19:46 Ad kowmunyñ we Ubar şäheriniñ tapylşy | |
AD KOWMUNYÑ VE UBAR ŞÄHERINIÑ TAPYLŞY
Taryhy makalalar
Geçen asyryñ togsanynjy ýyllarynyñ başynda dünýäniñ populýar gazetleri iññän gymmatly taryhy açyş barada "Ajaýyp arap şäheri tapyldy", "Legendar arap şäheri tapyldy", "Çölleriñ Atlantidasy Ubar" ady bilen birgiden makalalary çap etdi. Bu arheologiki tapyndynyñ hasam özüneçekiji tarapy - adynyñ öñ Gurhanda agzalýandygydy. Şol wagta çenli Gurhanda diñe ady agzalýan Ad kowmunyñ bary-ýogy rowaýatdan ybaratdygyny we onuñ galyndylaryny hiç mahalam tapyp bolmajakdygyny öñe sürýän birnäçe kişi bu täze tapyndynyñ garşysynda doñup galdylar. Ad kowmunyñ ýaşan Ubar şäheriniñ galyndylary Omanyñ kenarýaka sebitlerine golaý ýerden tapyldy. Kuranda agzalýan bu şäheri arheolog, arapşynas, dokumental filmleri alyp baryjy Nikolas Knapp tapdy. Knapp arap taryhy boýunça geçiren barlag işleriniñ dowamynda juda täsin kitabyñ üstünden bardy. Bu kitap iñlis alymy Bertram Tomasyñ ýazan "Arabia Felix" kitabydy. Arabia Felix rimlileriñ Arap ýarymadasynyñ günortasynda we häzir Ýemen bilen Omany öz içine alýan ýere dakan adydy. Bu ýere grekler "Eudaimon Arabia", orta asyrlardaky arap danalary bolsa "Al-Yaman as-Saida" adyny beripdir. Bu atlaryñ barsy "Bagty gelen araplar" diýen manyny berýär. Eýsem bular ýaly atlandyrmany bermegiñ sebäbi nämekä? Ubarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde Kuranda aýdylşy ýaly şekilde birnäçe sungat eserleri we medeni ýadygärlikler tapyldy. Munuñ sebäbi bu sebitiñ strategiki taýdan möhümligindedi. Sebit Hindistan bilen Demirgazyk Arabystanyñ özara burç söwdasynyñ merkezi bolup durýardy. Şeýle-de, sebitde ýaşaýan kowumlar frankicense diýlen seýrek bitýän ösümligi ösdürip ýetişdirýärdiler we satýardylar. Gadymy jemgyýetler tarapyndan içgin gyzyklanylan bu ösümlik dini dabaralarda tütedilipdir. Şol wagtlar bu ösümligiñ gymmaty altyna barabar bolupdyr. Kitabynda bularyñ barsyndan söz açýan iñlis ylmy barlagçysy B.Tomas ady agzalan "bagty gelen" kowumlar hakda giñişleýin gürrüñ berýär we bularyñ guran şäherlerinden biriniñ yzyny tapandygyny aýdýar. Aýdylýan şäher beduinleriñ Ubar diýip atlandyrýan ýeridi. Sebitde geçirilen ylmy-barlag ekspedisiýalaryndan birinde beduinler alyma köne ýodalaryñ birini görkezipdirler we bu ýodanyñ Ubar şäherine barýan ýoldugyny aýdypdyrlar. Gynansak-da, munuñ bilen gyzyklanyp başlan B.Tomas barlag işlerini geçirip gutarmanka aradan çykypdyr. B.Tomasyñ ýazgylaryny öwrenen Knapp hem kitapda ady agzalýan ýitig şäheriñ barlygyna ynanypdyr. Ol wagt ýitirmezden Ubarda gazuw-agtaryş işlerine başlapdyr. Klapp Ubaryñ bolandygyny subut etmek üçin iki aýry usula ýüzlenipdir. Ilki beduinleriñ (çarwa araplar) aýdýan ýodalaryny arçapdyr. Şeýle-de, ol NASA ýüz tutup, kosmosdan sebitiñ suratlaryny alyp bermegi haýyş etdi. Uzaga çeken haýyşdan soñ NASA-nyñ ýolbaşçylaryny sebitiñ suratlaryny alyp bermäge razy etdi. Klapp has soñra ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynyñ Huntington kitaphanasynda tapylan köne ýazgylary we kartalary öwrenip başlady. Onuñ maksady sebitiñ kartasyny tapmakdy. Gysga wagtlyk barlagdan soñ müsür-grek geografigi Klawdiý Ptolomeýiñ b.e.öñki 200-nji ýylda çyzan kartasyny tapýaram. Kartada sebitde ýerleşen bir gadymy şäheriñ ýeri we bu şähere barýan ýollaryñ çyzgysy çyzylan eken. Kosmosdan düşürilen suratlar bilen Ad kowmunyñ ýaşan ýerleri gutarnykly anyklandy. Fotosuratda söwda ýollarynyñ kesişýän çatrygynda Ubar şäheri belgilenipdir. Ubary gazuw-agtaryş işleri geçirilmänkä diñe kosmosdan saýgaryp bolýan eken. Geçirilen gazuw-agtaryş işleriniñ dowamynda 12 metr çuñlukdaky çägäniñ astyndan altyndan gurulan şäher ýüze çykdy. NASA-nyñ fotosuratlarynda ýerden şeýle seredeniñde göze ilmeýän, emma asmandan bir bitewi görnüşde görüp bolýan käbir ýol yzlaryny seljerip bolýardy. Suratlary elindäki köne kartalar bilen deñeşdirip öwrenen Klapp ahyrynda garaşan netijesini gazandy. Gadymy kartada görkezilen ýollar bilen kosmosdan düşürilen suratlardaky ýollar biri-biri bilen doly gabatlaşýardy. Ýollaryñ gutarýan ýerinde bolsa gadymky şäheriñ bardygy çaklanan giñişlik meýdan bardy. Ahyrynda beduinleriñ dilinden düşmän gelýän ertekipisint hekaýatlaryñ legendar şäheriniñ ýerleşýän ýeri doly anyklandy. Haýal etmezden gazuw-agtaryş işlerine başlandy we ürgün çägeleriñ astynda gadymy şäheriñ galyndylary çykmaga başlady. Şol sebäpli hem bu ýitig şähere "Çölleriñ Atlantidasy Ubar" ady berildi. Eýsem bu gadymy şäheriñ Kuranda ady tutulýan Ad kowmunyñ ýaşan şäheridigini subut edýän zatlar nämekä? Harabalyklar ýüze çykyp başlan badyna bu ýykyk şäheriñ Kuranda aýdylýan Ad kowmunyñ şäheridigi bilnipdi. Şeýle-de, gazuw-agtaryş işlerinde orta çykarylan sütünleriñ arasynda Kuranda bardygy nygtalan uzyn sütünlerem bardy. Gazuw-agtaryş işlerine gatnaşan topardan doktor Zarins hem bu şäheri beýleki arheologiki tapyndylardan tapawutlandyrýan zadyñ beýik sütünlerdigini we aýdatynam bu şäheriñ Kuranda ýañzydylan Ad kowmunyñ şäheri Eremdigi aýdýardy. "Ad (kowmy) barada aýdanda bolsa, doñduryjy (ýakyp-ýandyryjy) ýelde heläk boldular. (Alla) ony ýedi gije-sekiz gündizläp kowmuñ köküni kesip taşlan bela edip, arakesmesiz ýagdaýda üstlerine musallat etdi. Özem şol kowmuñ ol ýerde göýä içi köwlen hurma töññeleri ýaly dik arkan ýere ýykylandygyny görersiñ. Şindi olardan üýtgemän hemişelik galan ýeke zada gözüñ ilýärmi?" ["Hakka"(69)/6-8] "Rebbiñ Ad (kowmuna) näme edendigini görmediñmi? Ýa-da "Beýik sütünleriñ" eýesi Ereme? Özem şäherleriñ içinde oña taý geljegi ýokdy." ["Fejr"(89)/6-8] • Çeşmeler: 1) Thomas H. Maugh II, "Ubar, Fabled Lost City, Found by La Team", The Los Angelas Times, 05.02.1992. 2) Kamal Salibi, A History of Arabia, Caravan Books, 198O. 3) Bertram Thomas, Arabia Felix: Across the "Empty Quarter" of Arabia, New York, 1932. 4) Charles Crabb, "Frankincense", Discover, ýanwar 1993. Anons: Indiki makala "Ady-Erem we hadramiler" | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |