17:24 Nişsäniñ twitter we feýzbuk hasaby! | |
NIŞSÄNIÑ TWITTER WE FEÝZBUK HASABY!
Publisistika
"Kän zady bilesim gelenok" Nada Htaitiñ taýýarlan we bir hünärmeniñ adamlary goýnuna dolap alan informasiýa tehnologiýasy ummanynyñ eýýamynda meşhur nemes filosofy Nişsä gaýdyp barma maslahatyna salgylanýan gymmatly habary şu gazetde çap edildi. Habar modern (döwrebap) tehnologiýalar babatynda hünärmen-barlagçy Nate Anderson "Gyssagly ýagdaýlarda aýnany döwüñ" atly täze kitabynyñ üstünde durup geçýärdi. Anderson umuman alanda adamlaryñ günüñ her sagadynda sosial mediýa süýdünden "içmese" oñup bilmeýän ýagdaýa gelmekleriniñ howply faktordygyny we netijeleriniñ gün geçdigiçe hasam ýaramazlaşýandygyny aýdýar. Sosial mediýa ähli adamlary, dahyllylary we dahylsyzlary, ýaşlary we garrylary, ýönekeý adamlary we akademikleri, garyplary we baýlary uçdantutma "hemmesini" topa tutdy. Hemmeler bu girdaba düşdi. Her günde, her sagatda iñ soñky täzeliklerden, haştaglardan, habarlardan, gep-gybatlardan habardar bolmasañyz bir zadyñyz kem ýaly bolup durandyr. Öñler habarlar bilen dahyllylar, syýasatçylar, žurnalistler gyzyklanardy. Olar habarlary analizlärdiler we wagtal-wagtal özleri-de taýýarlardylar. Indi bolsa gartaşan adamlaryñ öz agtyklaryna şazada Garri, ukrain urşy, Hytaýyñ izolýasiýasy we Dawos ýygnanşygy hakda hekaýatlar aýdyp berýändigini görýärsiñiz! Kitabyñ awtory internete üznüksiz girme modeli arkaly täze sanly tehnologiýanyñ yzygiderli arzan güýmenjä gyzykdyrýandygyny, bizi bedenlerimizden, maddy dünýämizden we hakyky reallygymyzdan aýrylyp, wirtual dünýälere geçmäge ýöneldýändigini aýdýar. Añ-zehin duýduryşymyñ fiziki işjeñlikden üstün çykyşyny doly sanly gözegçilik arkaly çäksiz mukdardaky maglumaty ýyldyrym çaltlygynda elýeterli edendigini nygtaýar. Anderson aýratynam hemmämiziñ düýpli barlagçy däldigimizi-de aýdýar. Biz indi Şekspiriñ ölmez-ýitmez eserlerini okamakdan el çekip, boş populýar şowlaryñ soñky bölümlerine tomaşa edýäris. Maglumat bolçulygy bizi hemme zady yzarlama we şobada görme zerurlygyny duýma basyşynyñ astyna salýar. Bu bolsa haýsydyr bir meseläni änigine-şänigine çenli barlamagymyzyñ ýa-da belli bir ugur boýunça hünärmenleşmegimiziñ öñüni alýar. Beýleki adamlaryñ dünýägaraýyşlaryny añsatlyk bilen gaýtalamaga we olar bilen täsirlenmä girmäge öwrenişenimizde, muña parallellikde öz sesimizi, döredijilik ukybymyzy, özbaşdak pikirlenme ýollarymyzy gömýändigimizden sözem açamzok. 1900-njy ýylda aradan çykan howply filosof Nişse bizi okanymyzda saýlap-seçmäge, ýazyjylary we filosoflary tanamaga çagyr⁶ar. Özüniñem okamak üçin sekiz sany akyldar we ýazyjy saýlap alandygyny we bularyñ ýeterlik bolandygyny aýdýar. Awtor ýegşerdiji sanly (dijital) eýýamda Nişsäniñ maslahatyny ýatladyp, şeýle diýýär: "Bu nişseçi saýlap-seçiji sistema adamkärçiliksiz tehnologiki sistema garşy gitme formasyna, tehnologiki läheñleriñ şahslaryñ durmuşyna aralaşyşynyñ garşysynda syýasy we etiki ölçegi özünde saklaýan çemeleşmä öwrülýär". Nişsäniñ şu sözi nähili ajaýyp: "Kän zady bilesim gelenok" Şeýle-de Nişse: "Okumyşlyk maglumata-da çäk goýýar" diýýär. Hawa, ortada sosial mediýa "aşhanalarynyñ" günüñ ýigrimi dört sagadynda biziñ öñümizde goýýan zaýa, çig-çarsy "naharlarynyñ" zyýanly bolçulugy bar. Öñem aýdyp geçişleri ýaly, "garyn hassalygyñ öýi, berhiz saglygyñ başydyr!" Mişari ZEÝDI, Saud Arabystanly žurnalist. Sişenbe, 24.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |