş, saçyň dumana ýa-da: Kä ýaňagyň gyzgyn gördüm gor ýaly, Kä ýaňagyň sowuk gördüm gar ýaly diýen setirlerindäki suratladyrma, Gara ýere siňen wagty gar aglap -diýen setirdäki deňeşdirmä näme diýersiň! Alhepus, ussatlyk, ýene-de bir gezek ussatlyk. Wah, sesi bilen dünýäni tutjak, setirleri boş, aýdýany warsaky ýüz şahyra derek şeýle şahyrlaryň ýekejesi bolsady! 26.07.2018. * * * Iki-üç günlükde Aşyr Mämili pahyryň berlen ýyl aýadynda köwüş ogurlanyş bolupdyr. Bu elbetde Atajan Taganyň fantaziýasy. Aslyýetinde aýada baran Atamyrat Atabaý öňem ätiýaçly (birki ýerde köwşi çalşyp gözi gorkan) bolansoň, çadyra giren ýerinde çüňkde çykaryp jüpläp geçip giden. Aýat-töwür edilensoňam, turup gelse, edil özünkä meňzeş, depesi demirlije köwüş hekgerip duran. Geýip maşynyna barsa, hokgarak ýalymyş göwnüne. Onsoň ýolda gelýärkä Berdi Bäşime jaň edipdir: -Özümki ýalam weli, aýagyma ulurak gelip dur. Birden çalşyp geýip gaýdan bolaýmaýyn. “Köwüş meňki däl” diýen bolsa meň çakym dogry bolýa. Görüp otursalar, ol dogrudanam, mollaň köwşüni geýip gaýdan eken. Molla ol köwşi Käbä gidende eslije pula alan eken diýýä. Özem şäheriň bir etrabynyň polisiýa bölüminiň başlygynyň (neçellik milisge) kakasy eken. “Şol köwüşi tapyp getirmeseňiz bolmaz” diýip dur diýýä. Ähli zatdan habarly Berdi akga ur-tut Atamyratlara gelip, ýalňyşlygy düzedip gidipdir. Atajan Tagan bolsa gije maňa jaň edip bu wakany gürrüň berende “ýasaýar”: -Aýada baran ähli kişiniň öýüne baryp, “hany, haýsy köwşi geýip gidipdiň?” diýip soranmyşlar. Meňkä-de geldiler. Size barmadylarmy? Hä-ä, barmadyk bolsalar, ondan öň ýitigi Atamyratlar tapandyrlar. Indiki gezek Atamyrady toýa, ýasa çagyrsaňyz bek ägä boluň, how! Dili gijäp duranalar durmuşda bolýan ýönekeý wakadanam hekaýa berimsiz tomaşaly gep ýasaýýalar. 30.07.2018. * * * Şu ýylyň tomsy görülmedik yssy geldi. Asfalt jöwzadan ýaňa bulamyk bolup eräýýär, how! Ýaňyja “NTW” teleýaýlymyna seredip otyryn weli, “Russiýada şu ýyl soňly ýarym asyryň içinde iň yssy tomus boldy. Şonuň üçin hem diňe bir Komi Respublikasy, Burýatiýa ülkesi, Hakasiýa, Ýakudystan Respublikasy ýaly aňyrsy taýga-baky doňaklyga urýan ýerlerde däl, eýsem orta guşaklyk hasaplanýan Udmurtystan Respublikasy, Altaý ülkesi, iň günortada ýerleşen Krasnodar ülkesi, Çeçenistan, Kabardin-Balkar, Dagystan Respublikalary ýaly ýerlerde hem suw joşmalary, yzy üzülmeýän çabga, duýdansyz gelen jala öňüne düşen zatlary ýer bilen ýegsan edip, ekinleri syryp süpürip gitdi. Howanyň üýtgemegi, temperaturanyň duýdansyz ýokarlanmagy tebigy kataklizma öwrülýär” diýip howsalaly habar berýär. Öňräk-10-15 günlükde Daşoguza gidip-gelip hopukdym. Oglan wagtlarymyz dolup akyşyndan howpurganan ýap-kanallarymyz taňkyrap ýatyr. Uzynlygy 10-12 metre ýetýän daş guýulara bedre sallasaň, jüňküldäp suwa däl-de, taňlyldap topraga degýär. Zeýkeşler gurap düýbi daş:a dönüpdir, bir gezek köküne suw degmedik pagtalar ak gül görkezip, saralyp-solup otyr, görseň ýüregiň agyrýar. Her öý-hojalyk gazma kran gurup, ekin suwarýar. Çykýan suwa sowuklygyndan ýaňa el urar ýaly däl, onsoň jibrinişleri ýaly, ekinler “gripläp”, çürşerip otyr. Başga alajam ýok. Bilermenleriň gürrüňini diňleseň, ýap bilen akyp kranlaryň gurlan ýerine ýylda birküç gezek suw gelmese, ýagny alnyp duran suwuň öwezi dolunmasa, kranlaram gurruk bolup galmaly. Hernä, Alla gowusyny etsin-dä! Öňräk, mundan bir aý ozalrak, futbol boýunça dünýä çempionaty tamamlanyp barýarka, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimumuhamedowyň baştutanlygyndaky resmi delegasiýa bilen Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine gitdik. Iki sagat çemesi uçup, Kazan şäherine golaýlap barýarkak, uçar-samolýotyň illiýuminatiryndan Wolganyň deltasyny esli synladym. Eý-ho, bu derýanyň uludygyny, köp suwludygyny, uzyndygyny, hanasynyň giňdigini, hat-da käbir ýerde üç-dört şaha bölünibem akyp barýar. Ynanmarsyňyz, içindäki adalar özbaşyna mekan bolup otyr, içinde köşk ýaly jaýlar gurlupdyr, giden bagy-lälezarlyk, käbirinde süri-süri sygyr padasy gezip ýör. Gurbany gitdigim Amyderýa hem Ýer ýüzünde iň uzyn, iň joşly, özi bilen iň köp gyrmança-läbik getirýän derýa hasap edilýär. Ýöne dop-dogrusyny aýdanda, Wolganyň ýanynda Amyderýa ulurak kanal-ýap ýaly bolup galaýýar. Häzir şol täsirler hakda, umuman, suw meselesi, Araly halas etmegiň ýollary, ekologiýa barada göwrümli publistik makalanyň üstünde “kelle döwüp” otyryn. Awgust geldi, belki indiberi howa az-kem salkynlaýady-da. Daýhan üçin yssy, biz-şäherliler üçinem salkynlyk gerek. Tüýs “geçä jan, gassaba ýag gaýgy” diýleni-dä. 1.08.2018. * * * “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň täze sanynda, özem ilkinji sahypalarynda meniň “Ýüpekden örülen setirler” atly edebi makalam çap edildi. Şonda şeýle bir waka ýatlanýar. Gowusy dolulygyna getiräýeýin: ...Şu ýerde birje wakany agzasym gelýär. Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bu ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Kuksaraý” atlandyrylýan hökümet rezidensiýasynda ikiçäk gepleşikler geçirýän mahaly biz Metbugat zalyndadyk. Bir tanyş ýüzli ýigit mähirli ýylgyryp “Assalowmaleýkum, huş kelibsiz!” diýip, juda mähirli el uzatdy. Derrew tanadym. 2017-nji ýylyň 20-nji maýynda goja Hazaryň kenaryna gözellikdir kaşaňlykdan jäheklenen Awazada bolan waka güpbe ýadyma düşdi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Awazada ençeme resminamalara gol çekilipdi. Ine, şol ýerde özbegistanly kärdeşim Mömin Ibadow bilen tanşypdyk, bir supradan duz iýipdik. Bu gezegem alçakdan mährem aşnam buşluk habarly äheňde gürledi: -Öňräk bizde çykýan “Johon adabiýaty” žurnalynda diňe Türkmenistanda däl, başga ýerlerde-de tanalýan ýazyjy Atajan Taganyň “Bigona” (“Keseki”) powesti çap edildi. Aşgabada barsaňyz, Atajan ekä “şol eseriňizi özbek okyjylary biçak gowy görüpdirler” diýibem aýdaweriň! Bu gürrüň gulaga gör nähili hoş ýakýardy! Edebi gatnaşyk-ebedi gatnaşyk ahbetin. Şu ahwalatdan sähel salym soň Daşkendiň taryhy hem gözel künjekleriniň birinde umumy meýdany 12 gektara barabar bolan “Aşgabat” seýilgähiniň açylyş dabarasyna bardyk. Şeýle bir mähelle ýygnanypdyr weli, heý goýaý! Daşkentiň iň owadan, gür bagly, lälezarly mähellesinde ýerleşen Magtymguly köçesine ýanaşyk diýen ýaly gurlan “Aşgabat” seýilgähinde biziň paýtagtymyzyň iň ajaýyp keşbi janlandyrylypdyr. Giräýen badyňa göýä seni ahalteke bedewleri garşylaýana meňzeş. Aýdym-saz ýaňlanyp, surnaý-kernaýyň sesi uzaklardan eşidilip duran amfiteatr uçup barýan laçynyň keşbini ýatladýar. Aşgabadyň Halkara aeroportunyň nyşany bolan bu arhitektura çözgüdi göýä özbek topragyna uçup baraýana meňzeş. Türkmen topragynyň esasy baýlyklary bolan “gara altyndyr” “mawy altynyň” senagat taýdan işlenişini görkezýän pursatlary hem ussat gurluşykçylar seýilgähiň süňňüne siňdirmegi başarypdyrlar. Meger agtyjaklary bolsa gerek, her ýanynda duran gülmeňiz balalaryň elinden tutup duran çal murtly, başy sekizburç jambörükli adam olara ýüzlendi: -Bilip goýuň, Daşkentde öň Hezreti Imam, oňa ýanaşyk Barak han metjidi, Tylla Şaýh metjidi, Abu-Bakr Kaffal Şaş mawzoleýi, şäheriň beýleki çetinde Gögeldaş medresesi, paýtagtyň içinden şaglap akýan Anhor derýasynyň boýunda Daşkent telediňi, Nowaýy adyndaky baş teatry ýaly iň ajaýyp ýerler bolan bolsa, indi şu görüp duran “Aşgabat” seýilgähiňiz şolaryň iň naýbaşysyna öwrülendir, balalam! Indi başky gürrüňimize öwrülip geleliň! Meşhur ýazyjymyz Atajan Tagan örän özboluşly. Ol ulumsulykdan-gedemlikden daşdaky adam. Ýogsam onda ýazyjy hökmünde tekepbir bolmaga-da esas bar. Onuň türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup döreden uly göwrümli ( ýedi ýüz sahypa), agramly bölegi gazet-žurnallarymyzda çap bolan “Kyrk ýylda ýazylan” kitap ýatlama-essesi bizde iň köp okalýan esere-bestellere öwrüldi. Onuň ”Keseki” romany bolsa türkmen eserlerinden ilkinji gezek Berliniň “Ýam-publishing-ru” söwda belgili neşirýaty tarapyndan rus diline geçirilip, bütin dünýäniň onlaýn kitap dükanlaryna ýaýradyldy. Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde çykýan “Worli Vorlge” (“Dünýäniň sesi”) gazeti “Kesekini” öz sahypalarynda çap etdi. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ýene bir ilkinji gezek bolan waka: Daşkendiň “Jahon adabiýoty” zurnaly bir ýylky bäş sanynda “Kesekini” “Bigäne” ady bilen özbek dilinde çap edip, bir ýyldan soň hem “Uzbekiston” neşirýatý ony okyjylaryň islegi bilen aýratyn kitap edip çykardy. Ýene bizde ilklinli bolan zat: Atajan Taganyň dünýäniň onlarça dilinde 750000 tiraž bilen çykan eserlerine türlmen hem daşary ýurt edebiýat hünärmenleriniň ýetmişden gowrak oňyn seljerme-makalasy çap edildi. Şeýle üstünlikler “injigi ýogyn ” ýazyjyny tebigy sadalygyndan, pespäl adamçyryndan daşlaşdyryp bilmeýär. Ol Moskwada Edebiýat institutyny tamamlanyndan soň otuz ýyla basalykly SSSR Ýazyjylar birleşmesiniň baş edarasynda tanymal ýazyjylar, belli edebiýat alymlary bilen bile işleşmeginiň, gulluk wezipesiniň ýagdaýyna görä, dünýäniň kän-kän ýurduna iş sapary bilen gitmeginiň netijesinde örän özboluşly hem baý durmuş mekdebini geçen adam. Şonujň üçinem Atajan Tagan medeni durmuşyň köp meselesinde ýaşlaryň maslahatçysy. Şeýle bolansoň, “Diýar” žurnalynda ýylyň dowamynda Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutyndan, Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasyndan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden tejribelik (praktika) gelýän 80 çemesi talyplara gapydan giren badyna Atajan Tagany görkezmegimiz ýönelige däl. Derewem ol degişmeli gürrüňi bilen olaryň öz aýdyşy ýaly, “agyzlaryny açdyrýar”. Ondan öwrenere-bilere zat kän. Ol ýaşynyň bir çaka barandygyna garamazdan, gülüşmegi-degişmegi başarýan, göterýän adam.Ýöne onda döredijilik adamlarynyň köpüsine mahsus däl özboluşly häsiýet bar. Ol ýatdan goşgy aýtmaga, çykyş etmäge ukyply bolsa-da, okyjylar bilen duşuşmagy, has beteri-de, telewizorda görünmegi, hälimi-şindi gazet-žurnallarda suratyny çykartmagy, özüne “ýazyjy” diýilmegini, adynyň aşagyndan hormatly sylaglarynyň görkezilmegini halamaýar. Şonuň üçinem kitaplary ürç edilip okalýan hem bolsa, okyjylar onuň özüni tanamaýarlar diýen ýaly. Üstgesine, onuň daş sypaty-da gödegräk, Biribar galan-gaçan palçykdan ýelmäp ýasan ýaly. Onsoň ilki göreniňde ýük ulagynyň sürüjisi ýa-da Hanhowuzdan gelen traktorçydyr öýdäýmeli. ...Atajan Tagan geçen ýyl bir mesele bilen Medeniýet minisrtligine barmaly bolýar. Ol on sekiz-ýigrimi ýaşly, diýseň näzihek gyzjagaz bilen ýokarky gata liftde galyp ugranda, ony obadan gelen hem ilkinji gezek lifte münüp görýändir öýdüp çaklan gyz: -Daýy, gorkýaňmy?-diýip soraýar welin, Atajan Tagan agraslyk bilen: -Gorkmanam duramok-diýýär-Ýer titreýän ýaly, birhili... Biziň obamyzda bular ýaly özi ýokaryk süýşüp barýan tamjagaz ýok. Geçen hepde pensiýam meselesi bilen etrap häkimligine gitdim. Şular ýaly geň zat şol ýede dagy bolaýmaly ýaly welin, üsti-üstüne goýlan 2-3 gatly jaýlar bar-da, muň ýaly özi süýşýän tama gabat gelmedim. “Obadan gelen” daýynyň beýikligi 540 metr bolan Ostankino diňiniň 328-334 metrliginde ýerleşýän “Ýedinji asman” kafesinden Moskwa şäherini synlandygyny, beýikligi 300 metr bolan Eýfel diňiniň depesinden ajaýyp Pariže ser salandygyny, ol belentliklere-de lift bilen çykandygyny hyýalyna-da getirmän, belki-de beýle belentlikleriň bardygyndan-da bihabar näzijek gyz dokuzynjy gata baryp düşensoňlar: -Oba baraňyzda, “özi süýşýän tama mündim” diýmän, “lifte” münüp gördüm diýgin, daýy!-diýip, ýaşula maslahat berýär. -Şo ilkinji gezek eşidýän “lift” diýen sözüň oba barýançam ýadymdan çykmasa ýagşydyr, keýijegim!-diýip, ýazyjy o gyz bilen hoşlaşýar. 2.08.2018. * * * Okamak sungaty gör nähili gowy zat! Anton Çehowyň aýdyp gidişi ýaly, “garaz bir zat okaýan adam hiç zat okamaýan adamdan ep-es-li beýikdir”. Haýp, ýöne biziň barha kompýuterleşýän, waý-faýlaşýan, telewizorlaşýan, garaz, sagatsaýyn bir nysak çykarylýan zamanamyzda okaýanlar azalýar. Gaty gynandyryjy ýagdaý! Hernä entek, özem aglabasy “köne gwardiýa” diýilýän adamlardan okaýanlaryň, ýazýanyndan seslenýänleriň bardygyna şükür. Men elim ýetdiginden, ýagny sähelçe boş wagt tapsam häzir Li Kuan Ýu-nyň “Geljek dünýä meniň garaýşym” ( “Мой взглад на будущее мира”) atly kitabyny okaýan. Jumamyrat Gurbangeldiýew bu kitaby Moskwa iş saparyna gidende alyp gelipdir. Aperin, dünýäde şeýle sowatly syýatçylaryň, ykdysatçylaryň, sosiologlaryň, tatyhçylaryň, onda-da bu ylymlary bir “gazanda gaýnadyp”, bir kellede göteribilýän adamlara! Milleti singapur hem bolsa gelip çykyşy hytaýly, Singapury gudrat derejesinde sanlyja ýylda “gigant” diýilýän belentlige göterip bilen bu syýasatçynyň, döwlet ýolbaşçysynyň ýazýan zatlaryny okasaň, özüň üçin başga bir täze dünýä açylyp gidip otyr. Ynha, belläp alan setirlerim: “Gadymy grek taryhçysy Fukidid şeýle diýipdir: “ Güýçli isleýşi ýaly hereket edýär, ejiz bolsa bolmalysy ýaly ejir çekýär”. Häzir Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlar hut şu diýlene meňzeş ýagdaýdadyr. Bu ýerde Hytaý esasy orna barha ymykly geçýär. Beýleki kiçi, ilat sany az, senagat taýdan ösmedik, ykdysadyýeti gowşak ýurtlar bolsa ýa-ha Hytaýyň diýeninden çykmaly däl, ýogsamam, bu sebitde öz agalygyny-täsirini elden bermejek bolup dyrjaşýan Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna arka diremeli”. Awtoryň kesgitlemegine görä, jemi içki önümi babatda barha ýaýrawyny giňeldýän, eýýäm ABŞ-yň bazarlaryny öz önümleri bilen gysyp ugran Hytaý geljekde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň giň çäginde hakyky hojaýyn bolar. Kitabyň başga bir bölüminde ABŞ-yň dünýa bazarynda, umumylykda alaňda, Älemiň ykdysady giňişliginde bäsleşige ukyplylygynyň sebäpleri yzarlanýar, Asyl bilip otursaň, ABŞ-yň dürli ştatlarynda, özem indi asyrlar boýy diýen ýaly ylmy-innowasion merkezler özara bäsleşik esasynda işäp gelýärler. Şeýle merkezler Bostonda, Nýu-Ýorkda, Waşingtonda, ýurduň günbatar kenarynda-Berkli we San-Fransiskoda, merkezi bölekde-Çikagoda, Tehasda, garaz, hemme ýerde bar. Olar bir-biriniň “guýrugyndan” tutmazdan, şol bir wagtda-da tutan işi-başlangyjy bilen beýlekileriň agzyny suwardyp, diýseň töwekgel hem takyk hasaplamalar, sosialogik barlaglaryň netijeleri esasynda iş guraýarlar. Meselem, tehaslylar öz ştatlaryndan nebitiň baý ýataklaryny tapan mahaly, ABŞ-yň öňki döwlet sekretary, asly tehasly Jeýms Beýker Hýustonda Döwlet syýasatyny öwreniş institutyny esaslandyrýar. Ol ylmy-seljeriş merkezi ösüşi, amala aşyrýan analitik işleriniň gerimi babatda Bostonda, Nýu-Ýorkda öňden bar bolan şeýle institut bilen bäsleşige doly ukyply. Ýa-da kitabyň awtorynyň köne dosty, ABŞ-yň Singapurdaky hem-de Hytaýdaky öňki ilçisi Jon Hantsman maşgalasyny biunjalyk edýän düwnük keseliniň belasy bilen baglylykda, öz dogduk ştaty Ýutda düwnük keseliniň ylmy-barlag institutyny açýar. Özem bu merkeze dünýäniň iň tejribeli, aňrybaş bilimli, ukyply lukmanlarydyr alymlaryny işe çagyrýar. Şeýle merkezleri islendik pully adam döredip bilýär. Esasy talap-serişde tap, zehinlileri ýygna! Şeýle ylmy-inniwasion merkezler düýpgöter erkin hereket etmek huhugyna eýe. Olary Waşingtondaky ýa-da Nýu-Ýorkdaky haýsydyr bir nebeskrýobdan-başy bulut bilen emişýän belentlikdäki binadan dolandyrjak gümanyň ýok. Onsoň şeýle merkezlere dünýäniň ähli ýerinden “pul akymy” yzygider dökülip dur. Ine, ykdysady taýdan güllemegiň, zehinlilere ýol açmagyň, ýurduň býujetini galňatmagyň, ylmy-tehniki açyşlara päsgelçilik döretmezligiň, gaýtam, “ýaşyl yşyk” ýakmagyň nusgasy! Fransiýada “akyl öýjüklerini” Ýokary mekdeplerde (Grandes Esoles), Beýik Britanida bolsa Oksford uniwersitetinde (2010-njy ýylyň maý aýynda Londona bolan sapar wagtynda şu uniwersitete baryp görenligim şu wagt ýadyma düşýär). hem geljekde dünýäni dolandyrjak şahsyýetleri ýetişdirýärler. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda-80-nji ýyllaryň başynda ABŞ senagat pudagynda öňdeligini elden giderip ugrady. Industrial döwletiň öňdebaryjylygy Ýaponiýa bilen Germaniýanyň eline geçdi. Diňe ummasyz işçi güýjüni däl, eýsem aňrybaş ösen aň-paýhasy talap edýän elektronika, metallurgiýa, nebithimiýa, senagaty, awtomobil gurluşygy pudaklary aýdylyşy ýaly, Aziýa bilen Ýewropanyň gudratyna öwrüldi. Ine, şundan az döwür soňra ýene “amerikan gudraty” döredi. “Täze dünýä” atlandyrylýan yklym intellektual eýeçilik ugruny şeýlebir çalt ösdürdi weli, ynanardan has güýçli boldy. Şeýdibem tutuş dünýäde iň aňrybaş gülläp ösýän ykdysadyýete eýe bolundy... Şu ýerde kitapda aýdylýan pikirler bilen bagly käbir şahsy pikirlerimi aýdasym gelýär. Men Amerikanyň Bileşen Ştatlarynda üç gezek-2009-njy, 2011-nji, 2015-nji ýyllarda boldum. Ösen döwlet, demokratuk döwlet, kanunyň gyşarnyksyz işleýän döwleti, aýdylyşy ýaly, bu ýerdäki it bilen pişigem adama hyzmat edýär. Ýöne ABŞ Ýer ýüzünde Medeniýet ministrligi hem-de Hormat garawuly ýok ýeke-täk döwlet. Ine, şu kitapda hut şu syryň üstünden baraýdym. “Täze dünýä” bolup açylan Amerika hezil durmuş, aňsat gazanç üçin eňenleriň sany-sajagy bolmandyr. Olar dürli milletden, dürli jynsdan, dürli dini-ygtykatdan bolan adamlar. Şeýle garym-gatymlykda bir bütewi milletiň kemala gelmejegi düşnükli, bütewi millet ýok ýerde hem bütewi, ýagny, milli medeniýet bolmaýar. Onsoň Medeniýet ministrliginiň negeregi bar?! Amerika seredende, Beýik Britaniýa has “ýewropolaşan” döwlet hasap edilýär. Geçmiş bilen hasaplaňda, iňlisler dünýäde iň köp ylmy açyş eden milletdir. Bug bilen işleýän enjamlar, dokma maşynlary, elektrodwigateller... bu hem beýleki ugurlardaky ylmy açyşlar üçin Nobel baýragyny iň köp alanlar iňlisler bolup çykýar... Hany, şu günlükçe bes edeli. “Taňrynyň güni darydan kän” diýipdirler. Alla oňuna etse, ertir dowam ederis. 3.08. 2018. * * * Dýün agşamara gezelenje çykan wagtym Çeperçilik akademiýasynyň allaýesynda megerem, ermeni bolsa gerek, iki sany ýetişenräk gyz agtyklary bile gezelenç edip ýören mährem, ganymat gartaşan zenan maňa “gid” boldy. Öňki Krupskaýa bilen Şota Rustaweli köçeleriniň çatrygyndan geçip barýarkam, gapdaldaky köçäniň adyny takyklamak üçin soradym weli, bu töwerege göbek gany damany bes-belli zenan, ähli bilmeýänlerimi änik-şänik edip beräýdi, ömri uzak bolmuş. -Öňki Kalinin köçesi, mundan göni çyksaň Borodino, gapdalýana öwrülseň Inženernaýa, aňyrda Hasanskaýa, şol köçäniň ugrunda taksopark hem bardy, ýadyňa düşýän bolsa, bu gapdala öwrülip, ho görünýän köçä düşseň Şota Rustaweli... Ykbalyň emrine, Hudanyň ýazgydyna haýran galyp oturmaly-ow! Bu kerem-gudraty öňünden bilip bolmaýanam gowy zat. Ýogsam 1990-1991-nji ýyllarda edil häzirki şu duran ýerimden ýedi ädimlikde- adresi “Krupskaýa köçesi, 10” diýlen jaýda “Ýşşyk” žurnalynda işläp ýören döwürlerim gaýypdan gulagyma “ýene 15-20 ýyldan saňa şu töwerekden 5 otagly, bärsinden girseň, aňyrsyna göz ýetmeýän, şerti-ýagdaýy ertekilerde waspy edilýändenem bäşbeter gowy, “elitka” diýilýän köpgatly binaň 10-njy gatyndan jaý berilbýär” diýseler, eger-eger ynanmazdym. Ol wagtlar tüýs “öýsüz-öwsarsyz Goňurja” diýleniň biri mendim. Şähere gaýdyp, hakyky ýazyjy boljak bolup, Daşoguzdan Aşgabada gatnap işleýärdim. Ýatan ýeri ýagty bolmuş, Juma akga (Jumadurdy Nepesow) “Sen beýle publisistika ýazybilýän bolsaň, Daşoguzda geziber, ýöne bärde žurnalyň bölüm müdiri edip belläli, göwnüň küýsän mahaly işe geliber” diýip yrypdy. Soň Durdymuhammet Gurban baş redaktor bolup geldi-de, “Sen başybütin göçüp gelmeli bolarsyň” diýip, berk şert goýdy. Şeýdibem sergezdanlyk-gatnap işlemek başlandy. Gowşutgeldi Daňatar-häzir ol Türkmenistanyň halk ýazyjysy, belli ýazyjy, diýseň öndümli işleýän dramaturg, Baba Saryýew häzir Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory, taýýarlykly edebiýatçy, alym, Gurbandurdy Orazow Ak bugadaý etrabynyň ady belli Öňaldy obasynda mekdep müdiriniň orunbasary, tanalýan şahyr, Orazgylyç Çaryýew “Dünýä edebiýaty” žurnalynda işleýän, belli terjimeçi. Ine, şo döwürler maňa şeýle ýigitler bilen bir gapydan girip-çykyp işleşmek miýesser edipdi. Hawa, aýratyn ýatlamaly ýene bir guýmagursak zehin bardy. Ol hemmämiziň “Çaryşkamyz”, türkmen poeziýa äleminiň ir süýnen ýyldylarynyň biri, zehinli şahyr, edeni gelşiberýän terjimeçi Çary Ýegenmyradowdy. Heý, geçen günler, Çaryşka bilen üstüne eplenip gazet ýazylan kerpijiň üstünde oturylyp, arpa suwy kän süzülendir-ow! Ine, her gezek saça heniz ak degmedik, diýseň göçgünli, jübümiz boş hem bolsa göwnümiz doly, ýüregimiz suwluja döwürdäki gezen ýerlerime gezelenje çykamda ýa-da geçip gidemde, ýokarky günlere dolanýan. * * * Okaýan adamlar bar-ow. Ynha, işe gelsem, kätip gelin bir tagta kagyzy “şuny Size goýup gitdiler” diýip, elime tutdurdy. Onda şeýle ýazylandy: “Hormatly Gurbannazar! Akademik B. A. Garryýew hakynda “Edebiýat-sungatdaky” makalaňy (ol gazetiň 3.08. 2018 sanynda çykypdy) hezil edip okadym. Sag bol! Asylly iş edýäň, halypalarymyzyň ruhuny şat edip, tirsegine galdyrýaň. Mugallymlarymyz barada men hem rus dilinde bir makala ýazdym, ylmy žurnalda çykdy. Su hata çatyp, e-adresiňe iberýärin. Eliň degende olap görersiň. Hormatlamak bilen: Myratgeldi Söýegow”. Ine, indem hormatly professoryň şol makalasyny okamakçy. 8.08.2018. * * * Görüplik edýänini onuň özi aýtmasa-da, gözi aýdyp dur. * * * Käbir adamlar uly wezipe, howuňy basýan ulagy, gözüň ýagyny iýip barýan, aglaba adama ýetdirmeýän egin-eşigi bilen özgelerden artykdyryn öýdýär. Muny beýle kişilereiň ýöreýşindenem aňyp bolýar. Meşhur setirler bardyr-a: Ýörüşini ýalňyş basdyr, Ýaňy don geýen ýigide diýip. Agzyndan gaçan gepi eşidibem “haýp, beýle zynatyňa!” diýip, baş ýaýkaýaň. Ýene bir gadymdan galan gep bardyr-a: “Itiň boýnuna göwher daksaň, item aglar, göwherem” diýen. * * * Düýn “Miras” teleýaýlymynda bezemen bir gelin agyz dolduryp, döwür hakda, syýasat hakda gürledi-de, soňam “Indi size öz täze döreden goşgylarymy okap bereýin” diýip, nazym bilen “saýrap” ugrady. Bili bükük, aýagy çaýşyk, boýny bokur... setirleri diňleseň, hut çynyňy aýdanda, ýüregiň bulanýardy. Men ol zenanyň aslyna-pesline ýetik. Öňüne kagyz süýşürip, iki sözlem ýazdyrsaň, azyndan on ýalňyş goýberjegine säginmän jedel edip biljek. Ömründe Magtymgulynyň ýekeje goşgysyny ýatdan bilmeýän, Kerim Gurbannepesiň, Gurbannazar Eziziň, Berdinazar Hudaýnazaryň, Mämmet Seýidiň (başgalaryny-ha sanabam oturmaýyn) ýekeje kitabynyňam gatyny açyp görmedik, ýöne “hakdan içen” şeýle şahyrlaryň beýle köpelmeginiň sebäbini weli bilemok. Iň gorkuly tarapam, bu çemeçiller zomap, garaşmaýan tarapyňdan urup, “Altyn asyr” baýragam, ordendir medalam alaýýalar. Onsoň sözüň gadyryny bilýän, “şundan-a bir zatlar çykjag-pw” diýdirýän ýüzi ýukalar galyberýär ýuwdunyp bir gyrada. * * * Esse-bestselleri Atajan Tagan ýaly ýazyp bolsady. 9.08.2018. * * * Geçen hepdäniň şenbe güni Ägeldi akga (ýakyn tanýaýanlar onuň adyny ýarym degişme bilen şeýdip tutýarlar) Agageldi Allanazarow “Bägül” redsoranynda 70 ýaş ýubileýini belledi. Kakamyrat (Rejebow) ikimiz “dabara agşam sagat 6-da başlanýar” diýilse, şoňa gabatlap barypdyrys. Ikimizden başga hiç kim ýok diýen ýaly, ýöne giräýen ýeriňde uly tegelek stoluň üstünde Ägeldi akgaň ähli ýazan, dürli dillerde çykan kitaplary sergi bolup dur. Hawa, hakyt göçme sergi edäýipdir zaňňar. Birhilirägem bolsa, töwereginden aýlansaň täsin. Iň bärkisi awtor-ýubilýar bilen şol “serginiň” ýanynda durup surata düşdük. Başga bir “beh” diýdiren zadam aýdaýyn. Çakylyk hatynda Şeýle setirler bar: Galamdyr kagyza höwrügip ýörün, Ýüregimde oňat işleň höwesi. Bir menzile ýetsem, ýene-de birniň Gelip dur gulagma hoşamaý sesi. Etmeli zatlar kän il-günüm üçin, Taryhyma gümra gije-gündiz men. Sebäp bilen unudylan gowlugy, Ýene götermeli derejesine çen. Bilýärin, howlukman, howlukmaly men, Şuny talap edýär ser beren kärim. Hem guwanýan Pyragynyň polkunda, Kerbabanyň polkunda. Agageldi bolup gulluk edýärin. Atajan Tagan, Hudaýberdi Diwanguly, Baýram Jütdi, Atamyrat Atabaý ýaly halypalar, şol bir wagtda Kakamyrat bilen men hem söz sözläp, gutladyk. Hä-äý, ömürler-eý! Halypalar gözüň alnynda garrap, egilip, epilip, hasa söýenip, äýnek dakynyp, garaz, egbarlap barýalar weli, görüp ýüregiň ezilip gidäýýär-aý walla! Hernä aramyzda uzak gezsinler-dä garry çynar ýaly bolup şolar. Görüp dursaň arkaly ýaly bolaýýaň! 10.08. 2018. * * * 11-nji awgustda sagat 12-lerde Aşgabatdan Türkmenbaşa uçup, ondan aňryk Gazagystanyň Aktau şäherine bardyk. Şol ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Aktau sammiti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky resmi hökümet wekilýetiniň süzüminde biz-4 sany gazet-žurnalyň baş redaktorlary hem bar. Barsaň, görseň täsiri-duýgusy bir başga bolaýýar. Maňgyşlak türkmenleriň ata-baba oturymly mekany. “Müňgyşlak” diýmek, “müň öýli ulus-iliň gyşlag ýurdy” diýmek. Bu mekanlar kermatly Ärsarybabanyň, gözgüz batyr Keýmir kör serdaryň at säpjeden, düýe sagyp, agaran iýen ýerleri. “Üstýurtdan Müňgyşlaga gelýänçäň öňüňden çykýan öwlüýälerdäki bäş gubur türkmeniňki, bir gubur gazagyňky” diýýärler. Gazak bilen türkmen ganybit garyndaş, oglanka “gazak meniň daýymdyr” diýip sanawaç aýdýanymyz ýadymda. Aktau şäherinäki “Halk Assambleýasy” atlandyrlýan, sammitde “Dostluk kşgi” diýlip atlandyrylan binada Hazaryň kenaryndaky bäş döwletiň Baştutanlarynyň maslahaty juda netijeli tamamlandy. Anyk statistika boýunça 22 ýyla çenen çekişmelerden soň Hazaryň hukuk binýadyny kesitleýän resminama-Jarnama kabul edildi. Düýn agşam gije 10-larda Aşgabada gaýdyp geldik. Ertirki “Nesil” gazetinde bu sapar barada tutuş bir sahypa çykar. 13.08.2018. * * * “Ädik aýbyny suw, är aýbyny ýol açar” diýlen nakylyň manysynyň çuňdugyny, irretsiz çyndygyny her gezek sapara-daş illere, gaýry ýurtlara gidemde, gaty anyk duýýan, magat bilýän. Akly jöwher ejdatlarymyzyň her gepi altyn dänesi ýaly-ow! * * * Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, belli kömpozitor, professor Rejep Allaýar ýogaldy. Iman baýlygyny bersin! “Ertir ýedisini gapysynda (ol Aşgabadyň Şewçenko-Surikow köçeleriniň çatrygynda ýaşaýan bolmaly) Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Aman Aýdogdy belleýär” diýlen habar geldi. Ertir girip-çykmak parzymyz bar. Beýle uly maestro, milli saz sungatynyň gaýdyp döremejek (dörese-de belki haçan dörejek, kim bilýär), taýsyz ussady, ýüzlerçe, özem hersi nusgalyk, owazy gulagyňdan gitmeýän, derrew hiňlendirip ugraýan sazlary döreden kompozitor, ady öňki Soýuzyň çägindenem uzaklara ýaýran tanymal, onlarça kompozitorlary, aýdymçylary ýetişdiren mugallym-porofessor ýogalanda gynanç-nekrolog bolaýjak ýaly. Ýöne... Ogulsyz-gyzsyz, diňe ölmez edip döredip giden “perzentleri”-sazlary bilen ýaşap, 80-den geçiberende bakyýete göç eden uly ussadyň jaýy jennet bolsun! 16. 08.2018. * * * Li Kuan Ýu-nyň “Geljek dünýä meniň garaýşym” ( “Мой взглад на будущее мира”) atly kitabyny ýene elime aldym. Munuň ýüpsüz daňaýşyny! Ynha, “Meniň bilýän Amerikam” diýilýän bölümi. “Ilkinji gezek men bu ýurda 1962-nji ýylda barypdym. Şol wagtlar uruşdan ýaňy aýňalan Ýewropa ykdysadyýetini düzlemegiň mübtelasyndady, Beýik Britaniýa dünýä agalygy üçin agyz suwardýardy, Hytaý ösen dünýäniň üçünji-yza galak ýurdy hasaplanýardy. Badyhowa amerikanlylar “ata müneniň” ruhyndady, ony duşuşan adamyň äheňinden aňyp bolýardy. Iňlisler olara dünýä agalyk etmegiň täjini geýdurjek bolýardylar. Sebäbi iki millet hem bir dilde gepleýärdi, olaryň pikir-garaýyşlary hem bap gelýärdi”. Ine, awtoryň şu sözlerinden çen tutsaň, türkmeniň “Çöp bol-köp bol” diýen gadymy nakylynyň manysy aýdyňlaşyp gidip otyr. Dünýä agalyk etmegiň ilkinji ýyllarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary özlerini gedemden gödek alyp bardylar. Iňlisler öz imperiýasyny 200 ýyldan gowrak elde saklamagy başardylar. Şu ýerde bir hindi gullukçysynyň aýdan sözüne ünsi çekesim gelýär. Hawa, 200 sany Beýik britaniýaly çinownikdir ofiseriň 200 million ilatly Hindistany gymyldatman elde saklap, düp-düzüw dolandyryp oturmagy geň hem parodaksal ýagdaý. Bu Britan imperiýasynyň gülleýän döwrüniň ahwalaty. Ikinji Jahan urşundan soň bolsa Britaniýa dünýä ýüzündäki agalygyny Birleşen Ştatlara geçirdi. Olar bolsa tejribesizlik zerarly hökümdarlygy zulum hem hökmürowanlyk bilen berkitmek islediler. Bu bolsa olara gymmat düşdi... Hany şu günlükçe bes edeli! Okajak bolsak özümizde-de zat tapylman durjak däl öýdýän. Kakamyrat Rejep Atamyradyň täze bir üýtgeşik goşgy ýazandygyny ýaňzytdy. Hany elimize düşmezmikä! Atamyrat Atabaýewiň täze goşgusynyň ady: ÝAZHA-ÝAZ BOLDY Oňat döwür boldy, indi goşgyny Depder-depder edip, çem gelen ýazýar. Ýüreginde bolmasa-da hoş duýgy, Zehinden binesip çöňňeler ýazýar. Her ýyl yglan edilende bäsleşik, Öňürdikläp hem ylgaşlap, säpjeşip, Utanç-haýa serhedinden ätleşip, Daýylar-daýzalar, ýeňňeler ýazýar... Ýarty kerpiç bilen maňlaýna berseň, Bulanan beýniler durlanar belkem, Dälihana girip çykandyr, görseň, Aklyndan azaşan telbeler ýazýar. Gowy goşgam çap edilýär çendanlar, Hiç kim oňa baha bermez, geň galmaz, Çemeçiller, söwdagärler, dellallar, Bir söz bilen aýtsak, hemmeler ýazýar. Eger çynyň bilen joşmasa göwnüň, Waspyn edip bormy bagtyýar döwrüň, Sakgalyn-sarmygyn galama öwrüp, Garrap sandan galan töňňeler ýazýar. Meger, alyp gaçýan borly hyýallar, Öňler keşde çekip, gaýma gaýanlar, Ýüz ýyl owal ärden galan aýallar, Hem kazy-kelanlar–selleler ýazýar. Şygyr döretmek kyn örtenmän, ýanman, Dogry sözüň aýtman, öz syryň ýaýman, Şahyr dostum, neçüýn otyrsyň ýazman, Gör-ä, bu gün senden öňňeler ýazýar. 17.08.2018. * * * Ýene-de häki ýokarky kitap hakdaky pikir-duýgymy okyjylarym bilen paýlaşaýyn. Indi awtoryň Ýer togalagynyň Ýewropa bölegi hakda aýdanlaryny yzarlalayň! Ykdysdadyýeti barha hem ynamyl ýokarlaýan Germaniýada 2,5 million türk ýaşaýar diýlen maglumat getirilýär. Mentaliteti babatda iňňän duýgur hem takyk nemesleri ýagdaý asla biynjalyk etmeýär, gaýtam, birek-birek “ýetmezi” dodurýar, dostanalyga zeper ýetirmeýär. Munuň tersine, Fransiýada, ylaýta-da onuň uly şäherleriniň töwereklerinde garaşylmadyk hadysalardyr çaknyşyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar. “Milli azlyklar” diýilýänleri bilen bagly şeýle hadysalar fransuz hökümetiniň hemişelik “kelle agyrysydyr”. 2005-nji ýylda erk ederden agan ýagdaý, türkmen aýtmyşlaýyn “suw eňekden agyp” gopan gowgada 9 müňden gowrak ýeňil awtomobil otlanyldy, ýüzlerçe dükanlaryň aýna-gapysy goparylyp, talanyp, harytlary dargadylyp, depelenip, hökümet öňüni alyp bilmän, iki aýlyk “adatdan daşary ýagdaý” diýilýäni yglan edildi. Eýsem munuň dýýp sebäbi nämede?! Etniki azlygyň sosial deňsiliginde, milli kemsitmede-diskriminasiýada. Resmi maglumatlara görä, ýokary bilimi bolan afrikan gelip çykyşly ýaşlaryň işsizligi akýagyz fransuzlaryňkydan üç esse artyk. Bu mesele Beýik Britaniýada “birtraplaýyn” diýilýäni. Bu ýurtda eliňden iş gelse, hünäriňde başarnygyň artyk bolsa, akyl, bilim babatda rustem gelseň, ýoluň açyk. Hytaýlylyr weli bu meselede gaty ätiýaçly. Gelip çykyşy hytaýly bolsa, olar “köýnegiň teniňe ýakyn” hasap edenlerini kem görenoklar. Bu irnik meseläniň has çeýe çözgüdi amerikanlara degişlidir. Mundan 400 ýyl ozal dörän amerikan jemgyýetiniň düýp özenini immigrantlar-özge ýerden baranlar, şeýdibem bu ýeri hemişelik Watan edinenler düzýär. Şolaryň arasynda soň Amerikany äleme tanadan müňlerçe, belki-de, millionlarça şahsyýetler döredi. Meselem, Jerri Ýang, ady dünýä dolan işewür, Yahoo internet-kompaniýasyny esaslandyryjy, asly gelip çykyşy Taýwan ýurdundan. “Köne dünýä” bolan Ýewropa birwagtlardan bäri bütewüleşen milli edebiýatyna, sungatyna, medeniýetine köki uzaga gidýän taryhyna juda gadyr goýýar. Amerikalylar weli beýle bagtdan mahrum. ...Sakyrdyny şu ýerde saklaly. Okyjyny leksiýa bilen ýadatmak ýek ýigrenýänim. Şoň üçinem hany okap ugraýyn, täsin, täsirli “däne” tapsak, soň paýlaşibereris. 19.08.2018. * * * “Giýewiňi alamana goýber, gelse-de bähbidiň, gelmese-de” diýen makyly türkmen näme üçin döretdikä?! Kanagatly, perzendini eý görýän kowmumyz aslyýetinde beýle aýtygyny döretmän, ol pelsepe biziň “ýaýlamyza” özge bir illerden, saýry bir dillerden gaýyp düşen bolaýmasyn? * * * Häý, şu türkmeniň gepini nirä çekseň çekip oturmaly-aý. Düýn irden “Kitapda”-Erkin döredijilik merkezinde 9-njy gatdan aşak seredip otyrkam, telefon jyrlady. Alsam, Agamyrat Mämmet. Köne gazetçi, häzir Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri, özem degişmäni, ýok ýerden henek ýasamany başarýanlardan. Salamlaşanymyzdan: -Men Baýramala geldim-diýdi. Menem mönsüräp: -Beh, eşitmändiris-aý, o ýerde näçe ýyllap bolmay etdiler?-diýdim. (Beýdip gep gyşartmam Baýramalyda iň uly zähmet-düzediş edarasy-türme bar). Ol ör-gökden geldi: -Ýok how, kurorta-laý. Menem ýeň bermedim: -Ýogsamam gidip-gelenler soň “kurorta gidip-geldik-laý” diýýäler-dä. -Ýanymda Araznepesem bar, how. Men haýygan kişi boldum: -Wah, o bir işan adamdyr-a, bendäň näme günäsi bar eken. Ony beri ýanyň bilen süýremeli däl ekeniň-dä. Agamyrat güldi: -Aý, sen telpegimizi ters geýdirjek bolup dursuň-aý. Men başga zat üçin jaň edýän. Düýn Murgaba girip geldik. Kursdaşlar bolup otyrdyk. Şonda seň gürrüňiň boldy. “Heňňam hekaýatlaryňy” öwdüler. “Altyn asyrda” edýän “Žurnalistika we döwür” gepleşigiňiziň hakda-da gowy zatlary aýtdylar... Men beýleden gopdum: -Okaýanlar, telewizor görýänler ahyry gowy awtoryň kimdigini tanapdyrlar-ow. Agamyrat howlikdy: -Bolýar onda, bizem birigün bararys. Men geň galan kişi boldum: -Beh, çalt boşatjaklar weli, elbetde günäňiz ýeňildir-dä, ýa amnistiýa dagy boldumy? Paltasy daşa degen Agamyrat trubkany goýdy. Zaňňar, öz-ä ýeserdir, olam-a bir zatlaryny atyp galsa gerek. Gelsinler, görüberýäs. 21.08. 2018. * * * Ady dünýä dolan aýdymçy Iosif Dawidowiç Kobzonyň ýogalandygy hakdaky habary eşidip, gynandym hem-de oýa batdym. Gör nähili manyly önür, şol bir wagtda-da sarsgynly, edebi dilde aýdanda, komiki hem tragiki ykbal! Doglandan tä kämil çykýança ajy gurmuş-uruş, ýeter-ýetmezçilik, repressiýa, göç-ä-göçlük. Üç gezek öýlenmek diýmegem durmuşyň düzüwliginiň alamaty däl. Megerem, SSSR-iň halk artisti, başga-da naýbaşy sylag-serpaýlaryň eýesi, aýdylyşy ýaly, “öňüne taýak oklanmaýan”, şöhratdan don geýen, hemişe gastrolda gezip ýa-da kino düşüp, öýüne myhman, türkmeniň anyklyk bilen, “özi är bolup giden” diýlen kesgitlemesi billen ömür süren zenan Lýudmila Gurçenko bilen ýaşaşmak meger, lezzet däl-de, ezýet bolsa gerek. Üstesine-de,”Soýuzyň aýdymçysy” adyny alan Iosif Dawidowiçiň özi hem ýylyň 7-8 aýyny gastrolda-gezende aýdymçylykda geçiripdir ahyry! Russiýanyň hem Ukrainanyň, asyl-ha tutuş Ýer togalagynň bu meşhur aýdymçysynyň 3 müň aýdymy ýatdan bilenligi gör nähili haýran galdyryjy! 81 ýaşap dünýäden gaýdan bu meşhur aýdymçynyň, Russiýanyň Dumasynyň Deputatynyň, uly jemgyýetçilik işgäriniň, sözüň goly manysynda, gabaraly-göze doly şahsyýet bilen bagly meni has haýran galdyran ahwalaty agzasym gelýär. Ony “Kultura” teleýeýlemyndan eşidip, gözüme ýaş aýlandy. ...Polşadanmy ýa-da Ýewropanyň başga bir ýurdundan agşamara Moskwa-öýüne özüni atan Iosif Dawidowiç bada-bat käbesine jaň edýär: ” Eje, men gastroldan häzirjek geldim, sag oturanmysyň?” Aňyrdan ejizje ses eşidilýär: “Oglum, göresim gelip gitdi-le, gelip, meniň ýanymda çaýjagaz ýa kofe içip gidäýsene, ýüregim üzülip barýar. Weý, men seň iň eý görýän naharyňy-kelemli çorba (borş) bişirdim-ä, bileje iýäýeli”. Badyhowa hem juda ýadaw ogul biparhlyk edýär: “Eje, häzir özümi wanna atybilsem, soňam uzyn süýnüp bir dynjymy alsam, halys ýadawlyk basmarlap dur, ertir irdenjik baryp, elleriňden ogşaryn”. Ýarygije jyrlan telefony alanda, aňyrdan aýal doganynyň agy gatyşykly howsalaly sesini eşidip doňup galýar:” Iosif, doganjygym, ejemizi aldyrdyk!”. Soň gözüni ýaşlap aýdymçy şeýle diýýär: “Meniň ömrümdäki iň uly ökünjim, ejem janyň şol iň soňky çakylygyna baryp bilmedigim boldy. Şondaky özelenmesi tä ölýänçäm gulagymdan gitmez. Wa-ah, süýrenip git-dä, akmak. Baryp, alnynda oturyp, hümürdeşip birje käse çaý içen bolsam, bişiren naharyndan dadan bolsam, belki takat tapan ýürek durmasa-da durmazdy. Eneler perzendinden kine etse, geçirimsiz günä gazanylýan bolsa gerek. Ine, şol günä meni hemişe horlar gezer”. Bu dünýäniň geňdigini hemem gutarnysyz armanlydygyny! Aýdylyşy ýaly, baýlar hem aglaýarlar, garyplar hem. Edil häzir Atajan Tagan gapydan girdi. Ol bu ajy habary eşitmän eken. Ýüzüni sallap dymyp durdy-da, başyny galdyrdy weli, gözünde ýaş bar ýaly gördüm. Agyr dem aldy-da: -Men onuň bilen 70-nji ýyllaryň ahyrlarynda Wetnama bile gidipdim. Döredijilik saparyny gurapdylar. Wetnam-amerikan urşunyň yzlary her ädimde, her bir duşan uly-kiçiniň keşbinde görnüp durdy. Kobzon juda ýüregi ýuka adam eken. Bakteriologik bomba zerarly ömürlik maýyp bolup galan, eli-aýagy gyşyk, agzy-burny göreňde zähräňi ýarýan, synasy himiki ýarag sebäpli üýtgäp giden çagalaryň deňinden Iosif Dawidowiç gözýaş edip geçip giderdi. Agşamara hem konset zalynda şeýle bir aýdym aýtdy weli, heňiniň içi ahy-naladan doly, sesi urşa gazap bolup bolup ýaňlanyp dur. Ynansaň tomaşaçylaryň hemmesi aglap otyr. Sungatyň güýjüniň şeýle jadyly, okdan, bombadan rüsremdigini Kobzon şonda görkezendir. Men onuň bilen Moskwada işlän döwrüm ençe gezek arak-şerap içdim, sebäbi ol Resul Gamzat bilen ýegre dostdy, olam “Atadjan, burundaş, ýör bile gideli!” diýip, köplenç meni tirkärdi. Hä-äý, dünýe, ne beýik adamlary ýuwdup gidip otyr-ow! Soňky jümle gör nähili ajy hem gönümel. Adam ogly ölmek üçin bu ýalança gelýär-ä! Muny bolsa men däl, ötenler aýdyp gidipdir. Edil häzirem Kakajan Açyl jaň etdi. Ol birküç günlükde keselhanadan çykypdyr. “Süýjüligiň ýokary” diýipdirler weli, barlatmaga barsa, “Az-owlak ýatyp çykaýsana” diýipdirler öz aýdyşyça. Indi kadalaşan ýaly, hernä. Gülýä: -Atamyrat Atabaý aýtmyşlaýyn, bu ötegçi dünýäni urup alaýmasaň aldyrjak däl, how! Şoň üçinem ertir agşamara “Aşgabada” (onuň oglunyň kafesiniň ady) üýşeliň-de, uralyň-la how!-diýip. Men Atajan Tagany, Nurgeldi Aşyrmämmedowy, Kakamyrat Rejebi alyp barmaga söz berdim. “Iýeliň, içeliň begler, Dünýe geler, geçer bir gün” edeli-le, nesip etdirse. 30. 08. 2018. * * * Okap otursaň öň bilmeýän zatlaryň, geň maglumatlaryň üstünden barýaň. Häki ýokarda agzan kitabymyzdaky pikirleri agzasym gelýär. Li Kuan Ýu-nyň pikireine görä, ýewropalylar beýleki yklymda ýaşaýanlara garaňda, has siwilizleşen, akyl, medeniýet, ylym, psihologik taýdan öňde. Hawa, olar-fransuzlar, belgiýalylar, iňlisler, ispanlar birwagtlar kolonizator-basybalyjy bolan. Ýöne olar baran ýerlerine siwilasiýa-ösüş hem eltipdirler. Fransuz esgerleriniň ädikleriniň depelän ýeri-afrika ýurtlaryny alyp görüň! Iňlisler ekspansiýa ýörüşinden soň döwleti dolandyrmagyň, ýurdy baý etmegiň diýseň kämil mekdebini peşgeş goýup gaýdypdyrlar. Muňa Singapur mysaldyr. Iň bärkisi, “dünýä dili” diýilýän iňlis dilinde geplenilmegi ykdysady, ryhy-ahlak ösüşiň gönezligidir. Erkinlik alnandan soň şol kämil “mirasy” milli mentalitete laýyk kämilleşdirmek, dümýä ösüşine laýyk batlandyrmak zerur. Ýöne taryhyň ajy sahypasynda “Güýçliniň üstünden arz edip bolmaýar”, “Ýeňiji hemişe haklydyr” diýen aýtgy barynam unutmaly däl. Meselem, belgiýalar Kongoda gazylyp alynýan peýdaly magdanlary senagat taýdan özleşdirip, ummasyz peýda gördüler. Bu ýurtdan çykyp gaýdandan soň bolsa şol “içi humly” känler alan-aldy boldy, soňy bolsa gandöküşikli urşa ýazdy. Ol pajyga henize-bu güne çenli dowam edýär. Bu babatda fransuzlaram akja jüýje däl. Olar Gwineýeden çykyp gaýdanlarynda bu ýurduň azatlyk üçin gaýduwsyz göreşijisi Ahmed seku Tura ýamanlyk etjek bolup, ýurduň içindäki ähli elektrik hem-de telefon aragatnaşygyny haraplap gidýärler. Ol kommunikasion-aragatnaşyk düzümiň dokuzyny düzlemek şu günlere çenlem başardanok. Olardan tapawutlylykda, iňlisler Singapurdan çykyp gaýdanlarynda, ýekeje närsänem zaýalamandyrlaram, bulagaýlyga-da ýol bermändirler. Li kuan Ýu şeýle ýazýar: “Singapuryň soňky gubernatory Bill Gud maňa Istan köşgüni tabşyranda, oz rezidensiýasy bolan bu ajaýyp binanyň ýekeje çüýünem gozgaman açaryny gowşurdy. Gaýtmazdan ozal köşgüň içine aýlap görkezdi, hyzmat edýän işgärler bilen tanyşdyrdy. Ol Demirgazyk Borne gitdi hem-de uzak wagt geçmänkä otstawka gitdi-wezipeden çekildi. Biz iňlislere ajaýyp düzgün-gurluşy goýup gidendikleri üçin minnetdardyrys”. Hawa, taryhyň kanuny şeýle-çarhy-pelegiň zarbyna islendik gowşak-ejiz ýurt güýçli döwletiň golastyna düşäýmeli. Ýöne kimiň, ezmaýyşlyk etjegiňmi ýa-da ejize ganym boljagyň, ol belli däl. Türkmenleriň takdyryna ýazylan şeýle ykbalam bu diýilýänlere güwädir. 3. 09. 2018. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||