12:46 7-8-nji awgust | |
7-8-nji AWGUST
Publisistika
Çardakly bogazyna girenlerinde, Ýewfrat derýasynyñ golaýyndan geçýän şosse ýoldan barýarka baýyrdan togalanan harsañ gaýa böleginiñ ýoly bentländigini görüp, awtoulagy sakladylar. Bagaždaky pil-teşäni çykardylar. Balykesirli sürüji Mehmet, Jewat Apbas Gürer we Ibrahim Süreýýa Ýigit gezekli-gezegine daş döwýän gürzini harsañ daş bölegine urup, bir bölegini aýyrmagy başardylar. Sürüji Mehmet awtoulagy seresaplylyk bilen galan daş böleginiñ ýanyndan sürüp geçdi, emma üsti açylýan bu köne awtoulag Mehmetiñ dyrjaşmalaryna garamazdan Çardakly bogazyndan geçip bilmedi. Iýun aýynyñ ahyrydygyna garamazdan, sebit gar bilen örtülendi. Howa ümüş-tamyş garañkydy. Argyn awtoulag ýol aşmakda kynçylyk çekýärdi. Şonuñ üçinem alaçsyz ýagdaýda dag başynda dañ atýança garaşmagy makul bildiler. Ibrahim Süreýýanyñ paltosy ýokdy. Mustapa Kemal paşa bilen Rauf beýiñem paltosy bardy. Mustapa Kemal paşanyñ paltosy-da Rauf beýden alynandy, ýeñi-de ep-esli uzyn bolýardy. Jewat Apbasyñam şineli bardy. Hemmesi bir çüñke gysylyp uklajak bolýardy, gije ýarymdan soñ Mustapa Kemal aýak sesini eşidip oýandy. "Kimsiñ?" diýip seslendi. Ibrahim Süreýýa "men, paşam" diýip jogap berdi. Paşa oña "Uklamadyñmy?" diýip sorady. Ibrahim Süreýýa üstüniñ ýukadygyny, uklasa doñup öljegini aýtmagyñ ýerine "Nobatçylyk edýän, paşam" diýip jogap berdi... • GOLTUKLARY SAPANÇALY Stambuldan hereket eden "Bandyrma" gämisine ýekeje awtoulagy ýüklemäge rugsat berildi. Samsuna getirilen we sagatda 15 km ýol geçýän bu awtoulag barmaly ýerine barýança birde motory döwüldi, birde tekerleri ýaryldy, birde batga batdy, birde agdaryldy, birde benzini gutardy. Emma ähli çarkandakly ýollary aşdy we milli kongresiñ geçiriljek Erzurum şäherine gelip ýetdi. Awtoulag Anadolynyñ jümmüşlerine tarap myçyp barýarka, ýurtda grek okkupasiýasy dowam edýärdi... Stambul hökümeti ýeñiji döwletlere garşy bäs edip bilmeris diýip, boýun sunujylykly hereket eden ýagdaýynda uly döwletler patyşanyñ hökümdarlyk hak-hukuklaryny ykrar eder öýdýärdi. Şol sebäpli... garaşsyzlyk üçin döwlet derejesinde azat-edijilik hereketiniñ başyny başlan Mustapa Kemal 7-nji awgustda eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Resmi ygtyýarlygyndan, çininden, harby lybasyndan, öýünden, hak-heşdekden jyda düşürildi. Elinde kör-köpük puly ýokdy. Ol indi halkyñ bir parçasydy... Bulam az bolýan ýaly Stambul hökümeti Siwasyñ, Elazigiñ, Erzurumyñ häkimlerine telegramma ugradyp, onuñ haýal etmän yzyna ugradylmagyny talap etdi. Köçeleriñ ugrundaky haýatlaryñ ýüzüne "dönük, haýyn" diýen ýazgylary asdyrýardy. Üstüne goşun bölümlerini ugradýardy... Islendik pursatda boljak hüjüme garşy ýolboýy sapançalar gabyndan çykarylgy ýagdaýda goltuklaryna gysylgy geldiler. Paşa barýan ýolunyñ dogrudygyna ynanýardy: hak-hukuk berilmeýärdi, alynýardy! "- Görýäñiz-ä, ýörejek ýolumyz howp-hatarlardan, hatda ölmek we öldürilmek ähtimallyklaryndan doly. Çarkandakly we daş-damanaly ýol. Aramyzda şunça howpa garşy döş germäge özünde erk-ygtyýar, azm, mümkinçilik, batyrgaýlyk görmeýän egindeşlerimiz bar bolsa, häzirden yza gaýdyp bilerler." Diñe Münir beý derwaýys bir işi sebäpli belli bir wagta çenli yza çekilmegi haýyş etdi. • ŞU SEBÄPDEN ÝAZDYM Erzurum kongresine taýýarlyk işleriniñ tamamlanan gijesi Mustapa Kemal Mazhar Müfit Kansu, Ibrahim Süreýýa Ýigit bilen dañ agarýança gürrüñ etdi. Ol Mazhar beýe "bloknodyñ ýanyñdamy?" diýip sorady. Ýokdugyny bilip, "kyn görmeseñ, al-da gel" diýdi. Bloknot gelensoñ pugta tabşyrdy: "Bu depderiñ ýeke sahypasyny hiç kime görkezäýmegin, soñuna çenli gizlin sakla, diñe üçümiz bilmeli" diýdi. Bloknoda şu senäni ýazdyrdy: 1919-njy ýylyñ 7-8-nji awgusty. Yzyndan şeýle ýazdyrdy: "Ýeñişden soñ hökümet formasy respublika bolar". Refet Bele ýaly käbir egindeşi Siwas kongresiniñ geçirilmeginden ätiýaç etse, Rauf Orbaý ýaly käbir egindeşleri amerikan mandatlygyna girmegi dogry hasaplaýardy. Mustapa Kemal bolsa näme etmelidigini bireýýäm kellesinde oýlanyp-ölcerip goýupdy... Maksat diñe ýurdy azat etmek däldi, azat boluşdan soñ näme etjegini-de gowy bilýärdi... Bu taryhy maglumatlary şu sebäpli ýazdym: Atatürküñ guran partiýasynyñ halk deputatlary uçara münüp gelip, milli kongresiñ geçirilen ýeri Erzurumda ýygnanşyk geçirdi. Men pikir etdim, manifefest jar ederler! Men pikir etdim, ýurdy AKP-den azat edenden soñ haýsy düýpli reformalary geçirjekdiklerini mälim ederler! Gaýtalap-gaýtalap leji çykan sözlerini gaýtaladylar: "AKP eýdýär, AKP beýdýär, pylan-pysmydan... Erdogan eýdýär, Erdogan beýdýär!" Şu horluklary, kynçylyklary kim görenok, kim düşünenok, kim başdan geçirenok. Bize bularyñ barsyny aşyp biljek azat boluş reseptini aýtsañyzlañ! Saýlawlara sanlyja aý galdy... Mustapa Kemal saýlap alan ýolunda aýgytly gadamlar bilen ýol aşanda, ne patyşany-halyfy, ne-de Stambul hökümetini agzady. Heý, taryh diýen zatdan habaryñyz ýokmy... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 09.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |