13:30 66 müñ Narin | |
66 MÜÑ NARIN
Publisistika
• Hasaplaşmaly sistema Sekiz ýaşlyja Narin Güran jaýlandy. Soñky ýyllarda jynsy zorlamalara esaslanýan kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy edilýän jenaýatlaryñ sany mazaly artdy. Diñe geçen işi suds geçilenleriñ sany 66 müñ 138-e ýetdi. Şeýle gynandyryjy ýagdaýyñ bardygyna garamazdan, ýurtda jemgyýetçilik taýdan kämillik ýaşyna ýetmedikler boýunça çolpymyza iler ýaly geçirilen ylmy-barlag işi ýok. Bu ýurtda öññin 20 million okuwçy täze okuw ýylyna başlady. Şu günüñ çagalarynyñ ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we başdan geçirýän öwrülişiklerine nämüçin üns berilmeýär? Üns berilmeýändigi üçinem çaganyñ şahsy aýratynlygy ýok we şol sebäpdenem Narin Güran ýalylaryñ gurjajygy bilen däl-de, gelinlik fatasy bilen jaýlanmagy adaty zat ýaly kabul edilýär! Kelleler hemişe garjaşyk... Çagalyk sa:p biologiki kategoriýa däl, şol bir wagtyñ özünde jemgyýetçilik we syýasy janlandyrma... Heýhat! Häkimiýet çagany ideal-medeni taýdan kemala gelmegi üçin Kuran kurslaryny, Ymamhatyp mekdeplerini artdyrsa-da, mesele çözülip gidiberenok. Gaýtam çuñlaşýar. Kuran kursuna gatnaýan Nariniñ jesedi dolanan odeýaldan "Elif-Ba" ("Muallim Sani") kitaby çykdy! Çagalara hökman dini öwretmeli. Muña gürrüñ bolup bilmez. Emma munuñ hemme meseleleri dep etjekdigini tama etmek ýalñyş. Çagalary sa:p dini pedagogika bilen terbiýelejek bolmagyñ özi nädogry... "Dört çaga" dogurmagy talap edeniñ bilen bu iş çözlenok! * * * Respublikamyzyñ 2024-nji ýylda-da Orta asyryñ miwesi bolan feodalizmden saplanyp bilmändigini Nariniñ obasy Towşandepe mysalynda görülýär... Respublikan režim çagany häzirkizaman döwletiñ geljegi hasaplady we çaga terbiýesi özbaşdak ugur hökmünde orta çykaryldy. Bu diñe mekdepler bilen çäklenmeýärdi: Ýetim çagalara esewan edýän edara, Halk öýleri, Magaryf jemgyýeti ýaly edaralar işläp başlady. Maksat mümkinçilik deñligi berilen çagalara döwrebap şahsy aýratynlyk gazandyrmakdy. Çagalar güni munuñ simwoly boldy... Wagtyñ geçmegi bilen çagalaryñ sosial durmuşyndaky öwrülişik häzirkizaman mekdepleri arkaly çeper edebiýatdan teatra, egin-eşiklerden oýun oýnalýan ýerlere we gurallaryna çenli giñ ulgamy öz içine aldy. Respublika döwründe çagalar hak-hukuklary bolan jemgyýetçilik güýjüdi... Emma... Respublikanyñ ösen medeniýete ýetme maksady amala aş(yryl)mady. Syýasat saýlaw sandyklarynyñ hatyrasyna şeýhlik-agalyk bilen ýaranlyk gurdy. Halkçylyk feodalizme ýeñildi. Gyzlar başlyklaýyn, kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ şahsy aýratynlygy mundan ýetdik paýyny aldy - sebitleýin we jynsy tapawutlylyklar aşylmady. Hemmetaraplaýyn bilim maksatnamasy towsa göterildi... * * * Şu paragrafy açmaly bolýaryn: Narinleriñ öldürilmeginde "Respublikan režime ytagatkär çagalar ýetişdirilýär" diýip nägilelik bildiren FETÖ-çy liboş çepçileriñ paýy uly. "Respublikanyñ ilkinji ýyllarynda ideal çagalary ýetişdirme işinde dini gollanmalara seýrek gabat gelinýär" diýip, respublikan gymmatlyklara diýmedik sözleri galmady. Aýratynam soñky ýyllarda feodalizm Şeýh Said mysalynda owadanlaşdyrylyp sebit halkyna göze ýakymly görkezildi, görkezilýär. Ýagny, Narin Güranyñ üstünden feodalizm hakykatyny derñemek gerek. AKP-niñ Diyarbekir boýunça deputaty Galip Ensariogly (Şeýh Saidiñ agtygy) jenaýat barada "Bu maşgala bilen kyrk ýyllyk dostlugym bar. Biziñ käte bilmeýän, käte-de bilibem aýtmaly däl zatlarymyz bar" diýdi. Ine, feodalizmiñ düýp özeni şu! Nariniñ ýa-da öldürilen beýleki gyzjagazlaryñ başyna gelenler diñe ýaşan obalary bilen baglanyşyklyny? Jenaýat medeni, syýasy, ykdysady perspektiwalary-da öz oçine alýar. Öldürilen Narinler jemgyýetçilik hakykatyna aýna tutýar. Göreñzokmy? Kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ garşysyna bolýan jenaýatlara metbugat organlaryndaky habarlar ýa-da ekranlardaky düşündirişler bilen baha berip bolmaz. Mediýanyñ jenaýat habarlaryny "şok", "eýmenç" ("dehşet"), "wyždansyzlyk" diýip berme stili çuñlukdaky faktorlary orta çykaryp bilmeýär. Ýurdumyzda çagalary arkadagy, eýesi, hossary ýok. Çagalar feodalizmiñ guly-gyrnagy. Aýallara garşy edilýän jenaýatlar bilen kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryñ öldürilişi birmeñzeşdir. Jebir çekenleriñ hemişe aýal-gyz bolmagy tötänlik däl. Munuñ özi feodalizmiñ sebäp-netije gatnaşygy... Asyl hasaplaşmaly hüýt-gara sistema şu. "SÖZCÜ" gazeti, 11.09.2024 ý. • Rehim-şepagatsyz sistemanyñ gurbanlary Türkiýäniñ geçen ýyl ilaty 85 million 372 müñ 377 adama ýetdi. Munuñ 22 million 206 müñ 34-ini çagalar düzýär... Biziñem gol çeken BMG-niñ Kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ hak-hukuklary boýunça ylalaşyga laýyklykda döwlet "çaganyñ ýaşamagy we ösmegi üçin mümkin bolan ähli tagallalary etmäge borçly". (Mesele bilen baglanyşykly bolmasa-da, ýañy doglan çaga ölümleriniñ ýurdumyzda barha artýandygyny hem ýatladyp geçeýin!) Hany, bu döwlet nirede? Beden, ruhy, sosial taraplardan kämillige ýetmedik çagajyk Narin Güran nämüçin öldürildi? Men krimonolog däl. Emma jenaýatyñ öñüniñ alynmagyna we jenaýatçylyga garşy göreş barada perspektiwa orta atmagyñ gözleginde. Çünki howp ýyl geçdigisaýy ulalýar... Ýurdumyzda soñky ýyllarda feodal-gul eýeçilik düzgüniniñ sosial durmuşa ýetirýän yzagalak aýratynlygy-agramy artdy. Özem: Narin Güran ýaly çagajyklaryñ öldürilmegi bilen aýal-gyzlara garşy jenaýatlaryñ çykalgasy birmeñzeş - feodallyk... Çagalyk ýyllary dünýä boýunça ýerleşen ýurduna, medeniýetine, taryhy proseslere görä tapawutlylyk görkezýär. Feodal-orta asyr gatnaşyklarynyñ şindizem hökmüni ýöredýän jemgyýetlerinde çagalaryñ ykbalyny (edil ejeleriniñ bolşy ýaly) sosial-medeni we sosial-ykdysady gurluş kesgitleýär. Şu manyda aýal jynsyna garşy çemeleşme çaga bolan garaýşa meñzeýär - alnyp-satylýan emläk, haryt, mal ýa-da gul! Ilkidurmuş obşinasy döwürlerinde bolşy ýaly "haýwanlaryñ" öñüne atylyp, "maýyp", "kemis" hasaplanýardy aýaldyr çaga... A häzir? Ne çaga, ne-de aýal düşünjesi bar bu hüýt-gara sistemada. Şunuñ pikirini orta atmaly: aýal-gyzlara we çagalara garşy jenaýatlar nämüçin soñky ýyllar çakdanaşa artýar? Iñ esasy sebäbi - ykdysady-medeni çagşamalar... * * * Biziñ däbimizde dünýä inmeli çaganyñ gyzdygyny ýa oglandygyny bilmek üçin dürli tilsimler ulanylardy. Bularyñ birem "tilkimi gurt" oýny! Eger "tilki" diýilse doguljak çaganyñ gyzdygy, "gurt" diýilse-de doguljak çaganyñ oglan boljakdygy çaklanardy. Tilki diýlende mekirlik, hilegärlik, möjek diýlende ýigitlik, batyrlyk, gorkmazaklyk, wepalylyk öñe çykarylardy. Diñe şu ýerdenem gyza bolan garaýşyñ nähilidigini bilmek kyn däl... Birmahal geçmişde tradision patriarhal düzgün bardy. A häzir? Çaga bolan garaýyşda üýtgän zat barmy? Ýok. Progressiw yslam çagalara "hak-hukuk mirasyny" berýändigine garamazdan, "kötek jennetden çykypdyr" pikirindäki hurafaçy tagut sistemasy çagalara we aýal-gyzlara bolan garaýşy araplaryñ jahylyýet döwrüne meñzetdi... Hurafa jahylyýetini tankyt edenleriñ "ölüm permanyny" ýazanlar Narin jenaýatlaryna ýol arçandyklaryny bilýärlermikä? Bilýän däldirler. Ýalan-ýaşryklaryñ üstünde gurlan sistema dowam edip dur. Gynansak-da, iñ başda döwlet-häkimiýet muña ýol berýär. Pikir edýärler, "hemme meseleleri din arkaly çözüp bilerin!". Käşgã çözüp bolsady. Emma çözüp bolmaýandygy görnüp dur-a. Hurafa dini boýunturygyna salana meñzeýär... * * * Häzirkizaman çagalyk düşünjesini ýaşadýan iki esasy gollanma bardy: Buržuaziýa we ylym-bilim... Ýagny, çagalyk 200-250 ýyllyk mesele. Bu iki düşünjäniñ agzalyp başlan döwründe çagalara baha berlip, ene-atalar üçin aýratyn esewan edilmeli gatlaga öwrüldi. Çagalar täzeden kesgitlendi, çagalar bilen çuñ sosial gatnaşyklar ýola goýuldy, hak-hukuklar berildi. Kemalist respublika şu ýoldan ýöredi. Gelip görseñuzläñ indi (yslam çagalara at dakmaga aýratyn üns berýär), "Narin" atly gyz çagajygy gorap bilmeýän musulman-feodal ýurda öwrüldik... 2024-nji ýyla geldik. Adamlara "çagalar" diýip ýüzlenen Atatürküñ ýurdunda gelip ýeten ýerimize serediñ: Narin ýaly gyzjagazlarymyz, aýallarymyz öldürilýär. Biz bolsa her jenaýatdan soñ wakanyñ diñe kriminal tarapy bilen gyzyklanýarys. Çaga ýaly arassa, päk sistema mätäçlik duýýarys. "SÖZCÜ" gazeti, 12.09.2024 ý. • Narin jenaýatynda asyl sem edilen Öññin telewizory açanymda, Narin Güran jenaýaty barada häkimiýet mediýasy bilen birlikde ähli teleýaýlymlaryñ çykyş edip durandygyny gördüm. Ýazyjy Nurdan Gürbilegiñ "Erbet çaga türk" kitaby ýadyma düşdi. Kitapda ölüm getiren erbetlik, sadalyk-añ taýdan yzagalaklyk petiginde çagalyk we milli aýratynlygyñ kemala gelişiniñ üstünde durlup geçilýär. Ýazyjynyñ käbir medeni kesgitlemeleri bilen ylalaşmasam-da, umuman alanda pikirleri meniñ iki gün bäri ýazýan "millet yzagalaklygy-feodalizm" bilen bire-bir utgaşýar. Gürbilek ölüm temasynyñ mediýada "kesekiniñ" ýa-da "özgäniñ" ölümi hökmünde köpçüligiñ dykgatyna ýetirilip, ahlak, jemgyýetçilik ýa-da syýasy mazmunyndan sypyrylyp aýrylandygyny ýazýar: "Ýa pälinden azan, terrorçy, däli, ganhor, mahlukdyr ol, ýa-da birsalymlyk affektiñ, birsalymlyk gaflatyñ, tebigy ýa-da şeýle betbagtçylygyñ, awariýanyñ ýa-da özüne ýönelen doñýürekliligiñ gurbany... Şu güniñ tomaşalyk dünýäsi nämüçin diñe göz gamaşdyryjy şuglaly närseleri däl-de, şol bir wagtyñ özünde ölümi, eýmençiligi, erbetligi, jenaýaty, ýürekbulanjylygy, bolgusyzlyklary tomaşalyk kylýar?" Ine, bularyñ jogabyny häkimiýet mediýasynyñ üstünden bereliñ: * * * Ölümiñ, eýmençligiñ, erbetligiñ, jenaýatyñ agalyk sürýän mediýa mazmunynyñ bolmagynyñ häzirki Türkiýe boýunça alanda esasy sebäpleri bar: "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarylyşygynyñ girizen senzura şertiniñ döreden syýasatyndan daşlaşmak... Harby döwlet agdarylyşygynyñ yzysüre köpçülik aragatnaşyk serişdeleri bolan syýasy habarlardan uzak durduklaryça ölüm, skandal mazmunly habarlara ýöneldi... Gürbilek "bu döwürden ("12-nji sentýabrdan") bäri ölümiñ we eýmençligiñ, erbetligiñ we jenaýatyñ tomaşalyk ahwala öwrülendigini, ölümiñ köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ekstremistik, heläkçilikli waka, dawa-jenjel bolsa habar berilendigini" beýan etdi... Bu ahwal häziriñ häkimiýet mediýasynyñ Narin Güran jenaýatyny we gaýrylary "eýmençligiñ nyşany" hökmünde üstünde duruş sebäbine meñzeýärmi? Özeninde diýýänleri şu sebäbi: - Ünsi sowmak üçin okyjylardyr diñleýjileriñ haýu-höweslerine we islegibe görä jemgyýetçilik mazmunyna girmezden kriminal tomaşalyk habarlaryny bermek... (Käbir teleýaýlymlaryñ habarlar gepleşikleriniñ doly "adatdan daşary", "gözdençykgynç", "pajyga", "heläkçilik", "skandal", "azgyn" diýýän sud wakalaryny ekrana çykarmagy tötänlikdir öýdýärsiñizmi?) Mediýa hojaýynlarynyñ syýasatyñ daşyna çykma taktikasy "kürsülerini" saklamak üçin ygtybarly daýanç sütünidir. Bu saýlawyñ "saýrylaşma" ýaly jemgyýete ýetirýän täsiri kimiñ piñine? Sakgyç ýaly şol çeýnäp duruşlary: Özgejan Aslandan Pynar Gültekine uzaýan jenaýatlar.. Gelibersin hemişe ýene birisi! * * * Häkimiýet mediýasynyñ Narin Güran jenaýatynyñ üstünde duruş formasy boýunça aýratyn ylmy-barlag işini geçirmeli. Bu mediýa tutanýerlilik bilen şu soragy orta atanok: Bu jemgyýet nämüçin ary köýen ýaly çagalara, aýal-gyzlara topulýar? Jemgyýetçilik öwrülişigi nämüçin yza tesýär? Munuñ bilen ýüzleşmezden, nämüçin Sartr aýtmyşlaýyn reallykdan uzak "galp (milli) buýsanç" döredýärler? Hawa, syýasy-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik hakykatlar bilen ýüzleşesleri gelenok. Hawa, jemgyýetiñ "medeni DNK-sy" njlen, ykdysady agalyk sürüji gatnaşyklary bilen ýüzbe-ýüz bolanoklar. Wakalary indiwiduallaşdyrmak bähbitlerine ýaraýar, añsadyna seredýärler. Şeýdibem düýp sebäbiñ üstüni örtýärler. Jenaýatlary adatylaşdyryp detektiwçilik oýnaýarlar... Beýleki bir ýandan: Sözde "hüşgär" oppizision mediýanyñam agramly bölegi "häkimiýetiñ agitasiýasyna" aldanyp, "poliseýçilik" oýnaýar, çuñ gazyp bilenok. Pikir çeşmeleri göýdükleşipdir, düşünjeler körleşene meñzeýär... Iñ ýamany-da jemgyýetçilik oýandyrma wezipesini ýerine ýetirip bilenok! Seretseñizläñ... Habarçylygy elmydama çakdanaşa formada sud wakalarynyñ üstünden agzaýarlar. Näme diýip, näme aýtjak... Häkimiýet we oppozisiýa "12-nji sentýabryñ" mirasy bolN "habarçylygy" dowam etdirýär. Jenaýatlaryñ üstünden "tomaşalyk ýat" kemala getirýärler. A düýp sebäp näme? Goýsañyzlañ, hojaýyn, goýuñ-a bu zatlary, shematik tomaşagärlige dowam ediñ... Pikir edeñzokmy, diñe Narin Güranyñ maşgalasy, Towşandepe obasy dymanok. Ajy hakykatlary, problemalary bilen ýüzleşip bilmeýän Türkiýedir sem edilen... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |