11:10

Psihologiki päsgelçilikler

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 316 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Babay  
1481
Professor Li Dewid Ross'yň barlagyndaky palestinalaryň öňe sürýän haýsy pikiriniň (wersiýasynyň) ysraýyllaryň pikiri hökmünde palestinalaryň özüne sorag berilenini makalada görkezilse okyjylara "oňşuksyzlyk çözgüdindäki psihologiki päsgelçiligiň" iş ýüzünde nähili bolýandygyny görmek we netije çykarmak üçin has gowy bolardy we makalanyň gymmatyny artdyrardy.
Makala erbet däl. Käbir aýanlyklaryň biaýanlyk şekilinde görkezilmegine, käbir pikirleriň doly beýan edilmän galmagyna garamazdan öwrenere zat kän.
Söner Ýalçynyň şu saýtda goýulýan hemme makalasyny okaýan diýsem-ä ýalançy, ýöne arada konspiralogiki teoriýalary, hemme zatda Günbatary, Amerikany ýazgaryp durmasy bilen "indä şu awtory okamasam gerek" diýen ýerlerim köp bolupdy. Indi welin, "Palestin-ysraýyl söweşinde Söner Ýalçynyň aşygy altyn gopdy, gökdäki arzuwy ýerde gowuşdy, Günbatary, Amerikany näçe ýazgarsada, ýamanlasada towugyna tok diýjek ýok, bu söweşde näçe konspirologiki teoriýalaryň ýumagyny çözlesede şu sapara çypdyrdow diýjek ýerleri ýok" diýip, Soner Ýalçynyň makalalaryna girsem, birhili bitaraplyk, garaşsyzlyk, multifilmdäki Leopold pişigiň aýdyşy ýaly "Ребята, давайте жить дружно" bolup dur. "Beýle näme üýtgedikä, näme boldyka?" diýäýesiň gelýär. Onsoňam haksyz ylalaşyk, haksyz barlyşyk bilen gazanylan asudalyk uzaga gidermikä?! Ilkinji ýeriň gaty ýerine çenli bolaýmasa ("Ýer gaty bolsa öküz öküzden görer").
Bu meselede çözgüt bir: Iň azyndan 1967-nji ýyldaky teritoriýasyna eýe garaşsyz Palestina döwletini döretmeli. 1946-njy ýyldaky teritoriýasyny talap etmänkä. Ýöne, muny kim etjek, kim ejiziň tarapyny çaljak?!

0
2 Narcissus  
1589
Durmuş diňe güýçlileri ýaşadýar, diňe güýçlileri öňe çykarýar, ejiz-naçarlary bolsa (arasynda şans beräýmese) kän saýgaranok (tebigy kanun), bu ýerde-de şeýleräk bir ýagdaý bar. Şol sebäpli (meniň pikirimçe) täze bir arassa garaşsyz arap döwleti gurulmaz. We Amerikany, Ýewropany (hemmesini bolmasa-da), Ysraýyly günäkärlemek-de adamlar gaty mamla.
Ýewropa we Amerikan halkara habar gulluklaryndan başlap sosial ulgamlardaky habar mediýalarynyňam habarlary ýoýýandygy, Amerikan we Günbatar taraply bir habar hödürleýändikleri, gaty uly habarlary adatylaşdyryp paýlaşýandyklary indi dünýä mälim. Habar gulluklaryny geçdim, hol gün Instagram hem Palestina kömekçileriniň, tarapdarlarynyň hasabyna "terrorçy" diýip belläpdir, soňam adamlar bilen oýun edýän ýaly "ýalňyşlyk bilen boldy" diýen boldular. "New York Times" bolsa Ysraýyly kän erbet görkezmezlik üçin hassahana partladylanda sözbaşyny 3 gezek üýtgedip, düzeltdi. Şol sebäpli Twitter-däki gök nyşanjygyny alypdyr diýdiler welin, soň ýene beripdirler öýdýän. DW-ny hem tankytladylar, gyrgynçylygy ýönekeýleşdirjek bolýandygy sebäpli. Ýaponiýanyňkam şeýle hereket edendir welin, hol gün halky Ysraýyly goldap köçä çykdylar. Umuman berilýän habarlaryň eýýäm aglabasy bolşy ýaly berlenok, diňe araplary, musulmanlary, Palestinany, Hamasy, olaryň tarapdarlaryny erbet we ýaman görkezmek esasy aladalary.
Ysraýyl "günorta çekiliň" diýip, soňam günorta gidip barýan ulaglary bombalap, üstesine 500-den köp adamyň aradan çykmagyna sebäp bolan Hassahanany bombalamagyna, BMG binasyna girenleri hem bombalamagyna garamazdan Ýewropanyň we esasanam Amerikanyň goldawy egsilenok, hatda göni yzy ýanyndan "Ysraýyla buýsanýarys" diýip, ýarag we pul kömek berdi. Ýagny, günäsiz adamlar nirä gaçmaly, näme etmeli, okuwlary, hassahanalary, BMG binasyna çenli bombalap duran bolsa we adamlar ses çykarmaýan bolsa bu kişiler näme etmeli, bäbejikler, çagajyklar näme etmeli?
Amerika we Ýewropa döwletleri gaty haksyz şuwagt, adamlar nähili tankytlasa hem mamla, ýöne meniň pikirimçe ýene Amerikanyň (geljekde bolmagam mümkin) gowy at-abraýy peseler, sebäbi dünýäde bir deňagramlylyk bardyr abraý boýunça, bir tarap günäkär bolup başlasa deňagramlylyk bozulýar. Yrak söweşinden soň we Siriýa, Owganystan meselesinden soň Amerikanyň at-abraýy, aftoriteti gowy hapalandy. Sebäbi gaty basybalyjy ýol çyzdy özüne. Edil şeýle ýagdaýy Russiýa Ukraina çozanda başdan geçirdi, Putinin bary at-abraýy, "güýçli döwlet" düşünjesine gaty uly zarba uruldy we "basybalyjy" bir düşünje döretdi adamlarda. We Amerika akja-jüýje boldy, indi Amerika ýene şeýle gaty arkaýyn hereket edýär we gaty basybalyjy, tarapgöý hereket edip öz adyna özi ysnat getirer uly ähtimallyk bilen.Taryh ýatdan çykarmaýar, hökman ýakaňdan ilişip galýar.
Näme bolsa bolsun, Palestina we onuň tarapdarlarynyň, günäsiz adamlaryň ýeňiljekdigi hemme kişä belli. Ýagny bolan ýene günäsiz adamlara bolýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]