19:16 Abu Aly ibn Sina | |
ABU ALY IBN SINA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Gündogarda Beýik Oýanyşy döreden alymlaryň biri Abu Aly Hüseýn ibn Abdylla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina bolup, onuň ady adamzat jemgyýetiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur boldy. Ibn Sina diňe atly tebip bolman, eýsem görnükli filosofdyr. Ony türkmen halky «Lukman hekim» ady bilen tanaýar. Ibn Sina astranomiýa, geologiýa, matematika, mehanika, fizika ýaly barça ylymlarda uly yz galdyrypdyr. Ibn Sinanyň Köneürgençde hem Nusaýda ýaşap, birgiden ylmy eserleri döredendigi, nähoşlary bejerendigi hakda maglumatlar bar. Beýik alym 980-nji ýylyň 16-njy awgustynda häzirki Özbegistan respublikasynyň Buhara welaýatynyň Afşana obasynda dünýä inipdir. Maglumatlarda onuň 280-den gowrak ylmy iş ýazandygy aýdylýar. Ibn Sina «Ömür ýazgysy» (oňa „Ömürnama“ hem diýilýär) kitabynda, gysgaja bolsa-da, özüniň terjimehalyny goýup gidipdir. «Ömür ýazgysy» Ibn Sinanyň özi hem-de okuwçysy Abu Ubeýit Jürjany tarapyndan ýazylypdyr. Kitapda Ibn Sinanyň doglan ýyly, ýeri, ata-enesi, kimleriň elinde okanlygy, nirede işländigi hakda, käbir eserleriň ýazylan ýeri we wagty barada maglumatlar berilýär. Ol kakasy Abdyllanyň asly Balh şäherinden bolandygyny, ejesi Sitora-Banunyň bolsa Afşanalydygy hakda maglumat berýär. 986-njy ýylda Hüseýiniň 6 ýaşy dolanda, onuň maşgalasy Buhara göçüp barýar. Abdyllanyň bu ýere ogluny güýçli alymlara okatmak niýeti bilen göçüp baran bolmagy mümkin. Çünki şol mahallar Buharada düýpli bilim alar ýaly mümkinçilik uly bolupdyr. Hüseýin ilki dini mekdepde okaýar. Özüniň ýatkeşlgi, zehinliligi bilen mollalaryňam, ata-enesiniňem göwnünden turupdyr. Hüseýin 10 ýaşy dolanda kakasy ony mekdepden öýe alýar hem öýe mugallym çagyryp, oglunyň okuwyny dowam etdirýär. Ol 10 ýaşyndaka Gurhany ýatdan bilipdir. Hüseýin medisina, tebipçilik bilen ýaşlykdan meşhur tebip hökmünde tanalyp başlapdyr. Ibn Sina özbaşdak köp kitaplary okapdyr. Ylymlary ele almakda örän köp işlemeli bolandygy hakda akyldaryň özi şeýle ýazypdyr: «Şol döwürde men ýekeje gije-de doly ýatan däldirin, gündizine hem ylymdan başga hiç zat bilen meşgul bolmadym ... Ukym gelse ýa-da gowşaklyk duýsam, indiden bu ýana meniň güýjüm ýene-de öwrülip gelsin diýip, bir bulgur çakyr içýärdim. Soňra ýene-de okamaga başlaýardym. Irkilip başlan mahalymda bolsa bu meseleleri men düýşümde aýdyň görüp başlaýardym, olaryň köpüsiniň manysy düýşümde aýdyňlaşýardy. Ähli ylymlarda berkişýänçäm hem olary adam mümkinçilikleriniň derejesine görä ele alýançam men şeýle hereket etdim». Kakasy aradan çykandansoň, Ibn Sina Gürgenje gidipdir. Akyldar «Zerurlyk Buharyny taşlap, Gürgenje göçmäge mejbur etdi» diýip ýazýar. Bu «zerurlyk» Mahmyt Gaznawynyň Buharyny özüne tabyn edendigi bilen bagly bolupdyr. 1037-nji ýylda Ibn Sina özüniň näsaglandygyna garamazdan Hemedana ugraýar. Ýolda keseli güýjäp aradan çykýar. Onuň jesedi Hemedanda jaýlanylýar, mazarynyň üstüne ýadygärlik bina galdyrylýar. Ibn Sina aradan çykanda bary-ýogy 57 ýaşynda eken. Ol şu gysga ömründe köp horluklary, sergezdançylyklary başdan geçiripdir. Alymyň «Ömür ýazgysynda» onuň maşgalasy barada hiç zat aýdylmaýar. Alym ömrüniň köpüsini ýat ýurtlarda maşgalasyz geçiripdir. Şu zatlara garamazdan, ol özünden soňky nesiller üçin ummasyz uly ylym galdyryp gidipdir. Ensiklopedik alym matematika, himiýa, astronomiýa, geologiýa ylymlaryna hem üns beripdir. Alym dil ylmyna-da uly goşantlar goşupdyr. Ibn Sinada astronomiýa bolan höwes ýaşlykda döräpdir. Ol Ýewkilidiň «Başlangyç», Ptolomeýiň «Almagest» kitaplaryny heniz ýetginjek mahalynda okapdyr. Astronomiýa ylmyna degişli «Astronomik instrument hakynda traktat», «Älemiň merkezinde Ýeriň ýagdaýy hakynda», «Asman sferasy we adamlaryň ýaşaýan jaýy», «Ýyldyzlaryň hökümini ýalana çykarmak» we başga-da birnäçe traktatlar ýazypdyr. Ibn Sinanyň himiýa ylmyna-da goşant goşandygy aýdylýar. Tebigat bilimleriniň ençemesi boýunça Ibn Sina örän gymmatly pikirleriň köpüsini öňe sürüpdir. Alym tebigatyň we älemiň gizlin syrlaryna aralaşypdyr. Ibn Sina «Sagalma» we beýleki kitaplarynda geologiýa hem mineralogiýa özüniň garaýyşlaryny beýan edipdir. Ol bu ugurda-da bize gymmatly maglumatlary galdyryp gidipdir. Ibn Sinanyň geologiýasy Birunynyňky bilen bilelikde yslam geologiýasynyň iň ýokary derejesi, çürbaşy hasaplanýar. Ol ýer gabygynyň ewalýusiýasy hakyndaky teoriýany hem işläp düzüpdir. Alym filosofiýa, edebiýat, saz, medisina ylmynda öçmejek yz goýupdyr. Gündogaryň beýik akyldarlarynyň, alymlarynyň Ibn Sina eden täsiri uly bolupdyr. Emma Farabynyň täsiri, aýratynam filosofiýa meselesinde, diýseň uly bolupdyr. Ibn Sina düýpli meselelerde Farabynyň yzynda, Biruna ýakyn bolupdyr. Farabynyň eserlerinden alym peýdalanypdyr. A. B. Sagadaýewiň pikirine görä, Ibn Sinanyň «Sagalma» kitaby, beýleki ensiklopedik hut Farabynyň esasyna goýan filosofik däplerde ýazylypdyr. Ibn Sinanyň dünýägaraýşynyň kemala gelmeginde, ösmeginde Farabynyň hyzmaty uly bolupdyr. Faraby bilen Ibn Sinanyň filosofik konsepsiýalarynyň ägirt uly ruhy güýji olaryň durmuşa, ýaşaýşa ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Hakykatda akyl ýetirmek meseleleri Farabynyň hem Ibn Sinanyň üns merkezinden düşmändir. Olar hakykata göz ýetirmegiň ýollaryny, usullaryny irmän – ýadaman gözläpdirler. Ibn Sina etika we sosiologiýa meselesinde Faraba doly eýerýär. Häsiýet diýen zat adam diri mahalynda kemala gelmeli, onuň düzelmegi mümkin diýen düşünje beýik alymlaryň ikisinde-de bolupdyr. Ibn Sina häsiýetiň özgermeginiň esasynda ylym almagy goýýar. Adam näçe ylymly-bilimli boldugy saýy onuň häsiýeti oňatlyga tarap özgerýär diýip belläpdir. Ibn Sina hem Faraby ýaly öz döredijiliginde çuň filosofik pikirlenmä köp üns beripdir, akyl-paýhasyň öňünde «dyza» çöküpdir. Ibn Sinanyň saz hakdaky traktatlary arap halyfatynyň ylmy merkezlerine giňden ýaýrapdyr. Häzirki zaman iňlis alymy Former Faraby bilen Ibn Sinanyň saz hakdaky traktatlaryna ýokary baha berip, olary «Çöldäki oazisler» diýip atlandyrypdyr. Ibn Sina bilen Faraby saz gurallary baradaky ylmyň hem esasyny goýupdyr. Faraby bilen Ibn Sinanyň pikir gatnaşygynyň bardygyny aýdyň edýän faktlar onuň «Ömür ýazgysynda» hem bar. Ibn Sina diňe bir filosofik işlerinde däl-de, eýsem medisina degişli işlerinde-de Birunynyň pikirlerini ulanypdyr. Meselem, Ibn Sinanyň «Kanundaky» farmognoziýa baradaky maglumatlar Birunynyň «Sagalma» eserindäkiler bilen deňeşdirilipdir. Ibn Sinanyň Abu Sagyt Mäne baba bilen söhbetdeş bolandygy hakynda maglumat saklanyp galypdyr. Beýik Lukman adyna mynasyp bolan zamanyň iň uly alymlarynyň biri bolan Ibn Sina erkin pikirlilikde yzarlanypdyr. Ol 1012-nji ýylda Mahmyt Gaznawynyň çakylygy boýunça onuň Gaznadaky köşgüne gitmezlik üçin, öz halypasy Mäsihi bilen Ürgençden gaçyp köp kynçylyklar çekip, Nusaýdyr Abywerdiň üsti bilen Nişapura barýar. Ondan soň Gürgene barşyna Abu Sagyt bilen duşuşmak üçin ýörite Mänä sowulýar. Ol uly şyh Mäne baba bilen üç gije-gündizläp söhbetdeş bolupdyr. Şonda olar bir-birleriniň pähim-paýhasyna, aň düşünjesine, dürli ylymlarda ýeten derejelerini mazaly göz ýetiren bolara çemeli. Şol söhbetden soň Mäne babanyň şägirtleri ondan myhman alymy, ýagny, Ibn Sinany nähili görendigini soranlarynda, ol şeýle diýipdir: «Meniň pähim nazarym bilen görýän zatlaryma ol zehini hem ylmy bilen bireýýäm göz ýetiren eken». Şeýle sowal Ibn Sina berlende, ol: «Men ylmym bilen haýsydyr bir derejä ýeten bolsam, bu halypa oňa öz pähim-paýhasy bilen ýetipdir» diýip jogap berenmiş. Şol wagtlar Abu Sagyt 45, Ibn Sina bolsa 32 ýaşynda eken. Haweran sährasyndaky, Köpetdag syrgynyndaky her hili dermanlyk ot-çöplere örän belet bolan Abu Sagyt öz myhmany beýik alym, meşhur tebip bolan Abu Ali ibn Sina olar barada köp peýdaly maslahatlar beripdir. Akyldaryň filosofiýasy. Ibn Sina filosofiýa ylmynda uly yz galdyrypdyr. Alymyň bu ugurdaky pikirleriniň käbirine garap geçeliň. Din taglymatçylary dünýä boş ýerden Hudaý tarapyndan göz açyp-ýumasy salymda döredilipdir diýip hasap edipdirler. Bu pikir keramatly Gurhanda hem bar. Ibn Sina bu babatda başga pikirde bolupdyr. Ol hem Aristotel we Faraby ýaly, dünýäniň bakydygy, ebedidigi baradaky pikirde bolupdyr. Ibn Sinanyň pikirine görä, dünýä taýýar görnüşinde peýda bolmandyr. Biziň şu günki görýän dünýämiziň taryhy bolup, ol öz ewolýusiýasynyň uzak ýoluny geçipdir diýip alym hasap edipdir. Ol tebigatyň özüne degişli işi fiziki dünýäniň hut özüniň hadysalary bilen düşündirmäge çalşypdyr Dünýäniň bakylygyna, onuň hiç kim tarapyndan ýaradylmandygyna Ibn Sina ýene-de bir zadyň üsti bilen akyl ýetiripdir. Ol haýsydyr bir zat döremezinden ozal materiýa hökman bolaýmaly diýip düşünipdir. Alym Hudaý bilen dünýäniň gatnaşygyny ýaradan bilen ýaradylanyň gatnaşygy hökmünde beýan etmeýär, eýsem sebäp hem netije gatnaşyklary hökmünde görkezýär. Ibn Sina filosofiýanyň meseleleriniň hemmesi bilen diýen ýaly meşgul bolupdyr. Materiýa we forma barada filosofiki pikirler ýöredipdir. Beýik filosof hem ensiklopedik alym bolansoň, Ibn Sinanyň eserlerinde dialektikanyň elementleri mese-mälim görnüp dur. Ol üýtgetmek, hereket, zatlardaky we hadysalardaky özara gatnaşyk, akyl ýöretmek ýagdaýy – bu meseleler seredilen mahalynda dialektika ýüze çykýar. Jemgyýetde we tebigatda bolup geçýän özgerişler, olaryň maksady, sebäpleri hakda pikir ýöreden mahalynda-da dialektikanyň kanunlarynyň we kategoriýalarynyň pursatlary peýda bolýarlar diýen düşünjä uýupdyr. Ibn Sina akyl ýetirmäniň iň kuwwatly serişdesi paýhas diýip düşünipdir. Akyldar dialektikany, onuň kada-kanunlaryny hakda özüniň aýdyň pikirlerini beýan edipdir. Dialektika onuň üçin ylmy barlaglaryň metody bolupdyr. Ibn Sina logika, edebiýat we saz hakda. Ibn Sina bilen biziň aramyzda müň ýyldan agan wagt ýatan hem bolsa, onuň orta atan pikirleriniň köpüsi henizem gymmatyny peseltmändir. Ibn Sinany alymlar täzelikçi logik hasaplaýarlar. Ol ylmy işleriniň 15-sinde logikanyň meselelerini gozgapdyr. «Görkezmeler we maslahatlar», «Bilimler kitaby», «Sagalma» ýaly düýpli eserlerinde Ibn Sina logikanyň meselelerini işläp taýýarlamaklyga örän döredijilikli çemeleşipdir. Ibn Sina logika özboluşly kesgitleme beripdir. Alym: «logika adamyň paýhasyndaky düşünjelerden, onuň edinmek isleýän düşünjelerine geçmegiň usullary öwrenilýän ylymdyr, şeýle hem bu düşünjeleriň düzgünleriniň hem formalarynyň dogry netije çykarmaklyga alyp barýan görnüşleriniň sanydyr» diýip ýazypdyr. Ibn Sina «Sagalmada» logikanyň meselelerinde diliň uly ornunyň bardygyny belläpdir. Ol pikirlenmäniň alamaty we aragatnaşyk serişdesi hökmünde dil hakyndaky ýörite pikiri öňe sürüpdir hem esaslandyrypdyr. Ibn Sina «dilsiz, sözsüz hiç zat hakda pikirlenip bolmaz» diýip ýazýar. Ibn Sina pikirlenmek hakdaky taglymaty işläp düzmekde birgiden peýdaly iş edipdir. Akyldar pikirlenmäniň üýtgemegine predmetiň üýtgemegine garaşlylykda garaýar. Ibn Sina logikanyň ähli meseläni we olaryň üstünde işlän mahalynda özboluşly, kämil akyldar hökmünde çykyş edipdir. Ibn Sina edebiýatyň teoriýasyna bagyşlap, iki iş ýazypdyr. Ol bu meseleden ýazan ilkinji işini Ahmet Ibn Abdulla Aruzy diýen adama bagyş edipdir. Bu işi ýazanda alym 21 ýaşynda eken. Bu kitabyň adyny dürlüçe tutupdyrlar: «Al – Hikmet al-Aruziýa», «Hikmet ul-Aruziýa» we ş. m. Ibn Sina bu kitabyň başynda çeper hyýal hakda pikir ýöredipdir. Ol çeper hyýaly poeziýanyň, umuman, çeper döredijiligiň iň wajyp elementleriniň biri hasap edipdir. Kitabyň ahyrynda Ibn Sina grek edebiýatyna hem syn beripdir. Traktat okuwlarynyň söz sungatyna, obrazyň tebigatyna çeper döredijiliginiň esasy elementiniň biri hökmünde gazanandygyny aýdyň görkezýär. Ibn Sinanyň edebiýatyň teoriýasyna degişli ikinji kitaby «Tanni Şer» - «Şygyr sungaty» atlandyrylypdyr. Bu işinde alymyň şygyr hakyndaky teoretiki pikirleri has doly hem yzygiderli beýan edilipdir. Ibn Sina «Şygyr sungatynda» drama degişli bolmadyk žanrlary derňäpdir. Dana Ibn Sina ylmy traktatlardan başga edebi işleri hem ýazypdyr. «Edebe» girýän ylymlaryň hem hemmesinden başy çykypdyr. Olar hakda öz pikirini aýdypdyr. Akyldar ylymda we filosofiýada şahyr, goşgularynda bolsa filosof bolup çykyş edýär: Har bilen har ýaly bol, aýan etme keşbiňi, Harlaň hary hiç utanmaz, mazamlar öz kesbini, Eger başyňda bolmasa, iki sany har gulak, Harlar üçin ýatsyň sen, näletlär seň nesliňi. Geljekden geçmişe çen, bilýän dünýäniň tabyny, Açdym dünýäň syrlaryny, çykardym hasabyny, Ýöne çözüp bilmedim men, galdy ýalňyz bir düwün, Düşnüksiz maňa mydama merhumyň şu tabydy. Setirlerden görnüşi ýaly Ibn Sina şu dünýäniň syry aýan. Ol köp zady bilýär hem oňa akyl ýetirýär. Oňa diňe „tabyt“ ýagny tabytdan başlanýan ýol o dünýä düşnüksiz. Emma ol ahlak hakyndaky işlerinde akylyň hem teniň gatnaşyklary dogrusynda täsin pikirlerini aýdypdyr. Ibn Sinanyň öz goşgularynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlary Magtymguly, Andalyp, Kemine ýaly, adamkärçilik, mertlik, gaýratlylyk bilen bir hatarda nadanlyk, küteklik, gorkaklyk, nejislik we gaýrylar görkezilipdir. Bu ýagdaý Rudaky, Ferdöwsi, Fizuly, Nyzamy, Jamy ýaly akyldarlaryň eserleri ýaly, Ibn Sinanyň hem döredijiligi türkmen edebiýatyna oňaýly täsir edipdir. Ibn Sina şahyr bolmasa-da, onuň birnäçe şahyrana ýazylan filosofik traktatlary bar. Ibn Sina hem özünden öň ýaşap, döredip giden gerçekler ýaly, sazçylyk ylmyna hem sungatyna mynasyp goşant goşupdur. Farabynyň, Birunynyň däplerine eýerip Ibn Sina saz baradaky pikirlerini ylmy işleriniň matematika bölümlerinde ýerleşdiripdir. Beýik dana sazy biri- biri bilen baglanşykly sesleri öwrenýän we kompazisiýany döredýän düzgünleri berkarar etmegi maksat edinýän ylym hökmünde kesgitläpdir. Ibn Sina «Saz hakyndaky ylmyň ýygyndysy» kitabynda sazy sungat hökmünde adam heňiniň äheňiniň (labzynyň) ösüşi bilen berk baglanyşdyrypdyr. Beýik filosofyň saz hakyndaky oý-pikirleri medisina bagyşlan eserlerinde- de görünýär. Meselem, ol sazyň üsti bilen psihikasyna zeper ýeten adamlary bejerýän eken. Akyldaryň özi dürli saz gurallaryndan baş çykaryp bilipdir. Şonuň üçinem ol bu meselede gymmatly pikirleri özünden soňkulara miras galdyryp gidipdir. Ibn Sina saz hakdaky oý-pikirlerini «Şypa» eserinde doly hem anyk ýazypdyr. Ol saz gurallaryny üçe, ýagny, tarly, kakylyp çalynýan we üflenip çalynýan gurallara bölüpdir. Olaryň hersi barada maglumat beripdir. Beýik lukman. Ibn Sina adam, onuň bagtyny onuň saglygynda görüpdir. Ynsan üçin saglyk ýaly gymmat zat ýok. Jany sag adam ýaly bagtly ynsan hem ýokdur. Beýik lukman 13-14 ýaşlaryndan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli adamlaryň saglygyny saklamak, berkleşdirmek üçin akyl-paýhasyny hem zähmetini gaýgyrmandyr. Ol medisina-lukmançylyk ylmynda uly-uly açyşlar edipdir. Bu ugurdan dünýä belli bolan «Tebipçilik ylmynyň kanunlary» atly uly göwrümli kitabyny ýazypdyr. Ibn Sina dermanlary esasan, ösümliklerden ýasapdyr. Alymyň ölümi hem ýasan dermanynyň güýji hakynda täsin rowaýat saklanyp galypdyr. Onda şeýle diýilýär: Ibn Sina ömrüniň ahyrlarynda ölümüniň golaýlaşýandygyny duýup, oňa garşy göreşmegi ýüegine düwýär. Ol 40 dürli derman taýýarlap, olary 40 gaba guýupdyr. Dermanlary öz okuwçysy Jüzjana beripdir, ony özi aradan çykansoň, ýeke-ýekeden agzyna guýmagy tabşyrypdyr. Akyldar haýsy dermany haçan we haýsysynyň yzyndan bermelidigini aýdyp gidipdir. Ibn Sina aradan çykandan soň, okuwçysy onuň maslahatyny berjaý edipdir. Gudrat peýda bolup, hekimiň teni ýigdelipdir. Indi weli 40-njy dermany guýmaly eken. Peýda bolan gudrata haýran galan okuwçy soňky dermany elinden gaçyrypdyr, derman ýere dökülipdir. Elbetde, bu rowaýatdyr. Ýöne ol alymyň örän peýdaly dermanlary ýasap bilendigini göz öňüne getirmäge ýardam edýär. Ibn Sinanyň medisinadan ýazan eserleri örän köpdür. Olaryň biri-de «Ýürek dermanlary» diýen kitabydyr. Bu kitapda ýürek kesellerini bejermegiň usullary hem ýollary hakda gürrüň edilýär. Lukman medisinanyň taryhynda ilkinji bolup, ýürek kesellerini bejermekde ulanylan ähli dermanlara häsiýetnama beripdir. Ýürek kesellerini bejerende özüniň ulanan örän çylşyrymly dermanlarynyň 10-sy hakda giňişleýin ýazgy galdyrypdyr. Adamyň ýatkeşligini hem akyl ukybyny güýçlendirýän serişdeler hakda-da ilkinji bolup pikir ýöreden akyldar Ibn Sinadyr. Beýik lukmanyň «Kanunynda» dürli keseller, olaryň öňüni almak ýaly birgiden meseleler babatynda gymmatly pikirler bar. Ibn Sinanyň beren maslahatlarynyň köpüsi biziň günlermizde-de öz ähmiýetini ýitirenok. «Tebipçilik ylmynyň kanuny» 5 sany uly tomdan ybarat. Ol ilkinji gezek 1472-nji ýylda çap edilipdir. Bu kitap Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde türkmen dilinde neşir edildi. Beýik alym Ibn Sina hakynda örän köp rowaýatdyr, hekaýatlar, dana pikirler toplanypdyr. Rowaýatlarda halk akyldary beýik alym, hakdan içen lukman, ynsanperwer, garyp-gasarlaryň howandary hökmünde görkezipdir. Birgiden derman otlaryň, ösümlikleriň peýdaly sypatlaryny açyp, halkyň hyzmatyna goýmagy başaran adam, ilkinji bolup ýylan zäheriniň, balyň we beýleki ösümlikleriň täze sypatlaryny ýüze çykaran ynsan biziň günlerimizde hem ýatdan çykarylanok. Ynsanyň bagty, ýagşy durmuşy, müdimilik diriligini gazanmak üçin köp zähmet, akyl-paýhas sarp eden bu beýik dananyň ady asyrlardan asyrlara ýaň salar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |