17:09 Magtymgulynyñ şygyrlary hakynda | |
MAGTYMGULYNYÑ ŞYGYRLARY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
Professor Nazar Gullaýewiň 1990-njy ýylyň 15-nji fewralynda beren leksiýasyndan: Sözümiň başynda aýdaýyn: Studentlik ýyllarymyzda leksiýada sözleri gysgaldyp ýazýardyk. Ol endik hemme studente-talyba mahsus diýsegem dogry bolar. Leksiýany ýazan wagtymyz gysgaldyp ýazan hatymyz özümize düşnüklidi. Emma üstünden 10-20 ýyl geçenden soňra, özüň ýazanam bolsaň, gysgaldyp ýazan leksiýaňa düşünmek aňsat däl. Gylyç Müllüniň Magtymgulynyň şygyrlary diýip tabşyran 214 şygryna bagyşlanan şol maslahatyň 1961-nji ýyl diýsemem aý-gününi bellemändirin. Kursdaşlarymdan sorag etdim, olaryň köpüsi studentlik leksiýalaryny ýitiripdirler. Ýöne mugallymyz Nazar Gullaýewiň maslahatyň 1961-nji ýylyň ikinji ýarymynda geçdi diýenini anyk bildim. Gylyç Mülliýewiň 1946-njy ýylda kiril hatynda Magtymgulynyň 214 goşggusy arhiwe tabşyrylandan soňra, 1950-nji ýyllaryň aýaklaryna 60-njy ýyllarynyň başyna beýik akyldaryň şol şygyrlaryny özüniňki däl hasaplan çykyşlar köp boldy. Magtymgulynyň şygyrlaryny bölmegiň kerwenbaşysy akademik Zylyha Bakyýewna Muhammedowady. Aşyrpur Meredow, Sapar Ahally ýaly alymlaram şahyryň şygyrlaryna müňkürlik etmekde uly işeňňirlik görkezdiler. Soňra bu işe ylymdan daş ýazyjy-şahyrlar, käbir mekdep mugallymlary goşuldy. Ahyry 1961-nji ýylda Zylyha Muhammedowanyň gatnaşmagynda Gylyç Mülliýewiň kiril hatynda tabşyran Magtymgulynyň şygyrlarynyň meselesine garamak üçin ýurduň men diýen alymlarynyň 20 golaýynyň gatnaşmagynda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynda uly ýygnak geçirilip, bu maslahata menem (Nazar Gullaýew özüni gözöňüne tutýardy) gatnaşdym. Sebäbi şol şygyrlaryň Magtymgulynyňkydygyny delillendirip, birküç ýerde çykyş edipdim. Maslahat başlan badyna, her bir adamyň çykyşynyň protokoly doly ýazylyp, çykyşlaryň sesli ýazgysyny etmeli diýlen karara gelindi. Şol maslahata Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetinden degişli emeldary (Şol emeldaryň adyny familýasyny gysgaldyp A.A. diýip belläpdirin, ýöne mugallymyň kim diýeni ýadyma düşenok) gatnaşyp, şol emeldaryň gözegçiliginde maslahatda edilen çykyşlaryň sesi ýazgy edildi. Edil bolmalysy ýaly, Zylyha Muhammedowa we ýokarda ady agzalan alymlar Gylyç Müllüniň 214 goşguly tabşyran golýazmasynyň Magtymgulynyňky däldigini öňe sürdüler. Delil hökmünde şol şygyrlarda yslam dinine pitjiň atylýar. Türkmenler “Jeýhun bilen Bahry Hazar arasynda ýaşanok, ýa bolmasa, Asmandan demirler ganatlap uçar, Aýallar oturyp al şerap içer, Her öýde bir tamdyr bolar” ýaly setirleriň XX asyrda düzülendigi görnüp dur” diýdiler. Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew ýaly halypalarymyz ol şygyrlaryň şahyryňkydygyny gorap çykyş etdiler. Gylyç Mülliniň tabşyran 214 şygryna şühbe bildirýänleriňem, ol goşgulara Magtymgulyňky diýýän halypalaryňam öz pikirlerinden asla yza çekilmek niýeti ýokdy. Biri-birine gapma garşy bolan çykyşlary size gürrüň berjek bolsam, uzaga çeker, wagtymyzam ýetmez. Şol sebäpli Magtymgulynyň şygyrlarydygyny gaty aýdyň eden iki beýik halypanyň aýdanlaryny studentler size aýdaýyn. Şol maslahata şahyryň şygyrlarynyň ilkinji akademik neşirini 1926-njy ýylda çap eden, sözüň doly manysynda döredijilikde hem ylymda halypa akademik Berdi Kerbabaýew gatnaşyp, çykyşynda şeýle diýdi: “Adamlar, Magtymguly türkmen poeziýasynyň jany. Bu beýik akyldaryň şygyrlaryna şühbe bildirilmegini türkmen poeziýasynyň janyna kast eden ýaly bir zat hasaplaýaryn. Gylyç Müllüň tabşyran 214 goşgusy Magtymgulynyňky däl diýýänler üçin şuny aýtmakçy: Dogrudanam, ol şygyrlaryň kimiňkidigini anyk kesgitlemek üçin düýpli ylmy derňew etmän, şu mesele boýunça ylmy pikir ýa ylmy netije aýdyp biljek däl. Şu aýdýanlarymy ylmy nukdaýnazardan däl-de, şol şygyrlaryň çeperçiligini gözöňünde tutup beýan edýärin: Şol 214 şygryň 95% gaty kämil şygyrlar. Men poeziýanyň çeperçiligine sowatly bir adam hökmünde düşünýän. Eger ol şygyrlar Magtymgulynyňky däl bolsa, onda kimiňki?! Pyragynyň kämil şygyrlary bilen deň derejede şygyr ýazan ussat şahyryň adyny anyklamaly?! Men Gylyç Müllüni tanaýan, onuň zehinine, ýatkeşligine uly hormat goýýan. Emma onuň bu çeper şygyrlary döretmäge şahyr zehini asyl ýok. Onsoňam Gylyç Müllüň özi öňümizde şygyrlaryň Magtymgulynyňkydygyny aýdyp, ant içip otyr ahyry (Gylyç Mülliniň özem maslahata çagyrylypdyr. Ol aglap şygyrlary kakasynyň dilinden ýazyp alandygyna kasam edipdir, başga bir ýygnakda bolsa Gylyç Mülli şygyrlary kakasyndan miras alandygyny aýdypdyr.) Bu şygyrlar Magtymgulynyň şygyrlary bilen utgaşyp gidýär. Şygyrlar inkär edilende, hamana “Türkmeniň” şygry häzirki serhede seredip ýazylypdyr diýilýär. Ýok, gaýtam şygry inkär edýänler häzrki serhede seredip, şygra baha berýärler. Poeziýadan absalýot hakykaty talap etmek bütinleý ýalňyş. Türkmeniň şygrynda türkmenler Jeýhun bilen Hazar deňzi aralykda ýaşaýar diýlenok. Şol aralykda türkmeniň ýeli öwüsýär diýilýär. Magtymgulynyň zamanynda Jeýun-Amyderýa Täjigistandan- Pamir dagyndan gaýdyp, ondanam Owganystana, soňra türkmene, özbege geçip, derýa Aral deňzine guýupdyr. Dünýä türkmenleriniň ýerleşýän kartasyna seredeniňde hem, türkmenleriň 90% Jeýhun bilen Hazar deňziniň arasyndaky, boýundaky, ýakasyndaky Täjigistanda, owganda, özbekde, türkmende, Müňgyşlakda, Türkmensährada ýaşaýandygy fakt. Türkmenleň Jeýhundan Hazar deňzinden daş ýüzünde ýaşaýanlarynyňam Jeýhun bilen Hazar deňziniň arasynda, boýunda, ýakasynda ýaşaýanlar bilen, esasan, arasy üzülenok. “Türkmeniň” başky setirlerinde şu hakykat beýan edilýär. Şonuň üçin akyldaryň şol şygyrlaryny inkär edýänler siz häzirki karta seredip, goşga baha bermäň. Şygryň çeperçiligi hakynda: Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň - diýen setirine serediň, türkmeniň döwletiniň ýokdugyny gaty ussatlyk bilen beýan edipdir. “Türkmeniň” şygry kämil eseriň nusgasy. “Asmandan demirler ganatlap uçar, Aýallar oturyp, al-şerap içer...” ýaly setirleriňem şu döwürde ýazylan diýilmegi bilenem ylalaşmak kyn. Bular ýaly çeper eserler diňe Magtymguly ýazyp biler. Pyragynyň zamanynda senagatda demir önümçiliginiň orta geleni hakykat. Adamlar müň ýyl, hatda ondanam öň, uçýan haly ýaly hyýaly düşünjeleri aýtmasagam, uçýan atyň beýleki zatlaryň boljakdygyny beýan edipdirler. Biziň bilşimizçe, şahyr XIX asyry-da görüpdir. Onsoň onuň demirleriň ganatlap uçjakdygyny70-80 ýyl öňünden aýtmagy geň däl. Häzir köpleriň adamzadyň köpçülikleýin kosmos älemine çykjakdygyna akly çatýar. Ýöne bu ýüz ýyldanmy, iki ýüz ýyldan boljakmy belli däl. Biz sada adamlar bir-iki ýüz ýyl öňümizi çaklap bilýän bolsak, Hakdan halatly şahyr çaklama edip bilmezmi?! Şahyryň orta ýaşyndan alanyňda hem, ýüz ýyl öňünden aýdan çaklamasy dogry çykdy. Şahyryň zenanlaryň şerap içmegi hakynda aýdanlaryna: Magtymgulynyň doglan ýerinden Astrahan 400 kilometrden daş däl. Magtymgulynyň şol wagt, hatda häzirem türkmenleriň ýaşaýan mekany bolan Astrahan töwereklerine barandygyna şu oturanlaryň içinde şühbelenýänler barmy? (Hiç kim bu sowala şühbe bildirmändir) Onda yzyny aýdaýyn, şol zaman agzalan ýerde ýaşaýan rus gelin-gyzlary serhoş bolup köçede ýatmasa-da, şerap içipdirler. Akyldar muny gören, bolmanda eşidendir. Şeýlelikde, şahyr şerabyň bu gün bolmasa ertir alnyňdaky zadyň bize geljekdigine-de akyl ýetiripdir. Yslama pitjiň atylýar diýilmegine şuny ýatladasym gelýär. Türkmen: “Jany ýanan taňrysyna gargar” diýipdir. Käbir şygyrlarda bolaýmasa, şol şygyrlarda sistemalaýyn yslama pitjiň atma ýok. Garaz, bu şygyrlaryň çeperçiligi Magtymgulynyňkydygyna şühbe döredenok, şonuň üçin şühbeleri ortadan aýyrsak ýagşy.” Şol maslahata ussat halypa bagşymyz Sahy Jepbarow gatnaşyp, çykyşynda şeýle diýipdir: “Adamlar, men ol şygyrlar barada ylmy çykyş edip biljek däl. Ýöne, biz bagşylar “Ýaranlar”, “Dogrusy”, Bu gün”, Ýaryň ýagşysyn”, “Mert bolmaz” ... ýaly onlarça aýdymlary Gülyç Müllüniň golýazmasyndan öwrenip aýdamzok. Ol aýdymlary halypalaram, olardan öwrenip bizem Gylyç Müllüniň golýazma tabşyrmagyndan has ir aýdýardyk..” Professor Nazar Gullaýewiň aýtmagyna görä, bu maslahat örän çekeleşikli geçipdir. Maslahatyň soňunda köpçüligiň goldamagy esasynda (3 adamyň garşy 20 adamyň goldamagynda) şol şygyrlary Magtymgulynyňky diýip ykrar etmeli diýlen karara gelnipdir. Ýöne bu maslahatyň ses ýazgysy ýitirim edilipdir, protokoly bolsa Magtymgulynyň şygyrlaryna şühbe bildirýänleriň haýryna ýumşadylypdyr, üýtgedilipdir. Sahy Jepbar halypanyň şol maslahata gatnaşandygy asla görkezilmändir. Edil häzirki döwürde (2008-nji ýyl) şol maslahatyň protokolynyň bardygy hem belli däl. Belki, şonuň üçindir 1968-nji ýylyň aprelinde TSSR Ýazyjylar Soýuzynyň Prawleniýasynyň gurnamagynda “Türkmen edebiýatynyň klassyk şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň tekstologiýasy” at bilen TYA-nyň alymlarynyň, şol wagtyň görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirilipdir, Ol maslahaty TSSR Ýazyjylar Soýuzynyň Prawleniýasynyň başlygy, TYA-nyň akademigi Berdi Kerbabaýew alyp barypdyr. Bu maslahata Pyragynyň şygyrlaryna şühbelenýänler çagyrylman, şonda çykyş edenleriň köpüsi tarapyndan (Şol ýygnakda çykyş edenler 14 adam ekeni) medeniýetli ýazgarylypdyr. Berdi Kerbabaýewiň çykyşynyň bir ýerinde 1961-nji ýylda geçirilen maslahat hakynda aýdylyp, şol maslahatda hem Magtymgulynyň şygyrlaryny doly görnüşde ykrar etmek kararyna gelnendigi nygtalýar. Bu maslahatyň soňunda hem şek-şühbesiz Magtymgulynyň şygyrlaryny doly görnüşde ykrar etmek karar edilipdir. Bu maslahatyň doly teksti halk köpçüligi üçin elýeterli. Şol maslahaty ýazan kätipleriň uniwersitet mugallymyz Kakajan Durdyýew hem Nazar Gullaýewdigini aýtmak artykmaçlyk etmese gerek. Şu ýerde şu hakykaty nygtamak isleýärin. Beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlarynyň hemme nusgasyny bitewi ykrar etmek barada birnäçe oňyn karalar kabul edilenem bolsa, Gylyç Müllüniň tabşyran 214 şygyrlaryny şühbe astyna alýan makalalar Saparmyrat Nyýazowyň 1994-njy ýylda “Magtymgulynyň şygyrlary hakyndaky jedeliňizi ylmy taýdan anyklaýançaňyz metbugatda bes ediň” diýip beren aýgytly tabşyrygyna çenli dowam etdi. Meniň şu makalam 2008-nji ýylda çap edilen makalamyň doly teksti: • Magtymgulynyň “Türkmeniň” şygry hakynda Men bu gürrüň berjek söhbedimi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowdan hem şol zamanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary bolup işlän Durdymuhammet Gurbanowdan, Kakamyrat Ballyýewden eşitdim. 1993-nji ýylyň Baýdak baýramynyň, ýagny Prezident Saparmyrat Nyýazow öz doglan gününiň öň ýanlarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” şygryny Türkmenistanyň Gimni edip almaga hem nobatdaky geçiriljek Halk maslahatynda döwletimiziň Gimni hökmünde kabul etmäge razylyk beripdir. Emma bu habardan birnäçe gün soň, Zylyha Muhammedowanyň, Sapar Ahallynyň, Aşyrpur Meredowyň, Allaberdi Haýydowyň we beýleki awtorlaryň Gylyç Müllüniň kiril hatynda Magtymgulynyň golýazmasy hökmünde tabşyran 214 şygrynyň, şol sanda “Türkmeniň” goşgusynyň şahyryňkylygyny inkär edýän makalalary (Bu pikire garşy adamlar tarapyndan) derhal Saparmyrat Nyýazowa ýetirilipdir. Halypa Berdinazar Hudaýnazarow “Türkmeniň” şygrynyň Gimn bolmagyna garşy alnyp barylýan hereketi duýup, Gülyç Müllüniň tabşyran 214 şygrynyň Magtymgulynyňkydygyny delillendirip, Saparmyrat Nyýazowa oňyn täsir etmek maksadyndan ugur alyp, merkezi gazetlerimiziň birinde (Ýalňyşmaýan bolsam, “Edebiýat we sungat gazeti” bolmaly) 1993-nji ýylyň martynda makala bilen çykyş edip, şol makalasyny Gylyç Müllüniň tabşyran şygyrlarynyň Magtymgula degişlidiginiň jedelsiz hakykatdygyny hem köpleriň şahyryň “Türkmeniň” şygrynyň Gimn bolmaga mynasypdygyny beýan edýändigini (B.Hudaýnazarow şol wagtlar Magtymguly adyndaky Halkara baýragy bermek boýunça komissiýanyň başlygydy) nygtap jemläpdir. Halypa ýazyjynyň bu makalasy “Türkmeniň” şygrynyň garşysyna edilen dildüwşügi togtadyp bilmändir. Berdinazar Hudaýnazarowyň makalasy çap edilenden soňra yz ýany geçiren Ministrler kabnietiniň mejlisiniň soňunda Saparmyrat Nyýazow döredijilik işgärlerine ýüzlenip, (Habar beriş serişdeleriniň wekillerine bu aýdanlaryny prezident ýazgy etdirmändir) “Şübhe astyna alnyp inkär edilýän şygry döwlet Gimni edip alsak bolmaz” diýip, Magtymgulynyň “Türkmeniň” şygryny ýurdumyzyň Gimni edip almak pikirini goýbolsun edipdir. • Şu sowallaryň ýumagy çözülmän gelýär 1996-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda Baýramalyda geçen nobatdaky Halk maslahatynda Türkmenistanyň döwlet Gimni kabul edildi. Men şondan birküç gün soňra, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Aşyrpur Meredowyň öýüne ýene myhmançylyga geldim. Bu gezek mugallym bilen söhbetimiz Türkmenistanyň döwlet Gimni, onuň kabul edilişi barada boldy. Bu sapar mugallym meni gulaga öwrülip diňledi. Men mugallyma Saparmyrat Nyýazowyň Magtymgulynyň “Türkmeniň” şygryny Gimn etmäge razy bolşy hem prezidentiň bu pikirini goýbolsun etmeginiň sebäpleri hakynda aýdyp, sözümi şeýle jemledim: “Mugallym, haýsydyr bir topar aşaklykdan “Türkmeniň” şygrynyň Gimn bolmazlygy üçin elde baryny edip, Gülyç Müllüniň golýazmasyny Magtymgulynyňky däl diýip, Siziň we siziň pikirdeşleriňiziň ýazan birnäçe makalalaryny Nyýazowa ýetirip, “Türkmeniň” şygrynyň Gimn bolmagynyň öňüni aldylar. Bu kümsük işde sizi hem ulandylar” Dogrusy, meniň bu gürrüňlerime mugallymyň gahary geler diýdim, beýle bolmady. Gaýtam, mugallym bilen bu mesele boýunça açyk gürrüň etdim. Aşyrpur Meredowyň aýtmagyna görä, 1993-nji ýylyň Baýdak baýramynyň birki gün öň ýanlarynda ol “Edebiýat we sungat” gazetinde yzygider çap bolýan “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp” diýen makalasyny eltipdir. Ine, şonda ol Täçmämmet Jürdekowyň çagyrmagy bilen onuň ýanyna barypdyr ( ol wagtlar T.Jürdekowam soňra ýapylan bir gazetiň redaktorydy. Haýsy gazetdigi ýadyma düşenok. “Edebiýat we sungatyň” redaktory. H.Goçmyradowdy) T.Jürdekow ondan Gylyç Müllüniň golýazmalaryndaky Magtymgulynyň şygyrlary diýilýän 214 goşguny şühbe astyna alýan nähili makalalar bar bolsa, özüne bir aýlyk möhlet bilen getirip bermegi haýyş edipdir hem şu meselä anyklyk girizmek üçin makala ýazmagyny-da sorapdyr. Ýazyjy haýyşynyň delili hökmünde bolsa Magtymgulynyň şygyrlaryny düýpli öwrenjekdigini aýdypdyr. Aşyrpur Meredow Baýdak baýramy geçen badyna, agzalan meseläni gozgaýan dürli awtorlaryň ona ýakyn makalasyny Täçmämmet Jürdekowa eltip berip, makalany öňki aýdanlaryny gaýtalaman oýlanyp ýazmalydygyny aýdyp, gyssagara ýazmakdan ýüz öwrüpdir. Mugallym bir aý möhletde yzyna gaýtarmaga söz berenem bolsa, häzire çenli Täçmämmet Jürdekowdan şol makalalary yzyna almandygyny hem sözüniň üstüne goşdy. Bu gürrüňdeşlikden soňra, Aşyrpur Meredow makalalarynyň yzyna berilmegini sorap, Täçmämmet Jürdekowyň ýanyna barypdyr welin, Täçmämmet Jürdekow makalalary Nyýazowyň haýyşy boýunça alandygyny( T.Jürdekow makalalary alandaky pikirinden bütinleý başga zat aýdypdyr), amatly pursat gelende, prezidentden diläp, yzyna alyp berjekdigine söz berip, mugallyma azajyk garaşmagy haýyş edipdir. Mugallym şondan soňra maňa gabat gelende şeýle diýdi: “Döwletmyrat, seniň diýeniň çyn ekeni. Biziň makalalarymyz “Türkmeniň” şygrynyň Gimn bolmazlygynyň garşysyna ulanylypdyr. Men muňa gaty gynanýan, sebäbi men “Türkmeniň” şygry barada nähili pikirde bolsamam, ol eseriň Gimn bolmagynyň tarapynda bolardym”. Ýöne men bir zady anyklap bilmedim. Aşyrpur Meredowdan şol makalalary Täçmämmet Jürdekow oz islegi boýunça aldymyka ýa dogrudanam, onuň öz aýdyşy ýaly, prezidentiň haýyşy boýunça aldymyka?! Gyssagara Aşyrpura Merede Gylyç Müllüniň 214 şygyrly golýazmasynyň Magtymgulynyňkydygyny inkär edýän makalany haýyş etmek Täçmämmet Jürdege nämeüçin gerek bolduka?! Şu sowallaryň ýumagy häzire çenli çözülmän gelýär, bu sowally ýumagyň haçandyr bir wagt çözüljegine hem ynam ýok. • “Bu dellileriň ynandyryjy” Asly Eýran türkmenlerinden bolan Aşyrpur Meredow bilen döredijilik gatnaşygym bardy. Bilnişi ýaly, halypa alym Aşyrpur Meredow Gülyç Müllüniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran 214 şygrynyň Magtymgulynyňky däldigi baradaky ideýany goldaýardy. Men aram-aram Aşyrpur Meredowyň öz çagyrmagy boýunça onuň öýüne myhmançylyga barýardym. Çaý başynda döredijilik söhbedini edýärdik. Şu günki ýaly ýadymda 1996-nji ýylyň ilkinji okuw günüdi, uniwersitetde halypa mugallyma uly arakesmede gabat geldim. Birsalym hal-ahwal soraşyp, gysgaça bolsa-da gürrüňi Magtymgulynyň döredijilik pelsepesine ýazdyrdyk. Nobatdaky sapaga girmegiň öňüsyrasynda Aşyrpur Meredow: “Döwletmyrat, Magtymgulynyň döredijiligi baradaky söhbedimizi gyssagara etmäli. Öňümizdäki dynç güni öýe bar, ine-gana gürrüň edeli” diýdi. Men bu halypa alymyň öýüne belleşilen güni myhmançylyga bardym. Bu gezek edebi söhbetdeşligimiz uniwersitetde eden gürrüňimiziň dowamy bolup, Gylyç Müllüniň tabşyran golýazmalary barada boldy. Aşyrpur Meredow ol şygyrlaryň Magtymgulynyňky däldigi hakyndaky delillerini aýdyp başlady. Mugallym iki sagada golaý çaý başynda delillerini aýtdy. Men ol şygyrlaryň Magtymgulynyňkydygyna berk ynanýardym. Gezek maňa ýetdi, men “Mugallym (A.Meredow uniwersitetde bizi okatmandy. Emma men şonda hem halypa alyma mugallym diýýärdim) “Türkmeniň” şygrynyň birinji bendiniň soňy: “Gara dagdan iner sili türkmeniň” diýip gutarýar. Dogry gerek”. Mugallym “Dogry” diýip tassyklandan soňra ýene söze başladym. “Magtymgulynyň dogduk obasyndan daş bolmadyk ýerde Hasar dagy bar. Şol Hasar dagynyň şahyryň obasyndan daş bolmadyk ýerinde gara dag diýen gaýa bolup, şol gaýantyň edil gapdalyndaky oýlukdan ýagyşly-garly ýyllar sil gelip, Pyragynyň obasynam sil alýar eken. Adamlar şol sile gara dagdan inýän sil diýýär ekenler. Şol gara dagdan şu zamanlaram, hatda häzirem sil gelýär eken. Onsoň ol goşgudaky “Gara dagdan iner sili türkmeniň” diýen setirleriň Magtymgulyňkydygyna neneň ynanmajak” diýip, sözümi jemledim. Halypa mugallym meniň bu aýdanlarymy ünsli diňläp, ep-esli salym dymyp oturyp, soňra şeýle diýdi “Döwletmyrat, ine, seniň munyň ynamly delil. Men hiç aňmandyryn” diýdi. Men “Mugallym, Gylyç Müllüň golýazmasyna, kämil goşgy bolan “Türkmeniň” şygryny-ha asyl Magtymgulyňkydygana şühbe etmäň” diýdim welin, mugallym: “Döwletmyrat, Gylyç Mülli bu golýazmadaky şygyrlary bilmezlikdenmi ýa ýöriteleýinmi el gatyp bulaşdyrypdyr. Şol bulaşdyrmalaram müňkürliklere esas boldy, ynha, “Türkmeniň” şygry hakyndaky deliliň ynandyryjy. Şolar ýaly delili köpeldilse, şübhe astyna alnan şygyrlaryň Pyragynyňkydygyna ynansa bolar”. • Ýazyp bilmejegini boýun aldy Žurnalist, meşhur “Razy men” diýen aýdymyň awtory bolan şahyr, halypa kärdeşimiz Aşyrguly Baýryýew 2009-njy ýylyň 1-nji maýynda 60 ýaş toýuny kiçiräk edip, Aşgabatdaky kafeleriň birinde belledi. Halypanyň 60 ýaş ýubileýine çagyrylan 20 adamdan köp däldi. Köpüsem döredijilik adamlary. Şonuň üçin bu ýubileý döredijilik agşamy boldy diýsegem boljak. Bu dabara Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew hem gatnaşypdy. Agşamara sagat ondan işlände köp myhmanlar gidip, Aşyrguly aganyň has ýakyn gatnaşýan adamlary galypdy. Ine, şol wagt Аtаmyrat Atabaý bilen bile oturan Аmаnmyrat Вugaýew meni elini bulap hem “gel” diýip ýanlaryna çagyrdy. Olaryň ýanlaryna baranymdan, A.Вugаýew meni Atamyrat Atabaýеw bilen tanyşdyrdy. Men Atamyrat Atabaýewi daşyndan tanasamam şol wagta çenli onuň bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolup görmändim. Käteler Aşyrguly Baýry, Аmаnmyrat Вuga bilen Magtymgulynyň şygyrlary, Gylyç Müllüniň 214 goşguly tabşyran golýazmasy hakynda jedelli söhbet edýärdik. Magtymgulynyň şygyrlary barada söhbet edilse, Вmаnmyrat Вuga: “Döwletmyrat, Atamyrad-a Magtymgulynyňky diýilýän “Türkmeniň” ýaly şygryň günde birini ýazaryn diýýär. Onsoň ol şygyr Magtymgulynyňky bolup bilermi?!” diýip, maňa mydama sowal bilen ýüzlenerdi. Menem Amanmyrat agaň bu sowalyna “Ussat şahyr bolup Atamyradyň beýle diýmegi gaty geň, ýöne Atamyrat beýle şygry ýazyp bilmez” diýip jogap berýärdim. Ine-de ussat halypa bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeşlige mümkinçilik döredi. Atamyrat Atabaýеw bilenem gürrüňimiz Gylyç Müllüniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran golýazmasyna syrykdy. Atamyrat Atabaý biziň Аmаnmyrat aga bilen edýän gürrüňlerimizden habarly eken. Gürrüňi uzaldyp oturman gysgaldyp aýdaýyn. Ahyry Atamyrat Atabaýеw “Döwletmyrat, men Аmаnmyrat bilen siziň men hakdaky eden gürrüňleriňizden habarly. Men saňa açyk aýdaýyn. Meniň günde “Türkmeniň” ýaly bir şygyr ýazaryn diýýänim obrazly aýdylan söz. Sen şuňa düşünýärmiň ýa düşündireýinmi?! Men “Düşünýän, düşündirip oturma” diýenimden soňra, Atamyrat Atabaýеw: “Geljek on günde “Türkmeniň” şygryna meňzedip, günde bir goşgy ýazyp, saňa görkezeýin. Şonda sen meniň diýýänime ynanarmyň?! diýip, sözüni sowal bilen jemläp, menden anyk jogaba garaşýandygyny mälim etdi. Men: “Atamyrat aga, siz ussat şahyr, sözüm ýok. Siziň bu sözleri obrazly aýdýanyňyza hem düşünýän. Siziň “Türkmeniň” ýaly şygryň geljek on günde on sanysyny dörederin diýeniňiz bilen birtaraplaýyn ylalaşýan. Ýagny, siz nähili ussat bolsaňyzam, “Türkmeniň” goşgusynyň formasyna meňzedip ýazyp bilersiňiz, Emma bu şygyrda ulanylan kämil jümleleriň, çeper göçümleriň birini ulanyp bir ýazyp bilermisiňiz?! Aslynda meniň “Türkmeniň” şygrynyň kämildigi barada şu aýtjaklarym halypa ýazyjy, akademik Berdi Kerbabaýewiň aýdanlarydyr. Mysala ýüzleneýin: Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri-maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň. Al-ýaşyly büräp çykar perisi, Kükreýip burk urar anbaryň ysy, Beg, töre, aksakal ― ýurduň eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniň. Şu iki bende serediň: türkmen edebiýatynda sözleriň şeýle ussat ulanylandygyny başga bir ýerde gördüňizmi?! “Çyrpynşar çölünde neri-maýasy” diýýär. Çyrpynşar sözüni kämilligiň ýokary derejesine ýetiripdir. Ýa bolmasa, “Kükreýip burk urar anbaryň ysy” diýen setirine bakyň. Üç ýaşan ner (düýäň erkegi) fewral-martda inen düýe görende kükreýär, ony saklap bolanok. Bu ýerde gelin-gyzlaryň sepinen müşki-anbary ysyny almajagam bolsaň, kükreýip (zor bilen, islemeseňem diýen manyda) ysyny aldyrýar, üstüňe ornaýar. “Ala bilmez, ýolbars ogly, türkmeniň” diýen setiri ýaly ussat aýdylan jümle diňe bir öz edebiýatymyzda däl, beýleki halklaryň edebiýatynda bir barmy?! Şahyryň: Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. diýen bendindäki ussatlygy Atamyrat aga size düşündirmek gerek dälmikä diýýärin. Beýik akyldaryň bu bendi: Türkmenler baglasa bir ýere bili, Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili, Teke, gökleň, ýomut, ýazyr, alili, Bir patyşa gulluk etsek bäşimiz. - diýen setirleri bilenem utgaşyp gidýär. Menem sözümi uzaltmaýyn: Atamyrat aga, siz ýaňky ýaly ussatlyga ýugrulan jümleleri özünde jemlän ýeke setirli “Türkmeniň” şygryny on günde-hä däl, ömrüňizde birini ýazjagyzam belli däl. Belki, ussat şahyr bolanyňyz üçin ömrüňizde birini ýazsaňyz ýazarsyňyz, Ýöne ol şygryňyzam “Türkmeniň” şygrynyň derejesine baryp bilmez. Ýöne men sizden has kiçem bolsam maslahat bereýin. Ussatlygyňyzy “Türkmeniň” şygrynyň öýkünmesine bagyşlajak bolmaň. Atamyrat Atabaý bolup ussatlygyňyzy dowam ediň” diýip sözümi jemledim. Meni ünsli diňlän Atamyrat Atabaý soňra şeýle diýdi: “Döwletmyrat, dogrudanam, “Türkmeniň” şygry ýaly kämil eseriň ömrümde birini ýazjagymam belli däl. Muny boýun alýaryn. Aýdanlaryňa düşündim” Biz häzirem Aşyrguly Baýry, Аmаnmуrat Вugа bilen aram-aram Magtymgulynyň döredijiligi, Gylyç Müllüniň Magtymgulynyňky diýip tabşyran 214 goşguly golýazmasy barada çekeleşip gürrüň edýäs. Ýöne indi bir ýyla golaý wagt bäri Аmаnmуrat Buga “Döwletmyrat, Atamyrad-a Magtymgulynyňky diýilýän “Türkmeniň” ýaly şygryň günde birini ýazaryn diýýär. Onsoň ol şygyr Magtymgulynyňky bolup bilermi?!” diýen sowaly maňa berenok. Sebäbi Amanmyrat Buga meniň Atamyrat Atabaý bilen şol mesele boýunça eden gürrüňime özi şaýat bolupdy. 2010, aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |