13:34 Sifrowoý lordlar | |
SIFROWOÝ LORDLAR
Publisistika
Birentek "palçy" mediýada "2024-nji ýylda näme bolar?" reportažlaryny berýär. Biziñ pop ykdysatçylarymyzyñ öñümizdäki ýyl boýunça çaklamalarynyñ palçylardan atýan palyndan tapawutly ýeri ýok! Meselem, düşünjeleýin derñeýji analiz ýok. Şeýle: Dünýäde çepçi ykdysady düşünjäniñ saýlama ykdysatçysyny size tanadaýyn: Ýanis Warufakis (d.1961)... Afinyda dünýä indi. Angliýanyñ Esseks uniwersitetinde bilim aldy. Kandidatlyk dissertasiýasyny Birmingem, doktorlyk dissertasiýasyny Esseks uniwersitetlerinde gorady. Markistdu. Angliýanyñ Kommunistik partiýasyna agza boldy. Kembriž, Sidneý, Afiny uniwersitetlerinde işledi. Saýlawlarda birem ses bermedik Yorgo Papandreunyñ ykdysady geñeşçiligini etdi. Papandreunyñ ykdysady wospriýatiýesiniñ bäş ýaşly çagañkydan gowy däldigini aýtdy! Çepçileriñ bilelikdäki partiýasy "Syriza"-nyñ lideri Aleksis Çipras onuñ haýranydy, onuñ halk deputaty bolmagyny isledi. Warufakis saýlaw kampaniýasyny motosiklde geçirdi. Hemme gatlakdan ses aldy. "Syriza" hökümeti 2015-nji ýylyñ 27-nji ýanwarynda guruldy. Warufakis Maliýe ministri boldy. Özüne tölegsiz geñeşçilik edenleriñ arasynda Jeffri Saks ýaly tanymal ykdysatçylar bardy. Neoliberalizme garşy gitdiler. Gysga wagtdan soñ premýer-ministr Çipras bilen ýollaryny aýyrdy. Çipras ÝB-ne "guşakgysdy" oýnaýyn, sizem bergimizi azaldyñ" diýýärdi. Warufakis ÝB-ne "guşakgysdy" etjek säl, bergimizi azaldyñ" diýýärdi. Hem Warufakis hususylaşdyrmaga garşy çykýardy. Aýlyk haklarynyñ we pensiýalaryñ köpeldilmegini isleýärdi. Dünýäniñ öñdebaryjy ykdysatçylary-da "Gresiýa meýilnamasyny" taýýarlady. Oñlanmady. Çipras ÝB bilen ylalaşyga geldi, 50 milliard ýewrolyk hususylaşdyrma işini ýola goýdy. Warufakis arzasyny ýazyp, işden gitdi: “Birnäçe ykdysady krizisleriñ öñüni alyp boljak heläkçiliklerdigini pikir edýärler. Bular heläkçilik däl, bular kapitalizmiñ netijesi..." Umuman alanda bergi krizisi däl-de, bank krizisi bardy, meseläni halkyñ boýnuna ýüklemek üçin ýalan sözlenýärdi... * * * Warufakis "Tehnofeodalizm" (“Techno Feudalism”) atly soñky kitabynda şu günüñ sifrowoý döwrüniñ jemgyýetçilik, ykdysady, syýasy dinamikalaryny derñedi: Tradision kapitalizmiñ ýerini çaltlyk bilen uly tehnologiki kompaniýalary alýardy: "Kapitalizm öldi. Ondan has beter düzgüne - tehnofeodalizme hoş geldiñiz!" Tehnofeodalizm uly kompaniýalaryñ barha artýan güýji we täsiri bilen häsiýetlendirilen "täze yzagalak jemgyýetçilik düzgünidi... Tradision feodalizmde jemgyýet esasan pomeşik aristokratlaryñ-ýer eýeleriniñ we klara garaşly daýhanlaryñ arasynda şekillenýärdi. Tehnofeodalizmde bolsa, sifrowoý läheñler-platformalar bu täze feodal düzgüniñ baş gahrymanlary bolup orta çykypdy... Uly tehnologik kompaniýalar giñ ulanyjy görkezijilerine we sifrowoý ekosistemadaky häkimiýetleri bilen indi jemgyýeti dolandyryp bilme güýjüne eýedi. Bu tehnofeodal düzgünde dijital platformallar dijital lordlar ýaly hereket edýärdi: Ulanyjy maglumatlaryna gözegçilik edýärdi, sifrowoý ekosistemada kesgitleýli rol oýnap, şahslary bu sanly ekosistema garaşly ýagdaýa getirýärdi... Warufakisiñ pikiriçe, tehnofeodalizm sifrowoý güýç merkezleri jemgyýetçilik deñsizligi çaltlyk bilen artdyrýardy. Uly tehnologiki şerekerler maglumat görkeziji ykdysadyýetiniñ merkezinde ýer alyp, ykdysady sistemana düýpgöter täsir edýärdi we jemgyýetçilik gurluşuny formulirleýärdi. Bulam şahslary sifrowoý lordlaryñ hyzmatyna garaşly ýagdaýa getirýärdi... Uly tehnologiýa kompaniýalaryny barha güýçlendirip, jemgyýeti formulirleýän we şahslary garaşly ýagdaýa getirýän bu feodal dijital düzgünden halas bolmak üçin Warufakis çözgüt teklip etdi: - Sifrowoý güýç merkezleriniñ gözegçiligini çäklendirmek, raýatlara has köp gözegçilik we aç-açanlyk bermek. Şeýle-de, dijital hak-hukuklar, görkeziji gizlinligi we howpsuzlyk ýaly meseleleri has köp nygtamak... Yagny: 2024-nji ýylyñ kesgitlemesini şular ýaly düşünjeleýin nukdaýnazarlar bilen analiz etmeli. Mysal hökmünde seretseñizläñ: Bu sanly-feodal lordlara habar we ş.m. mazmun taslaýarysam welin, munuñ bilen çäklenmeýärler, "pul bermeseñiz size ýer bermeris" diýýärler! Hakyky feodal eksplutatorçylyk düzgüni... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |