11:04 Abu Nasyr Faraby | |
ABU NASYR FARABY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Abu Nasyr Faraby akyldar alym hökmünde diňe bir Gündogarda däl, eýsem dünýä ýüzünde meşhurdyr. Ol 160 töweregi ylmy işleri durmuşa beren akyldardyr. Bu alymyň ylym dünýäsi özünden soňky nesiller tarapyndan öwrenildi we öwrenilýär. Farabynyň ylmy açyşlary dogrusynda saldamly kitaplaryň ýazylandygyna garamazdan, onuň terjimehaly dogrusynda düýpli maglumat ýok diýen ýalydyr. Munuň düýp sebäbi akyldaryň ýaşan zamanasy bilen şu günki nesliň arasynda ullakan taryhy döwrüň ýatanlygyndadyr hem bu beýik ynsanyň terjimehalyna degişli ygtybarly maglumatlaryň saklanyp galmandygyndandyr. Şeýle-de bolsa şahyryň doglan ýeri, senesi, bilim alşy barada käbir zatlary aýtmak bolýar. IX-X asyrlar edebiýatynyň iň meşhur alymlarynyň biri Abu Nasyr Farabydyr. Faraby hijriniň 256-njy ýylynda (miladynyň 870-nji ýyly) dünýä inip, 339-njy ýylyň (950-nji ýyl) Rejep aýynda dünýäden ötüpdir. Görşümiz ýaly, ol Görogly beg eýýamynyň başynda ýaşap geçipdir. Alymyň doly ady Abu Nasyr Muhammet ibn Muhammet ibn Tarhan ibn Uzlug Türki Farabydyr. Farabynyň doly adyny alymyň „Saz ylmy” atly eserini arap dilinden türkmen diline terjime eden Atamyrat Saryýew şeýle düşündirýär: „Abu Nasr onuň künýesidir we ol „Nasryň kakasy” diýmekligi aňladýar. Künýe adama hormat bilen ýüzlenilende ulanylýar. Ýöne bu künýe oňa many taýdan dakylan bolmagy we „Ylyma ýardam bermegiň atasy” manyda ulanylan bolmagy mümkin. Çünki Farabynyň öýlenendigi we Nasr atly oglunyň bolandygy barada çeşmeler habar bermeýär. Muhammet onuň öz adydyr. Ikinji Muhammet onuň kakasynyň adydyr. Oglunyň hem, kakasynyň hem Muhammet adynyň bolmagy olaryň ikisiniň hem musulman bolandygyny aňladýar. Tarhan akyldaryň atasynyň adydyr. „Tarhan” sözi goşun serkerdesi diýen manyda ulanylýar. ... Uzlug türki Farabynyň garry atasydyr. „Uzlug” sözi „oguzlyk” sözünden gelip çykýar we ol söz „oguz türkmenlerine degişli adam” diýmekligi aňladýar. ... Nisbe barada aýdylanda bolsa, onda bir şahsyň bir ýa-da birden köp nisbesi bolup biler. Akyldaryň „türki” nisbesi onuň haýsy millete degişlidigini, „Faraby” nisbesi bolsa onuň doglan ýerini aňladýar” . Şu wagtlara çenli Abu Nasyr Faraby Gazagystanyň günorta Gazagystan oblastynyň Şauldar etrabynda şol wagtky Otrar diýen ýerde eneden bolupdyr diýen maglumat ygtbarly görlüp gelindi. Alymyň doglan ýeri hakynda hem pikirler aýdyldy. Oňa laýyklykda Otraryň öz döwründe uly şäherleriň biri bolupdyr diýilýär. Ol ýerde ylmyň dürli ugurlaryndan bilim almaga mümkinçilik bolan uly kitaphana bolupdyr. Käbir alymlar bu kitaphanany öz bolşundan has uly edip, baý edip görkezmäge synanyşýarlar. Emma gadymy Aleksandiriýa, ýa bolmasa Mary Samarkant kitaphanalary bilen deňeşdirende Otrardaky kitaphana has kiçi bolupdyr. Farabynyň Täjigistanyň Farap welaýatynda doglandygy hakyndaky pikirler hem aýdyldy. Ýöne bularyň bary hakykatdan daşdy. Soňraky döwürde ylmy jemgyýetçilik Farabynyň Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap etrabynda doglandygy hakynda pikiri ygtybarly tapýar. Bu maglumaty ygtybarly hasaplamaga doly esas bar. Şu ýerde Faraby sözüniň Abu Nasryň nisbesidigini, ýagny onuň doglan ýerini aňladýan sözdügini aýratyn bellemek gerek. Gadymy Farap – Firabr şäheri barada taryhy çeşmelerde maglumatlar saklanyp galypdyr. Meşhur taryhçy alym ibn Hallykan „Wefeýat al-agýan we taryh enba ebna az-zaman” („Meşhur şahslaryň dünýäden öten seneleri we döwrüň ogullary barada habarlary berýän taryh”) atly kitabynda şeýle ýazýar: „Ol Firabr şäherinde dogulýar, ol ýerde ösüp ulalýar. Soňra Muhammet öz şäherinden çykyp, sapara rowan bolýar we Bagdada gelýär. Şol wagt ol türki dili we ondan başga birnäçe dili bilýärdi. Ýöne heniz ol arap dilini bilmeýärdi. Bu sebäpden ýetginjek arap dilini öwrenmäge girişýär we gysga döwrüň içinde bu dili kämil özleşdirýär. Ol arap dilini Abu Bekr ibn Sarrajyň elinde okaýar” . Firabr şäherini türkmen alymy Atamyrat Saryýew häzirki Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen şäher hasaplapdyr. Ol şeýle ýazýar: „Samganynyň tassyklamagyna görä, Firabr şäheri Jeýhunyň Buhara tarapyndaky kenarynda ýerleşen şäherdir. Ýakut Hamawynyň tassyklamagyna görä bolsa, Firabr Jeýhun bilen Buharanyň arasynda ýerleşen şäherdir we bu şäher bilen Jeýhunyň arasy bir parsahdyr (6 km.). Diýmek, Firabr şäheri häzirki Türkmenistanyň Farab etrap merkeziniň çäklerinde ýerleşen şäherdir” . Alymyň doglan ýeri bolan Farap häzirki Türkmenabat şäheriniň golaýynda derýanyň çep kenarynda ýerleşýär. Bellemeli ýeri ol Gadymy Amul şäherine juda golaýdyr. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýweiç Berdimuhamedowyň ýörite Karary esasynda 2010-njy ýylyň 10-12-nji martynda „Gündogar Türkmenistanyň mirasy orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda“ atly Halkara maslahat geçirildi. Şu maslahatda Faraby bilen baglanyşykly çykyşlar köp boldy. Türkmenistanly alym Atamyrat Saryýew „Faraply orta asyr alymlary“ atly ylmy nutugynda orta asyr çeşmelerine, hususanda, 1167-nji ýylda dünýäden öten merwli alym Abu Sagd Abdulkerim Samganynyň „al-Ansab“ („Nesil daragty“) atly uly göwrümli kitabyndan Farap etnonimi barada şeýle maglumaty getiripdir: „Faraby – bu nisbe Jeýhunyň Buhara tarapynda ýerleşen Farap şäherine degişliligi aňladýar. Men Mawerannahrdan yzyma gaýdyp gelýärkäm, bu şäherde birnäçe gün boldum“. Görşümiz ýaly, Faraby Amyderýanyň ýakasyndaky gadymy şäherdir. Şu geçen maslahatda orta asyrlarda Amulyň Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen ösen şäher bolandygy barasynda arap çeşmelerine salgylanyp ygtybarly maglumatlar aýdyldy. Hakykatdanam, Amul ösen şäher bolupdyr. Mäne Baba bu şähere iki gezek gelip kämillik mekdebini geçipdir diýilýär. Gündogar Türkemistanyň taryhy ýadygärlikleriniň dolup-joşup akýandygy üçin Jeýhun adyny alan Amyderýanyň boýunda ýerleşendigi sebäpli derýa kenaryndan daşan mahallary suwuň astynda galyp zaýalanypdyr. Şu taýda ýene bir hakykaty bellemek gerek. Faraby nisbesini göteren alymlar, başgaça aýtsak, Farapdan çykan alymdyr şahyrlar başga-da köpdür. Olar barada ýokarda görkezilen makalada hem Gözel Amangulyýewanyň „Türkmen alymy Gutlybuganyň „Terjimehallaryň täji“ atly eserinde emir kätip ibn Faraby“ atly çykyşynda degerli maglumatlar berlipdir. Görşümiz ýaly, ol ýeterlik bilim almak üçin ähli şertleriň bar sebitinde dünýä inipdir. Farap bir tarapyndan Amulyň goltugynda oturan bolsa, ikinji tarapdan Buhara şäherine-de juda golaý ýerleşýär. Ýene bir bellemeli tarapy ol gadymy ýüpek ýolunyň çatrygynda eneden bolupdyr. Faraby Bagdada barmazdan öň Reýde (Tähranda), Yspyhanda, Hemedanda bolupdyr. Edebiýatlaryň käbirinde Farabynyň Bagdada barmazdan öň Siriýada hem bolandygy aýdylýar. Abu Nasr Faraby dünýäniň köp dillerini bilýän eken. Aýratynam, akyldaryň Şamyň hökümdary Seýfeddöwle Hamdany bilen baglanyşykly gürrüňleri onuň 70-den hem köp dil bilýändigi hakyndaky rowaýaty dünýä meşhur etdi. Şol rowaýata görä, Seýfeddöwle Hamdany (hökümdarlyk eden ýyllary 916-967) bir gün alymlary, atly-mertebeli adamlary jemläpdir. Bu mejlise Faraby hem barypdyr. Bellemeli ýeri ol şol mejlise öz milli eşiginde, türkmen eşiginde barypdyr. Seýfeddöwle Farabyny hormatlap, öz ýanynda oturdypdyr. Adamlar emiriň Faraba beýle hormat goýmagyna haýran galypdyrlar. Seýfeddöwläniň özüniň ýörite janpenalary bar eken. Emir öz janpenalary bilen hemişe hiç kimiň diýen ýaly düşünmeýän dilinde gepleşer eken. Seýfeddöwle öz janpenalaryna şol köpleriň düşünmeýän dilinde: „Bu ussat köp zatlary bilýär. Men ondan käbir meseleler barada soramakçy” diýipdir. Bu sözi eşiden Abu Nasr Faraby olaryň geplän dilinde: „Eý, Emir! Siz tagapyl ediň! Her bir işiň öz wagty bardyr” diýipdir. Seýfeddöwle Farabynyň bu dili bilýändigine haýran galyp: „Eýse, Faraby bu dili hem bilýärmi?” diýip sorapdyr. Faraby: „Hawa, Siziň sadyk guluňyz ýetmişden gowrak dili bilýär” diýip, jogap beripdir. Abu Nasr Faraby, takmynan, ýüz altmyşa golaý ylmy iş ýazypdyr. Elbetde, bu ylmy işleriň hemmesi biziň döwrümize gelip ýetmändir. Farabynyň biziň döwrümize gelip ýeten ylmy işleriniň 31 sanysynyň akyldaryň arap dilinde ýazan kitaplarydygy aýdylýar . Farabynyň eserlerini dünýäniň iň uly, iň meşhur kitaphanalarynda görmek bolýar. Akyldaryň golýazmalary Berliniň, Bratislawanyň, Kairiň, Kalkuttanyň, Leýdeniň, Parižiň, Londonyň, Sankt-Peterburgyň, Stambulyň, Almatanyň, Tähranyň, Daşkendiň, Madridiň we beýleki şäherleriň kitaphanalarynda saklanylýar. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sankt-Peterburg bölüminde Farabynyň dört sany golýazma kitaby bar. Bu dört golýazmada Farabynyň on sany ylmy işi girizilipdir. Özbegistan Ylymlar akedemiýasynyň Gündogary öwreniş institutynda 2385 belgili bukjada „Akyldarlaryň ylmy işleriniň ýygyndysy” atly uly golýazmalar ýygyndysy bar. Bu ýygyndy 1667-nji ýylda düzülipdir. Ýygynda alnan eserler XV asyryň golýazmalaryndan alnypdyr. Bu golýazmalar ýygyndysynda Farabynyň 16 sany ylmy işi ýerleşdirilipdir. Abu Nasr Farabynyň mirasy uludyr we köptaraplydyr. Akyldar kitaplarynda syýasat, ahlak, mantyk (logika), älemşynaslyk (astranomiýa), fizika, matematika, saz, pelsepe we beýleki ylymlaryň meselelerini beýan edýär. Akyldar ilkinji kitaplaryny heniz ata Watanynda ýaşap ýörkä ýazýar. Olaryň arasynda samanly emiri Mansur bin Nuhuň haýyşy boýunça ýazylan „Taglym as-sany” („Ikinji tälim”) atly kitaby ýatlamak bolar. Bu kitap alymlar üçin pelsepe ylmyny özleşdirmekde gollanma bolupdyr. Alymyň köp sanly kitaplary Bagdatda, Şamda döredilipdir. Akyldaryň ylmy işleriniň agramly bölegi mantyga we pelsepä degişlidir. Mantyk we pelsepe bilen baglanyşykly çuňňur mazmunly köp sanly kitaplary alymyň musulman Gündogarynda şöhrat tapmagyna getiripdir. Onuň döwürdeşleri Farabynyň kämil ylmyny hormatlamak bilen oňa „Ikinji mugallym” ýagny „Aristotelden soň ikinji mugallym” diýip at beripdirler. Ýeri gelende ýatlap geçsek, Faraby Aristoteliň mantykdan ýazan işleriniň hemmesine diýen ýaly düşündiriş beripdir. Bu babatda Farabynyň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly beýan ediş ýoly bolupdyr. Ol arap alymlaryna mahsus bolan sinonimleri, gaýtalamalary köp ulanmak ýoly bilen gitmändir. Alym käbir ýagdaýda Aristoteliň öz stilini hem ulanypdyr. Ýöne beýik akyldar öz pikirlerini köplenç çekişme häsiýetde beýan etmegi halapdyr. Farabynyň ylmy işleriniň kyrka golaýy mantygyň, ýagny logikanyň meselelerine degişlidir. Faraby özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen IX-X asyrlar edebiýatynyň ylmy binýadyny mäkämden-mäkäm tutan alymlaryň biri hökmünde bellidir. Öňde hem belläp geçişimiz ýaly alym öz bilimini artdyrmak üçin dünýäniň köp şäherlerinde bolupdyr. Ol Eýranyň ençeme şäherlerinde Yspyhanda, Reýde, Damaskda bolýar. Ol Orta Aziýany aýlanyp çykýar. Faraby ömrüniň köp bölegini Bagdatda geçiripdir. Emma ömrüniň soňky ýyllarynda Bagdatda parahat durmuş bozulyp başlanýar. Yza galak pikirli ruhanylar, din hadymlary diniň bähbidini aran bolup, ylym adamlaryny yzarlap başlaýarlar. Şeýlelikde, Bagdatdan alymlar göçüp, gaçyp başlaýarlar. Faraby hem Siriýa gidýär we Damask şäheriniň çetinde ýaşapdyr. Faraby 80 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr. Öňde belleýşimiz ýaly Abu Nasyr Faraby Gündogar ylmynyň taryhynda özüniň aşa zehini, tebigy talanty bilen uly yz galdyrdy. Ol ylmyň ähli ugurlarynda öz pikirlerini aýdyp bildi. Ikinji mugallym diýen belent ada mynasyp boldy. Ylymda öz mekdebini döretmegi başardy. Abu Nasyr Faraby ömrüni tutuşlygyna ylma bagyşlapdyr. Ylym öwrenmäge bolan teşneligi alymyň kalbynda hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Alym ýurt söküp, şäher-şäher gezip bir ýerde dana, danyşment bar diýseler, şonuň ýanyna howlugypdyr. Ol dil öwrenmegi özüne baş maksat edip goýupdyr. Çünki ynsan näçe köp dil bildigiçe, onuň ylym dünýäsine aralaşmagyna mümkinçilik köp bolupdyr. Bu uly alym döwürdeş hem özünden öň, hatda gaty ir ýaşap geçen alymlaryň döredijiligini ilik-düwme öwrenipdir, olaryň işlerine teswirleme ýazypdyr. Ol gürrüňlerini, leksiýasyny diňlän halypalarynyň ýazgysyny irginsiz ýöredipdir. Ýörite alym tutunyp, ylmyň ol ýa-da beýleki görnüşinden sapak alypdyr. Şeýdibem Farabynyň ylym mekdebi kemala gelipdir. Ol ylymlary ýörite toparlara bölüpdir. Bu alymyň esasy hem ähmiýetli işleriniň biri bolýar. Şeýle-de, ol ylma maksatlaýyn çemeleşmegiň zerurlygyny nygtapdyr. Ylym öwrenmekde jynsyň, milletiň, dini ynanjyň rol oýnamaýandygyny belläpdir. Her bir adamda ylym öwrenmäge bolan ukybyň tebigy bolýandygyny düşündiripdir. Alymyň bu pikiri öz döwründe-de, biziň döwrümizde-de uly ähmiýete eýe. Farabynyň «Ylymlaryň klassifikasiýasy» hakynda işi. Abu Nasyr Faraby ylymlaryň ähmiýeti, zerurlygy, bölünişi dogrusynda düýpli pikir edipdir we ol «Ylymlaryň klassifikasiýasy» atly işini ýazypdyr. Alym bu işini 5 uly topara bölüpdir: Dil hakdaky ylym. (Ony hem akyldar ýedi bölüme bölýär); Logika we onuň bölümleri; Ýedi sany özbaşdak ylma bölünen matematika (arifmetika, geometriýa, optika, ýyldyzlar hakdaky ylym, saz hakdaky ylym, agramlyk hakdaky ylym); tebigy bilimler (fizika, onuň bölümleri) we metafizika; şäher dolandyryş hakdaky ylym ýa-da syýasy ylym, ýuridik ylym hem-de kelam. Ylymlary şu hili toparlara bölmegiň ähmiýetlidigini nygtap Faraby şeýle ýazypdyr: «...Eger-de adam şu ylymlaryň haýsydyr birini öwrenmek islese, onda ol nämeden başlamalydygyny, hususan, nämäni öwrenmeli, öwrenmek üçin näme peýdaly we näme peýdasyz we haýsy derejede çözüp biljekdigini biler. Şeýlelikde onuň ylma çemelişişi köre-körlük we nadanlyk esasynda bolman, eýsem bilim we paýhas esasynda bolar». Farabynyň pikirine görä ylymda esasan üç sany zat saklanmaly: Dogry tema, faktlar, subutnama. Alymyň bu pikiri biziň döwrümizde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Çünki ylmy iş edilende saýlanyp alnan temadan daşary çykmajak bolmaly. Ylym anyk maglumatlara daýanýar. Pikir anyk maglumatlar hakda dowam etdirilmeli we delilli subut edilmeli. Şeýle ýagdaýda ylymda netijeler gazanyp bolar. Faraby köre-körlük bilen ylma gelen adamlary, ulumsylyk, men-menlik edýän körzehinleri örän ýirgenipdir. Akyldaryň tebigy bilimleri düşündirişi. Abu Nasyr Faraby tebigy bilimler diýip fizika, matematika we onuň bölümlerine düşünýär. Ol dünýäniň jisimlerden durýandygyny öwrenipdir. Akyldaryň pikirine görä, tebigatyň ähli jisimlerine özboluşlylyk, belli bir häsiýet mahsus. Faraby olary öwrenmegi, olaryň häsiýetini tebigatyny ýüze çykarmagyň zerurdygyny nygtapdyr. Şeýle edilende adamlaryň durmuşy üçin onuň gowulaşmagy üçin peýdaly bolar diýipdir. Ol jisimleri iki topara bölüpdir: Tebigy jisimler we emeli jisimler. Ol emeli jisim diýip, adam eli bilen döredilen närselere düşünipdir: çüýşe, geýim-gejim, mata, aýakgap, öý goşlary, ýaraglar. Aý, Gün, Ýer, toprak, haýwanlar, ösümlikler dünýäsi tebigy jisimler hasaplapdyr. Bulary uly, kiçi, ýönekeý, çylşyrymly ýaly toparlara bölüpdir. Şunda Faraby ilki bilen sada, iň kiçi ýönekeý jisimi öwrenmegiň zerurdygyny belleýär. Çünki şeýle edilende ylym adamzat durmuşyny gowulandyrmaga ýakyndan ýardam eder. Umuman, Abu Nasyr Faraby her bir ylma zerurlyk hökmünde çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap oňa belli bir maksat esasynda ýapyşmalydygyny nygtaýar. Ylmyň adamzadyň durmuşyny ýagtylandyrmaga hyzmat etmelidigine ýüregi bilen ynanypdyr. Abu Nasyr Faraby saz sungaty bilenem gyzyklanypdyr. Ol «Sazyň uly kitaby» atly eserini ýazypdyr. Ol bu kitabynda sazyň teoriýasyny işläp düzýär. Hatda ol gypjak atly dutara meňzeş saz guralyny döredipdir we bu saz guralynda ussatlyk bilen heňleri ýerine ýetiripdir. Faraba döwürdeşleri ikinji mugallym diýer ekenler. Birinji mugallym bolsa Aristoteldir. Munuň özi Faraba berilýän uly bahadyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |