00:33 Doğan Kardeş!.. | |
DOĞAN KARDEŞ!..
Publisistika
1939-njy ýyl... Ýañy 10 ýaşan oglanjyk Türkiýeden Şweýsariýa - Alp daglarynyñ etegindäki kiçijik şäherçä, ýatymlaýyn okuwa ýollandy. Birnäçe ýurtdan gelen okuwçynyñ okaýan mekdebiniñ ýazky gezelenji wagtynda çagalaryñ üstünde dagyñ gary gaýtdy. Tragiki hadysada 28 okuwçy aradan çykdy. Bularyñ ikisiniñ jesedi tapylmady. Türkiýeden gelen şol okuwçy bilen şweýsariýaly ýoldaşy Dapio häzirem diri gaýyp!.. * * * Türkiýeden çagajygyñ kakasy ogluny daşary ýurda ugradany üçin özüni hemişe günäkärledi we 1991-nji ýylda aradan çykýança söz bilen beýan edip bolmajak dert-elemleri çekdi. Ýitiren oglunyñ hormatyna Films şäherçesinde garyñ süýşen ýerinde ellerini Alp daglaryna uzadyp duran çaganyñ heýkelini dikdirdi. Stambulyñ Beýogly raýonynda alan jaýynada oglunyñ adyny dakdy (Doğan Apartmanı)... * * * Şol sanda oglunyñ hormatyna Türkiýede üç tapgyr nesiliñ söýüp okan "Doğan Kardeş" žurnalyny çykartdy. Ol başy gamly we puşeýmanly ata "Yapı ve Kredi" bankynyñ esaslandyryjysy Kazym Taşkentdi. 1945-1993-nji ýyllar aralygynda çap edilen "Doğan Kardeş" Suna Kan, Idil Biret ýaly halkara at-abraýa eýe senetkärler bilen bir hatarda ýüz müñlerçe çaganyñ ylym almagyna we jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmegine düýpli goşantlary goşan abraýly çagalar žurnalydy. Çaga romanlaryny ýazmak boýunça gurnaýan ýaryşlary we dürli medeni çäreler bilen ýurdumyzdaky çagalar edebiýatynyñ ösmegine taýsyz goşant goşdy. Žurnal hususanam Wedat Nedim Törüñ ýolbaşçylygynda çykan 20 ýyllyk müddetinde çagalaryñ gün tertibini kesgitlemekde täsirli boldy. Şindiki ýaşlat bilýänem däldir, ýöne biziñ deñ-duşlarymyzyñ we orta ýaşlylaryñ hakydasynda "Doğan Kardeş"-iñ ýatdan çykmajak yzlary bar. * * * Haçanam bolsa bir gün, özem bahar güni, eger ýoluñyz Şweýsariýanyñ Alp daglarynyñ üstünden geçse, egilip bir meýdan gülüni ysgañ. Ýöne goparaýmañ. Soñra asmana bakyñ. Belki, ownujak bir ýylgyryş geçer bulutlaryñ üstünden. Ol ýylgyryñ neresse Doganjygyñ we tebigy betbagtlyklarda, ýer yranmalarynda ýitiren ähli çagalarymyzyñ ýylgyryşlarydyr... * * * Onuñ we soñky tebigy betbagtlykda aramyzdan giden ähli perişdejiklerimiziñ jaýlary jennet bolsun... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 16.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |