13:12 Gündogar medeniýetini dünýä tanadan: Babahan Muhammet Şarif | |
GÜNDOGAR MEDENIÝETINI DÜNÝÄ TANADAN: BABAHAN MUHAMMET ŞARIF
Edebi makalalar
• kitapcy.ru üçin ýörite söhbetdeşlik “Siz hakda ýazmak üçin ilki güneş hakda pikirlenmeli, ussat!” - men bu sözi onuň özüne aýdypdym, seneler öň... Babahan Muhammet Şarif - professor, doktor, şahyr, ýazyjy, terjimeçi, alym, edebiýatçy we nijeme-nijeme awtorlary dünýä tanadan, Aziýanyň Borzkyrlar giňişliginde Gündogar medeniýetini öz galamynyň astyndan Ýewropa äkiden özbek taryhçysydyr. Ilkinji nobatda-da döwürdeşimiz hökmünde “Мендирман Жалолиддин” atly filmi döwrümiziň meşhur režissýory Mehmet Bozdag bilen surata düşüren TARYH boýunça 1-nji konsultandyr. Babahan aga 1949-njy ýylda Horezmde dünýä iýnýär we 1966-njy ýylda orta mekdebi gyzyl medal bilen tamamlap, Daşkendiň Döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetinde okawa girýär. Göreldeli tamamlap, “Muştum”, “Toşkent akşami” gazet-žurnallarynda, “Uzbekistan” neşirýatynda, “Akademiýa” neşirýatynda, “Musika” neşirýatynda ýolbaşçy wezipelerde işleýär. Halkara Mahmyt Kaşgarly, Türk dünýäsine hyzmaty, Garajaoglan konferensiýalarynyň diplomy bilen sylaglanýar we azerbaýjan edebiýatynda birnäçe işler bitirip, tanalmaga başlaýar. Türkiýe, Azerbaýjan, Demirgazyk Koreýa, Eýran, Özbegistan medeniýeti barada elliden gowrak makalalaryň awtorydyr. Türkiýе, Makеdoniýa, Kipr, Russiýa, Demirgazyk Koreýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan ýaly döwletlerde geçirilen halkara konferensiýalaryň birnäçesine gatnaşyp, sylaglara mynasyp boldy we ylmy çykyşlar bilen meşhurlyk gazandy. Belli edebiýat tankytçysy hökmünde özbek metbugatynda giňden tanalýar. Terjimeçi hökmünde işlän kitaplarynyň, eserleriniň aňyrsy-bärsi ýokdur. "Şahyr: 1979", "Alawly aýdymçy: 1981", "Damjada ýylpyldan güneş: 1982", “Türkçe gürleşeliň”, "Mähnet”, “Özbekçe gürleşeliň”, "Hakdan halka: 2007", "Türkçe-özbekçe sözlügi", “Daň agarýar”, “Özbekçe-azerbaýjança sözlük”, “Turan arslany Jelaletdin Meňburny” 2022-nji ýyllarda edilen işleri sanasaň sogaby bar... “Hoş gal, Horezm” romany türkmen gerçegi Jelaletdin Horezmşah bilen Timur Mälik hakyndadyr. Bu romanda täze bir döwlet gurmak üçin ömrüni harjan beýik serkerdäniň ruhy güýji, onuň Alla tarapyn eden işleri hiç akyla sygmajak täze bir döwlet gurmak üçin söweşen duşmanlary hakynda.Jelaletdin Horezmşa bagyşlanan konferensiýalara gatnaşan döwletleriň içinde Eýran, Türkiýе, Azеrbаýjan, Özbegistan döwletleri hem bardy, şol birligiň esasynda hem beýik serkerdä bagyşlanan bir bitewi pikir emele gelip, taryhçylaryň maslahaty bilen işe girişildi. Babahan Şaripow bolsa, filmiň baş maslahatçylygyna saýlandy. Munuň özi halypa ýazyjynyň buýsanjyny artdyrdy. Çünki onuň döredijiliginiň bir ujy Horezmden başlap, dünýäniň çar tarapyna ýaýramasy bolsa, beýik şahsyýet bilen bagly hem giňişlikleriň nijemesini özüne aljakdygy düşnükli zatdy. Нorezmşanyň görkezen gahrymançylykly ýoly barada filmi surata düşüräýmek elbetde aňsat iş däldigini her kes bilýärdi” diýip, Babahan aga söhbetdeşlikde uluan demini alyp, iki egni bilen bir hili Horezmiň taryhy göz öňünde janlanýan ýaly dymyp oturdy. Onuň derdi gelejege gahrymanyň şekilni nähili geçirip bolar. Bu ýerde oňa meşhur rejissýer Mehmet Bozdag goltgy berdi. Çünki beýik medeniýetleri, gündogaryň gahrymançylykly halyny özünde jemleýän bu şahsyýete ýerli-ýerden düşünmek, ony öwrenmek alymlaryň işi bolsa-da ol işde aýratyn bir şekli döretmek bolsa, kinorejissuranyň işidi. Film surata düşürilse Jelaletdin Horezmşahyň at-owazasy diňe bir gündogary halkylarynyň içinde täzeden dogulman, eýsem ýer ýüzünde gündogardan çykan gahrymanyň müňläp goşuny bolan mongol basybalyjylaryna tarap garşy göreşişini has aýdyň eýan etmek boljakdy. Çünki Gündogaryň beýik medeniýetlerini öz içine alýan şeýle bir şahsyýeti hem ylymda, hem sungatda, kino äleminde döretmäge mümkinçiligi bardy... “...Gamgyn çölleriň içi bilen bir gamgyn ýigit barýardy, onuň ellerinde çägeden süýräp barýan “pikirleri bardy". Ol pikirler şeýlebir yz goýýardy, göýäki Horezmiň ýürekgysgynç haraba dönen teni kibi juda eýmenç agyryny syzmasy bolup, şol öňlügine yzyny goýyup gidýärdi, bu yzlarda kim geçipdir, kimiň gany bar, kimiň deri bar, bu hakda asla pikirlenýän barmy? Diýip, özüne sorag berýärdi. Taryh bolsa, göni pikirleriň içinden ok bolup geçip barýardy... Edil häzir gamçysyny ýerde goýsa yzy galmajakdy, ýöne galarmyka? Şemalam-a gübatardan... Eýse kim bilipdir, meniň bu ýerden geçip gidenimi? Ol özüne kä sorag berip, käte-de öz ýanyndan hüňür-hüňür edip gidip barýan aýak yzlaryny-da togtatdy, indi onuň hiç zady ýokdy. Onuň diňe gamçynydan çägä goýan yzy bardy, hat-da öz aýak yzlaryny hem gamçy süpürip barýardy. Şol sebäpli-de ol birsalym durdy. Şol sebäpli-de ol birsalym oturdy. Bularyň her ikisi-de oňa ýürekgyýdyryjy ahwallarynyň içi bilen gidip barýan “Özüne” teselli berip bilmedi. Kuýaşyň dodaklarynyň ýarygyna berýän azary welin, çekip-çydar ýaly däldi. Dodaklar ýaryk-ýarykdy, ne dogan, ne dolanan bu ýerlerde galan ýeke göwresini, ýetimgöwresini, haýran göwresini tutup biljekdi. Ne-de bir kimdir biri elinden galdyrjakdy. Häzir ol kimdir biriniň özüne, hany tur, entek ýöremeli ýoluň uzak diýmesine garaşýardy. Ony hiç kimiň bu dünýede diýmejegini bilse-de birazajyk umyt bilen asmana seredýärdi: Birdenem alys gökde pelesaň kakýan bürgüde gözi düşdi: “Aziýanyň bürgüdi”. Onuň sesini bu beýewan çölde eşitjek asla ýokdy ahbetin! Bolubam bilmez. Hem-de häzir gyzyň mähirli gözlerindäki gözleriňi eredip barýan ýylgyryşyndaky ýakymly arzuwlar göz öňünde janlandy. Mal kibi satyn alynan nijeme gyzlaryň ykbaly ýadyna düşüp, ýylgyrdy. Ýylgyrsa, güýji ýetmedik bolsa-d agüýçliboljak bolan nazarlarynyň içi bilen syçrap tuturp bilmese-de ýerinden turan badyna şöhratdan aýlanmaýan başyny ýokary göterip, bir gözüni gympaýdyp, "Seni hem dostlaryň satdymy?” – diýip, güne sowal berdi. “Dostlareý” henizem otyrdy, güneş bolsa, kem- kemden batyp abrýar, häzir güneş batsa, bu gurtly, dertli giňişlikde ýeke galjak ahbetin, elinden gelýän zat hem şody. Galdy hem gije bir çene bardy, ol bolsa, ýyldyzlardan özüne ýol gözledi, soň hem azara-da aglyp oturmaýyn diýdi-de bir gapdala elini goýup, uzyn elleriniň üstünde kellesini taşlap, süýndi. Bu bolsa, onuň iň soňky gijesidi hamana. Bu giň alaňlarda gorkmaga bahana- da ýokdy. Asla ýokdy... Bahanasy özüdi, asla özünden sypyp bilmeýärdi, derwüş” Taryhyndan, asmandaky öz sanap goýan ýyldyzlaryna “özüniňki hasap etmeden” hemme zatdan gorkýardy, ýyldyzlar özüniňki däl ahbetin, hat-da özi-de özüniňki däl... Galamyny ýöredip otuirşyna gije ýyldyzlarynyň depderine dökülenini hem bilmändir, düýşmi, huş ony hem bilmezdi, birmahallar uzak geçmiş kibi gözleriniň içinde gämiler ýüzerdi, şonda ol ol gämilere serederdi-de ajyja ýylgyrardy, gör siz nijeme wagtlap suwuň üstünde gezýärsiňiz, siziň munyňyza men näme diýsemkäm, birden hem gämä batýan ýaly boldy... Elleri bilen özi gämide ýaly duýgyny başdan geçirdi, gorkup gitdi, saklan zady çägä bolup çykdy, ýeriň üstündedigine ynandy, hut şondna soň bolsa, ynamly düýşüni dowam etdirdi: Meniňki... Näme seniňki şu eliňdäki çägemi?” kimdir biri oňa sowal berdi, näme seniňki? Hat-da çäge- de wagty geleninde eliňden süýnüp gidýär, ondan soň bolsa, owuçda zat galamajkdygy düşnükli ahbetin... Ol ýene-de başlaryny galdyrdy, elleiniň aýasyndna dogurdan hem akyp giden çägäni yzyan alyp bilmejegini, onuň bu giden çöl-beýewandaky çägelige siňip gidendigini bildi... Turjak boldy, mejaly ýokdy... Birdenem uky gözlerini bürüşdirdi-de... çöl ukusynyň gujagyna ýene-de ýesir düşdi... At toýnagynyň güpürdisine oýanypdyr, daň tilkiguýruk bolanynda: Günüň öňünden geçip barýan gahrymana seredip, aňk bolup galdy? Ol nirä barýar? Soragdan öňürtiledi, gözleriniň ujy: Hol aňyrda tozan turýardy, günbatardan garalyp, ýokarlygyna galýan tozan ýüregindäki gahrymançylyk duýgusyny yralap goýberen ýaly boldy, Horezmi tozana basdyrmaz , Jelaletdin... Ýazyjynyň şol günden soň ellerindäki gamçysy ýerde goýulyp, galam ýoldaşy boldy, galam bilen çölleriň çägelerini, deňizleriň suwlaryny kürekledi... gidiberdi, geliberdi, gidenleriň yzyndan, taryhy öz nazary bilen görüberdi, ýöne okady, öwrendi, ýene-de okady, ýapa degen ýerini täzeden syntgylady, degmedik ýerini bolsa, ýene-de oakdy, araşdyrdy, seljerdi, ýene-de oakberdi, okasa dömjegini bilýärdi. Hat-da beýnisinde ýene bir zada göz açdy: Gahrymanyň keşbinde özüni görmek, gahrymanyň keşbinde Aziýanyň keşbini görmek... Onuň maksady meşhur kinorejissýer bilen Gündogaryň gahrymanyny direltmekdi. Şol sebäpli-de çölde-de deňizde-de gara ýollarda, söwda ýollarynda nirä gitse, bir pikir bilen ýaşady: “Jelaletdin Gündogaryň gahrymany... Onuň gahrymançylygy asyrlara nusga bolar...” 2009-njy ýylda “Ýigriminji asyryň özbek şygyr antologiýasy” azerbaýjan dilinde çykan kitap stolynda ýatyr, “Azerbaýjan şygyr antologiýasy” 2013, Reşidetdin Güntekin “ Gan dawasy” romany, “Dökülen ýapraklar” romany, “Aýal duşman”, “Otly geçi” romany, Garajaoglanyň “Gara gözlim , nirde sen” şygyrlar toplumy, ýene-de Ýawuz Bahadyroglunyň “Hoş gal, Horezmi”, “Soltan Salohiddini” ýene-ýene-ýeneleri... Ömer Saýfaddiniñ hekaýalaryny özbek diline geçirmesi, bu zatlaryň ählisi onuň ömrüni işe bagyş edendigini aňladýar. Ýazyjynyň Orhan Kemalyň eserlerini hem terjime etmesi ony okyjylaryň arasynda iň bir söýlüp okalýan terjimeçi ahlyna getirendigini subut edýän mysallaryň biridir… “…Taryhy hakykatyň mizemezligi üçin taryhçylar nijeme gaýrat görkezýär çeper filmlerde, filmler ynasanlara taryhçylaryň dilini çeper görnüşde geçirip berýär, dogry ýazylan senariýalar, dogry ýazylan her bir detallaryň daşyny owadanlap, taryhy nukdaýnazardan onuň hem hakykatyny gazanmak hem-de şol hakykata gerek bolan çeper reňkleri tapmak bu gezek meşhur kinorejissýer, senarist Mehmet Bozdag bilen Babahan Şaripowa başartdy. Başga-da nijeme ynsanlar bilen bileikde surata düşürilen filmiň – içinden eriş- argaç bolup geçýän zamananyň meşhur ynsanlary bilen bagly edilen işler orta çykdy... Filmde baş rolda türk we özbek artsitleri çykyş etdi. Dogrusy proýekt aňsat düşmedi, her bir detaly inçe-inçe edip seretmek, hiç öz tarapymyzdan ýoýulmazlygyny gazanyp, köpüň ynamyny ödemek aňsat iş däl” professor bu sözleri aýdaýrka, Gündogaryň parlak gahrymany gözleriniň öňünde janlanýar kibidi... ...Oýden Teneri “Jelaletdin Horezmşa we zamany”, Suot Darwiş “Fosforli Jabriýa” (roman), Urhan Kamol “Firigbar” (roman), Ýahýa Ökenginiň şygyrlary, Ýakup Ömerogly “On dollar”, (Hekaýa), “Ikki çinor” (hekaýa), Arslan Baýyr, “Bahor mujdesi”- Şygyrlar, Ali Nasim – hekaýalar, Ýunus Emre , şygyrlar, Usmon Çewiksuý- hekaýalar, Muhýi Gülşaniý, Raşahoti Muhýi (tadkikot), Şeniz Ýujel- "Balolarmi çakaloklikdan ýigitlikka kandaý ýetiştiriş kerak?” (Oto-onalar için kullanma), Zeýis Kabadaýi “Meni ýolgiz koldirma”- terjimeleri üçin, Azarbeýjan dilinden özbek dilene Anor-Kuzmunçok (roman), Ýunus Oguz Safawiý şaýhi, (roman), E.Ohundowa Haýdar Aliýewahs we jamiýat (roman), A.Hasanow, Odil jamil şygyrlar, “Dädem Gorkut” dessany,Türkmen edebiýatyndan birnäçe eserler, özbek edebiýatyndan türkçä terjime eden eserleri: Çolpan-Köňül- şygyrlar, Oýbek- Ýer ketdi-şygyrlar, Omon Matjon, Hosiýat Rustamowa, Oraz Ýagmyr (türkmen edebiýatyndan Alişer Darwiş, Gabriýel Garsiýa Markesiiň “Uly enäniň jynazasy” hekaýalar toplumynym Branislaw Nuşiçningi romanyny özbek diline terjime etmek bilen dünýäniň özbek dilinde we türki dillerinde okaýan okyjylarynyň ünsüni çekdi. ...Professor bilen söhbetdeşligiň özi juda gyzykly geçdi. Ol gezek biziň ähli pikirlerimiz türki dilli halkalryň arasynda ortak sözleriň belli birligini tapmakdy, ýagny dilçileriň hem-de ýazyjy- alymlaryň simfoziýumynyň esasy maksady hem şudy. “Türki dilli halklaryň şiweleriniň arasyndaky tapawutlar we aýratynlyklar” Stambulyň tokaýlarynyň içinde Egitim köýüniň ýerleşýän ýeri göýäki şol romany, türki halklaryny dünýä meşhur eden roman “Ýaprak dökümi” ýa-da başgaça “Korolýek prtiçka pewçaýa” filmiň esasyny ýazan ýazyjynyň sesi gelip duran ýalydy. Hat-d ahut şeýledi hem tokaýyň içindäki myhmanhana sen ýazyjy däl bolsaň hem ýazyjy etjekdi, sen şahyr däl bolsaň hem şahyr etjekdi, çünki ol ýerde şeýlebir ruh bardy. Babahan aga bilen pikirlerimiziň deň gelmesindenmi, ýa-da Şahinýa (Babahan aganyň gyzy) bilen joralygymyzdanmy bilmedim, juda köp wagtymyzy türki dilleriň meseleleri hakynda gürleşipdik. Edil häzirki ýaly ýaymda, köp wagtlap gäminiň üstünde geçiren wagtlarymyzda hem beýleki ýazyjylar ýadygärlik surata düşýärdiler, bir-birek bilen telefon belgilerini alyşýardylar. Biz bolsa şol bir gürrüňiň başyny agyrtýardyk, iň esasan hem ol türkmençe gürleýärdi, men bolsa, başardygymdan özbekçe. Emma oňarmaýardym... Şol wagt hat-da öz öýdäki gelnejemiziň özbekdigini hem aýdyp ýetişipdim oňa. Ol bolsa, gyzym türkmençe gürlesene, men seniň türkmençe gürläniňde sesleriň aksendini eşitmek isleýän” diýip, ýörüte maňa türkmençe gürlemegimi haýyşt edýärdi. Arasynda bolsa, rusça gürlesem hem ýene-de dolanyp, türkmen diline gelýärdik. Iki bolup birnäçe ortak sözleri tapdyk. Şahinýanyň deňiz şemalynyň üsti bieln gäminiň o çetinden gelýän gülküsi bolsa, biziň türki dilli halklaryň arasyndaky baglara aşyk köňlümizi gülkileriň içinde has-da neşelendirýärdi. Gyzym, islän wagtyň gel biziň öýmüz, siziň öýňüz, mundan beýläk sen meniň uly gzyymsyň, Şahinýa joraň bolsa, kiçi gyzym diýdi. Hoşlaşmazdan öň biz onuň bilen bu işimizi hökman dowam etdirmelidigini aýdyşdyk. Ondna bäri ýylalr geçdi. Şahinýa bilen hem, Babahan aganyň maşgalasy bilen hem aram-aram hat alyşýardyk. Ine, bir günem beýik medeniýetleriň taryhy bilen tanyşdyrýan ajaýyp bir film, ýagny Orta Aziýanyň türkmen gahrymany Jelaletdin Muhammet Horezmşa barada film ekrana çykdy. Babahan aganyň bu filmde baş konsultantdygy meni asmaan uçurdy. Aslynda hem onuň güneş kibi bir kalby bardy, gahrymanlary bilen hemişe bile ýaşardy, öwrenerdi alry, bile maslahatlaşardy özleri bilen, juda ýiti, juda duýgur gözleri bolsa, gündogardan günbaratara tarap serederdi: “Gündogaryň syrlaryny dünýä ýaýyp bolaýsa, gündogar ýaly inçe sungatly bir ýer görmedim, dünýäni aýlandym, dolaşdym, gördüm, nijeme medeniýetleriň şaýady boldum. Kalbym diňe atygsap duran gündogaryň mähirli hem hiç wagt açylmajak syrynyň mekany kibi hem ýapykdy, hem-de açykdy. Iki duýgynyň arasynda türki dilli halkalryň medeniýetinden başga-da taryhyny hem- de sungatlaryny araşdyrmaga ömrüm ýetermi diýip, pikirlenýärdim?” ...Özbek we türk kinorežissýorlary bilen birlikde filmi surata düşürmezden öň taryhy wakalaryň üstünde ymykly durmak we ol wakalaryň hakykatdan hem maglumatlar bilen gabat gelmegini gazanmakda edilýän işleri seljermek üçin nijeme çykyşlar gurnalmasy ýazyjynyň taryha hem-de ortak edebiýata hem-de ýazyjylyga bolan gatnaşygyny has- da giňeldýärdi. ”Mendirmen Jelaletdin” filmiň senariýasy, onuň ýüreginde dag kibi göteren eseridi... ...Azerbaýjan edebiýatynda uly möhürleriň birini goýan professor bilen ýakymly gürrüňerimiz ýene-de türki dilli halklaryň arasyndaky ortak işden ybaratdy. Birnäçe hoýukdan soň, Şahinýa eli simitli geldi. Şol pursat hiç ýadymdan çykmaz belki, maňa bir simit berdi, kakasyna beýlekisini... men özüme berlen paýy iýmäge başladym, Babahan aga bolsa, aňyrsyndaky ýazyjy-şahyrlara geçirdi, ol simitiň üsti bilen nijeme ýylgyryş gazandy. Men bolsa, diňe özümi bilýän ”egom” bilen şu güne çenli entegem bogazymdan duran, şol manzarany görüp, ýuwdulman galan simit bölegi bilen bokurdagyma möhür basypdym, häli- häzire çenli simit görsem, Babahan aganyň öz simitini paýlamasy, meniň bolsa, ýeke özümiň dişlänim ýadyma düşýär. Şodur-da şodur, simit iýmämi-de goýbolsun edipdim. Halypalaryň arasynda diňe bir özüňi bilýän häsiýetimi açan simitden baý öýkeläpdim-ä şonda, günä-hä özümde-le welin... Şeýdibem günler geçip barýardy. Babahan aganyň bir simiti nijeme adam hödürläp, ýygnan ýylgyryşlaryndan öwrenmäge zat kändi, belki-de ol şol sebäplidir, ýylgyryşlaryň bir hanasy kibi, ýylgyrsa gün ýadyma düşüp durna özbek alymy, taryhçysy biziň döwrümiziň gahrymany bolup, ýer ýüzünde tanalmaga başlady. Biz nijeme meseleler hakda ýazyşypdyk, teatr, kino, edebiýat, şygyr, terjime... Olaryň ählisinde hem bir maksada gulluk etme bardy, taryh ýoýulmaly däl... ...Özbek-azerbeýjan edebiýatynyň ortak birliginde nijeme işleri bitiren belli taryhçynyň “Edebiýat adalat ýolunyň ýagty çyragy bolmalydyr” atly eserini terjime etmesi bolsa, onuň döwrümiziň modern dünýäsinde edilýän işleriň arasynda edebiýat bilen bagly işlere ýörüte çemeleşmelidigi barada uly meseleleriň üstünde durup geçýärdi. Dogrusy onuň döredijiligi hiç tükenmezdi, terjimeleriň özi ýüzlerçe kitapdy. Ola haçan uklap, haçan oýanýandyr, meger bilýän bardyr hemöýdemak... Çünki häzir onuň diňe terjime eden zatlaryny sanamak üçin nijeme kagyzyň gerek boljagyndna habarym hem ýok, çünki oalr tükeniksizdir... Meşhur ýazyjy Ýawuz Bahadyroglunyň nijeme eserleri... Ýazyjynyň dünýäsi giň, ol her gezek bir eseri eline alyp, onuň daşyna geçeninde bir zat hakda oýlanýar, şu eseri terjime etmek ýa-da ýazmak bilen jemgyýete nähili peýdasynyň geljekdigi hakda oýlanýar, ine bu esasy meseleleriň biri... Ýawuz Bahadyroglunyň – türk ýazyjysynyň halk içinde iň halanýan eserleriň biri bolan “Korlýek-pitiçka pewçaýa” filmiň eseriniň asly barada-da köp oýlanypdy. Ahyry bir netijä geldi, terjime etmeli. Babahan aga bir işi ele aldymy. Bolany. “Iş bolup onuň eline düşen özüň bolma” Ol ýylgyryşlar bilen dowam eder söhbetdeşligi, asla ol söz hem diýmez, diňe ýylgyrar we diňlär, diňlär we ýylgyrar, islendik sowalyň jogabynyöň özündedigini hem bildirer. ...Ol gün hoşlaşdyk, biziň hemmämiz dymýardyk, hemmämiz, diňe Şahinýa birazajyk birzatlar gürleýärdi we gülýärdi. Belki ol biziň ählimizden ýaşlygy hem-de gözelligi üçin ýene-de gaýdyp görüşjekdigimiz baradaky hakykaty ýerine getirmek üçin ynandyrjak bolýardy, bilmedim. Asla bu ýerde aýdaýyn meniň bir suratym bardy, ol ýerde özüm telefonuma alypdym suraty, ol suratda men şeýlebir çuňňur pikirlenip durýardy, näme üçindigini belki özüm bilýändirin, belki-de bilmeýändirin. Ýöne men bir zada gowy akyl ýetirýäardim, köklerim nirede bolsa, bolsun, kalbym şahyr dostlarymyň ýanynda, olar bilen bir stolda oturyp, hemmäňiz şol bir zadyň özenini – edebiýatyň gatlarynyň ýokarlaryndaky gürrüňi edýärkäň, hänili özüňi gowy duýýanyňa göz ýetirýärdim- edil bir-birini nijeme ýyl görmedik klasdaşlaryň kibi bir duýgy gelýärdi maňa, olardan. Hamana biz birmahal aýrylyşypdyrys- da soňra-da ýene-de birleşmäge çalyşýan doganlar kibi, belki-de ondan hem başgaça deňeşdirmeleri bardyr, ýöne edil häzir men Babahan aganyň hem, beýlekileriň hem ýüzlerine bakyp bilmeýärdim, çünki gözlerimiň ýaşy kalbymyň agajynyň daşyny ýylan kibi sarapdy. Göwnüme ol gözýaş baglap, kalbymy sökmejek bolýan kibi, men diňe Şahinýa bakyp, ajy ýylgyrýardym. Bu ýazgylar meniň köne depderimde galypdy, kim bilýär ony kimler okady, kimler güldi, kimler bolsa, maşyn geçende şakyrdap ýele uçýan gapyrjak kibi-de görmedi. Belki-de ony biri alyp, okap, öz bagtyny gurdy, durmuşdan, biz bilýärismi näme? Ýöne şeýle bir zatlar meniň aklymda galypdyr, Babahan aga hemmämizden diýen ýaly uluragymyz bolansoň birje gezek ýylgyryp, “Biz ýene hökman görüşeris” diýmesi, barymyzy uludan dem almaga iterdi, howa biz hökman görüşeris. Ýene görüşmelileriň arasynda nijeme dostlarym bardy, olaryň ýarsy Ýewropadan, ýarsy Aziýadan, galan ýarsy bolsa, bu tükeniksiz tokaýlarda at çapýan guşlaryň içinde ýaşap, nirededir bir ýerde, Sahara çölünde gamgyn haly bilen özüne garaşýan ýazyjy dostuny göresi geljekdigine şübhesizdi belki. Biz şonda aýrylyşdyk, hat-da ýaymda samolýeta münmek üçin barlagdan geçenimden soň hem bir şahyr ýigidiň yzymdan ylgap, kagyzda öz goşgusyny bereni, “Şuny hökman türkmen diline geçirgin “ diýeni, hemmesi ýadymda. Geçirmenmi? Geçirdim, hemme zat biziň bir-birimize aýdan sözlerimiz deý deňziň üsti bilen bir-birinden aýrylyp hoşlaşyp barýardy. Şonda ilkinji gezek – ýazyjylyk ne bir hoş zat, kalplary birleşdirip, soňra-da olara bir-biri bilen dolmasa, başga hiç bir zat bilen dolup bilmejek ýol açýar- Babahan agany ýatlanymda hem her gezek şeýle bolýaryn. Şahinýa ikisi ataly-gyz iki bolup, taksa menden öň münüp gitdiler, men şonda öz ýalňyzlygymy hiç zat bilen dolduryp bilmedim. Şahinýam sen nähili bagtly, kakaň abr, onda-da taryhçy hem-de edebiýatçy, alym, professor hem-de Orta Aziýanyň medeniýatini tutuş dünýä, Ýewropa ýaýyp ýören. Meniň kakam öz suratyny geçmişe garyp bu dünýäni haçan eýýämler terk etdi, hat-da men oňa ilkinji kitabymy hem görkezip bilmedim. Men olaryň yzyndan kän seredip durdum... Şonda birden Babahan aganyň “Sen meniň uly gyzymsyň, Şahinýa kiçi gyzym” diýen sözlerini ýatlap ýylgyrdym. Men her gezek ýazyjy hakda pikir edemde, şu sözler aklyma gelýär... Dünýe nähili geňmiş... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |