20:36 Abdynasyr we liwan habar beriş beriş serişdeleri | |
ABDYNASYR we LIWAN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI
Publisistika
Beýrut özüniñ habar beriş serişdeleri bilen hiç bir çäklendirmesi bolmazdan bütin ýer ýüzüne açyk ýeke-täk arap paýtagtydy. Müsüriñ öñki prezidenti Jemal Abdynasyr Birnäçe ýyl mundan öñ "el-Halij" gazetiniñ geçiren forumynda liwan habar beriş serişdeleri barada çykyş edipdim. Şonda beýleki taraplaryny aýdyp geçmek bilen bir hatarda Müsüriñ öñki prezidenti Jemal Abdynasyryñ bu gazetlere ýörite poçtanyñ üsti bilen abuna ýazylandygyny nygtapdym. Şol gün Müsürden gelen tejribeli žurnalistleriñ biri maña garşy çykyp, aýdanlarymy delillendirýän subutnamalary görkezmegimi talap edipdi. Ýanymda köplenç resmi subutnamalary götermeýändigim üçin delil görkezip bilmejegimi aýdyp, ötünç sorapdym. Şondan soñ şol müsürli žurnalist tarapyndan bu boýunça birnäçe gezek üstüme hüjüm edildi. Häzir çuññur hormatlanýan şahsyýet Abdynasyryñ Informasiýa ministri Muhammet Faýegiñ ýatlamalary Müsürde çap edildi. Faýegiñ ýatlamalarynda "Abdynasyr we Liwan habar beriş serişdeleri" atly bölüm bar. Men häzir şol bölümden sözme-söz alyp, siziñ dykgatyñyza ýetireýin: "Müsür radiosy bilen bir hatarda halkara radioýaýlymlaryny we habar beriş serişdelerini sypdyrman yzarlaýan prezident Abdynasyr bilen metbugat we informasiýa ulgamynda işleşmek añsat däldi. Resmi saparlarynda onuñ ýanynda güýçli "Зенит" radiopriýomnigi bolardy, şeýle-de habar beriş serişdelerini yzarlamak onuñ söýgüli pişesidi. Şonuñ üçinem informasiýa ministri habar beriş serişdelerini sypdyrman yzarlamaly bolýardy we ilkibada informasiýa ministrliginiñ jogapkärçiligini boýnuma almak añsat bolmady. Prezident köplenç giçlik sagat 17:00 töweregi maña jañ ederdi we liwan gazetleriniñ gürrüñi edip: "Mişel Ebu Judeniñ makalasyny okadyñmy?" diýerdi. Men ýok diýsem, olam munuñ möhümdigini aýdyp, hökman okamagymy sargardy. Ýa bolmasa: "Pylanyñ makalasyny okadyñmy?" diýip soranda, ýok diýsem, "Şu makala jogap hökmünde bir zatlary ýazmaly" diýerdi. Ýok diýip jogap berenimde, özümi ünssüz hasaplardym. Şonuñ üçin habar beriş býulettenini taýýarlaýan metbugat departamentine jañ edenimde, liwan gazetleriniñ özlerine sagat 16:30-da gelip ýetýändigini, habar býulettenini-de sagat 18:00-dan bäri taýýarlap bolmaýandygyny aýtdylar. Býuletten maña ugradylanfa, preizentiñ maña aýdýan hiç zadyny tapamokdym, çünki onda hemme zadyñ üstünde gysgaça durlup geçilýärdi. Şonuñ üçin prezidentiñ aýdýan makalalaryny aýratyn talap etmäge mejbur bolýardym. Soñabaka prezidentiñ sekretary Sami Şerefe liwan habar beriş serişdelerinde çykýan habarlaryñ prezidente haçan we nähili berilýändigini soradym. Liwan gazetleriniñ Müsür Howa ýollarynyñ öýleden soñ sagat 15:00-da Kaire uçýan uçary bulen gelýändigini prezident diwanyndan birine gowşurylýandygyny, soñra onuñ dynç alýan otagynda goýulýandygyny, prezidentiñ günortanlyk naharyny iýenden soñ dynç alýan otagyna girende liwan gazetlerini okaýandygyny anykladym. Çykalga tapandygymy pikir etdim we gerekli işleri etdim. Howa menzilinden düşen basyna liwan gazetlerini alyp, öýüme äkitjek birini belledim, şeýdip günortan öýüme gelende prezident bilen bir wagtda olary okap bilmelidim. Emma eýýäm birinji günümden liwan gazetlerini okamaga gaty kän wagt gerek boljakdygyny duýdum, çünki olar beter kändi. Mundan soñ şuny derñemäge başladym: nämüçin ala-böle liwan gazetleri? Prezident şunça makalany nädip okap ýetişýär? Ahyrynda jogabyny tapdym we mundan soñ işlerim hasam añsatlaşdy. Beýrut özüniñ habar beriş serişdeleri bilen hiç bir çäklendirmesi bolmazdan bütin ýer ýüzüne açyk ýeke-täk arap paýtagtydy". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe, 28.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |