04:49 Açlyk ýyly / hekaýa | |
AÇLYK ÝYLY
Hekaýalar
Içi «eljuk» diýip duran Mawyş guşlukdan günortana çenli haýata çykyp, şu gün ir bilen goňşy obadaky daýzalarynyňka iýer ýaly zat soramaga giden uýasy Miwäniň ýoluna dynman garady. Halys surnugyp baransoň haýaty pesräk görüp işiklerindäki ýylgyn kepbäniň üstüne çykybam seretdi. Onda-da Miwe görünmedi. Şondan soň ol «jugur-r-jugur» edip awap duran içini eli bilen tutup, obaň ortarasyndaky depäň üstüne çykdy. Kirlije köýnegini şemala galgadyp durşuna indi Miwäniň bu gün gelmejegine, gelse-de boş geljekdigine ymykly göz ýetirdi. Bir döwüm nan üçin oba söküp giden naçar doganjygyna nebsi agyrdy. Özüniňem oňa hossar bolup biljekdigini subut edesi, eger Miwe ýene-de düýnki ýaly surnugyp, eli boşja geläýse, ýürekselik bir zatjagaz tapyp goýasy geldi. Birdenem şu günüň bazar günüdigi güpbe ýadyna düşdi-de, ýandakly käliň içi bilen obalaryndan onçakly uzak bolmadyk şähere, bazara tarap ýola duşdi. Bazar diýib-ä bir agyz dolduryp aýdarlyk bazaram ýok welin, şonda-da näme, ilçilik-dä, garaz, satýanam, alýanam ýok däl, Mawyşa bolsa bary-ýogy bir döwüm çörek gerek. Başga hiç zat gerek däl. Onuňam azajygyn-a özi iýer, galanynam doganjygy Miwä eltip berer. Mawyş birbada näme etjegini bilmän, bazaryň bir çetinde gözjagazlaryny tegeläp esli durdy. Haýatyň ýüzündäki «Hemme zat front uçin!», «Hemme ýeňiş üçin!», «Ýok bolsun faşizm!», «Gitlere ölum!» diýen ýazgylary üzlem-saplam zordan okady. Onsoň bir topar ýüzi agyr, aladaly adamlaryň arasyndan suwulypjyk geçdi-de, çaýhananyň agzyndan garady. «Bir döwümjik nany dagy galdyraýmadylarmyka?» diýip, boýunjygyny süýndüre-suýndüre seretdi. Dogrusy, çaýhananyň içinde çepbe çeýneşip çörek iýip oturan adamam ýokdy. Iki-ýeke çaýyň ýany bilen tamşanyp oturanlaryňam bary edil dilleşen ýaly iki brmak ýalyjak nanlarynyň ýarysyny iýip, galanynam ýa-ha guşaklaryna gysdyryp gidýärdiler, ýa-da ýaglyga dolap, usullyk bilen horjunlarynyň gözüne atýardylar. Mawyş birki gezek owsuna-owsuna çaýhanadan çykyp barýanlardan nan dilejek bolubam synandy, Emma bolmady. Başarmady. Agzyny açsa-da, içinden sesi çykmady. Bir-ä şonda-da düşündi, «Maňa-da seň ýalyň üçüsi garaşyp otyr, şolara-da zat tapman boş barýan» diýip, goltugyna gysylgy boş horjuny görkezdi. Mawyşyň başy aýlanyp, gözleriniň öňi garaňkyrap başlady. Ýüregi bulandy. Bir çete çykyp ögedi. Şondan soň «ýykylmankam öýe bir baraýyn» diýdi-de, haýatyň sag burçundaky, üstünden o ýan-bu ýan bökülip-bökülip sürçegi çykan, daraw-daraw gädikden bökmäge hyýallandy. Bökmeg-ä däl, asyl aslyşybam geçibilmedi. Ol haýatdan ýapyşyp diýen ýaly mähellesi azalan bazaryň içine tarap ýaňadandan ugrady. Ýüregini bire baglap, kynlyk bilen ondan-mundan nan sorady. Bir garry aýal: «Nanyň ady ýitendir, oglum» diýensoň «ýüzüniň bir gat hamyny sypyryp» pul sorady. Ýaňky aýal ikinji gezek ýok diýmäge utanyp «Wah, jan, guzym-eý...» diýdi-de, önküsindenem beter bükülip daşlaşmak bilen boldy. Asyl ýeke Mawyş däl, hemmelerem şu ýere nan gözläp gelýän ekenler. Hemmäniň berýän jogabam birdi, edýän gürrüňlerem. «Basym uruş gutarar», «Basym çörek bolar», «Azajyk gaýrat ediň». Mawyşyň halys elewräp ýörenini görüp gijigen bazarçylaryň bir-ä: «Menem şujagazymy nana ýa bugdaýa çalyşjak bolup gelipdim welin, nädeýin, bazarda-da zat ýok ekeni» diýip, uly adam bilen gürleşýän ýaly elindäki düwünçegini görkezdi. Içinde näme baryny Hudaý bilsin. Halys paltasy daşa degen oglan şondan soň ömur etmejek işini küýüne getirdi. Heniz aw öwrenmedik bürgüt çagasy ýaly oňaýsyzlyk bilen iki ýana hekgerdi. Zoraýakdan ekezlendi. Şol wagtam onuň gözi bazaryň içinden geçip barýan köneräk silkme telpekli, tüýs türkmen biçüw gara balakly bir ýaşula düşdi. Onuň güberip duran jübüsiniň içindäki zat gözüne nan bolup göründi. Ýaňky ýaşuly mal bazaryň deňinden geçiberendirem weli, Mawyş töwerekde hiç kimiň ýoklugyndan peýdalanyp, sen-men ýok, ylgap baraga-da çep eli bilen balagyň sallanyp duran agzyndan penjeledi. Gözüni ýumup sag elini jubä sokdy. Ýöne welin jübiň içinde penjesini şunça ýüzdürse-de düýbüne elini ýetirip bilmedi. Tirsegine çenli soksa-da ýetmedi. Ol güberip duranam ýaglykmy, nämemi, bir ýumşak zat ekeni. Ýaşuly emaý bilen Mawyşyň goşaryndan tutdy-da, şol durşuna howlukman bazaryň çetine çykardy. Sag golunyň ýarysy jübüde ýantaklap barşyna Mawyş çep eli bilen ýüzüni tutup içigip-içigip aglamaga başlady. Ýaşuly sägindi-de, oglanyň elini jübüsinden sogurdy. — Boşdur, oglum, bi. — Ol şeý diýdi-de, aşak oturdy. Hasam mylaýym, mähriban ata deý ýürekden gepledi. — Seň bu bolşuň ogurlyk etjegedem-ä meňzänok. Hany, aýt, oglum, göreýin. Saňa pul gerek boldumy ýa garynjygyň açmy? Mawyş şol içigip durşuna birdenkä zarp bilen: — A-a-aç! — diýip, sogduryp goýberdi. Ýaşuly aşak bakyp oňaýsyzlyk bilen ardynjyrady-da, başyny ýerden götermän telpegini duzedişdirdi. Damagy dolup esli mahal sözlebilmän oturdy. Horjundan iki burum kak çykardy. — Al, oglum, ýüregiňi tutar. Al, iýäý! Ýöne hergiz, her näçe ajyksaňam ýaňky ýaly iş etme-de, göni gelip aýdaýgyn. Baryndan biýrler. Mawyşyn ilk-ä bir: «Berenoklar-a-a!» diýip ulili bilen möňňüresi, ýaşulynyň öňünde mazaly içini egsesi, arzy-halyny aýdasy, özüniň ölse-de ogurlyk etmejegini, hatda goňşularyndan dilemäge hem utanyp şu ýere gaýdanyny, ýöne Miwe ikisi bu gije-de öten agşamky ýaly aç ýatmaly bolsalar gaty kyn boljagyny tüýs ýürekden, janygyplap düşündiresi geldi. Has beterem onuň özi üçin däl-de, jigisini horlamajak bolup, ser-sepil bolup ýören uýasy Miwe üçin şu günlere düşüp ýörendigini aýdasy geldi. Ýöne namys etdi. Aýdybilmedi. Ýaşuly bu çaganyň şundan soňam kaka agyz urman duranyny geň görüp: — Iýiber, oglum, çekinme! — diýende welin, Mawyş saklanybilmedi. Içi, bagry tutäp barýan ýaly jynssyz gygyrdy: — Men dä-ä-äl! Maňa gerek-gä-ä! Doganym ajykýa, doganym-m! Gyz doganjygym... Ýaşulynyň sakgaly sandyrady. Ýeke bir sakgaly däl, elem, dyzam, asyl bütin göwresi durşy býlen saňňylda öwrüldi. Ol Mawyşdan «Kakaň barmy?» diýip sorady. Mawyş tisgine-tisgine zordan: «U-uruşda» diýdi. «Ejeň bir barmy?» diýen sowalýa bolsa, jogabam bermän: «Ejem bolsa şeýdip ýörjekmi» diýýän manyda öňküsindenem beter içikmäne durdy. Ýaşuly horjunyna täzeden elini sokdy-da, dört barmak ýaly nany çykaryp «hiýk-hiýk» edip duran çaganyň eline tutdurdy. — Al, oglum. Menem-ä bir özuň ýala alyp barýadym welin, bolýa-da, siziň derdiňiz meňkiden agyrrak ekeni. Sizi ajykdyrýan, aljyradýan zat çöreksizligem däldir-de, şol ata bilen ene mähriniň açlygydyr. Al, oglum! Al, bar-da, doganjygyň bilen iý. Bu günlerem geçer gider. Ine, basym uruşam gutarar welin, onsoň kakaňam gaýdyp geler. «Bir turkmen oglan nemisler bilen gaty zor uruşýamyşyn» diýip, arada biriniň gürrüňini etdiler welin, şo seň kakaňdyr. Bar, köşek, Alla kuwwat bersin. Göwrümini giňräk tut. Şü siziň oýnap ýörkäňiz el ýaly nany haýatyň üstünde ýatdan çykaryp gideniňizem bir görsem... Onsoň ölsemem armanym ýok. Şol demde Mawyşyň iki günden bäri aç garynjygy doýdy duruberdi. Şol iki agyz ýyly söz hakykatdanam, aç çagany doýuraýdy. Çaltrak öýe baryp, öz kakasynyň nähili zor uruşýandygy hakynda şäher adamlarynyň şu gün günuzyn gürrüň edendiklerini Miwä buşlamak üçin, Mawyş assa-ýuwaşlyk bilen gojadan arany açdy. «Kakamy ýeriň ýüzünde tanamaýan ýok ekeni. Ýaňy bazarda bir adam hemmäni daşyna üýşürip: «Adamlar! Ymamgulydan ýaňa nemislere gün ýokmuş. Bu gidişine gitse ol aňrujy dogar aýyň bäşine çenli duşmany gyrgyna berip gutarar. Siz ýene-de azajyk gaýrat ediň, adamlar! Ine, şu duran oglanam şonuň ogly diýdi» diýip, ol Miwä aýtjak sözlerine çenli aňynda jemläp başlady. Şäherden çykan ýeriňde entek käle düşmänkäň iki-üç sany ýykyk-ýumruk köne harabaçylyk bardy. Şonuň deňinden geçiberende Mawyşyň gulagyna bir hili ysgynsyz iňňildi eşidilen ýaly boldy. Şol tarapa seredende bolsa, harabanyn kölegesinde bir gyzyl köýnekli gyzjagazyň arkasyny tama berip, iki eljagazyny emaý bilen jüpläpjik etegine goýup, ýalanaç aýajyklaryny uzadyp, gyşarypjyk oturanyny gördi. Gyzjagazyň ýüzi-peti göm-gökdi. Gözjagazlary bolsa şol bir durşuna aşak bakyp, üýtgewsiz suratda süzülip durdy. Hiç hili hereket ýok. Bir hereket edýän ýeri, o-da bolsa öýläniň şemalyna dynuwsyzlyk bilen ykjap duran garaja gulpaklary. Jigisi bor-a çemeli, ýaňy bir aýak biten oglanjygam gyzjagazyň ýyrtyk köýneginden çykyp duran dyzyna bagryny berip, tükgerip ýer dyrmap ýatyr. Käte-de bir iniňi üýşendiriji ysgynsyz sesjagazy bilen çalaja iňläp goýberýär. Gumak ýere ýüzüni oýkap-oýkap tutuşlygyna kirşene bulanan çaga, ýanyna kimdir biriniň gelenini duýdy-da: «Çöçje-e» diýip ýüzüni ýerden göteribilmän çalaja iňledi. Çalaja gymyldady. Mawyş «Bu ikijigem dogandyr» diýip içini gepletdi. Olaryň daşynda «wag» berýän burny ýaşyl, ullakan gara siňekleri eli bilen kowuşdyrdy-da, öz açlygyny, Miwäniňem özüne garaşyp oturanyny bütinleý ýadyndan çykaryp, hälki ýaşulynyň beren bir döwüm nany bilen iki burum kakynyň hersini birine uzatdy. — Al, jigi, al! Me, al! Al, çöçje bereýin! Mawyş şeýle diýip oglanjygy çalaja yralady. Oglanjyk şondan soň kelteräk iňledi-de, erbet bir düýrükdi. Aşak bakyp ýatanam bolsa onuň gözleriniň birdenkä ýakymsyz peträp gidenini, Mawyş çalarak gördi. Şonda Mawyşyň ýüreginiň ýüzünden pişik dyrnaçaklan ýaly daraw-daraw bolup gan akdy. Dişlerini şakyrdadyp gyzjagaza ýüzlendi. — Gyýw, gyz! Al, çörek bereýin! Al! Al, ine, jigiňe-de iýdir, özüňem iý! Al! Me! Al ahyry! — Mawyş çalarak egildi-de, eli bilen gyzyň somalyp duranja çignine dürtüp goýberdi. — Gyýw, gyz! Al ahyryn! Gyzjagaz bolsa «hä» bermäniň deregine şol durşuna el-el, aýak-aýak, san gaty bolup agdy-da, germesatan boldy ýatyberdi. Edil oturyşy-oturyşy ýaly. Ýöne ýanyn ýatyr. Ol ýykylanda onuň dyzyny ýassanyp ýatan oglanjygam bir tarapa togalanyp gitdi. Ýöne ses-seda çykmady. Gymyldamadam. Olaryň bu perişan sypatlaryny görüp, dokuz ýaşly Mawyş bir pursatyň içinde togsan ýaşly goja döndi. Gyssanjyna hersiniň ýanyna bir baryp kyn pursatda aýdylýan sözleri edil ululardan eşidişi ýaly edil gaýtalamaga durdy. — Turuň, jigiler, turuň! Beýdip ýatmaň! Alyň, iýiň, nan iýiň! Alyň. Bu zatlaryň bary wagtlaýynçadyr. Uruş howany zaýalapdyr-da ekinem şondan bitmändir. Uruş ýatdygy ýagyş ýagjakmyş Onsoň baý galla biter-ä. Alyň, entek şujagazy bir iýiň! Basym uruşam gutarýa. Çyn şü. Ýöne gaýrat ediň. Bu zatlaram geçer gider, işalla kakaňyzam geler. Bar dälmi kakaňyz? A ejeňiz barmy?.. — Aljyran çaga birden aglap goýberdi. — Turuň-a-a!!! Olaryň turmažagyna gözi ýetenden soň bolsa, elindäki nan bilen kaky emaý bilen gyzjagazyň etegine oklady-da, aldyrany bar ýaly bolup yzyna ylgady. Bazaryň içine dazlap girdi-de, dört ýana delmuryp arzyny aýdara adam gözledi. Şol wagtam çolaran bazaryň içindäki dükanyň kölegesinde hälki nan beren ýaşulynyň özi ýaly bir aksakgal bilen gürleşip oturanyny gördi. Eýýäm ony özüne hossar tutunan çaga başga adam gözlejegem bolmady-da, göni şonuň ýanyna atylyp bardy. Munuň dazanaklap gelşinden tüýi eýmenen ýaşuly bu heniz baryp togtamanka ellerini ýere diräp ýerinden galdy. «Hä, näme boldy, oglum?» diýip aşaky äňini titretdi. Mawyş aýtjak sözlerini doly aýdybam bilmedi-de ýene: «Ho taýda, ho taýda...» diýip horkuldap durdy. Tisginip-tisginip sojady. Ýaşuly bolsa: «Hä, näme bar o taýda? Ýa çörejigiňi aldylarmy eliňden? — diýip sorady. — Hany görkez, nirede?» Oňa çenli beýleki aksakgalam ýerinden turdy-da: «Ýör baryp göräýeli-le gaty daş bolmasa. Çaga bir zatdan gorkana meszeýän ýaly» diýdi. Mawyş olary hälki harabanyň gapdalyna getirdi-de, eli bilen ýatan çagalary görkezip, öňküdenem beter ulili bilen aglamaga başlady. Şol aralykda ol hysyrdanyp ýören ýaşulynyň: «Wah, ikijigem ölaýen ekeni — diýip hamsyganyny, ýanyndaky aksakgala ýüzlenip: — Ussa aga, ho-ol, eşekli barýany bäri çagyrsana. Äkideli bulary. Häk, görgüsi ýaman çagalar...» diýenini çalaja eşitdi. Çagalary jüpläpjik ýatyraga-da üstüne donuny ýapansoň öz ýanyna gelip: «Bar, balam, sen indi öýüňize gaýdyber — diýeninem eşitdi. Ýaşulynyň hälki nan bilen kaky ýerden galdyryp: — Al, guzym, bulary öýüňize barypjyk iýersiň» diýenini welin eşitmedem, görmedem. Ol ýeri-gögi saýgarman, basara ýer hem peýlemän oba tarap entirekläp ugrady. Şol barşyna ol özüniň ýalaňaç injiklerine degýän ýandaklaryň yzasynam, dyrnap-dyrnap gidýän itgyzganlaryň, demirtikenleriň awusynam, syh ýaly gara çönürleriň dabanynyň aşagynda şarta-şarta döwülişinem, käbiriniň bolsa pyçak urulan ýaly bolup aýajyklarynyň aşagyna sanjylyşynam duýmady. Öýe nähili ýagdaýda geleninem, nädip ýatanynam bilenok. Şondan soň ol dört günläp ýerinden galybilmän ögäp ýatdy. Gepläbem bilmedi. Miwäniň özüne uzadan çöregine-de telim günläp agyz urup bilmedi. Ýöne Miwäniň sag-aman öýden girip-çykyp ýörenini görensoň welin birneme ynjaldy. Goňşy-golamlaryň häli-şindi gelip habar tutup durmalary bolsa Mawyşa-da, Miwä-de, ikisine-de ullakan goltgy boldy. Kim bir käse gatyk getirip berdi, kim bir okarajyk ýarma getirdi, garaz, gözden salmadylar. Daýzasam gelip, iki gije dagy ýatyp, Mawyş gowy sagalansoň gitdi. Kem-kemden ol has gowulaşdy. Şondan soň bir ýyl geçip-geçmänkä uruşam gutardy. Dört ýyllap uly iliň daşyna gala bolan gerçekler gelip, öz mähriban ojaklarynyň gyzgyn közüne ellerini çoýdular. Köp-köp kakalar bilen birlikde Mawyşyňam kakasy sag-salamat gaýdyp geldi. Şol ýaşulynyň aýdyşy ýaly horluk assa-ýuwaş uly iliň başyndan ymykly sowuldy. Bolçulyga-da ýetdiler. Parahat ýyllar, rahat günler yzly-yzyna aýlanyp Miwe bilen Mawyşyň hersini bir öýüň eýesi etdi. Jebir baryny görkezen açlykly ýyllar aýylganç düýş ýaly bolup allowarralarda galdy. Ýatlamalar könelişdi. Ýöne şo-ol açlygyndan gatap galan gyzjagaz bilen iň soňky demine çenli «çöçje» diýip guma bulaşyp ýatan oglanjygyň gözgyny keşbi welin, Mawyşyň ýüreginde ömürlik tagma bolup galdy. Şol ikisiniň bolup ýatyşy onuň göz öňünden soň-soňlaram gitmedi. Heniz-henizlerem gidenok. Gitmezem. Juma HUDAÝGULY. | |
|
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |