14:09 Jüleýbib sahaba | |
JÜLEÝBIB SAHABA
Goşgular
Bu kyssam Muhammet Resul zamany, Jüleýbib sahabaň ömründen many, Jennetlik buşlykdan geýinip dony, Ymmatlar içinde pes garyp haly, Kelte boý, syratsyz, gelişiksiz saly, Resul ekrem yşgyna nesip wysaly. Pygamber Resuldan bu hadys kyssam, Jüleýbib sahaba mertebe ýörtsem, Garyp, malu-mülksiz halyn tanatsam, Resul ekrem üç gezek nikasyn gyssan, Ol zaman biçäre dul zenan, hassaň, Il-gün sawçylykda bolunan mysaly. Baý-durkly, täjir-görkli ýigidi düzülen, Ata-ene, dul zenan sawça bozulan, Göwünler düwünli, barça üzülen, Jüleýbib dul ojaga habara süzülen, Bu habar dul ataň serine ezilen, Kowulmyş Jüleýbib sahabaň saly. Dul zenan Jüleýbib habaryn okap, Pygamber Resuldan söz bolan hasap, Alladan bu hoşlyk, dul zenan tosap, Atam razylyk ber, ne bolsa gassap, Pygamber hormaty bitmese ne sap, Bu kysmat heläklär diýilip haly. Atanyň, dul gyzyň göwni hoş bola, Resul hormatyna şygrym yş sala, Hezreti Alydan toý hak, goş ala, Jüleýbib toý üçin bazara dola, Şol pursat kapyrlar hüjüme gele, Jarçy gozgalaňdan habar ede häli. Kapyr musulmanyň söweş jeň jary, Jüleýbib kalbynda Hak iman nury, Toý haka, at ýarag esbaplap zory, Girdi jeňe, kapyrlar hüjümde syny, Jüleýbib sahabaň dökülip gany, Hüýr melekler ylgaşan nikaýa goly. Pygamber Resulyň gözde gan ýaşy, Köňli matam boldy, şehitniň başy, Jesedin gujaklap, panyň ataşy, Jüleýbib sahabaň ömrüniň hoşy, Bu kyssam ýazylan Allanyň işi, Halmyrat şygyr etdi bu kysmat päli. 09.06.2023 ý. | |
|
√ Bolarmy / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Jam içre meý ki daýyra salmyş hubap aňa... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Ýaşlyk / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Baýram handan gazallar / Goşgular - 14.08.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |