20:40 A ogrynyñ günäsi?.. | |
A OGRYNYÑ GÜNÄSI?..
Publisistika
Men dymaýyn, size hronologiýa aýdyp bersin: SSSR-den 27 million, Germaniýadan 5,3 million, Angliýadan 357 müñ, ABŞ 405 müñ we başgalar bilen jemi 75 million adamyñ ölen Ikinji jahan urşy soñlandy. Uruş döwründe ABŞ-nyñ Prezidenti F.Ruzwelt bilen I.Stalin dostana gatnaşyklary saklady. Ruzwelt 1945-nji ýylda aradan çykansoñ, onuñ ýerine gelen G.Trumen "Sowuk urşy" başlatdy. Yzyndan... ABŞ-nyñ ýolbaşçylygynda 1949-njy ýylda harby bileleşik NATO guruldy. NATO haçanda Germaniýa Federatiw Respublikasyny hataryna goşup, ýaraglanşygy haýdatmaga başladam welin, SSSR-iñ öñbaşçylygynda 1955-nji ýylda Warşawa pakty guruldy. Ýöne: Şol ýyl Warşawa pakty Ýewropanyñ howpsuzlygy üçin NATO-nyñ we Warşawa paktynyñ dargadylmagyny teklip etdi. Oñyn jogap almady... Yzyndan... Adananyñ "Injirlik" bazasyndan howalanan amerikan "U-2" içalylyçylykly uçarynyñ 1960-njy ýylda sowet topragynda ele salynmagy we 1962-nji ýylda ABŞ-nyñ Türkiýä we Italiýa ýadro raketalaryny ýerleşdirmegi netijesinde SSSR-iñem Kuba ýerleşmegi ýaly wakalar dünýäni urşuñ bosagasyna getirdi. Fransiýa NATO-nyñ harby düzüminden çykdy. Belgiýa ýaly ABŞ-nyñ ýüziýyrtyklygyna garşy çykan ýewropaly käbir agza ýurtlar SSSR bilen uruşdan gaça durýan we ýumşama bilen hyzmatdaşlygy öñe çykarýan Harmel beýannamasynyñ kabul edilmegini üpjün etdi. Germaniýanyñ premýer-ministri Willi Brandt iki polýusly dartgynlylygy ýumşatmak üçin diplomatik gepleşikleri ýola goýdy. Eger uruş turaýsa iñ uly ýykgynçylyga Ýewropa sezewar boljakdy. Yzyndan: • OÑYNA GIDIŞ Bolup geçen nebit krizisi bilen ýetmişinji ýyllarda girdejilerini artdyran SSSR ýaraglanyşygy haýdadyp, "SS-20" ballistik raketalaryny Ýewropadaky Warşawa paktyna girýän ýurtlara bermäge başlady. Munuñ üçin ABŞ orta aralykly "Pershing-2" ballistik raketalaryny ýewropaly ýaranlarynyñ çäklerine ýerleşdirmek isledi. Germaniýa ýaly ýurtlar nyşana düşmek islemeýändiklerini aýtsalar-da, ABŞ-na boýun egmäge mejbur boldular... Yzyndan... ABŞ we SSSR-iñ arasynda 1987-nji ýylda "Orta aralykly ýadro güýçleri ylalaşygyna" gol çekildi. Dünýä rahat dem aldy... Galyberse-de... "Sowuk uruş" gutaransoñ, 1991-nji ýylda NATO-Russiýa gatnaşyklary başlady. Russiýa NATO/Demirgazyk Atlantik hyzmatdaşlygy geñeşine girdi. Russiýa 1994-nji ýylda NATO-nyñ Parahatçylyk üçin umumy hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gatnaşdy. (Bu guramanyñ ady üýtgedilip,1997-nji ýylda NATO/Ýewropa-Atlantik umumy hyzmatdaşlyk geñeşi boldy.) 1997-nji ýylyñ 20-21-nji martynda Helsinkide B.Klinton bilen B.Ýelsin duşuşyp, NATO-Russiýa gurujy hereketiniñ arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi. Muña laýyklykda: NATO-nyñ gorag funksiýasy öz işine dowam etdirmeli, ýöne artdyrylmaly däldi. NATO agza ýurtlaryna harby we ýadro güýçlerini ýerleşdirmeli däldi. NATO-Russiýa bilelikde hereket etmelidi. Yzyndan... NATO-nyñ baş sekretary H.Solana Russiýanyñ Daşary işler ministri Primakow bilen 1997-nji ýylyñ 14-nji maýynda Parižde NATO-Russiýa gurujy senedi-howpsuzlyk ylalaşygyna gol çekdi. Yzyndan... NATO bilen Russiýanyñ arasynda terrorçylyk ýaly meselelerde nähili hyzmatdaşlyk ediljeginiñ ugruny kesgitleýän Hemişelik hyzmatdaşlyk geñeşi guruldy. Yzyndan: • GÜNDOGARA GIÑELÝÄR Hemme zat diýseñ gowy barýardy. Emma: Özüni dünýäniñ imperatory saýýan ABŞ-nyñ zor salmagy bilen 1999-njy ýylyñ 12-nji martynda Çehiýa respublikasy, Wengeriýa, Polşa NATO-nyñ düzümine kabul edildi. Russiýa NATO-nyñ bu giñelmesine garşylyk görkezdi. Şol ýyl NATO-nyñ BMG-nyñ Howpsuzlyk geñeşiniñ karary bolmazdsn Kosowa girip, Serbiýa garşy harby operasiýa geçirmegi Russiýany gynandyrdy. Yzyndan... 2022-nji ýylyñ 21-22-nji noýabrynda Pragada jemlenşen NATO Bolgariýany, Estoniýany, Latwiýany, Litwany, Rumyniýany, Slowakiýany, Sloweniýany bileleşige kabul edilendigini mälim etdi. Russiýa bolýan zatlara indi gowy düşünýärdi: NATO dowamly Gündogara bakan omzaýardy! NATO-nyñ özüne tarap giñäp gelmegi Russiýany ynamsyzlygyñ girdabyna sokdy. Özem NATO-nyñ käbir täze agzalary SSSR-iñ garşysyna urşan "Üçler soýuzynyñ" (Страны «оси» и их союзники) agzalarydy! ABŞ NATO guramasyna perdelenip Russiýany gabaýardy. Bu ýagdaý Ýewropa bileleşigi bilen ABŞ-nyñ arasyna "gara pişik" sokdy. Russiýany “gižželemegiñ nämä geregi bardy?" Emma ABŞ kejeñeklik bilen dünýäniñ "ýeke-täk hojaýyny ýaly alyp baryp, NATO-nyñ Russiýa tarap süýşmejegine beren sözlerini ýatdan çykardy! Gaýtam: SSSR-e araçäkleşýän agza döwletler Polşa we Pribaltika ýurtlaryna harby bazalary ýerleşdirdi. ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýden Ukrainanyñ NATO agza edilmegi üçin düwmä basdy. Gürjüstan meselesinde-de ABŞ şoña meñzeşini edipdi, hernä urşuñ bäri ýanyndan gaýdylypdy. Netijede şu günki urşuñ turmagyna sebäp bolundy. Hronologiýa şeýle diýýär! Ýurdumyzda käbir barmaklar häzir "günäkär" hökmünde Orsyýete çommalýar. Nasretdin Ependiniñ dilinde aýtsam: Ogrynyñ - ABŞ-nyñ hiç günäsi ýokmy, gadyrdan? Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||