14:00 Görüp göçmeli dünýedir | |
GÖRÜP GÖÇMELI DÜNÝEDIR
Goşgular
Herne bolsa adam ogly, Görüp göçmeli dünýedir. Kysmatyňda ýazylan şygry, Okap geçmeli dünýedir. Dünýä bu bir synag meýdan, Maly süýji, nebsiň haýdan, Ne ajapdyr pany her daň, Ahyry ýaşmaly dünýedir. Bir gün haly şatlyk hezzet, Zulumy ýeter hemu ezýet, Hem datmaly ölüm yzzat, Baryn guçmaly dünýedir. Süýjisinde köňlüň umman, Ünjisinde gamdan amman, Gadyryň misli datly guman, Zyňylyp, uçmaly dünýedir. Kimsä mal mülk bar eýlediň, Kimni nana zar eýlediň, Kimsäni kör san eýlediň, Ýanyp öçmeli dünýedir. Kimi yşykda ýakyp aşa, Kimni ýardan goşa hoşa, Kimi ýarsyz gamu ýaşa, Köýülip göçmeli dünýedir. Kimni ogul gyzny islär, Kimse zürýadyny nislär, Her kes hyýalda höweslär, Arzuw biçmeli dünýedir. Kimi hassa dertden neýlär, Kim aýralyk çekip ýyglar, Kim mal mülkden doýmaý ylgar, Ýygnap harçmaly dünýedir. Söýüp bakmaz mert namarda, Rehim etmez gama, derde, Ýakyp köýdür örtüp perde, Dadyp içmeli dünýedir. Şükürim kän halym garyp, Dünýäm seni söýdüm aryp, Nebsim ýyglar, ýandym erip, Ganyp guçmaly dünýedir. Berlen ömür hatar hatar, Süýji, ajy bary ýeter, Habarsyzdyr syrly beter, Gapysyn açmaly dünýedir. Halmyratdan şygyr galam, Gür eçiler Kadyr Möwlam, Bu nygmatdyr bize Allam, Hamd edip geçmeli dünýedir. 01.12.2023 ýyl. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |