19:11 Açyk hat!.. | |
AÇYK HAT!..
Publisistika
Şu gün wagty yza sarap, 1999-njy ýylyñ 17-nji awgustyndaky Uly Marmara ýer titremesinden soñ şol wagtyñ premýer-ministri merhum Bülent Ejewite ýazan açyk hatymy bilelikde okalyñ. * * * "Hormatly Bülent Ejewit! "Asyryñ heläkçiligi" hasaplanan ýer yranmasyndan bäri adatdan daşary depgin bilen işleýärsiñiz. Ukusyz, belki-de garamabasmalardan doly gijeleri geçirýänsiñiz. Müñlerçe raýatymyzyñ ölümine, on müñlerçesiniñ ýaralanmagyna sebäp bolan heläkçiligiñ eserdeñligiñizi düýbünden sarsdyrandygyny teleýaýlymlarda görünýän ýadaw we gamgyn bakyşlaryñyzdanam görüp bolýar. Emma ýene şol teleýaýlymlar barha gyñyrlaşýandygyñyzy, hoşgylawlygyñyzy ýitirmäge başlandygyñyzy we jemgyýetde uly at-abraýdan peýdalanýan birkemsiz, dana döwlet işgäri aýratynlygyñyzdan daşlaşýandygyñyzy-da görkezýär. Mysal üçin ýer yranan sebitlerden gelen käbir habarlara nägileligiñizi bildirende, size gelişmeýän terzde "Bir kysym habar beriş serişdesi!" diýmegiñiiz, munuñ bilenem çäklenmän RTÜK-i (Teleradioýaýlymlaryna gözegçilik edýän edara) iş başyna çagyrmagyñyz, diş gyjap gelen RTÜK işgärleriniñ Kanal-6 teleýaýlymyny bir hepdeläp ýapmagy siziñ üçin örän gelşiksiz üýtgeşmeler boldy. Bu temmi çäresine dünýä jemgyýetçiliginde hökümetiñ tebigy betbagtçylygyñ garşysyndaky nalajedeýinliginiñ subutnamasy hökmünde baha berildi. Hormatly Ejewit! Ok ýaly dogry şahslygyñyzdan alýan batyrgaýlygym bilen käbir hakykatlary ýatlatmagy žurnalistlik kärimiñem, ýönekeý raýatlyk borjumyñam gaýragoýulmasyzlygy hasaplaýaryn: Jemgyýetde "Garaoglan" tupanyny galdyryp, birnäçe ýyllap adyna "Bozuk düzgün" diýen ýer we struktura talañçylygyna esaslanýan ysly sistemañyz ýer sarsgyny bilen birlikde harabalygyñ aşagynda galdy. Ildeşlerimiz şunça kösençligiñ arasynda ýer yranmasyny betbagtlyga öwren düýp uly sebäbiñ sistemanyñ hut özüdigini gördi. Populist we makiawellist syýasatçylaryñ şahsy bähbitlerine gabat gelýändigi üçin häzirki güne çenli wezipe satyn almalara, adalatsyzlyga, körsowatlyga, korrupsiýa, para-peşgeşe we ogurlyga arka duran porsy ysly talañçy sistema betbagtlygyñ garşysynda ejiz ýagdaýa düşüşi ýaly, size we hökümetiñize bildirilýän ynamy-da köki-damary bilen sarsdyrdy… Ýogsam bolmasa diş gyjamagyñ ýerine "käbir syýasatçylaryñ döwleti kiçeldip, döwletiñ guramaçylyk ukybyny we aktiw göreş güýjüni ýok edendiklerini" boýun alyp, bu gowşaklygy aradan aýyrmak üçin jan edýändigiñizi aýdyp bilerdiñiz. TW habarlaryna gaharlanyp, ýangynyñ üstüne benzin sepelemäge barýan, ur diýseñ öldürýän RTÜK-i çagyrmagyñ ýerine, ony ekrandaky ajy hakykatlary, talañçy sistemany halka düşündirmegiñ serişdesi hökmünde peýdalanyp bilerdiñiz. Gynansak-da beýtmediñiz, gaýtam senzura girizip, "žurnalist premýer-ministr" hökmünde taryha girme şowsuzlygyna uçradyñyz. Hormatly premýer-ministr! Ykdysady ösüşi we döwlet girdejisiniñ adalatly paýlanşygyny bökdeýän şeýle talañçy sistemanyñ arhitektory siz dälsiñiz. Käbir toparlary uçursyz baýlaşdyran, ýöne şol bir wagtyñ özünde garyplaşmagyñam sebäbi bolan, ýer we struktura esaslanýan sistemadan dynnym ýaly-da peýda görmeýşiñiz ýaly, döwletiñ berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, doganlaryñyza, ýegenleriñize, gaýynagalaryñyza we şübheli kişilere edenini etdirmediñiz. Tersine, iñ kynyny başardyñyz we arassalygyñyza galdyñyz. Jemgyýetçilik ýer yranmasyny betbagtlyga öwren düýp betbagtlygyñ, ýagny sistemanyñ jogapkärçilige çekilme wagtynyñ gelendigine ynanýar we düýpli üýtgeşmä garaşýar. Şeýle bolýan bolsa, siz nämå dursuñyz, hormatly Ejewit! Rewolýusionerlige barýan ýol halkara arbitraža gol çekmekden däl-de, ýer yranmasy bilen birlikde çöken çüýrük sistemany üýtgetmekden geçýär. Bu taryhy pursaty sypdyrmañ. Ýaralar saralyp durka, iñ bolmanda şu gezek ýara neşter atmagy ýatdan çykarmañ. Mundan beýläk ýer yranmasynda ölüp gitmek türk raýatynyñ ýazgydy bolmasyn. Ýaralarymyzyñ halal etmän saralmagyny, bitmegini dileýärin. Hormatlamak bilen." * * * Okan hatyñyz 1999-njy ýylyñ 29-njy awgustynda ýazyldy. Ondan bäri 24 ýyl geçdi. Başymyzdan geçiren soñky tebigy betbagtlygymyzda ýüregimiz daglanyp, ýene bir gezek şuña şaýat bolduk: aradan şunça wagtyñ dowamynda emelsizligiñ, geleñsizligiñ, ukypsyzlygyñ belende göterilip, ylmy akyl-paýhasyñ terk edilen ýeke-ýalñyz we negözel ýurdumyzda ýer yranmasynda ölüp gitmek, gynansak-da, ildeşlerimiziñ üýtgewsiz ýazgydy bolup galdy!.. Has köp zatlary ýazsa bolardy, ýöne, ynanyñ, şu zatlardan soñ ýeke setir ýazasym gelenok! Ýalñyşlyklary aýtmakdan, duýdurmakdan ýaña dilime tüý çykdy! Ýöne diñleýän barmy näme? Ýurdumyz abat bolsun, halkymyzyñ başy dik bolsun... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 24.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |