11:17 Abu Reýhan Biruny | |
ABU REÝHAN BIRUNY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Gündogaryň Beýik Oýanyş zamanynyň alymlarynyň iň görnükli alymlarynyň ýene biri Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Birunydyr. Ol 943-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Horezmiň gadymy Kät (soňra Şabbaz, häzirki Biruny) şäherinde dünýä inýär. Beýik akyldaryň çagalygy, ata-enesi hakda hiç hili maglumat ýok diýen ýaly. Biruny şu goşgy setirinde özüniň maşgala şejeresiniň taryhyny bilmeýändigini, atasyny, kakasyny tanamaýandygyny ýazypdyr: Walla, şejerämi bilemok ölsem, Atamam hem tanamok, dogrymdan gelsem, Ýeri ony nirden tanajakmyşym, Hut öz kakamy-da bilmeýän bolsam?! Döwrüniň örän dargtgynly ýagdaýy, yzy üzülmän dowam edýän uruşlary, parahat oturan taýpalaryň günleriniň bir syhly bulanyp durmagy Birunynyň ylmy-barlag işlerini birsydyrgyn alyp barmagyna mümkinçilik bermändir. Hökümdarlaryň häkimýet, ýurt hem baýlyk, şöhrat ugrundaky dyngysyz gandöküşikli çaknyşyklary, ylym adamlaryna parhsyz garap, olaryň zähmetlerine gadyr goýmazlyklary, olaryň käbiriniň, şol sanda Birunynyň sergezdançylykda ýaşamagynyň hem-de işlemeginiň düýp sebäbi bolupdyr. Beýik Birunynyň, Ibn Sinanyň, Ibn Yragyň, Farabynyň we beýleki akyldarlaryň sergezdançylyklarynyň esasy sebäplerini şu ýagdaýdan gözlense bolar. Bu kynçylyklar hakynda Biruny: « ... döwür kadalaşyp, apy-tupan ýatýança, ençeme ýyllap meniň üçin asudalyk bolmandy» diýip ýazypdyr. Biruny çagaka Horezm hökümdarlarynyň köşgüne düşüp, oňat bilim alypdyr. Biruny çagalykdan Ibn Yragyň elinde terbiýelenýär. Ibn Yrak Horezmiň hökümdary Abu Abdyllanyň doganoglany bolupdyr. Onuň esasy kespi ylym bolansoň, Birunyny hem öz ruhynda terbiýelemäge çalşypdyr. Biruny grek, arap, pars dillerini gowy bilipdir. Ol aýratynam tebigat bilimlerine, filosofiýa hem taryha köp üns beripdir. Biruny ulalan soň özbaşdak ylym ýoluna düşüp geografiýa, geodeziýa, matematika, taryh, etnografiýa, filosofiýa, filologiýa, astranomiýa, mineralogiýa, farmakalogiýa hem ylmyň beýleki pudaklaryna degişli ençeme işler, uly-uly açyşlar edipdir. Onuň dürli ylymlara degişli ýazan biçak köp sanly işlerinden 154 sanysy bellidir. Şolaryň üçden biri diýen ýaly bolsa, häzirki döwre gelip ýetipdir. Öňde belleýşimiz ýaly Biruny Horezmde dünýä inipdir. Ol wagtlar Horezm Gündogarda giňden mälim bolupdyr. Amyderýanyň aşak akymynyň kenarynda ýerleşip, onuň ilaty gadymy döwürlerden bäri oturymly ekrançylyk bilen meşgul bolupdyr. Ýurtda hünärmentçilik, senetçilik ösüpdir. Horezm gadymy ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, dünýäniň köp ýurtlary bilen söwda gatnaşyklaryny ýola goýýar. Bu ýerde ýasalýan ok-ýaýlary diňe örän güýçli adamlar çekip hem atyp bilýän eken. Ýurduň ykdysadyýetiniň ösmegi, söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy, medeniýetiň, ylmyň ösmegini talap edipdir. Biruny 995-nji ýylda 22 ýaşynyň içinde ýeriň globusyny ýasapdyr. Bu globus diňe bir Gündogarda däl, eýsem bütin dünýäde ilkinji Ýer globusy hasplanypdyr. Şondan soň Birunynyň alym hökmünde abraýy artyp başlapdyr. Ol Horezmşanyň gatnaşmagynda köşkde geçirilýän alymlaryň mejlislerine çagyrylyp ugrapdyr. Elbetde, alymyň ylymda gazanýan üstünlikleri oňa girizýän täzeliklerine gyýa göz bilen garaýan bahyllaram bolupdyr. Öňde belleýşimiz ýaly döwür gowgalydy. Şol wagt Amyderýanyň çep kenarynda, Gürgençde Buhara emiriniň dikmesi Mamun hökmürowanlyk sürüpdir. Ol Horezmiň üstüne çozup, onuň goşunlaryny derbi-dagyn edipdir. Horezmiň hökümdary Abu Abdullany öldüripdir. Şeýlelik-de Mamun özüni Horezmşa diýip yglan edýär. Ibn Yragyň öýi talanýar, kitaphanasy otlanýar. Birunynyň ýasan ajaýyp Ýer globusy hem kül-uşak edilip taşlanýar. Alymlar bu ýagdaýlardan soň ýurduny taşlap, gaçmaga mejbur bolupdyr. Biruny hem Reýe gaçypdyr. Şondan hem onuň ilkinji sergezdançylygy başlanýar. Biruny Reýde iki ýyla golaý wagt ýaşapdyr. Onuň güni agyr bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Birunynyň Reýde geçen ýyllary biderek geçmeýär. Ol bilimini artdyrýar, täze-täze açyşlar etmek üçin ylym öwrenýär. Ol 997-nji ýylda Mamun aradan çykyp, ogly Aly ibn Mamun patyşa bolandan soň ata Watanyna-Horezme dolanyp gelýär we Ibn Yragyň ýanynda bolýar. 998-nji ýylda Birunynyň ikinji sergezdançylygy başlanypdyr. Ýöne bu gezekki sergezdançylyk mejbury suratda däl-de, akyldaryň öz islege, ylmyň hatyrasy üçin ýüze çykypdyr. Ony Gürgeniň hökümdary Kobus soltan öz ýanyna çagyrypdyr. Bu çakylyk Birunynyň göwnünden turup, ony alym ugrundaky sergezdançylyga iteripdir. Biruny Gürgende köşk astrology bolup işe başlapdyr. Onuň daşyny alymlar, aýratynam edebiýatçylar gurşap alypdyr. Biruny atasynyň hem mugallymynyň ornuny tutan Abu Nasyr ibn Yrak Birunyny hem ýatdan çykarmandyr. Ol Reýde-de, Gürgendekä-de onuň bilen hat üsti bilen aragatnaşyk saklapdyr. Abu Reýhan Biruny «Geçen nesillerden galan ýadygärlikler» atly meşhur kitaby ýazypdyr. Ylmy edebiýatda bu kitap «Hronologiýa» diýlip atlandyrylýar. Kitapda Eýranda ýaşaýan halkyýetleriň taryhy, dinleri, däp-dessurlary, yrymlary, gylyk-häsiýetleri hakda gyzykly maglumatlar berlipdir. Bu akyldaryň düýpli işleriniň biridir. Kitaba Kabus hem uly baha beripdir. Kabus Biruna hemişe ýanynda bolmagy teklip edýär. Emma alym ony goldamaýar. Biruny alty ýyldan soň ata Watanyna dolanypdyr. Alym 1003-nji ýylyň ahyrlarynda hem 1004-nji ýylyň başlarynda sag-aman Gürgenje dolanyp gelipdir. Gürgenjiň häkimi Abulapbas öldürilen soň, Mahmyt Gaznawy Gürgenji basyp alýar. Şunlukda Birunynyň üçünji sergezdançylygy başlapdyr. Ol Gazna şäherine gitmeli bolupdyr. Birunynyň Gazna düşüşi hakda dürli pikirler bar. Olaryň içinde Mahmyt Gaznalynyň Gürgençdäki alymlaryň hemmesiniň Gazna eltilmegi barada perman bermegi diýlen pikir megerem, dogry bolsa gerek. Çünki, Gazna gidende özüniň ylmy arhiwini alyp barmak hem Biruna başardypdyr. Biruny ýaşlykdan poeziýa bilen hem gyzyklanypdyr, köp bolmasa-da, goşgy hem ýazypdyr. Mahmyt Gaznawy bilen Birunynyň gatnaşygy, olaryň arasynda ýüze çykýan çaknyşyklary görkezýän rowaýatlar bar. Bu rowaýatlarda Birunynyň pähim-paýhasyny, danalygyny aýdyň görmek bolýar. Biruny 1025-1030-njy ýyllarda aýratyn hem öndümli işläpdir. Şu döwürde akyldar ululy-kiçili kitaplaryň ýedisini ýazypdyr. «Geodeziýadan» soň ýazan kitabyna Biruny başgaça «Hordalar» diýip at beripdir. 1030-njy ýylda Biruny «Ýyldyzlar hakynda ylym» diýen meşhur kitabyny ýazyp gutarypdyr. Kitabyň adyna seretseň, ol astralogiýa degişli bolmaly. Ýöne astralogiýa kitabyň diňe bir bölejigini tutýar. Alymyň bu kitaby aýal maşgala bagyşlanypdyr. Şonuň üçin kitap döwürdeşleriniňem, soňky döwürleriň alymlaryny hem geň galdyrypdyr. Mälim bolşy ýaly, Birunynyň aýalam, çagasam bolmandyr. Şonuň üçin ol öz galamyndan çykan ylmy işlerini hem beýleki eserlerini öz perzendi hasap edipdir. Bu hakda onuň tolgundyryjy setirleri bar. Ol: «Meniň ähli kitabym-meniň perzentlerimdir, adamlaryň köpsi bolsa öz perzentlerini we şygyrlaryny ölemen söýýändir» diýip ýazypdyr. Biruny tebigat bilimleri hakynda. Abu Reýhan Biruny kitaby öwrenmäge örän köp üns beren adam. Tebigat hadysalaryna, onuň garaşsyz hem-de özbaşdak ýaşamak häsiýetine düşünmek Biruna başardypdyr. Birunynyň tebigaty öwrenýän beýleki alymlardan tapawudy onuň ylmy gözegçiliklerinden aňly filosofik netijeleri çykaryp bilenligidir. Mysal üçin, Biruny ýylyň pasyllarynyň hem döwürleriniň häsiýetlerini hem-de aýratynlyklaryny görkezende, onuň filosofik garaýyşlary hem-de netijeleri has aýdyň görünýär. Ol «tebigat hemme zatdan güýçli» diýýän alymlaryň tarapynda durupdyr. Abu Reýhan «tebigatda onuň özüne mahsus bolan tebigy güýç» bar diýipdir. Şol güýç netijesinde tebigatda üýtgeşmeleriň ýagdaýy dyngysyz, birsyhly hereket edip dur, käbir zatlar ýok bolýar, käbirleri bolsa peýda bolýar. Alymyň pikirine görä bularyň hemmesiniň hamyrmaýasy bolsa materiýadyr. Şunuň bilen birlikde materiýa, tebigat obýektiw halda ýaşaýarlar, olar hiç hili daşary güýje bagly däl». Biruny dünýä boşlukdan, howadan, suwdan hem toprakdan ybaratdyr diýip düşünipdir. Ody bolsa materiýanyň alamaty hasaplapdyr. Beýik akyldar ösümlik dünýäsi bilenem içgin gyzyklanypdyr. Olaryň arasynda hem tebigy göreşiň gidýändigini, şonda sagdynlaryň we güýçlileriň ýeňýändigini hem ýaşamagyny dowam etdirýändigini nygtapdyr. Biruny Gün, onuň beýikligini ölçemek, deňlemesini öwrenmek meselelerine hem köp üns beripdir. Akyldar «Gün deňlemesi hakynda» diýen at bilen traktak hem ýazypdyr. Alym Ýeriň şara meňzeşdigi ýa-da Günüň däl-de eýsem Ýeriň onuň töwereginde aýlanýandygy hakyndaky pikirleri goldapdyr. Alymyň «Mineralogiýa» kitaby. Biruny minerallar, reňkli, gymmatbaha metallar hakda iki bölümden durýan «Mineralogiýa» kitabyny ýazypdyr. Onuň birinji bölüminde minerallar, ikinji bölüminde bolsa metallar hakda pikir ýöredilýär. Kitabyň birinji böleginde 36 bap bar. Şolaryň hersi «jöwher» diýlip atlandyrylan gymmatbaha daşlaryň birine bagyşlanypdyr. Kitabyň ikinji böleginde Biruny simap, mis, kümüş, altyn, demir, gurşun hem galaýy ýaly metallar, gymmatbaha zatlar hakynda ýazypdyr. Biruny minerallary gatylygy, reňki, tagamy, udel agramy boýunça toparlara bölüpdir. Ol köp minerallaryň we metallaryň udel agramyny dünýäde ilkinji gezek şeýle bir anyk, dogry kesgitläpdir welin, olar häzirki zaman alymlaryny hem geň galdyrýar. Bu ugurda ýörite tablisa (jedwel) düzüpdir. «Minerologiýa» kitabynda ýakut daşlaryna, düre hem altyna has köp üns berlipdir. Minerallaryň reňki, öwüşginliligi, olaryň gowy taraplary hem kemçilikleri, ýatan ýerleri, derman hökmündäki alamatlary, bahalary alymy örän gyzyklandyrypdyr. Biruny aýry-aýry gymmatbaha daşlar hakda diýseň gyzykly maglumatlar berýär. Biruny Orta Aziýanyň territoriýasynda haýsy minerallaryň hem gazylyp alynýan magdanlaryň bardygy, olary nähili ýol bilen almalydygy hakynda gymmatly maglumatlary ýazyp galdyrypdyr. Orta Aziýada nebitiň, altynyň, kümşüň, misiň, demriň, simabyň we beýleki minerallaryň bardygyny heniz şol döwürlerde aýdypdyr. Eger ylym Orta Aziýada şol ösüşinde dowam eden bolsa, Aziýa yklymynyň ylmynyň Ýewropadan gaty öňde gitjekdigini çaklamak mümkin. Umuman, akyldaryň bu işi maglumatlaryň baýlygy, anyklygy hem-de özbaşdaklygy bilen haýran galdyrýar. Birunynyň «Geodeziýa» kitaby. «Geodeziýa» Birunynyň döreden iň saldamly ylmy işleriniň biridir. Onsoňam «Geodeziýada» türkmen topragyna degişli maglumatlar hem köp. «Geodeziýanyň» doly ady «Ilatly punktlaryň arasyndaky aralygy takyklamak üçin ýerleriň serhedini kesgitlemek» bolup durýar. Biruny bu kitabynda ylym, onuň ähmiýeti, şeýle hem onuň duşmanlary hakda ýazypdyr. Alym bu işinde geometriýa, arifmetika, medisina, logika, saz, geografiýa, taryh hakda giňden söz açypdyr. Kitap alymyň Gaznada ýaşan ilkinji agyr ýyllarynda ýazylyp başlanypdyr. Şonuň üçin onda köşkdäki ýaramazçylyklar, adalatsyzlyklar baradaky habarlar hem ýerleşdirilipdir. Biruny «Geodeziýada» il-halkyň hem-de döwletiň aladasyny etmeýän, betpäl adamlary berk ýazgarypdyr. Bu kitapda akyldar ylym, alym nähili bolmaly diýen sowallara jogap beripdir. Biruny ylym bilen örän ukyply, ony ömrüniň bütin manysy hasaplaýan gerçekler meşgul bolmalydyr diýen pikiri orta atypdyr. Kitapda Biruny din meselesi barada hem söhbet edipdir. Ol wagty ölçemek, aralygy hem beýikligi kesgitlemek meselelerine hem ýeterlik üns beripdir. «Geodeziýada» alym tebigat hakyndaky hem geografiýa bilen baglanyşykly meselelere üns beripdir. Bu babatda biziň döwrümizde hem gymmatly hasaplanýan dana pikirlerini, gyzykly maglumatlaryny goýup gidipdir. Abu Reýhanyň «Geodeziýasynyň» geologiýa ylmyny ösdürmekde uly ähmiýetiniň bardygyny köpler belläpdir «Hindistan» kitaby. Abu Reýhan Biruna uly şan-şöhrat getiren düýpli ylmy işleriniň biri «Hindilere degişli, paýhas tarapyndan kabul edilýän ýa-da inkär edilýän taglymatlaryň düşündirilişi ýerleşdirilen kitap» diýen eseridir. Alymlar bu kitaby «Hindistanyň taryhy» ýa-da ýöne «Hindistan» diýip atlandyrýarlar. «Hindistan» kitabynyň oňat taraplarynyň biri onda alym gadymy grek we gadymy hindi medenýetlerini deňeşdirýär. Olaryň umumylyklaryny we aýratynlyklaryny derňeýär. Birunynyň her bir medeniýetde oňat zatlary görüp bilendigi, medenýetiň düýbiniň diňe greklerde däldigini, onuň her bir halkda bardygyny, olaryň gymmatly taraplaryny, umumylyklaryny we aýratynlyklaryny, güýçli hem gowşak taraplaryny seljerip bilendigidir. Bu pikir alymyň ýaşan döwründe juda ähmiýetlidi. Sebäbi grekler ähli alymyň başynda duran hasaplanýardy. Ol hem basybalyjy Alkesnadr Rumynyň ýörişleri bilen baglanyşyklydy. Aleksandr Rumynyň Gündogary gana boýaýşy, medeniýeti ýakyp-ýandyryşy, ähli oňat zatlary öz watanyna ugradyşy hakynda maglumatlar bar. Şonuň üçin Birunynyň bu baradaky pikirleri örän gymmatlydyr. Biruny «Hindistan» kitabynda-da matematika hem astranomiýa ylymlaryna köpräk üns beripdir. Ol ensiklopedik pikirli alym bolansoň, ony diňe bir hindileriň matematikasy, astranomiýasy gyzyklandyrman, eýsem olaryň filosofiýalary hem, oý-pikirleri, ruhy dünýäleri hem gyzyklandyrypdyr. Abu Reýhan «Hindistan» kitabyny hindileriň filosofiýasy hem dinleri barada gürrüň bermekden başlapdyr. Alym hindileriň hudaýa düşünişleri, oňa göz ýetirişleri hakda öz pikirlerini şeýle beýan edipdir: «Hindiler ýeke-täk, baky başlangyja hem ahyry bolmadyk, islän zadyny edip bilýän, hemmelerden güýçli, akylly, özi diri we hemmelere durmuş berýän hudaýa ynanýarlar, onuň hemmelere erki ýetýär hem hemme zady gorap saklaýar; ol öz patyşalygynda ýeke, onuň deňi-taýy ýok; ol hiç zada meňzeş däl, hiç zat hem oňa meňzänok». Biruny hindileriň däp-dessurlarynyň köpüsiniň arap Orta Aziýa halklarynyňka gabat gelmeýändigini, käbiriniň bolsa tüýs gapma-garşylykdadygyny görkezip bilipdir. Mysal üçin, hindiler howa örän yssy bolansoň, kelleden gün geçmezligi üçin saçlaryny syrmaýarlar. Olar dyrnaklaryny ösgün ýagdaýda saklapdyrlar. Çakyry aç garynlaryna içip, soňra naharlanýarlar. Sygyr etini iýmeýärler (ony keramat hasap edýärler). Hindileriň erkekleriniň hem aýallar ýaly kosmetik serişdelerini ulanýandygyny Biruny synlapdyr. Olar gulakhalka, bilezik, altyn ýüzükleri dakynýarlar. Olar ýuwunmagy aýaklaryndan başlaýarlar, soňra bolsa ýüzlerini ýuwýar ekenler. Kitap 80 bapdan ýa-da bölümden ybarat. Munda alymyň örän köp meseläni gozgaýandygyny bellemelidir. Birunynyň adamzat taryhynyň bütin dowamynda iň beýik alymlaryň biri hökmünde görülmegine «Hindistan» kitabynyň örän uly ähmiýeti bolupdyr. Birunynyň ylmy mirasyndan häzirki zaman ylmynyň ruhy duýulýar. Ol özünden soňky döwrüň Gündogar we Günbatar alymlaryna uly täsir edipdir. Akyldar adamy beýleki haýwanlardan tapawutlandyrýan zat paýhasydyr diýip «Geodeziýasynda» ýazypdyr. Birunynyň ylymda bitiren hyzmatlary ummasyzdyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |